DUTAR
Säher çagy.
Sag bol, «Watan» radioýaýlymy,
Owaza besleýäň giden ýaýlamy.
Dutar saýrap, saýrap,
Dil açýar.
Çar ýany reýhan-reýhan
Gözellik guçýar.
Baglar-da başlaryn
Yraberýärler.
Leýlisaçlar zülplerin,
Daraberýärler.
Melul edip mähriban ejäni-de,
Sallançakda ýatan körpejäni-de,
Hüwdüläp-hüwdüläp,
Batyrýar uka.
Aýlanyp gelýän,
Arkama-arka,
Şeýle täsin gudrat,
Başga barmyka?!
Çaý içýär goja goşa ýassyk ýassanyp,
(Bagtyýar ol, näme etsin gyssanyp!)
Diňläp, ganman,Şirin-şirin mukamdan,
Käte çal başyny yrap otyr ol,
Käte sakgalyny darap otyr ol.
Ýatlap geçen uzak menzillerini,
Uzak gözýetime garap otyr ol.
Mukamlary başlaryna gönderen,
Mukamlardan teşneligin gandyran.
Ýeňil gopup, işe barýar adamlar,
Şeýle batly her urulýan gadamlar.
2.
Goşa kirişden çykýan şirin owazlar,
Yhlasydyr goja Babagammaryň.
Watana, il-güne, ene topraga,
Söýgüsidir goja Babagammaryň.
Her bir sazda onuň ruhy bardyr,
Ol sazandalaryň medetkäridir.
Görogly beg atlananda Gyrata,
Arkasynda dutary-da bolupdyr.
Kyrk ýigidi bilen meýlis guranda,
Joşup aýdym aýdyp, dutar çalypdyr.
Duşman sary öwürende ýüzüni,
Batly-batly kakyp gazma dutary,
Aýdypdyr ol bäş keleme sözüni.
Türkmen dessanlarnyň gahrymanlary,
Dutarly bolupdyrlar ýanlary.
Gorkman hanyň gazabyndan, alyndan,
Eý görýäni ähli dünýä malyndan,
Ussat Şükür bagşy dutary bilen,
Başyn goýup, şa gaşyna gidişin,
Türkmen dutarynyň gudraty bilen,
Agasyn zyndandan azat edişin,
Ýatlamazlyk bolmaz asla buýsanman,
Unudylmaz her wagtda, her zaman!
3.
«Şadilli», «Saltyklar»,
«Hajygolaklar»...
Göýä dagdan inýän
Joşly bulaklar,
Dolup-daşýar,
Alawlaýar, gaýnaýar.
Göýä bir dal bedew
Jylaw çeýneýär.
Owsun atýar,
Öz erkiňe goýmaýar.
Mukamlar, mukamlar,
Jadylaýjy, syrly,
Her bir öwrümi.
Oýlandyrýar,
Hem diňledýär böwrüňi,
Geçilen menziller,
Kän ýollar sizde,
Açylmadyk ençe
Ykballar sizde.
Ençe-ençe rowaýatlar jemlenen,
Wasp edilýär olar şirin heň bilen.
4.
Mukamlar, mukamlar,
Şirin mukamlar
Adamlaryň kalbynda çuň ýerleýän,
Oýlandyrýan, nepesini durlaýan,
Sähel diňlemese ýene zarlaýan,
Dok maňyzly, çenden süýji
Şerbet siz,
Gudratly, keremli,
Täsin senet siz!
Mukamlar ynsan balasyn
Ruhy taýdan bejerýär.
Oňa ýokdur sözümiz,
Ol hem lukman, dertleriň-de tebibi,
Muňa şaýat,
Muny gördük özümiz.
Jigime gyzamyk çykan mahaly,
Ejem saz çaldyrdy ýanyndan aýyrman.
Dura-bara gowulaşdy oň haly,
Şirin saz bolaýdy janyna derman.
Onsoň oňa niçik gudrat diýmejek,
Onsoň niçik apalamajak, söýmejek!
5.
Geçen asyryň 60-njy ýyllary,
Goşun gullugynda boldum uzak şäherde.
Degşip-gülüşsem-de oglanlar bilen,
Bir pikir ynjalyk bermezdi serde.
Oýlanýardym: «Maňa ýetmeýär näme?!»
Her hili oý-pikir gelýär kelläme.
Çagalykda gaýnan gyzgyn ganymda,
Bildim ahyr dutarym ýok ýanymda.
Deň-duşlarmyz bilen edip
Maslahaty biz.
«Dutary iberiň» diýip,
Ýazdyk haty biz,
Uzak garaşdyrman,
Dutarym geldi,
Hemsyrdaşym,
Sabry-kararym geldi.
Üç ýyllap ýanymda boldy ol hemram,
Çalsak egsilýärdi gussa, gaýgy-gam.
Saz çalyp, şatlanyp oturardyk biz,
Bir-biregiň göwnün götererdik biz.
6.
Çyn ussat sazanda Mylly agany,
Ýatlan badyňa,
«Humarala» sazy
Düşýär ýadyňa.
Ähli sazlary-da,
Çalşy üýtgeşik,
Çalýar owazlara,
Owazlar goşup.
Pürli Sary ýene Çary Täçmämmet...
Meşhur sazandalar, ussat ägirtler.
Ýetişdirdiler ençe şägirtler.
Olar ösdürýärler ussatlaň kesbin,
Berkarar döwletiň edýärler waspyn.
Amanmyrat MAÝEW.
Goşgular