"AGASY BARDYR ÝIGIDIÑ"
Öñem-ä tanamasyna tanaýardym welin, ýazyjy Osman Ödäýew bilen geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlaryna alyp barýan iş ugurlarymyzyň meňzeşligi üçinmi, neşir işlerini arkalaşykly ýöretmäge ynamdar ýoldaş gerekligi üçinmi ýa başga sebäplimi, bilmedim, dostlukly gatnaşyklarymyz ýygjamlaşdy. Şeýtdide dostluk ysnyşyberdi. Asyl, görüp otursam Osman bir degişgen, gara gadyr, oturan ýerini bazara öwrüp bilýän şahandaz ýigit eken. Meniňem gündiz çyraly gözleýänim şonuň ýaly kişi. Nirä gitsek, bile gidýäs, iýen çöregimiz aýra gidenok, birbirege doganlarça öwrenişdik. Ol ikiçäk galan wagtlarymyz saçak başynda degişme äheňinde,
Gorkut ata kitabyndaky Bamsy Birege öýkünýär:
— Aga jan, meniň tarypymy ýetirsene?
— Osman jan, saňa öwgi nämä gerek, sen bir alp ýigit, eliňem açyk, göwnüňem, diliňem behiden gaýnadylan mürepbe ýaly, adam gördüm, seni gördüm. Ýöne bu häsiýetler saňa bir ýerdenä geçipdir. Hany, göniňden gel, kimden öwrendiň? Osman syrly jogap berýär:
— Agasy bardyr ýigidiň!
Içimi gepledýän: «Beh, bü, atadan ýeke galan ýigit, agasy kim bolýarka? Gurduň gudasy gytmy, daşynda birgiden dostlary bar, Nobatguly Rejepmikä? Kakajan Aşyrowmyka? Hudaýberdi Bäşimowmyka? Ýa Aga daýysymyka (artist Agamyrat Amanmyradow)? Aý, ýok olaryň hörpünden-ä ýokarda. Ýene soragymy gaýtaladym:
— Ýigidiň agasy kim bolur?
— Ýigidiň agasyna Hanjan diýerler.
— Tanamam bolmaz bendäň çagasyny.
— Muhammetguly Amansähedow!
Hanguly hem diýýärler, Hanjanam. Men-ä Han däde diýäýýän.
— Eşidýän, inisi hudožnik Berdigulyny-ha tanaýanam. Ola bir agrasrak, tutuksyrak ýaly.
— Han däde düýpden başga adam. Içiňedaşyňa geçip barýan, kalby kir-kimirsiz, baryşmany-gelişmäni, oturyşyp-turuşmany halaýan bir beg ýigit. Mende näme gowulyk görseň, gönezligi şondandyr. Seni onuň bilen tanyşdyraýyn diýýänem welin...
— Welininem aýtsana, Osman beý!
— Agalarymy elimden giderermikäm öýdüp gorkýan. Onsaň men Hanjanam ýitirerin, senem. Han däde ikiňiz bir almany iki bölen ýaly, ruhdaş. Ýürejigim duýup dur.
— Onda «Agasy bardyr ýigidiň» diýmäňi bes et, ýogsa gury agzymyzy suwardýarsyň. Hälisem ýok, şindisem ýok, ony diliňden düşüreňok. Aý, ýok diliňden düşürip bilmerin öýtseňem, tanyşdyr-da, dyn. Biziň bu teatrlaşdyrylan degişmämiz
birnäçe gezek gaýtalandy. Osman tanyşdyraýyn diýip sözem berdi, sözünde-de tapyldy, ýöne, arman, dünýeden gideninden soň.
Biz Muhammetguly Amansähedow bilen Osman Ödäýewiň patasynda tanyşdyk. Gep-sözümiz alyşdy. Edebiýat ugrundan juda sowatly, başyndan ençe çarşenbeler geçen, emma birjigem ýüzüni çytmaýan, Osman kybap — eli-göwni açyk adam. Indi birnäçe ýyl bäri Lebaba gidip, Osman dostumyzy ýatlap, başu jyna zyýarat edip, duşuşyklar geçirýäris. Eger bärden — paýtagtdan baranymyzda öňümizden Muhammetguly çykmasa, ilkinji soragymyz şondan başlanýar «Han däde hany?». Olam: «Institutda eglenmeli boldum, ynha, ýetip barýan» diýip, jaň eder. Ol gelensoň welin, hakyky hezillik şondan soň başlanýar. Hanguly ýüzugra hemmeleriň üns merkezine geçýär. Üns merkezi diýilýände durmak aňsat iş däl, her kim-her kim başarmaýar. Gyzykly zatlary aýdyp durmaly, onda-da näme kän — gep-gürrüň kän, arasynda gülküli gepleri hem tapmaly, gülmeli-güldürmeli. Mähelläni ugrukdyryp otyr. Özi birgiden ajap tomaşa!
Her baranymyzda biziň duşuşyklarymyz iki güne çekýär. Emma ýadawlyk duýmaýarys. Biziň tanyşlygymyz dostluga, Han dädedir Guldurdy jana öwrüldi gidiberdi, ol indi adyma «jan» sözüni goşman tutanok. Gazetde, žurnalda bir zadym çyksa, tapyp okaýar, ýöne bir okap oňaýanok-da, hökman jaň edýär. Golaýda-da Türkmenabatdan jaň edýär:
— «Garagum» žurnalyndaky sonetler çemeniňi okadym — «Eý, hüýrijenany». Şeýle kämilinçe eser bolupdyr. Indiden beýläk institutda häzirkizaman poeziýasyndan sapak geçenimde, hökman, seniň döredijiligiňe salgylanaryn. Ynan, Guldurdy jan, gaýtalaplar okaýan, berekella, inim jan! Sen meniň iň söýgüli awtoryma öwrüldiň.
Filologiýa ylymlarynyň doktoryndan, tanymal alymdan, ussat mugallymdan beýle tarypy eşitmek diýseň ýakymly. Onuň özem sahy, göwni özündenem sahy. Ýokardaky aýdanlaryna serediň-ä! Iň esasy zat hem tüýs ýüreginden, gysganman, çynyny aýdýar. Tarypy bilen seni arşa çykaryp bilýär. Hemme kişä däl, mynasyp görenlerine jomart. Öň şeýle beýik mazamly bahany Osman Ödeden eşiderdim, indi Han däde onuň ýoklugyny bildirenok, adam pahyr çig süýt emen-dä, käte hoşamata-da zar.
Osman Ödäýewiň biz barada eden işleriniň ýene biri ol ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow, alym Muhammetguly Amansähedow hemem men barada gowy kitap ýazyp, köp tiražda çap etdirdi. Görüp otursam, men ilkinji gezek şol kitabyň içinde Han däde bilen tanşan ekenim.
Lebapda meniň ýene bir ajaýyp dostum bar — halypa ýazyjy Abdyreşit Taşow. Onuň bilen 30-40 ýyl bäri gatnaşykly. Lebaba barsam, öňümden ol çykýar, Aşgabada ol gelse, men garşylaýan. Asyl, Abdyreşit halypa bilen Hanguly jana-jan dost eken...
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow, Muhammetguly Amansähedow we men bir stoluň başynda edebiýat, durmuş, söýgi ýaly temalarda jedele meňzeşräk gürrüň edişip otyrys. Nobatguly ikimiz öwrenşikliräk bolanymyz üçin, bir-birege has dözümliräk daraşýarys, dostlugyň güýjem şonda-da — aýdyşyp bilmekde-dä. Bir görsek, Han däde meniň tarapymy çalyp dur, bir-iki meselede däl, hemme zat babatda. Ahyry Nobatguly durup bilmän:
— Ah-ow, Hanjan, ikimiz ýarym asyryň dostlary, Guldurdyny ýaňy tanadyň, eýýäm nädip pikirdeş bolup çykdyňyz? — diýip, sorady.
— Mesele ýylda däl, Nobat, aýdylýan zadyň dogrulygynda, men Guldurdy jany ýüregim bilen goldaýan, ol durmuş diýilýän zadyň içine ikimizden gowy giripdir.
Men welin içimden Osman Ödäniň «Tanyşdyrsam, agamy elimden alarsyň» diýen sözlerini ýatlap, ýanymdakylara bildirmän, ýylgyrýaryn.
Iki ýyl mundan öň ýazyjy dostlary bolup, Osman Ödäýewiň belli gününe gatnaşmaga Lebaba gitdik, Muhammetguly Amansähedowam bize goşuldy. Ähli çärelerdenduşuşyklardan soň Kerki şäheriniň myhmanhanasynda ýerleşdik. Men-ä näme her minuty, hereketi hasaply adam, iýlip-içilensoň, öz otagyma geçip, sagat agşam on boldugy ýerime geçip ýataýmaly. Bu — demir kanun.
Muhammetguly Amansähedow bilen Atamyrat Atabaýewiň otagyndan bäş-üç gezek ses gelýär «Gel-dä, how!».
Abdyreşit Taşow iki gelip, çagyryp gitdi, başymy ýaýkadym. Soň ýazyjy Kömek Kulyýew olara: «Guldurdynyň ýagdaýy şeýle, režim meselesinde gaty ynjyk, wagtynda ýatyp, wagtynda turaýmaly» diýip düşündiripdir.
Daňdan sagat 5-de tursam, olar henizem ýatmandyrlar.
— Haý, inim jan, birgiden gyzykly gürrüňlerden galdyň. Ýöne ýene seniňki dogry, saglyga üns bermeli, biz welin ýene bir gije ýatmanam oturyşyp bilýäris, gadymdan tabymyz ýetirilen — diýip, Han däde öz elleri bilen gyzgynjak çaý guýup uzatdy.
Şol günüň ertesi Astanababa obasynda ertirlik çaýyny içip otyrkak Türkmen radiosynyň şol welaýatdaky habarçysy Hudaýberen Abraýew ýanymyza gelip, Muhammetguly Amansähedowdan interwýu almak isleýänini duýdurdy. Muhammetguly ýüzüniň ugruna ylalaşdy:
— Öňünden aýdyşyp oturmak gerek däl, siz sowalyňyzy beriň, bizem jogabyny. Sakynan ýerimde-de, ynha, Guldurdy Sähetdurdyýew otyr. Guldurdy jan, geç golaýjagyma, senem hiç alymdan peslär ýaly däl, haýsy ugurdan, haýsy temadan diýseňem, aýtjak sözleriň agzyňa salnyp goýlan ýaly. Mikrofonyň taýýar bolsa, bizem taýýar.
Sorag-jogap başlandy, sakynma — beýleki nire, edil depeden aşaklygyna gaýdan kibi, ylmy pikirleri gepleşik diline ussatlyk bilen geçirip, şol gidip otyr, aýdýan zatlaram şeýle bir jaýdar pikirler. Men içimden oýlanýaryn: «Şu alymyň elinde okaýan talyplar nähili bagtly adamlar, sözünden doýar ýaly däl».
Kerkiden gaýdyşynymyz demir ýol menzilinde ýanymyza salnyp goýberilen azyklarymyzy biagyrylyk bilen galdyrypdyrys. Ýol uzak, Mara barýançak dünýäniň gürrüňi edildi, edebiýatdan başlanan gürrüňdeşlik goşgy okalyşyna geçdi, henek aýdylyşyldy. Mary şäherine ýetip barýarkak ýazyjy Ahmet Halmyrat:
— Han däde: «Maryda garaşyp otyryn, haýsy wagonda gelýäňiz?» diýip sorady, odukbuduk taýýarlapdyr — diýdi.
Gözümiz ýagtylyp gitdi. Maryda Han däde ýany iki sany ýoldaşy bilen gelen eken, onuň odukbuduk diýýänem, ýörite wagtyna gabatlap, minutma-minut buýrulyp bişirilen tagamlar. Atamyrat Atabaýew:
— Hanguly bolmak kyndyr, ol dostlarynyň aladasyny-gaýgysyny edip bilýär. Hemme adamda beýle gylyk tapdyrmaýar. Ol diňe Lebapda ýa Maryda däl, Aşgabada gelse-de, özi biziň aladamyzy edýär. Onuň ýüregi, terbiýesi üýtgeşik, ynsanlyk derejesi ýokary, hany, alyň, oglanlar! — diýip, bissimilla etdi.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň 70 ýaş toýuna derejeli çakylyk aldym, emma şol wagt ýoldaşlarym Nobatguly Rejebow bilen Atamyrat Atabaýew: «Biz-ä ýaramzok, gidip bilmezmikäk öýdýäris» diýdiler-de, badymy alaýdylar, üstesine, özümiziňkileriňem bir üýşmeleňi gabat geldi-de, gidip bilmedim. Elbetde, Osman neresse bolanlygynda, dostumyzyň ýubileýine haýyma-waýyma bakman, alyp giderdi, emma her kimden Osman çykýarmy? Men şol ejizligim üçin şindem utanyp ýörün.
Şu golaýda agşamara telefonym jyrlaýar, alsam — Han däde.
— Guldurdy jan, «Dünýä edebiýaty» žurnalynda Atamyrat Atabaýew barada ýazan makalaňy okadym, juda gowy ýazypsyň, gaýtalap okasyň gelýär, edil jaý wagtynda, Atamyradyň ýarawsyz ýatan wagty, başyna tekge boljak makala.
— Hawa, başga-da birnäçe galamdaşlar jaň etdiler.
— Tüweleme, sen goşgy-poema ýazanyňda hem, makala, kyssa ýazanyňda-da hiç kimiňkä meňzemeýän, täze, hut, özüňe mahsus usulda ýazýaň. Hiç kime meňzemezlik — döredijilikde baş talap.
— Han däde, sen baradada bir makala ýazdym. Isleseň, elektron poçtaňa ugradaýyn şu gün.
— Aý, nätdiň-aý, sen öňürdipsiň. Men sen barada ýazaýyn diýip ýördümä. «Külliýet» atly tomluklaryň elektron kitaplaryny ýazyjy inimiz Akmuhammet Hemidowdan iberipsiň, olam şahyr Mahym Rozyýewa gowşurypdyr, şahyr gelnimizden aldym, soňuna çenli okaýyn diýip, yza süýşürip ýördüm. Işläp bilipsiň, tüweleme.
Hoş söz adamyň göwnüni galkyndyrýar. Ýazyjy Atamyrat Atabaýewiň käte özara söhbetdeşlikde täze eseriniň gowy taraplaryny aýtsaň: «Hoş söz hatda ýalanam bolsa, gulaga ýakymly eşidilýär» diýäýmesi bar. Menem Han dädä şony gürrüň berdim welin, ol hezil edip güldi.
Bu günki gün Osman dostumyzyň köp gaýtalan sözlerini men öz adymdan gaýtalasym gelýär:
— «Agasy bardyr ýigidiň!» Kimi göz öňünde tutýanymy aňýansyň-a, Han däde?!
Guldurdy SÄHETDURDYÝEW.
Edebi makalalar