13:32 Abraý | |
ABRAÝ
Edebi makalalar
Geçen asyryñ ýetmişinji ýyllarynyñ aýaklarynda "Edebiýat we sungat" gazetinde makalam çap edilipdi. Onda milli aýdym-sazymyz barada söhbet edilip, käbir bagşylaryñ, şol sanda Aman Gowşudowyñ hem ençeme ýyllaryñ dowamynda diñe üç aýdymynyñ radioda berilýändigini, şol bagşylaryñ aýdymlarynyñ täze ýazgylary edilip, sungat muşdaklaryna ýetiriläýse gowy boljakdygy barada aýdylýardy. Şondan soñ şol bagşylaryñ birnäçe aýdymlary ýazgy edildi. Aman Gowşudowa "Türkmenistanyñ at gazanan artisti" ady dakyldy. Günleriñ birinde işläp otyrkam, bir garaýagyz adam salam berip gapydan girdi. Aman-saglykdan soñ ol: - Gazet-žurnallarda adyñyzy okap ýörite tanyşmaga geldim. Siziñ "Umyt edýäris" diýen makalañyzda adyny agzaýan bagşyñyz Aman Gowşudow meniñ gullukdaşym, ýegre dostum, häzirem onuñ maşgalasy bilen saçakly gatnaşýarys - diýdi. Şol gezek ol redaksiýa goşgularyny hem getiren eken. Goşgular sowatly ýazylypdyr. Soñ olar gazetde birnäçe gazek çap edildi. Gürrüñini edýän adamymyza Süleýman Öwezow diýýärle. Ol Magtymguly etrabynyñ Kürüždeý obasynda ýaşaýar. Mugallym, şahyr, folklorçy Magtymgulydan, Nowaýydan, Omar Haýýamdan, Puşkinden we beýleki nusgawy şahyrlardan süýjüdip gürrüñ berýär welin, onsoñ hezil et-de, diñle-de otur. Süleýman Öwezow 1971-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, görnükli edebiýatçy, belli magtymgulyşynas, professor Mäti Kösäýewiñ ýolbaşçylygynda kandidatlyk dissertasiýasyny ýazmaga girişýär. Emma oña dissertasiýany goramak miýesser etmeýär. Şol ýyllarda Mäti Kösäýew nähak töhmetiñ pidasy bolup, garalanýar. - "Süleýmana dissertasiýasyny goramaga kömek ediñ diýip, mugallymlaryñ üçüsine tabşyrandyryn, gaýrat et-de, gorajak bol" diýip, Mäti aga maña hat ýazypdyr. Ýöne ol mugallymlar hem het edip bilmediler - diýip, Süleýman ýatlaýar. Süleýman 2006-njy ýylyñ maý aýynyñ bir güni ýanyma geldi. Hal-ahwal soraşanymyzdan soñ: - Ýeri, Süleýman, ugur haýyrly? - diýip soradym. - Çeper döredijilik bilen meşgullanýan mugallymlaryñ, okuwçylaryñ bäsleşigine gatnaşmaly diýip iberdiler - diýdi. - Gowy taýýarlandyñmy? - Gijiräk habar etdiler. Başardygymdan taýýarlandym öz-ä. Bäsleşigiñ şertleri bilen tanyşdym. Öz ýazan üç goşgyñy labyzly okamalydy. Magtymguly Pyragynyñ bir goşgusyny ýatdan okap, teswirlemelidi. Şertlerden many alyp, Süleýmanyñ üstünlik gazanjakdygyna ynamym bardy. Sebäbi ol goşgyny edil aýdym aýdýan ýaly gowy okaýardy. Teswirlemäge gezek gelende bolsa, ýokarda belleýşimiz ýaly, ol okumyş, gürrüñçil adam. Süleýman tamany ödedi. Ol welaýat derejesinde geçirilen şol bäsleşikde birinji orna, ýurdumyz boýunça geçirilen bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, öz obasynda türkmen dili we edebiýaty dersinden sapak berip başlan gursagy hyjuwdan doly ýaş ýigit işiniñ daşyndan höwesek ýaşlary ýygnap, "Sumbar" atly folklor toparyny döredýär. Topar ýurdumyzda adygýar, Fransiýa, Polşa we beýleki ýurtlarda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. Ussat mugallym "Edebiýat dersinde zähmet terbiýesini berşim", "Erkin düzmeleriñ üsti bilen okuwçylaryñ döredijilik endiklerini ösdürişim" ýaly temalarda eden çykyşlary üçin Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Kyrk ýyla golaý çagalara bilim berip, edep-ekram öwredip ýören mugallymyñ ýaşy bir çene barsa-da gujurly, sagat görünýär. Ýogsam mugallymçylyga hysyrdyly, kyn iş diýilýär. Bu barada gürrüñ gozganymyzda, ol: - Mugallymçylyk ýeñil kär däl, elbetde. Ýöne meniñ üçin mugallymçylyk etmek kyn bolmady. Şu käre ýüregim bilen berlenligimden bolmagam mümkin. Çaga halky gaty bilesigeliji, synçy bolýar. Olar birki sapaga gireniñde, seniñ nähili hörpden gopýandygyñy bilýärler. Şeýle bolansoñ, turuwbaşdan olaryñ ynamyna girmegi başarmaly. Okuwçylaryñ ählisini öz çagañ ýaly görmeli, birine "balam", birine "janam" diýmeli, ýagşy sözüñi aýtmaly. "Ýagşy söz ýylany hinden çykarar" diýipdirler. Mahlasy okuwçylar mugallymdan çekinmesinler, gaýta sylasynlar, hormatlasynlar. Bu hemmesi däl. Geçýän sapaklaryñ hem özüne çekiji bolmaly. Sapakdan daşgary çagalary gyzyklandyrjak zatlar, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler, özgerişler barada gürrüñ bermeli. Geljek neslimiziñ añyna Watana, il-halka bolan söýgülerini çuñ ornaşdyrmaly. Mugallymçylyk eden uzak ýyllarymyñ dowamynda şu zatlary etmäge çalyşdym. Belki, azabym ýerine düşendir. Okadan okuwçylarym nirede görseler-de, mähir, hormat bilen salamlaşýarlar, hal-ahwalymy soraşýarlar. Bu bolsa depämi gök diredýär - diýip, halypa mugallym gürrüñ berdi. - Süleýman Öwezow bütin etrabymyzda hormatlanýan ussat, halypa mugallym. Ol mugallymçylyk eden uzak ýyllarynyñ dowamynda çaga okatmagyñ oñat göreldesini görkezdi, ençeme ýaş mugallymlara halypaçylyk etdi. Etrabymyz, welaýatymyz boýunça bäsleşikler geçirilse, nutuklar okamaly bolsa, Süleýman mugallyma ýüz tutýarys. Ol köplenç tamamyzy ödeýär. Ol Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşyklarynyñ Balkan welaýat birleşiginiñ "Balkan" welaýat gazeti bilen bilelikde geçiren "Göwünleri galkyndyrýan zamana" atly bäsleşiginiñ hem ýeñijileriniñ biri. Süleýman mugallym ýetişikli adam. Öñräk bir görsem, "Altyn asyr" teleýaýlymynda görkezilýän "Paýhas synagy" bäsleşiginde çykyş edip dur. Tüweleme, ýaşynyñ bir çene baranlygyna garamazdan, çagalara göreldeli bilim, terbiýe bermegini, goşgy ýazmagyny dowam edýär - diýip, Magtymguly etrap bilim bölüminiñ müdiri Orazgeldi Şemiýew Süleýman Öwezow baradaky pikirini beýan etdi. Bizem şahyr, halypa mugallym Süleýman Öwezowyñ janynyñ sag, ömrüniñ uzak, işleriniñ rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Amanmyrat MAÝEW, "Balkan". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |