09:38 Ak guwlary atmaň -10: romanyň dowamy | |
29. Garyp obadan Aşgabada gelip, geçen gyşdaky, şol gar basan şol tanyş jaýa geldi. Umumy ýaşaýyş jaýy boşlaňdy. – Hany, şu ýerde Akgül diýip bir gyz bardy? Şol gyzlar ýokmyka? Pol ýuwup ýören ýaş gelin elindäki letdesini suwly bedresine atdy-da, dikeldi. – Akgül janmy?! – Ol letdäni bedresinden çykaryp suwyny sykdy-da, ýene bedrä taşlap goýberdi. Soň baryp gyzlaryň işigini çekdi. Ol ýene bedresiniň ýanyna geldi-de, birhilije utançly: – Şolar Moskwa giden bolaýmasalar. Akgül-ä bilemok. Selbi bilen Şasenem-ä giden bolmaly. Joralar Moskwada bir uly kişä durmuşa çykýar. Şonuň toýuna giden bolmaly. Hawa, hawa... – Haçan gitdiler, haçan geljekler? Gelin ýene letdesini taýagna ötürip durşuna: – Onçasyn-a men bilmedim, dogan! Garyp aerokassa baryp, ertir agşama bilet aldy-da, oba gaýtdy. Şyhym aga öz diýenini edipdi. Ol Ogulsona daýzanyň «entejik göçüp durmaýyn!» diýenine bakman, onuň barja goş-golamyny hojalygyň baş agranomynyň üç otagly, pollyja-potoloklyja, telefonly, kuhniýalyja, eýwanlyja jaýyna göçürip getirdi. Otaglary giňdi, ýagtydy. Daşy baş agranomyň telim ýyllap ýaşan jaýy bolansoň, daşy durşuna bag-bakjady. Iň esasy zat, gaz, elektrik, telefon bardy. Krandan suw akyp durdy. Şyhym aga bir birgadanyň gelin-gyzlaryny, ýigitlerini iberip, jaýyň içini, daşyny ýagşy tertibe saldyrdy. – Indi, ynha gelin alybermeli bolduň, Ogulsona daýza! – diýşip, gelinler Ogulsona daýza degişýärdiler. – Bolmasa, ine, Gyzylgüljany aldajyk galyber. Özem owadanja. – Wah, diliňize döneýin, perişdeler «omyn!» diýsindä, ylahym. – Gyzylgül edil şu günüň özünde bu öýe gelin bolup düşüp gelýän ýaly, läle bolup açyldy. – A gyz, Gyzylgüle seret, ýogam diýenok-la gyz. – Gal diýmänkäň galjak bolup dur-a, onsoň näme üçin «ýok» diýsin gyz. – Garyp ýaly ýigit tapsa gözüne sürme eder-le. Gyzlar... Gelinler gülüşip-degişip Moskwanyň süýji-kökesi bilen çaý içdiler. Soň nahar atardylar. Günortan tutuş obadaşlar göz aýdyňa geldi. Olara Şyhym aganyň getirdip, soýdurdan semiz öwejiniň çekdirmesi, gelinleriň ýapan täzeje tamdyr çöregini çekdiler. Adamlaryň ýekeje dilegi bardy: «Toýly jaý bolsun!» Bu dilegler, ejesiniň öten agşam aýdan sözleri, Selbiniň haty Garyby Aşgabadyň ýoluna atarypdy. Göwnüne bolmasa, Selbi oňa Moskwada garaşyp oturan ýalydy. Ýöne, gör bu nesibäni!? Garyb-a Selbi diýip Aşgabada gelýär. Selbäm Moskwa gidýär. – Men gideýin. Belki, men Selbä Moskwada duşaryn. Ogulsona eje, oglunyň gele-gelmäne, yzyna gaýtjak bolmasyny oňlamady. – Balam, didaryňdan gözüm gananok. Sen gitme, jan oglum. – Eje, meniň goşgularymy rus diline terjime edýän garryja aýal keselhana düşüpdir. Olam, edil, seniň ýaly ýeke! Hiç bolmanda bir görüp gaýdaýyn. Ol aýal maňa uly ýagşylyklar etdi. Onsoňam, Selbi Moskwa, Bibigüliň toýuna gidipdir. Onam Moskwada görsem, gürleşsem... Selbili gürrüň Ogulsona daýzanyň dilini daňdy. Gaýta, begendi. – Bor-da, balam! Moskwa Garyby sowuk garşy aldy. Gowy ýeri, Garybyň goşy azdy. Diňe egin-eşigidi. Üsti-başy ýeňildi. Ol ony bilgeşleýin şeýdipdi. Moskwa fewralda gaty sowaýar. Ýöne Aşgabat ýazyň güni ýalydy. Şonuň üçin ol agyr polto, gulakçyn almandy. Ýöne, indi Domedowadan Gersen köçesine barýançaň iş bardy. Moskwa ýaş ýigidi samolýotdan goşlaryň alynýan ýerine barýança öz edebine salypdy. Orsýetiň bu gyşy edil şu ýüz metrlik ýerde, geleniň ýüzüne şarpyk çaljak bolýan ýaly, däliräp, agzyny köpürjikledip duran ýalydy. Garyp çemodanyny alyp, garaşylýan zala girdi. Gyzgynjak kofe satyn aldy. Döwüm-dişlem bilen garbandy. Soň taksa münüp, ýaşaýyş jaýyna sag-aman geldi. Oňa bu ýerde gowy habarlar garaşýardy. – Siz şu telefonlara jaň etmeli! – diýip, gapyda oturýan nobatçy aýal, Garyp atasynyň adyny aýdan badyna, eline sygyryň dili ýaljak kagyz tutdyryp, aýtdy. – Me bular hem size. Garyp Selbiniň hatyny tanady. – Selbi! Ol haty ýyldyrym çaltlygynda açdy-da, okady. «Salam, Garyp! Seniň ýanyňa ýörite geldim. Arman, sen oba giden ekeniň. Seniň ýaşaýan otagyň işigini ogşadym. Men başga, näme edeýin?! Öýňüze bardym. Edil perişde ýaly ejeň bar eken. Şeýle enäniň ogly, seniň ýaly bolmasa, dagy, nähili bolsun! Indem ertir, Mara, öýe uçýan. Öz Selbiň, Garyp!» Garybyň başy aýlanyp gitdi. Ol gözlerini ýumdy. – Požaluýsta, men oturaýyn, gaty erbet bolýan. Işikde oturýan aýal, başga birki sany oglany çagyryp, Garyba ýaşaýan otagyna çykmaga kömekleşdirdi. Garyp eşiklerini çalşyryp, krowatyna süýndi. Garyp giç öýlänler işigiň kakylýanlygyny duýup, ýerinden turdy. – Janyňyz bir barmy? – Bar! – Açyň, size telegramma! Poçtalýon aýal oňa gol çekdirip, tellegramany berdi. – Gol çekdiňmi? Aşakda biri size garaşýar! – Bolýar, sag boluň. Garyp aýna seretdi. Özüni tanamajak boldy. Ýüzi erbet horlanyp, gözleri içine çümüp gidipdir. Ol eşiklerini geýjek boldy. Emma özüne güýji ýetmedi. Ýene krowatyna ýzüni taşlady. Bir salymdan işik kakyldy. Ol yra-dara bolup zordan işigi açdy. – Mojna! Işik açylyp, içeri ýaşuly rus aýaly girdi. – O boje, Garyb?! Garyp gözüni açdy. – Inda Mihaýlowna, ýa gde? Inda Mihaýlowna aljyrady. – Oglum, saňa näme boldy? Garyp, synok?! Ol Garybyň maňlaýyny elledi-de, çykyp gitdi. Az salymdan iki sany gyz, gara gapyrjagy göterip, Inda Mihaýlowna bilen, otaga girdi. Gyzlar Garybyň gan basyşyny, gyzgynyny ölçediler. Damagyny, gözleriniň agyna seretdiler. Soňam: – Adaty sowuklama, gripp! – diýdiler-de, ony analgin, demidrol, penselin bilen sanjym etdiler. – Gyzgyn çaý, kofe, bal, smorodina mürepbesi, bilen, ine şu dermanlary üç wagtyna içiň. Peselini üç wagtyna sanjym görnüşinde alsaňyz, gowy bolardy. Häzir tutuş Moskwa grippp epidemiýasynda. Agşam arkaňyza gorçişnik ýapdyryň, soňam arak çaýyp, üç günläp ýeriňizden galman ýatyň. Inda Mihaýlowna gözlerini petiretdi. – Sen Aşgabatdan haçan geldiň? – On ýedisine! – Bu gün ýigrimisi ahyry. Garyp dikeldi. – O-ho! Eýýäm üç gün bolupdyr! Indi tursamam bolar! – Oýun etme, Garyp, oýun etme. Sen gripp bilen oýun etjek bolýaň. Ol içerä seretdi. – Seniň şol gelip ýatyşyňmy? Garyp güldi. – Salam, Inda Mihaýlowna, dorogaýa. Men saňa sowgat getirdim. Ol ysgynsyz, titreýän elleri bilen çemodanyny açyp, kişmiş, kişde, maňyz, doly kagyz haltajyklary ýaşuly ýazyjyň eline tutdurdy. – Wah, Garyp, munça zat nämä gerek. – Gerek, gerek! Garyp gowşap başlady. Muny duýan Inda Mihaýlowna: – Sen ýat, men öýe gideýin, seniň näme iýesiň gelýär? – Çig, börek! – Bolýar, sen sagat ýedilerde galyňrak geýinde, öýe baryber. Taksi tutaý. Agşam bizde galarsyň. Gürrüňem, maslahatam, näçe diýseň gepem bar. Barsaň baryny aýdaryn. Inda Mihaýlowna çykyp giden badyna, Garyp oýa batdy-da, birdenem, hawa, birdenem ol ... oba gelenini duýup galdy. Täze göçüp gelen jaýlarynyň işigi adamdan doly. – Tüweleme, heniz dargaşmandyrlar. – diýip, ömründe işiklerinde munça adam üýşenini görmedik Garyp begenip, aýtdy. – Tabaklary ýygnaň! Tabaklar ýygnaldy, Guran okaldy. Şyhym aga orta çykdy. – Adamlar! Obadaşymyz Garyp bu gün dünýä belli adam boldy. Ol indi köne jaýda ýaşamaly däl. Täze ýurda göçürmeli. Şonuň üçin, men oňa täze jaý berdim. Men dogry etdimmi, aýdyň. – Dogry etdiň, Şyhym! Ýetim oglana hossar çyksaň, Alla-da saňa hossar çykar. – Dogry! – Dogry. – O nähili dogry bolýarmyş?! Siz, haramzadalar, iki gün başlyk boldum diýip, edeniňizi edip ýörsüňiz. Aýdyň, nämesi dogry. Adamlar gorky, alada bilen gepleýän aýala tarap garadylar. – Ol ýetimçe, meniň oglumyň köwşüni geýip, Aşgabada okuwa gitmedimi. Ol ilki köwşüni oňarsyn. – Ýalan sözleme, ogluň: «Men şähere saçymy bejertmäge gitjek. Köwşüm özüme gerek» diýip, köwşüni beren däldir. – Gapyl, nejis senden soralanok. Ol köwşüňi ber diýip gapy-gapy dilegçilik edip ýörmedimi näme. Onsoň, nämesi ýalanmyşyn. Näme, meniň gözüm körmi? Men beled-ä oňa... Ol aýal obalaryndaky Durdynyň ejesi Honçagüldi. Honçagül Şyhym aganyň üstüne süründi. – Sen, başlyk, «bu jaý seniňki» diýen bolup, sen meniň ogluma «jaý bererin» diýip söz berdiň-ä, erkek ýaly. Meniň oglum seniň hojalygyň ody bilen girip, küli bilen çykyp, ýör-ä. Basym öýlenmekçi. Sen bolsa, meniň oglum ýaly aňyrly, bärili, beýik mertebeli oglumy beýlä goýup, jaý, bu gün bu ýetimçä beren bolýaň. Meniň oglum kim, äsgerilmez ýaly, bu ýetimçe kim! – Şol seniň ýetimçe diýýän adamyň, dünýä adamsy! Ol bizi äleme tanadar diýen umydymyz bar! Ony dünýäniň o çüňkünden soramaga, görmäge gelerler, nesip bolsa! Şonda olar onuň ýaşan, öňki baýguşhana ýaly jaýyna gelsinlermi?! Adamlar, siz maňa düşüniň. Honçagül per berer ýaly däldi. – Buýsanma, şol ýetimçäňe, onuň baryna-ýoguna iki ýyl galdy. Onsoň onuň bu jaýam baýguşhana bolar. Onuň ýazany özüne bela bolar, enşalla. Ol abraý, baýrak tamakindir! Ol ine, ine şuny alar! Ol çep eli bilen sag elini tutup, gaýta-gaýta öňe-yza somlady. – Ine, şuny alar! Iki ýyly galdy. Hah-ha-ha-haý! Baýguşhan-ee-eý! Orta Myrry çykdy. – Adamlar! Siz şuny bilip goýuň. Ditjanyň ölümine Brežnew, Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçysy, Ýazyjylar soýuzynyň başlygy günäkärdir-ho-ow! Myrry aldygyna gygyrýardy. Onuň sesi ýaňa öwrülip, togarlana-togarlana gelip, Garybyň üstüne eňterildi. – Tark-tark! Adamlar! – Myrry eline çekiç alyp, ullakan töňňä bar güýji bilen urýardy. – Tark-tark! Adamlar, Men bilýän, Garybyň ölümine Brežnýeň günäkärdir! Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasyny başlygy günäkärdir-le-how! – Tark-tark! Eşitdim-eşitmedim diýmäň-ho-o-ow. Ol ýene-de Garybyň üstüne eňterilip başlady. Garyp aýagaldygyna Moskwa tarap gaçýardy. «Moskwa sowukdyr! Şol ýere ýetsem, ot öçer! Meniň endamym sowar! Bolmasa, üstüme gar sepelärin! – diýip, ol oýlanýardy. Ol şol ylgap barşyna, bir zada büdüräp hon-da tüwdürilip gitdi-de, tisginip oýandy. Ol gözüni açdy. Görse, oba-da, Şyhym aga-da, Honçagüldir Myrry-da ýokdy. Ýöne şol tyrkyldy henzem gelýärdi. Kimdir biri işigi batly-batly kakýardy. Garyp derläp, gara suwuň içindedi. Ol baryp, işigi açdy. Inda Mihaýlowna gapynyň aňyrsynda ýüzüni sargardyp durdy. – Garyp, sen bir dirimiň?! Ýüregimi ýardyň-la. Ol işigi daşyndan ýapyp, yzyna gitdi. Garyp gury eşiklerini çalşyrýança, Inda Mihaýlowna, eli pitili otaga girdi. – Garaşa, garaşa, gelmäberseň, nahar sowamasyn diýip, taksi tutup ahyry özüm gaýtdym. – Ol Garybyň birden, beýle horlanan ýüzüne gussa bilen garady. – Wah, Garyp, saňa göz boldumy, dil boldumy, Nähili bolaýypsyň? Sen gymyldama... Garyp böküp ýerinden turdy. – Boldy, boldy,I nda Mihaýlowna, men hemmesini gördüm! Howlukmaly! Bu kesel, gripp – ýorunda! Howlukmak gerek! Wagt az galdy, juda az galdy... Inda Mihaýlowna syrçaly pitisiniň gapagyny açyp durşuna, gözlerini petredip, ýaş ýigide seretdi. Emma bolup duran bu zatlara akyl ýetirip bilmedi. Hälem, kyrka golaýlan gyzgyn bilen gagşap ýatan ýigit, garşysynda sör-söbe bolup, bir-ä samraýana, birem birden sag adama... – Gel, otur, azajyk garban. Men saňa borş bişirip getirdim. Garyp krowadynyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturşyna: – Myrry gelmedimi? – diýibem goýberdi. Inda Mihaýlowna ýene onuň ýüzüne garady. – Myrry gelmedimi? – Kim ol Myrry? Gel, samrap oturmada, sowamanka, naharyňy iý! Bu aýal başyny galdyranda Garyp, hor çekip ýatyrdy. Şondan soň Inda Mihaýlowna Garyby oýarjgam bolmady. Pitiniň üstüne Garybyň kurtkasyny dolap goýdy-da, çyrany öçürip, öýüne gaýtdy. 30. ...Garyp keselhanada gözüni açdy. Soňam on-on bäş günläp gyzgyny düşmedi. Moskwanyň 113-nji ýokanç keseller keselhanasynyň lukmanlary onuň derdini anyklap bilmän: «1. Tif. Orz! Haýal ösýän sarylama...» bolaýmasa diýip, çaklama diagnoz goýdular. Onuň hiç işdäsi ýok. Gyzgyny ýokary, hiç gaçanok. Gijeler, ngündizler düşnüksiz-düşnüksiz samraýar. Ol edil bir kendir ýüplügiň bar-da. Bir çäre görülmese, ýaş ýigidiň heläk bolmagy gümansyz. – diýip, Inda Mihaýlowna Garybyň topar ýolbaşçysyna telefon edip, aýtdy. Ýazyjylar soýuzynyň gatyşmagy bilen, Garyp SSKP MK-nyň 4-nji keselhanasyna geçirildi. Bu ýerde oňa täze diagnoz: «Ötüşen sowuklama, gany azlyk, ysgynsyzlyk» – diýip diagnoz goýdular. Oňa başga bejergi edibem başladylar. Gyzgyn sanjym, kakarboksalaza, gurplandyryjy dürli witaminler, bäş-alty wagtyna pensellin, her günde on-on iki sanjym edilýärdi. Garyp kem- kemden halyna gelip başlady. Indi onuň gyzgyny ýokdy. Ýüregi urnup, daş çyksam diýýärdi. Emma lukmanlar ony heniz ýerinden turuzanokdylar. Bir aý diýlen güni Garyby keselhanadan goýberdiler. Umumy ýaşaýyş jaýynda onuň solgun, hor kamatyny görenler elheder alýardylar. – Garyp, sen ogul, bolmasa, öýňüze gaýdyberseň nähili görýäň?! – diýip, ýarawsyz mahaly ony ýeke günem ýeke goýmadyk Inda Mihaýlowna dözmezçilik bilen aýtdy. – Men indi ýagşy, Inda Mihaýlowna! Öýe barsam, ejem hem ýarawsyz. Oba baranymda maňa kim seretsin? Azajyk garaşaýyn. Moskwanyň howasynyň maýlap başlamagy bilenenmi ýa-da edilen güýçli emleriň haýry degdimi, Garyp duýdansyz gurbuna geldi. Özem gijäniň bir mahaly, şol tüýdük owazy ýaňlanyp gitdi. Şol ak telpekli, ak sakally goja otaga girip, Garyp bilen elleşip görüşdi. – Oglum, hany, tur, al eliňe galamyňy! – diýdi. Garyp bir hyjuwly owsunanda, nowjuwan ýigit bolup, heserli daglara bakdy-da, şo-ol ene keýigi, onuň owadan, keremli jadyly balkyldaýan gözlerini gördi-de böküp ýerinden turdy, çyrany ýakyp, stoluň başyna geçdi-de ýapyrlyp, ýazyp başlady. Eje! Men senden öň öleýin, Käbam! Tabydym yrap aglara. Men ýok çagym salam aýtgyn, Keremli gara daglama. Men senden irräk gideýin, Eşde-eşde perýadyňy, Hany, nirde pederim, Bir wagt unutdym adyny. Sen meni hüwdüle eje, Soňky sapar, hasrat içre, Käbäm ejem, eziz ene, Haýsy ynamy, haýsy uçma. Men Käbä gitmek islämok, Gadym Ýersalyma – haja. Hak meni görmek islänok, Barýan seň ýanyňa, eje. Sen meniň Allam, Watanym, Yzlaryňy togap, eje. Soň baky uka bataryn, Şonda sen aglama, eje. Bilýän, öwlüýäler dymýalar, Sen meniň öwlüýämsiň, eje. Meni har etse dünýäler, Sen şonam görýänsiň, eje. Men senden has ir öleýin, Ýok, sen aglama, aglama! Senden soň ýüzün görenim, Salam aýt, gara daglara!.. Garyp indi näçe wagtdan soň, ýazany üçinmi, nämemi, birhilije, gowşak çykan goşgynyň üstüne arassa kagyz goýdy-da, onuň ýüzüne iri-iri harplar bilen «Selbi» diýip ýazdy. Selbi Aýyň şuglasynyň ýüpek maýsasy, Gijäniň ruhuny gözüne döken. Jahan näzik duýgularnyň gaýmagy. Ýaňagyndan «Hak» – diýp, perişde öpen Ah, Selbim, ah, Selbim, gara göz Selbim. Päkize umudy didäňde güllän, Ýylgyrşy jahanyň ýazyna degýän, Sen şirin haýýadym, keremli dünýäm, Diňe seň öňüňde başymy egýän, Ah, Selbim, ah, Selbim, gara göz Selbim. Didelerňe ornap gidipdir keşbiň, Bakyşlaryň ýüregime ornapdyr. Bu gün seni küýsäp otlara düşdüm, Ýa-da meni ýat duýgular oýnap dur. Bu söýgimi, bu apatmy, jebirmi, Meni otdan alyp, otlara salan. Sen diýp şem kimin ýaksam ömrümi, Men saňa howlukýan, saňa howlukýan. Sen näzijek duýgularmyň çyrazy, Ýigitlik buýsanjym, wepamyň gerbi. Seni birje görsem, ölsem razy, Ah, Selbi, ah, Selbi, garagöz Selbi. Garyp ruçkasyz aýasy bilen gözlerini süpürdi. Işige tiňkesini dikip, birsalym oturdy-da, howlukman täze kagyz tagtasyny aldy. Oňa «Inda Mihaýlowna» diýip ýazdy-da,ýapyrylyp, ruçkasyny ýeňiljek ýöredip başlady. Inda Mihaýlowna Sen Rusyň uýasy sen, Oň keremli nusgasy sen. Kalpda älem sahawaty, Gözde rus gussasy sen. Dünýäni saklap duran sen, Dünýä seniň eginleňe. Labyryn atyp duran sen. Eger sen bolmasaň Dünýä bir wagt weýran bolup giderdi, Eý, mähriban rus zenany. Sen ýazlary doguran Eziz rus enesi, Ýagşylygy oýaran, Haýryň näzik söýesi. Rusuň derdi-derdiň, Bar şatlygy seniňki. Ýok syrdaşyň, perzendiň. Dünýäň barysy seniňki, Ähli balasy seniňki. Dünýä – gelip, başyn goýup dyzlarňa, Dynç alýa! Älem gelip, togap eýläp yzlarňa, Ynjalýa! Emma sen ýataňok, ynjalaňok sen, Rusuň derdine gözleýäň melhem. Agralýar, agralýar agralýar gerden, Rus ynjalýança, dynç alaňok sen, Inda Mihaýlowna, eý, beýik Zenan! Getir derdiňi ber, alaýyn ýaryn. Ýok, sen ony bermersiň maňa hiç zaman, Rusuň buýsanjyn, rusuň zaryn. Sen saýlapsyň ýowuz ýollaň kötelin, Sen dirikäň Rus bagtly, penaly. Gel, men seniň gözleriňden öpeýin, Eý haýryň başdagy – Rus zenany! Garyp täze kagyz tagtasyny eline aldy. Inda Mihaýlowna ýuwaşja basyp, işikden girdi. Ol ýüzüni ak tam edip, ýapyrylyp, işläp oturan neresse oglanjyga nebsagyryjylyk bilen seretdi. – Oglum, goý ýazmaňy, sen ýarawsyz ahyryn. Janyňa agram salma, hany, goý... Garyp, ýelek ýaly ýeňil kellesini galdyrdy. – Indi boldy, Inda Mihaýlowna! Sagat näçe boldy? – Sagat on boldy. – Gijemi, gündizmi?! – Gündiz-le. Garyp başyny ýaýkady. Soň kagyzlaryny tertipleşdirdi-de, tumboçkalarynyň biriniň gözüni açyp, oňa atyp goýberdi. Inda Mihaýlowna bir okara borş guýdy. Beýleki tarelka gowurlan kartoşka, kotlet goýdy. – Hany, gel, ýuwun-da naharyňy iý. Men saňa melhemli şerbet taýýarladym. Me, ilki şuny iç! Garyp ýuwnup, stoluň başyna geçdi. Gorçişsa goşulan gaýmakly borş ýaly tagamlydy. Kotlet ondanam süýjüdi. – Nähili süýji bişiripsiňiz, Inda Mihaýlowna! Men bu nahardan nädip doýarkam?! Inda Mihaýlowna iki elini eňegine diräp, agyr oýa batyp oturşyna: – Gep naharda däl, gep açlykda! Nahar adat nahar, üýtgeşik ýeri ýok. – diýdi. Garyp garbanyp bolan badyna bu aýal çynlakaý keşbe girdi. – Garyp, şu gün çözmeli meseleleriň bar! Sen köp wagtlap ýarawsyz bolup, aýdyp bilmedim. Gel, şonuň gürrüňini edeli! – Bor, bor, aýdyberiň. – Birinjiden-ä, «Sowetskiý pisatel» golýazmaňy soraýar. Mende goşgularyň bar. Men jemledim. Ýöne olar az. Jemi 52 goşgy. Neşirýat üç çap listini planlaşdyrýar. Şony näderis. Garyp oýa batdy. – Sen şolary eltip ber. Alekseý Aleksandrowiçde-de on goşgy bolmaly. Jemi 62 bolmaly. Men saňa ýene üç günden 15 goşgynyň sözme-söz terrjimesini bererin. Bolar 75 goşgy! – Ýetmiş bäş bolsa bolýar. Soň çalşyryp, üstüni dolubermeli bolar-da. Bolýar, indiki mesele. Seni Amerika gidýän delegasiýanyň düzümine goşupdyrlar. Nähili görýäň? Eger gitjek diýseň, şolaryň doldurmaly kagyzlary bar. Men şolary dolduryşmaga kömek bereýin. Sen şonuňam ugruna çyk. – Nirede, haçan? – Şu gün sagat üçe soýuza barmaly, ýararmykaň! – Ýararyn. – Üçünji mesele! Soýuzyň poeziýa seksiýasy seniň goşgularyňy ara alyp maslahatlaşmagy planlaşdyrýar. Litinistitut bilen, martyň ikinji ýarymynda, näme pikir edýäň? – Bolýar. Ýygyndyny jemläli! Soň şony hödürläýeris. – Bolar, men olara şeýle diýip aýdaýaryn. Soň ýene bir zat! Ýygyndynyň adyny üýtgetseň diýýärler. Häzirki ady öň bir romanyň, köp goşgynyň ady bilen meňzeşmiş. Garyp ýylgyrdy. – Bor, üýtgedäýeris! Inda Mihalowna Garybyň şeýle aňsatja razy bolagyna geň galmak bilen begendi. – Ony näme diýip üýtgetjek?! – «Ak guwlary atmaň!» – Şolmy?! – Diňe, diňe we diňe şol! Başgaça bolup bilmez, toçka!.. – Hany, göreli. Ýene bir zat! Lit fond saňa her aýda 500 rubl stependiýe bermegi karar edipdir! Häzir gelip, iki aýyň stependiýesini alyp gitsin diýdiler. «Wedomosti ýapyp bilemizok» diýdiler. – Şu gün gideris. – «Правда» 8-nji mart barada goşgy soraýar. «Krestoýanka» bilen «Komsomolka» özüň «bolýar» diýipsiň. – Haçana? – Giç galsa, ertire. – Bor men podstroçnigi agşam öýe elterin. Inda Mihaýlowna «munuň kellesi bir düzüwmikä?» diýýän görnüşde, Garybyň ýüzüne garady. – Garyp, sen «Правда» bilen oýun etme! – Ýok, Inda Mihaýlowna, men däl, «Правда» meniň bilen oýun edýär. Arkaýyn bol, agşam sagat sekizde... – Bolýar! Görübereris. Me, şu-ul perewodlaryňam poçtadan tiziräk al. Ýogsa, olar yzyna iberäýýärlerem. Men: «Ol azajyk ýarawsyz, azajyk gaýrat ediň!» – diýip haýyş etdim. Inda Mihaýlowna Garybyň ýüzüne köp manyly garap oturdy-da, ýylgyrdy. – Garyp, men senden bir zat soraýyn. Eger aýtmasyz zat bolsa, aýtmak hökman däl. Ýöne, sen näme üçin on bäş gün ir geldiň? Bu kesel, Selbi – näme? Telim gijeläp «Selbi, Selbi!» diýip, gepläp çykdyň?! Garyp gussa bilen agyr ýuwdundy. – Men Aşgabadyň Oba hojalyk institutyna okuwa girenimde, Selbi bilen tanyşdym. Aramyzda hiç zat ýok. Men bu ýerdekäm, ol gyz praktika obamyza baryp, ejemiň ýanynda bolupdyr. «Garyp, sen meni tap!» diýip ejeme hatjagaz goýupdyr. Men ony görüp, Aşgabada gaýtdym. Ol Moskwa, Babajan bilen Bibigülüň toýuna gaýdypdyr. Bu ýere gelip, meni tapman, hat galdyryp, Aşgabada gaýdypdyr. Ine, bar bolany!.. Inda Mihaýlowna geň galmak bilen: – Sen ony halaýaňmy? Söýýäňmi? – diýdi. – Men ony bilemok. Men söýer ýaly, ony görmesem näme? Inda Mihaýlowna baş atdy. – Ilkinji saparmy?! – Hawa! – Ýüregiň teýini barla. Söýgi inçe, näzik zatdyr. Wraçlar seniň derdiň «nerw – psihologik ýagdaý» diýjek bolýarlar. Saňa dynç almak, söýüşmek gerek! – Ol sagadyna seretdi. – Indi men gaýdaýyn. Inda Mihaýlowna gaýdan badyna, Garyp ýakyndaky poçta baryp, puluny aldy. Ondan ýazyjylar soýuzyna, soň Lit fonda baryp, doldurmaly kagyzlary dolduryp, stependiýesini aldy. Öňem onuň ep-eslije puly bardy. Bu gün ol has baýady. Üç müň manada golaý pully boldy. Heniz Institutyň Gorkiý adyndaky stependiýesen durdy. Her aýda institut oňa ýüz rubl stependiýe belläpdir... Şondan soň ol: «Правда»-nyň 8-nji mart mynasybetli haýyş eden goşgusyny ýazmaga başlady. Bary seniňki, Eje! Watan bu gün gül-çemene gark boldy, Şol gülleriň bary seniňki, Eje! Umytlarmyz aýdym bolup dolandy. Şol aýdymlaň bary seniňki, Eje! Mawyasman bilen yrsgally Zemin, Bular seň myradyň, umydyň, haýaň. Seniň küýsän ýazlaň dolandy, eziz, Şol ýazlaryň bary seniňki uýam. Her gün alnymyzdan tylla Gün dogsun, Eşitmäliň oglyň ýitrenleň zaryn, Näzik umytlardan gül-çemen bogdum, Şol çemenleň bary seniňki, ýarym. Bu gün arşa çykýar döwrüň zenany, Dünýäň depesinde Watanyň ady! Ýagşylyga alyp barýar zamany, Zenan ummatynyň kuwwatly bady. Men seni gujaklap, eliň ogşaýan, Eziz dideleriň mährini içe. Dünýäň parlak ýazyn eýlesem sežde. Barysy seniňki, seniňki, Eje! Garyp bu goşgyny täzeden, gaýtalap-gaýtalap okady. Ýene gaýtadan yhlas bilen işledi. Ilki onuň syýasy taraplaryny timarlady. Soň kapiýalaryň sazlaşygyna üns berdi. Soň sözleri, setirleri çalyşdy. Bu goşgy başdaky durkuna görä, pikirli, akgynly, birhilije joşgunly bolup çykdy. Ahyrynda bolsa ýene ýüz sapar okady. Soň goşgyny rus diline sözme-söz terjime etdi. Maşinkasyny alyp, ony ak kagyza peçat etdi. Soň oňa düýpli düzetmeler girizip, üns berip gaýta-gaýta okady. Inda Mihaýlowna eli kagyzly içeri giren Garyba ynamsyzlyk bilen seretdi. – Ýetişmejegiňi bildim-ä. Indi men olara näme diýeýin. Ertir bir «Правда»-nyň haýyşyny etjek bol. Bir pikirjagaz berseň, galanyny özümem sazlaşdyraryn. Garyp goşgularyny stoluň üstünde goýdy. Soň kän eglenmedi. – Litfonda bardyňmy?! – Bardym. – Soýuza bardyňmy? Dokumentleri nätdiň? – Bardym! Bardym! Bardym!..Gonararlary aldym. Indem, hoş gal, Inda Mihaýlowna! Men gaty ýadadym. Inda Mihaýlowna halys surnugan bu ýigide dözmedi. – Bar Garyp, dynjyňy al. Ertir maňa bir jaň et. Ýöne goşgyny gaýrat edeweri. Garyp ýolugruna gazet dükanyna sowuldy. Täzeje gazetlerden satyn alyşdyrdy. Emma olary okap bilmedi. Garbanman, hatda, eşiginem çykarman, düşegine geçip, süýnüp galdy. 31. Bu gün dynç günidi. Garyp içerini arassalap, nahar ataryndy. Sagat on bir bolup barýardy. Işik ýuwaşja kakyldy. Bu kakylma, Inda Mihaýlowanyňka meňzeşdi. Garyp işini goýup, ylgap baryp, işigi açdy-da, aňkarylyp galdy. – Salam! – Salam! Ynanar ýaly däl. Işikde Resul Gamzatow, onuň arkasynda-da Twardowskiý durdy. – Geliň, giriň! – diýip, Garyp haýran galma bilen mürehet etdi. – Ilki sora! – diýip, Twardowskiý Resul Gamzadowy gyssady. Resul Gamzatow adaty bolmadyk ýüz keşbini, goýun gözlerini Garybyň ýüzüne dikdi. – Nurulla! Garyb nirede ýaşaýar? Şol barmy? Şol gerek bize! – diýdi. – Men! Men! Geliň! Giriň!... Resul Gamzatow otaga girip, Garyby gujaklady. – Molades! Bratişka, molodes! Soň onuň yzy bilen Twordowskiý içeri girip, gujaklaşyp salamlaşdy. – Aý, heniz çagajyk-how! – diýip, Resul Gamzadow Twordowskiniň ýüzüne garady. – Heniz babak! Bäbejik! – Näçe ýaşyňda? – diýip sorady. – On sekiziň içinde! – Horoşo! Oçen horoşo! Ho-o-oro-şo! Myhmanlar stoluň başyna geçdiler. – Hiç zat gerek däl. Biz seni görmäge geldik. Garyp orta iki çüýşe arak, kolbasa, mesge, çörek çykardy. Tabaklara gyzgyn nahar guýdy. – Bulgur al! Garyp iki bulgur, käse çykardy. Özüne çaý demlendi. – Çüýşani aç! Gamzatow arakly bulgury eline aldy. – Men Garyp Nurulla diýseler, epeý adamdyr öýdýärdim. Emma ýalňyşypdyryn. Türkmen halky gadymy halk. Türkmen halky genileri dogrup bolýän halk. Garib türkmen halkynyň geniý dogrup bilýändiginini subut etdi. Men türkmen halkynyň, türkmen enesiniň öňünde dyza çöküp, doganym, seni dünýä beren Hudaýa alkyş aýdýan. Şol ajaýyp poeziýany dünýä beren maňlaýyňdan ogşaýan. Şol ajaýyp setirleri ýazan elleriňden opeýin. Saňa Alla uzak ömür, bagtly ömür, mynasyp ömür bagş etsin!.. Ol ýerinden turup, gelip, Garybyň maňlaýyndan öpdi. Soň bulgury başyna çekdi-de, agzyna bir bölejik kolbasa atdy. Soň Twordowskiý gezek aldy. – Şahyram bolup bolar. Geni hem bolmagyň mümkin! Ýöne adam bolmak, sözüň doly manysyndaky adam bolmak aňsat däldir. Adam bol. Ömrüni mynasyp alyp gitjek adamlaryň başy bol. Biz güzeran, wezipe, şan-şöhrat diýen ýaly bir topar bolgusyz zatlary beýik Adam bolmak wezipesi bilen çalşyp şu günlere geldik Garyp! Sen beýtme. Sähelçejik halal çörek bilen gününi dolandyrýan bir şahyr boljak bol. Hiç wagt, hiç wagt, iki ýüzli, kyrk emjek bolma. Emen emjegiňi hiç wagt dişleme. – Ol bulguryny göterdi. Garyp Twordowskini oňat synlady. Ol ulygyz ýaly, utanjaň, ak ýüzäne aragyň ajysy çawlany üçin humarly görünýän ýüzüni, şar gara, oňat edilip yzyna gaýtarylan saçyny çalaja yrgyldadyp, duran bitüwli adamdy. Owadan ýaşyl gözleri bu adamy perişdeleşdirýärdi. Ol bulgury göterenden soň, ak ýüzi az-kem nurlanyp, ýüzi şapaklaryň arasyndan dogup gelýän Aý ýaly lowurdap gidýärdi. Dünýäni, edil ýaza dönderýärdi. – Sen näme içeňok? Resul Gamzadow arak guýularyna garaşýan ýaly, boş bulgurlara seredip oturşyna sorady. Onuň, ýap-ýaňy hasyly alnan keramatly sähra ýaly ýüzünde ýapyşara zat ýokdy. – Men arak, çakyr içip göremok. – Içersiň! Arak içmedik şahyr bolup bilmez. Arak poezizanyň oýnaşydyr! Twordowskiý ony inkär etdi. – Ýok-laý! Wobşe, onuňkynyň dogry bolaýmagam mümkin. Resul Gamzatow ikinji bulgury göterenden soň, ýerinden turdy-da, penjegini çykaryp, krowatyň üstüne atyp goýberdi. – Sen türkmen şahyry Anna Kowusowy tanaýarmyň? – diýdi. – Ýok. – Näme? Tanaňokmy? Resul Gamzadow ýylgyrdy. – Biz birküç ýyllykda Eýrana bardyk. Bizi Eýranyň şasy kabul etdi. Men oňa kitabymy ýadygärlik berdim. Ol «Näme, sen şahyrmyň?» – diýdi. Men «Hawa!» – diýdim. – «Onda sen Anna Kowusowy tanaýansyň?» – diýdi. Men hawa, tanaýaryn diýdim. Ol gaty begendi. «Anna Kowusowy tanaýan bolsaň, senem, onda erbet şahyr dälsiň!» – diýdi. Emma sen Anna Kowusowy tanamaýan bolsaň, şahyr bolup bilmersiň. – Ol kim? – diýip, Twordowskiý geň galyp sorady. – O-ho! Senem ony tanaňokmy? Onda senem şahyr bolup bilmersiň. – Ol birden dikeldi-de, çynlakaý birgörnüşe girip, Garybyň ýüzüne garady. – Aslynda seniň özüň, bizi bir tanaýarmyň? Garyp «hawwa» ýa-da «ýok» diýmedi-de, başyny atdy. – Meniň mäme eserimi bilýäň? – Resul Gamzatowyň 912 goşgusy, «Daglaryň ýüregi», «Dagly gyz» poemalary bar. Olaryň hersi 311 setir. Garyp «Dagly gyzdan» üç bent, «Durnalar», «Hanjar» goşgularyny rus dilinde owadan edip okady. – Şular-a bilýän! – 912! Walla, özümem bilemok Ol ýerinden turup Garyby gujaklap, ýaňagyndan ogşady. – Men seni söýýän, doganym! – Sen meniň nämämi okadyň? – diýip Aleksandr Trifanowiç Twordowskiý ýylgyrdy. – Siziň, Aleksandr Trifanowiç, 313 goşgyňyz, «Lenin we peç ussasy» «Wasiliý Týorkin», «Alysdan alysy» poemalaryňyzy bilýän. Ol «Wasiliý Týorkiniň» «Ýeňiş parady» bölümini, «Alysdan alysdan» «Serder hakda oýlanma» bölümlerini rus dilinde dabaraly ýagdaýda okap berdi. – A goşgy!? – Men edil häzir siziň elli-altmyş goşgyňyzy okap berip biljek... Ol bu şahyryň «Rus» goşgusyny okap başlady-da soň «Güýz» goşgusyna geçdi... – Ynanýan, Ýöne aýt, nädip? Nädip?!. Biz özümiz bilemizog-a. – Alladan. Başga hiç zatdan däl! – diýip Gamzatow buýsanç bilen aýtdy. Twordowskiý dolmuş göwresin ýeňillik bilen göterip, Garyby özüne ýeňiljek çekdi-de, gujaklap, maňlaýyndan öpdi. – Seni ýaradan Alla tagzym edýän! Myhmanlaryň keýpi birden göterildi. – Gamzatow, Twardowskiý, Nurullo! Senem goşgy oka! – Oka! Garyp çaga bilbiliňki ýaly owadandan näzik, dogumly sesi bilen «Ak guwlary atmaň!», «Russiýa, seni göresim gelýär!» «Garagum!» goşgularyny saldarlap okady. – Molodes! – Molodes! Garyp «Garagumy» ilki türkmençe, soň iňlisçe okady. Resul Gamzatow ýerinden turup, Garybyň elini gysdy. Twordowskiý başam barmagyny göterdi. – Beýik eser inkär ediji bolmaly! Inkär edýän goşgy oka, ma-ňa! Garyp ýakynda ýazan «Şaryň toýy!» atly goşgusyny ilkinji sapar okady. Şaryň toýy! Lowurdap, güldüräp, gözüň gaýnadyp, Barha çişip barýar, ýel berlen şar! Oňa şöhrat besläp, gülüp, aýnadyp, Olaň arasynda dürli ymmat bar. Mekdep, medreseler, ylymdar ketde, Fabrikler, zawodlar, ýönekeý daýhan! Wasp etmekde ozup-ozup, elbetde, Tutuş ýarym dünýä, bir bölek jahan! Aglaýan bar, buýsanýan bar günüm diýp, «Hudaýym Sen! Allam!» diýip çokunýan. «Ýok, ol Hudaýdan hem uludyr juda,» Diýip, ony ykrar edýär akyldar. Ýel berlen şaryň artypdy bady. Ol indi öwgüden, Aý – Günden belent, Emma birden ýer sarsdyrdyp ýaryldy Şar ýaryldy! Bolýan zatlara seret! Indi kime çokunarka – bu millet!.. Twardowskiý el çarpdy. – Getir! Getir. Men «Nowiý mir»-iň obložkosynda berjek. Resul Gamzatow ony kakyp aldy-da ýyrtyp goýberdi. – Ýok! Howlukma! Garyp heniz ganaty bekemedik çaga bürgüd-ä! Onuň kellesi Twordowskiniňki ýaly dogumly däldir. Onuň saçyny basym syrarlar. – Onda, sen öz terjimehalyň bilen on sany goşgyňy. Öň çap edilen bolsa-da zyýany ýok! Resul Gamzatow hem diňlän goşgularynyň adyny ýazyp alyp, jübüsine saldy. – Tanyşdyk, begendik, buýsandyk! Eý, bagty gelen dünýä, eý, bagty gelen türkmen, eý, bagty gelen poeziýa, seniň Garybyňa meniň gözüm gidýär. Wah, men gyz bolan bolsam, söýüp-söýüp, ýekeje minutam ýanyňdan aýrylmazdym, Garyp jan! – Ýa tože! – Gör bu nahaly. Bar, bar, sen başga ýigidi gözle! Meniň Garybyma göz dikme! – diýip, Resul Gamzadow ýerinden turdy. – Gaýdaly. Sag bol doganjygym!.. Ol jübüsinden bir topar ýüzlük pul çykaryp Garybyň üstüne seçdi. – Özüňi syla! Poeziýany syla! Allany syla! Öz duşmanlaryňy syla. Kim öz duşmanyny ýitirse, onuňky apatdyr! Garyp egilip, poluň üstüne seçelenip giden ýüzlükleri eliniň uruna ýygnady-da, olary beýik şahyryň jübüsine saljak boldy. – Dur! Saklan! – diýip, Resul Gamzatow ellerini daldalatdy. – Halypaň, ýumruk berse-de, al! Sen hor bolmaly adam dälsiň! Öz şahyryny hor-homsy, ejiz, arzysyz saklaýan ýurt betbagtlygyň, bidöwletligiň ýurdydyr! Ol halk, ol ýurt Allanyň gargyşyna galagandyr! Twordowskiý jübüsinden dört sany täzeje ýigrimi bäşlik çykaryp, stoluň gyrasynda goýdy. – Goşgularyňa, on sany goşgyňa garaşýan!..Ýöne howluk!... Olar Garyby gezek-gezegine gujaklap, ogşap, hoşlaşyp çykyp gitdiler. Olar gidensoň Garyp, megerem, ömründe ilkinji sapar aglady. – Eziz Allam! Bu ejiz ogluňy özüň golda. Abraý ber, Alla jan!.. – diýip eňredi. Men bu hormatlary göterip bir bilermikäm?! Özüň golda, Allajan! Iki sany Lenin, Döwlet baýrakly SSSR-iň Ýokary Sowetiniň deputaty, dünýä belli şahyryň ýaňy birinji kursuň talybynyň ýanyna ýörite gelip, oturyp gidendigi baradaky habar instituta ýyldyrym çaltlygynda ýaýrapdy. Şondan soň, Inda Mihaýlowna-da, Mihaýlowam, Garybyň otagyna geldiler. – Munuň özi uly hormat! Uly abraý! Seni ykrar edýärler! – diýip, Mihaýlow mydyrdady. – Ýok, şahyr boljak üçin mundan uly hormat ýokdur! Heniz Twordowskiniň talyplaryň otagyna gelen wagty bolan däldir. Men-men diýen ýazyjy-şahyr onuň bilen «Nowyý mir»-de salamlaşyp bilse, özüni bagtly saýýandyr. – Olar näme teklip etdiler!? – diýip, Mihaýloň ýüzüni agraslandyryp sorady. – Gyssagly on goşgy bilen terjimehalyňy getir! – diýdi, Aleksandr Trafimowiç. – Kim? – Twardowskiý! – Resul! – Aý, ol üstüme bäş ýüz rubl seçeledi. – Eto horoşo! – Olaryň gürrüňi «Ak guwlaryň...» meselesi boldy. – Soýuzyň ara alyp maslahatlaşmasy gowy zat. Ýöne, Institut hem bu işde gyrada galmaly däl. Eger Institut ýygyndyňy ara alyp maslahatlaşyp, soň Soýuza hödürlese, birinjiden, seniň ýyllyk hasabatyň, kurs işiň bolar. Ikinjiden institut eseriňi neşirýata hödürläp bilýär. Ýene, institut seni SSSR-iň Ýazyjylar soýuzyň çlenligine hödürläp bilýär. Dördünjiden seni, öz baýragyna hödürläp biler. Iň ahyrynda, Institutyň seni şahyr hökmünde ykrar etdigi bolýar. Şonuň üçin ýygyndyny ara alyp maslahatlaşma Institutdan başlanyp, şondan ýokary gitmeli!.. Şonda biziň işimiz hem görner, hem bize uly abraý bolar!.. – Alekseýewiç, «Ak guwlara...» goşgy ýetenok. Siz şol on goşgyny Inda Mihaýlowna berip bilmersiňizmi? Mihaýlow ellerini owkalady. – Olar bu gün – Erte «Trudda», «Komsomolkada», «Nedeliýede» çykmaly. Ýöne howluksaňyz ikinji ekzemplýary bardyr. Ertir men şony getirerin. – Şeýdeweriň, neşirýat gyssaýar... | |
|
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Duman daganda: Sil soraşman gelýär - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |