21:36 Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy | |
32. Sekizinji Mart Garyp üçin, zenan bolmasa-da, gowy, şatlykly, buýsançly gün bolup geldi. «Правда» onuň «Bary seniňki, eje!» atly goşgusyny birinji sahypasyndan beripdir. Goşgynyň gapdalynda juda näzikden mähriban ýylgyryp duran nurana rus zenanynyň suraty bu şygryň duýgularyna üstüne şeker-şerbet seçýärdi. «Komsomolka» «Rus zenany I.M.Kozlowskaýa», «Selbi» goşgularyny birinji sahypasyndan beripdir. Garyp ylgap, köçä çykyp, burçdaky gül satýan dükandan owadan, ullakan çemen satyn alyp, Inda Mihaýlownanyňka eňdi. Baryp demi-demine ýetmän durşuna, işigiň jaňyny kakdy. – Häzir, Garyp, häzir, dorogoý! – diýip, Inda Mihaýlownanyň tanyş sesi eşidildi. «Be, meniň gelenimi bu aýal nireden bilip ýörkä» ýa-da penjireden gördümikä?!.. Işik açykdy. Inda Mihaýlowna çemeni almady-da, Garybyň boýnundan gujaklady. Onuň gözlerinden ýaş paýrap gitdi. – Garyp, mähribanym, goşgyň üçin sag bol! Maňa ölmez-ýitmez ýadygärlik gurduň. – Ol özüne uzadylan owadan, durşuna ýaňy gunçalykdan açylan bägül bolup duran çemeni razylyk bilen alyp, bagryna basdy. – Çemeni men bermeli men saňa. Seniň özüň çemen, sag bol, ogul! Garyp içeri girip, paltosyny asgyçdan asdy. Içki otaga girdi. Ol öz gözlerine ynanmajak boldy. Stoluň başynda Aýyň bölegi ýaly bolup, Inga otyrdy. Inga Garyby görüp, ýerinden turdy. – Salam, mugallym! – Salam, beýik şahyr! Inganyň owadan näzik ýüzüne naryň suwy sepilen ýaly boldy. Ol gara gaşlarynyň üsti bilen ýaňaklaryna dökülen saçlarynynyň taryny gulaklarynyň ýeňsesine geçirdi. Inda Mihaýlowna kürsäp otaga girdi. – Bu Inga jan! Ýegenim! Iňlis dili mugallymy. Ol Garyba elini uzatdy. – Bu Garyp jan! Ähli halk söýgüsine mynasyp bolan şahyr! – Söýgüli, ajaýyp şahyr! – diýip, Inga üstüni ýetirdi. Garybyň ýüreginde zat ýokdy. – Ol meni okatdy, Mihaýlowna! – diýdi. Ingany men tanaýan. Ol meni öýüne-de çagyrdy. Beýik filosof, akyldar hudožnik Rerhleriň agtygy. Rerhiň «Adamy beýge götermän, adamzady halas edip bolmaz! Adam Allanyň zerre bölegi. Şonuň üçin, edil Alla ýaly, Adamy-da keramat saýmaly!» diýen parasadyny bu gün bütin dünýä aýdym edip aýdýar. Hatda Albert Eýnişteýin hem Nobel baýragyny almanka, Tibetde Rerhleriň döreden ylmy-barlag jemgyýetinde işlän eken. Ýene, näme aýdaýyn. Inga haýran galyp, Garyba seretdi. – Eý, oglanjyk! Bu zatlary sen nireden bilip ýörsüň?! Bular şeýle ajaýyp zatlar-a... Inda Mihaýlowna çykyşy ýaly gaty tiz yzyna dolandy. Ol elindäki tarelkalary stoluň üstünde goýuşdyrdy. Inga ýerinden turup, oňa höwes bilen kömekleşip başlady. Garybyň göwnüne bolmasa, Inganyň aýagy ýere degmän, uçaýjak-uçaýjak bolup durdy. Inda Mihaýlownanyň uly gadyr edip bişiren böregi, soň towukly sousy geldi. Stoluň üsti nazy-nygmatdan dolup galdy. – Garyp, şampanskini sen açmaly! Garyp tas eline berilen çüýşäni poluň üstüne gaçyrypdy. – Men başaramok!.. – Gertiriň, men kömek bereýin. Inga simjagazlary towlan badyna, gapak towsup gitdi-de, edil işigiň ýanyna düşdi. Çogup giden şerap düwmejikleri stoluň üstüne, Inda Mihaýlownanyň täzeje köýnegine seçelendi. – Me, indi özüň guý! Garyp çüýşäni aldy-da hrustal bulgurjyklara şerap guýdy. – Özüňe-de guý! – Ýok, maňa limonad bolar. Men limonady gowy görýän. – Ýok, ýok. Haram, karam. – Gerek däl! – diýip, Inda Mihaýlowna Inga başyny yrap aýtdy. – Garyp hiç mahalam içenok. Dadybam görenok. Munuň özi ajaýyp ahyryn. – Onda, söz sözlesin! Garyp Inda Mihaýlowna bagyşlanan goşgusyny okady. – Seniň üçin, eý, dünýäni saklap duran Zenan! – Sag bol oglum. Sag bol! Goşgyň üçin, hormatyň üçin, sag bol! Bu dünýäde barlygyň üçin sag bol! Zenanlar bulgurlaryny dodaklaryna çala degrip, stoluň üstünde goýdular. Garyp welin limonadly stakanyny başyna çekdi. – Düýbüne çenli! Düýbüne çenli! – Garyp, goşgy okap beräý!... Garyp täze goşgularyny iňlis dilinde okady. Soň «Selbini», «Bary seniňki, ejäni» rus dilinde joşgun bilen okady. – Sen iňlis dilini bilýäňmi? – Garyp Ingany görkezdi. – Meni öz ýegeniňiz «zaýalady». Ýogsa, men rus dilinde allanäme okap ýörmel-ä. – Molades! – Inda Mihaýlowna Garybyň tabagyna börek salyp, üstüne ep-esli gaýmak döküp durşuna aýtdy. – Salat hem iýiň. – Ol bir zat ýadyna düşen ýaly, owadan gözlerini gyrpyldatdy. – «Правда»-çylardan ullakan salam. Mihaýlowam goşgularyňy getirdi. Jemi 70 goşgy! Garyp başyny atdy. – Mende-de bäşisi dur. Olaram goşsak! Ura! Ady öňki dälmi?! – Adyny galdyrdylar. – Ur-a! Ur-a! Ur-a! Ýaşa Inda Mihaýlowna! Nahar diýseň şüweleňli geçdi. Garybyň gaýdasy gelýärdi. – Men gaýdaýyn, Mihaýlowna! Galan goşgulara seretmeli! – Menem seniň bilen, Garyp. Inga-da, ylgap baryp asgyçdan poltosyny alyp, Garypdan ilki işikden çykdy. – Üçümizem ýalňyz. Emma üçümiz bir ýerde bolsak, ýalňyzlyk ýada düşenok. Bolýar, sag boluň, meni ýadyňyzdan çykarmaň. Ýaşlar daş çykdylar. Howa salkyndy. Moskwanyň köçeleri aýal-gyzlaryň baýramyny şady-horramlyk bilen belläp geçýärdi. Bir ýerlerden garmona goşulyp aýdylýan çirkin aýal sesi eşidilýärdi. Bir topar oglan-gyz, gülşüp-degşip, aňyrlygyna barýardy. Bir topar aýal-erkek bäriligine gelýärdi. Serhoş, ýarym serhoş adamlar köçeleri çaýkap-çaýkap barýady. Inga bolsa Garybyň çep golundan iki eli bilen pugta ýapyşyp, bu syrdam ýigidi elden gidermekden gorkýan ýaly, gorkynyň hem begenjiň dünýäsine serimsal bolup barýardy. Garybyň ähli pikir-oýy «Şaryň baýramy» şygryny kitaba goşmalymy, goşmaly dälmi? – diýen meseledi. Ol dünýä belli, iki şahyryň öz otagyna gelip, maslahat berip, pul baryny seçip gitmegini diňe ýagşylyga ýorýardy. Magtymguly şahyr hem düýşünde beýik-beýik pirlerden ak pata alypdyr ahyryn. Ýaşajyk Görogla hem düýşünde ak pata berilipdir. Olaryňky düýş! Emma, Garybyňky, hakykat, real durmuş. Indi ol döwürlerden zamana-da, tilsimat hem, däp-dessuram üýtgäp gitdi. Öz ugrundan «pygamberlige» ýeten iki ussadyň öýüne gelip, «ak pata» berip gitmegi, şu gün üçin ynamly bir dessur bolup biljek ahyryn... Olaryň: 1. Bir zady inkär etmejek bolsaň, ýazma! 2. Halypaň ýumruk berse-de, al! 3. Özüňi syla! Allany syla! Poeziýany syla! Enäni syla! Öz duşmanlaryňy syla! 4. Ikiýüzli bolma! Kyrk emjek bolma! Dogry bol. 5. Emen emmäňi dişleme!.. Bu parasat sargydydy. Ol iň beýik eserleriň, hökman inkär ediji bolmalydygy barada oýlanýardy. Nädip inkär etmeli? Kimi inkär etmeli?! Näme üçin inkär etmeli? Ýa men olaryň görýän, düşünýän zadyna düşünmeýärmikäm. Olaryň görüp ýören, akyl ýetirip ýören zatlaryna akyl ýetirerden men kän ýöntemmikäm?!. Ol özüniň «Şaryň toýy» şygrynda juda uly inkär etmäniň bardygyny görüp bilenokdy. Dogry, Garyp heniz şygryň açyk bildirip duran many-maňzyndan aňryny görüp bilenokdy. Bu syr oňa heniz-heniz ýatdy. Eýsem, bu goşguda görnüp duranyndan başga bir nähili gizlin many-mazmuny bolsun. Aslynda, hakykatdan hem, şarjagazdyr-da! Ony çişirseň, bir günde bir gün ýarylmaly bolar-a. – Onda näme, olar aýry-başga şu goşgynyň üstünde durdular!? Bu goşgy olar üçin nähili beýik bolup galdy! «Ol çaga bürgüt, onuň boýnuny sogurarlar!» diýişip howsala düşdüler! «Bu ýerde nähili syr barka?!» Dogrusy, Garyba oýlanara, hiç bolmanda Inda Mihaýlowna bilen, Mihaýlow bilen maslahatlaşara-da pursat bolmandy. – Kesel, keselhana meniň edil bir asyrlyk wagtymy aldy, içigara! – Sen nirä gitjek? – Seniň ýaşaýan otagyňy göresim gelýär, Gary-yp! Garyp tisginip gitdi. Ol Ingany tas unudan eken. – Inga, ezizim, sen nirä gideli diýseň men gitjek. – Seniň ýaşaýan otagyňy göresim gelýär. Şol ajaýyp poeziýanyň dörän ojagyny. Mümkinmi! – Možno!? Olar pyýadalap, institutyň umumy ýaşaýyş jaýyna geldiler. – Size Moskwa döwlet uniwersitetinden bir gyz garaşyp-garaşyp gitdi. Ol hatjagaz goýdy. Garyp haty alyp okady. «Salam, Garyp! Men Aýbölek! Şu gün agşam sagat-da biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzda Türkmenistanly oglan-gyzlar size örän-örän garaşýar. Sen otagymyzy bilýäň. Hökman, hökman, hökman, hökman gel! Aýbölek. 8-nji mart 1965-nji ýyl.» Garyp sagadyna seretdi. Sagar 12-di. – Wagt bar. Hökman barmaly! Öz obadaşlarym bilen hökman görüşmeli!» – Näme boldy? Ol hatda näme ýazylypdyr? – Ýöri, häzir otaga baraly! Şol ýerde baryny aýdaryn. Olar Garybyň otagyna geldiler. Inga otaga girip, begendi: – Gör, nähili eken! Ajaýyp eken-ä! Inga stoluň başyna geçip, öňüne kagyz, galam alyp, ýazan boldy. – Garyp, şeýdip ýazýaňmy?! – Şeýdip! – Ine, ýazylan zady okasana! Garyp kagyzdaky ýazgyny okady. «Garyp, men seni söýýän, eziz görýän! Öz Ingaň!». Garyp Inga seretdi. – Ýok, men ýazamok! Sen – geniý!. Öz ruçkaň ýazdy. Garyp Ingany gujaklap, ogşady. Inga kellesini iki eli bilen tutup durşuna, krowatda oturdy. Soň ýüzüni tutdy. Garyp Inga öýkeländir öýtdi. Onuň golaýyna baryp, uzyn, akja, posalak barmakly elinden tutdy. Inga ellerini Garybyň boýnundan aýlap aldy-da, näzik dodaklaryny oglanyň dodagyna basyp, sorup başlady. Ingadan kükeýän üýtgeşik ys, Garybyň jahyl dünýäsine haplap urdy-da onuň ter, näzik ömründe zenan demi düşmedik ýigit süňňüni lerzana getirdi. Birdenem, üýtgeşik, heniz görülmedik, bardyram öýdülmeýän eşret oglanyň duýgularyny gaplap aldy. Inga ellerini sypdyrdy-da, soň Garybyňka ýapyşdy. Garyp Inganyň ak, owadan, ullakan göwüslerine ýüzüni berdi. Soň Inganyň üstüne agdaryldy. Ol gözlerini açanda Inganyň perişde ýaly, owadan näzik ýüzüni, göwüslerini, mymyk sary saçlaryny görüp, tisgindi. Onda bu gözelligiň eşret doly çuňlygyna çümmek höwesi döredi. Inga çalaja yranyp, oňa hemaýat berdi. Soňam: – Mähribanym, ezizim, meniň şahym – diýip, hyjuwly samyrdady... 33. Moskwa döwlet uniwersiteti talyplarynyň umumy ýaşaýyş jaýyny Garyp öňem bir sapar görüpdi. Emma obadaşlarynyň haýsy gatda, haýsy otagda ýaşaýandygy häzir anyk ýadyna düşenokdy. Ol Aýbölegiň hatyny goltyuk jübüsinen çykardy-da,seretdi. Aýbölek, bolsa-da, ätiýaçly eken. Ol hatyň aşagyna «Lomonosow – 45. Korp – 4. 6 – etaž. Kom – 45» diýip ýazan eken. «Bir desse gül almaly!» Ol Lomonosow prospektine öwrülýän ýerden ullakan, owadan çemen satyn aldy. Dükana girip «Gyzyl gwozdika» atly gymmat şokoladyň bir gutusyny aldy-da, salgy ýazylan ýere tarap, pyýadalap ugrady. Garyby duralgada gül-çemen bilen garşy aldylar. Olar otuza golaý oglan-gyz bardy. Syrdam-syrdam, edil çynar boýly türkmen ýigitleri, juda-juda näzik, mähribandan eziz türkmen gyzlary! Olar Garyp bilen diňe bir salamlaşyp oňman, gujaklaşyp görüşdiler. Ony gezek-gezegine ogşap çykdylar. Näme-de bolsa, henizem, olara garanda horja, juda ýaş oglanjygy ýitirip tapana döndiler. Garyp gaty tolgundy. Ol çemeni, şokolady gyzlaryň biriniň eline tutdurdy. – Size!.. Oglan-gyzlar: – «O-o-o!» – diýip begençli gülüşdiler. Uzyn boýly, ak ýüzli, gazaklaç gözleri lowurdap duran syrdam ýigit ony gaýtadan gujaklady. – Mübärek bolsun! Abraýyňyz dünýä dolsun! Bizi sylap geleniňiz üçin sag boluň! – Ýörüň! – Siz gelersiňizem öýtmedik. Ýöne geleniňize juda begendik. – diýip, näzijek, alma ýaljak ýaňagy hallyja gyz tolgunyp aýtdy. – Sizi dünýä tanaýar! Öz obadaşymyz bolup, Moskwada bileje okap, siziň bilen görüşmesek, utanç bolar-a... – Hawa-la... Ony gyzlaryň, has dogrusy Aýbölek dagylaryň ýaşaýan otagyna alyp bardylar. Otagyň mebellerini koridora çykaryp, poluň üstüne içerini dolduryp duran düşek ýazylypdyr. Düşegiň ortarasyny klýonka ýazylyp, onuň üsti nazy-nygmatdan doldurylypdyr. Bir ýerden öňi öýlükli Aýbölek ylgap geldi. Ol gelişine Garybyň boýnuna bökdi-de, ýaňagyndan taýly gezek ogşady. Onuň üstünden soganyň, hyýaryň, ysy gelýärdi. Aýbölek begenjini gözlerine ýakyp: – Garyp jan, geldiňmi?! Oturan oglanlar «Ura!» diýişip el çarpdylar. Aýbölek hamsykdy-da, işikden çykyp gitdi. Gyzlar onuň yzyndan eňdiler... Hälki ýigit özüni tanatdy. – Men Arslan! Bu hem dünýä belli – geniý. Beýik türkmen şahyry – Garyp Nurullaýew! Bu gün biz Garyp jany tanyşlyga çagyrdyk. Biz seniň merkezi gazetlerde çykýan goşgularyňy aglap, buýsanyp, guwanyp okaýarys. Türkmen halkynyň beýik oglunyň – On ýedi ýaşly balasynyň tutuş Sowet Soýuzyny aňk edýän goşgulary – biziň baýdagymyz! Öz halkyň mertebesini belende nähili götermeli! Şol baýdak parlap, nur saçyp, şony bize görkezip dur! Siz barada gaty uly jedeller gidýär. MGU-nyň professorlary, dosentleri, mugallymlary, talyplary bize haýran galyp sorag berýärler. – «Kim – ol!? Genimi?! Telbemi?! Ol beýle akly, beýle duýgyny, beýle pähim-parasady nireden alýar, ol» – diýýärler. – Biziň özümizem sizi bilemizok. Seni tanamyzok. Onsoň aýal-gyzlar gününde «Bary seniňki bolsun, Eje», «Selbi» diýýän adam biziň, öz obadaşlarynyň sözüni ýykmaz diýip, Aýbölegi iberdik. – Geliň şu duşuşyk üçin iýeliň, içeliň, gürleşeliň, tanyşalyň! Oturan oglan-gyzlar el çarpdylar. – Garyp jan gel, töre geç! Aýbölek onuň ýanyna geçip oturdy. – Guýuň! Bulgurlara, käselere, kruşkalara suwlardan, içgilerden guýdular. – Geliň, Garyp jana söz aýtdyralyň! Garyp ýerinden turdy-da owadan, näzik, keramata öwrülip giden sesi bilen «Garagumy» okady. Soň usullyk bilen ýerinde oturdy. – Sag boluň, sylagyňyza! Men siziň ýüregiňizi sallançak edip, duýgularyňyzy aýdym edip, daryňyzy Allam edip ýaşaýaryn. Sizi maňa, meni Size Alla tagzym edýärin. Meniň sizden başga hiç kimim ýokdur! Meniň zehinimem, ölümimem, tutuş diriligimem, siziňkidir. Siziň hemmäňize ak bagt arzuw edýärin. Siziň üçin, eziz doganlarym. Siziň ähliňizi bagtyma basýaryn. Ähliňiziň bagt ýazylan nurly maňlaýyňyzdan öpýärin... Garyp limonadly bokaljygyny başyna çekdi. Soň az-maz garbandy. – Garyp jan, ýaňky aýdyşym ýaly, bizden sen barada soraýan köp. Özüň barada bize, birki agyz aýdyp beräý. – Garyp, biz soraly, sen jogap ber! – diýip, Aýbölek al ýaňagyny tolgunmanyň şuglasyny batyryp köşek gözlerini balkyldadyp, aýtdy. Ol nämüçindir, Garyby özüniňki saýýardy. Birinji sowal: – Sen näçe ýaşyňda? – Meniň on ýedi ýaşym doldy. Indi on sekizimiň içinde! Obamyzdaky, ýagny, Garaböwür obasyndaky 8-nji orta mekdebi öňkisi ýyl tamamladym. – Sen okuwda heý, ikilik alyp gördüňmi? Ikilik alanyňda nähili duýgulary başyňdan geçirýärsiň? Garyp güldi. – Wah, arman, men dörtlügem alyp göremok. Lit institutam, girişde, diňe bäşlik boldy. – Ejeň, kakaň barmy? Olar haýsy wezipede işleýärler? – Kakam ir wagt ýogalan. Gaty garry, keselbent ejem bar. Ol dünýäniň ýüzünde ýalňyz howandarym. – Mekdebi tamamlap, Litinstuta göni geldiňizmi?! – Ýok, men on alty ýaşymda orta mekdebi tamamlap, Oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine gaýbana girdim. Okuwa girmäge gelenimde bu institutyň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp oglanlar-gyzlar bilen jedel boldy. Olar: «Litinstitut şeýle kyn okuw jaýy, oňa öz güýjüň bilen girmek, asla mümkin däl. Oň çagalygyňdan eser ýazyp, özüňizi tanadan bolmaly. Seniň gaty gowy eseriňi halasalar, diňe şonda girmek mümkin!» – diýdiler. Menem bir gije oturyp, on sany goşgy ýazdym. Meni bu instituta kabul etdiler. – Näme, öň goşgy ýazaňyzokmy?! – Ýok, öň iki bent goşgy ýazyp, ber – diýdi, bir dostum. Şoňa ýazyp berenim, bary şol! – Özüňiz gyza hat ýazyp görmediňizmi, goşgy bilen? – Ýok. – Söýýän, söýüşýän gyzyň barmy? – Ýok! – «Selbi!» diýen goşgyňyzy birine bagyşladyňyzmy? – Selbi diýen gyza bagyşladym. Ol gyz Oba hojalyk institutynda okaýar. Meni görmäge, Moskwa ýörite gelip, meni görüp bilmän gidipdir. Şol goşgy ol gyza meniň minnetdarlygym bolsun. – Siz goşgyny nädip ýazýaňyz? Garyp elene bloknotyny aldy. – Men goşgyny alyp, ýazyberip bilemok. Mende üýtgeşik, düşündirip bolmaýan ýagdaýlar bolup geçýär. Şonda ylham göterilýär. Şol pursat islän meseläň barada goşgy ýazylýar. – Ýazan goşgularyňyz gazet-žurnallarda çynan-da, başyňyzdan nähili duýgyny geçirýärsiňiz. – Mende ýeňil begenç, ýeňil gynanç bolanok. Il-gün «pylan ýerde goşgyň çykypdyr» diýse, saňa gowy bolýar. Emma goşgym çykaýypdyr diýip begenemok. Çyksa, gowy, elbetde! Oňa begenip ýörmek nämä gerek. Şu ömrüňizde sizi gaty geň galdyran ýagdaýlar boldumy?! – Boldy! Gaty beýik şahyryň ikiýüzlüligine geň galdym. Ýene bir geň galan zadym, Aşgabatdan «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň redaktory «Goşgularyňyzy iberiň» diýip hat ýazypdyr. Menem goşgularymy iberdim. Bir günde «Goşgularyňyz bolanok» diýip bölüm müdiri jogap beripdir. Baş redaktory hem «Goşgularyň gaty gowy eken» diýip, müň manat gonarar iberipdir. – Ýene! – Başga ýok! – Dostuňyz barmy? – Ýeke dostum bar. Ilkinji iki bent goşgynam ýazdyran şol... Şu sapar Aşgabada baranymda, gonorarymdan oňa bir welosiped satyn alyp berdim. Olam öýkeledi. Häzir, ne hat ýazýar, ne jaň edip habar tutýar. Ýaşlar gülüşdi. – Lýulkaly motosiklet isleýändir! – Näbileýin? – Goşgularyňyzyň dünýä ýaýramagynda kime minnetdar bolýarsyňyz? – Goşgularyma!.. – Siz türkmençe ýazýan goşgularyňyz bilen rusça ýazýan goşgularyňyzy deňeşdirip görýäňizmi? Haýsysy sizi kanagalandyrýar? – Türkmençesi. Ýogsa, sözme-söz terjimesini özüm edýärin. Ýöne rusçasynda-da, iňlisçesinde-de, edil türmençesiniňki ýaly milli duýgy bolanok. Men häzir size «Selbi» diýen goşgyny türkmençe, rusça, iňlisçe okap bereýin. Ol bu goşgyny üç dilde, belent owaz bilen okady. – Haýsy gowy? – Türkmençesi müň esse güýçli, owadan, milli. – Maňa-da şeýle. Ol «Ene» atly goşgusyny hem üç dilde okady. Oturanlaryň bary aglady. Rusça okanda olaryň bary ýylgyrdy. – Siziň oňşuk ýagdaýyňyz nähili? – Maňa Litfont bäş ýüz rubl berýär. Ýazyjylar soýuzy ýüz, öz institutymyz ýüz rubl stependiýe berýär. Metbugatda çykýan goşgularyma-da gowy töleýärler. – Siz öz gün tertibiňiz bilen bizi tanyşdyryp bilersiňizmi? – Menem özüňiz ýaly ýalta adam. Sagat ýedide turýan. Agşam sagat onda ýatýan. Okuwdan soň nahary özüm bişirip iýýän. Bir otagda ýeke özüm ýaşaýan. – Ýigrenýän zadyňyz näme? – Häzir-ä ikiýüzlülik. – Siz kimi iň beýik şahyr hasap edýärsiňiz? – Men eziz Allany iň beýik şahyr, iň beýik halypa hasap edýärin! Şoňa tagzym edýärin. – Geljekdäki maksadyňyz näme? – Men hemme ýerden, hemme zatdan, hemme sözden Allany gözleýän. Şonuň üçin «Sen nirede?!» diýip, Alla bilen bitewileşmek. Men şeýle manydaky eser ýazmak isleýän. – Siziň goşgular ýygyndyňyzy çykarmak niýetiňiz ýokmy? Garyp baş atdy. – «Sowetskiý pisatel» neşirýaty meniň goşgularymy «Ak guwlary atmaň» diýen at bilen çykarmagy planlaşdyrýar. – Aşgabat siziň kitabyňyzy çykarmakçy bolanokmy?! – Aşgabat maňa garaşýandyr. Ony duýýan. Emma bärde çykarmaly kitabymam jemläp bilemok. Bary-ýogy 60-70 goşgym bar. Olaryň bary merkezi gazet-žurnallarda çykdy. Eger, teklip bolsa, ilki bilen öz dilimde çykmagyny isleýän. – Şu döwürde size nähili paýhas geldi. Siz bize nähili maslahat berip bilersiňiz?! – Meniň diýjek zadym. Allany söýüň! Özüňizi sylaň! Halkyňyzy sylaň! Duşmanlaryňyzy sylaň! Hiç haçan ikiýüzlülik, ikilik etmäň. Diňe halallyk edep adamzady halas edip biler! Oturanlar el çarpdylar. – Sag boluň! – Sag bol! Oglanlar-gyzlar gozgalaň tapdylar. – Bizem goşgy okalyň. Soň aýdymam aýdalyň! Şondan soň gijäniň birwagtyna çenli ýaşlar goşgy okadylar, soň aýdym-saz edip oturdylar. – Men indi gaýdaýyn! – diýip, Garyp ýerinden turdy. Aýbölek oňa ýapyşdy. – Ýok, bolmaz, ýatyp gidersiň. Seni gaty göresim geldi. Bileje oturyp, gürleşesim gelýär, Garyp jan! Garyp razy bolmady. – Dynç güni garaşaýynmy instituta geläý! Häzir gideýin, birhili, ýaramajak bolýan. Garyby topar bolup ugratdylar. Gaýtjak bolanda, Garyp Arslana ýüz rubl pul berdi. – Siz talyplar fonduny döredýän ekeniňiz. Mendenem kiçijik goşant bolsun! – Ýok, biz her talypdan on manat ýygnaldy. Munyňyz ummasyz-a! – Barybir, berenim, siziň on manadyňyzça bolmaz. Alyň, hözirini görüň! Garybyň ýanynda on minudy galypdy. Ol taksa münüp, şäheriň toý-baýrama beslenen köçeleri bilen ýatak jaýyna geldi. Ol köçäniň burçunda üýşüp duran oglanlary gördi. Olar taksa garaşýana meňzeýärdi. – Gelýär! – diýip, biri gygyrdy. Olar toparlanyşyp, köçäniň burçuna garşy ýörediler. Garyp umumy ýaşaýyş jaýynyň işigine baranda, gapdalda bir tanyş adamyň suduryny görüp galdy. Ony Wasýuga meňzetdi-de göwni iňkise gitdi. Oňa seretmän, çalt-çalt ýöräp, içeri girdi. – Seni Aşgabatly bir türkmen soraýar. – diýip, işikdäki aýal aýtdy. – Saňa kän garaşdy. – Han-a, şo-ol! – Ol ýoluň gyrasynda duran birini görkezdi. Ol – Wasýukdy! – Eý türkmen, seni çagyrýarlar! – Kim?! – Garybyň diline gelen şu söz boldy. – Aşgabatdan, ýöri-ýöri!.. – Goýber! Bar aýt, özi geläýsin. Wasýuk ylgap içeri girdi-de, zarp bilen gelip, Garyba topuldy. – Ganjyk! Ýöri, köçä. Garyp bu garadan gaýtmazdan sypsa, müň kerem razy boldy. Ol durşy bilen arakmy, ýa başga bir görlähetmi, porsap tutuş töwerege porsy seçip durdy. – Gohh etmäň! – diýip, işikde durýan aýal ara goşuldy. – Goh etmäň, çykyp daşary. Häzir milisioner çagyraryn! Garyp: – Ol Wasýuk, çagyryň milisioneri! – diýenden Wasýuk edil ýekedaban ýaly ýumrugy bilen Garybyň ýüzüne urdy. Garyp sement poluň üstüne başaşak ýykylyp, kellesini tutdy. Turjak boldy, emma Wasýuk onuň içine erbet depdi. – Me, saňa, suka!.. Ol pyçagyny alyp, ýere ýazylyp ýatan Garyba topuldy. Ara şwesar aýal kürsäp urdy. Wasýuk ol aýalyň garnyndan sançdy. Oňa çenli Garybam özüni az-kem dürsedi-de, Wasýugyň iki satanynyň arasyna janynda baryny edip, gaty berk depdi. Wasýuk yrandy-da, ýüzüni tutup oturdy. Garyp indi bat alyp, Wasýugyň döşüniň aşak ýüzüne depdi. Soň arkan ýykylan Wasýugyň ýüzüne gaýta-gaýta depdi, soň onuň ellerini arkasyna mäkäm daňdy. Şwesar aýal eli bilen garnyny tutup, çöküp oturyşyna: – Kömek beriň, ýetişiň – diýip, agyly eňredi. Girelgede, ýüzin ýatan Wasýuk, Garyp hem-de çöküne düşüp oturan nobatçy aýal galypdy. Garyp, kellesiniň agyrysyna çydaman, entirekläp, telefonyň ýanyna baryp 02-ä jaň edip, umumy ýaşaýyş jaýynyň salgysyny berdi-de, oturgyja çökdi. Onuň kellesinden gan jorlanyp akýardy. «Tiz kömek» milisiýa salymyny bermän, zoklaryny çalyp geldiler. Ak halatly ýaşuly Garyba bakan ylgady. Gele-gelmäne, gapyrjagyndan hasa çykaryp, onuň kellesini daňdy, şondan soň içini tutup oturan aýala ýetişdi. Milisionerler Wasýugyň ellerine gandal ötürip, maşyna salansoňlar, gelip kellesi saralgy, zordan oturan Garybyň ýanyna gelip: – Näme boldy? – sorap başladylar. Depesinden ganyň akmagy Garybyň süňňüni ýeňledipdi. Agyry kem-kemden peselýärdi. Garyp ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýtdy. Milisioner ýigit Garybyň aýdanlaryny bloknotyna belledi-de, Garyba gol çekdirdi. Emma şwesar aýalyň ýagdaýy gowy däldi. Ony nosilka salyp, maşyna bakan alyp git gitdiler. Wraç öwrülip ýene geldi. – Siz ýykylan bolsaňyz, hökman barlatmaly. Ýaraňyzy tikmeli. Şonuň üçin «Tiz kömek» keselhanasyna äkitmeli bolar. – Ýara çuňmy? – Ýerinde barlamaly. Biz ony bu ýerde kesgitläp bilemizok. Beýniniň sarsan bolmagy-da mümkin. Garyp şwesar aýalyň gapdalyna mündi. Ýara çuň bolmasa-da, dört tikin bilen Garyby keselhanada ýatmaly etdiler. Beýnä sarsgyn düşendigi anyklanyldy. Keselhanada üç wagtyna oňat naharlaýardylar. Olar palatada iki adamdy. Garypdan beýlekisi Sergeý Ýeseniniň obasyndan gelen ýepiskop – otes Andreý diýen saçlak, sakallak adamdy. Ol metro girilýän basgançakdan aýagy büdüräp, togarlanypdyr. Gojanyň eli-aýgy döwülipdir. Kellesine sarsgyn düşüpdir. – Men bir şeýtan bilen gidişip ýördüm. Men onuň gowşak ýerni gözleýän, olam meniň gowşak ýerimi gözleýärdi. Hiç, gowşak ýerimizi tapamyzok. Meniň gowşak ýerim, çaýy hopurdadyp içýän, şeýtan gülýär. Men ýatanymda hor çekýän, şeýtan gülýär. Şeýtanyň syrty açyk, men gülýän. Şeýtanyň syrty deşik, men gülýän. Şeýtanyň gyzynyň gözi kör, men gülýän. Meniň gyzymy är alanok, şeýtan gülýär. Ahyry basalaşa-basalaşa, Moskwa geldik. Metro girjek bolanymda gorkdym. Saňňyldap basgançakdan düşüp başladym welin, kapyr şeýtan itip goýberdi-dä. Indem, han-a gülen bolup otyr. – Ol boş burçy görkezdi. – Hudaýy çagyr! Kelemäňi öwür. – Ol näme diýdigiň? Garyp krowatynda çöküne düşdi-de «Eşhedi ennä, ilähi il-lillohi! Muhammedin abdyhu we Resulihi!» diýip, üç sapar gaýtalady. – Ine, şeýle diýseň, şeýtan güm bolup gider! Pop kiçijik gözlerini gyrp-gyrp edip, ýerinden tarsa turdy. – Eý waý, bu haramy, haý işi gaýdan, sen indi nirede-how?! Soň ol penjirä garap şeýle bir güldi. – Gümüne gitdi! Han-a, gaçyp barýar! Ol ýerinden turup, aýaklaryny pola urup tapyrdatdy. – Haý seniň gara gyzyň, kör gyzyň, mor gyzyň harap!.. – Ol ýene-de hah-haýlap güldi. – Gümüne gitdi! Han-a, barýar. Gaçyp barýar! Wraç içeri girdi. – Size gülmek bolanok, otes Andreý! Tikiniňiz söküler. Üç günläp, sesiňizi-üýnüňizi çykarman, rahatja ýatmaly!.. Otes Andreý düşege geçdi-de, edil bir guzy ýaljak bolup uklady. Garyp nahardan nahara uklaýardy. Keselhana gireniniň, üçünji güni otes Andreý krowatyndan düşüp, düýş görüp ýatan Garyby oýardy. – Oglum, hany, tur! Palatanyň içinden üýtgeşik müşk ysy gelýärdi. Garyp gözüni açdy. Işige golaý ýerdäki oturgyçda ertekilerdäki perizat ýalyjak, näzikden gaty owadan bir gyz otyrdy. Gyzyň ýaşy on bäş bilen on altydan kän däldi. Özem aglaýardy. Onuň ýaşyl gözleri didesinden akýan ýaş bilen bile akýan ýalydy. Ol Garyp oýanan badyna, ýerinden turdy-da, başyny egip, bilini büküp salam berdi. – Ýagşy bolýaňyzmy? Alla kömek ber, basym gutularsyňyz. – diýdi. Otes Andreý aýnanyň öňüne geçip, telpek ýaly bolup duran çal sakalyny daraýardy. Onuň uzyn çal saçy hem darak isleýän ýal, ülpüldäp gidýärdi. Ol çokundy-da krowatyna geçip oturdy. – Oglum, ine bu meniň ýekeje gyzym. Eger saňa gowy heleý gerek bolsa, äkit, öýlen. Aňyrymyz arassadyr. Ikilik çykmaz. Saňa on ogul, birem gyz dogrup berer. – Onçasyny başarman, ýöne üçüsini diýse, başararyn. – diýip, hälki aglap oturan duýdansyz ýylgyryp, bu palatany şirin şugla bilen bezedi. Ol gyz ýaş berýozanyň bahar şemalyna keýpihon ygşyldaýşy ýaly, tolgunyp timisgenme bilen oturyp turýardy. – Özüňiz kim bolarsyňyz? Hudaý bendesi? – diýip otes Andreý sakalyny sypamasyny bes edip, çep eli bilen gipslenen sag elini gujaklap sorady. Onuň boluşlary, hassanyň keselhanadaky otagynda otagyndaky Hudaýyň wekiline meňzemän, bezäp-besläp ýören ýalňyz gyzyny giýewine berip goýberjek bolýan gaýynata meňzeýärdi. – Adyňyzy, aslyňyz aýdyň? Garyp, edil ülje ýaly bolup, nura beslenip oturan gyza seretdi. Gyz doňup oturyşyna, gorkynyň, tolgunmanyň, begenjiň duýgularynyň parlap çykmasyna bäs gelip bilmän, akja ýüzüni edil bir şugundyr suwy çalnan ýaly edip, otyrdy. – Menem Hudaýyň bir bendesi! – Dogry, hemmämiz ýaradanyň bendesidiris! Gaçyp gitjek ýerimiz ýokdur. Ol Garyba «aýdyber» äheňde, baş atdy. – Men – student! Türkmenistandan, Aşgabatdan bu ýere okamaga geldim. Özüm Edebiýat institutyň birinji kursunda... Otes Andreýiň birdenkä, gahar-gazapdan doly sesi Garyby haýykdyrdy. Ol sözlemini tamamlaman sesini kesdi. – Türkmen! – Hawa! Goja gyzyna elini salgady. – Ýok, ýok, bar, bar, gaýt! Bolmaz. Bular tohumy bilen, ýurdy bilen galtaman, basmaçy, deýýus!.. Bular şeýtandan azan... – Ol äm-säm bolup duran gyzyna: – Saňa diýilýär. Çyk, gir. – Ol gyzy çykyp girensoňam köşeşmedi. – Garyp bu ýagdaýa aňka-taňka bolup galdy. – Sen näme üçin beýle diýýäň, otes Andreý! Otes Andreý gipslerini batly takyrdadyp, ýerinden galdy. – Nämüçindigini?! Nämüçindigini Aşgabadyň gaýrasynda Ýerbent diýen bi ýer bardyr. Şol obanyň ortasynda bir mazar bardyr. Şol mazara «Aleksandr Çerkişin» diýen üçinji ady oka, şonda bilersiň öz kimligiňi! Ol Garyba gazap bilen topulyp, iňledi. Emma elini uzatmady. – Sen, sen, meniň hakyky gandarym, Meniň kakamy çapym-çapym edip öldüren – sen! Wah, diri türkmeni görsem kakamyň aryny alaýyn diýip ýördüm. Indi, ölmänkäm, kakamyň aryny alaryn. Seniň ruhyň şat boljak wagty geldi, kaka jan! Ol horkuldap, «waý» çekip, ulili bilen aglady. Soň düşeginiň başujuny sermeledi. – Şu ýerde pyçagym bardy, paltam bardy! – Ol Garybyň ýüzüne betgüman bolup garady. – Ýa sen aldyňmy?! – Barybir, seni kerçim-kerçim ederin. Kakamyň aryny almasam bolmaz-a! Garyp ýerinden turdy. – Otes Andreý, sen dogry edýäň, türkmenler kakaňy öldüren bolsa, sen hökman onuň ganyny almaly. Şonuň üçin, sen meni hökman öldür. Onuň üçin, men uka gidenimde, gelip, pyçak bilen damagymy çalyp goýber. Bu bir kyn zat däl-ä. Barybir, meniň bu dünýäde ýaşasymam gelip baranok. Alla-da meni diňe ýaş wagtym ölmek üçin ýaradypdyr. Ýöne ölüp gidenimden, seniň bir derdiňe ýarap ölenim ýagşy. Şonuň üçin, seniň bu çözgüdiňi gutlaýan. Öldür meni!... Goja Garybyň ýüzüne mölerilip seretdi. Soň ylgap baryp, düşeginiň astyndan tatar paltajygyny berdaşly eline aldy. Palta bilen Garybyň kellesini nyşanalap gördi. Emma oňa razy bolmady. – Sen hany, ýat, men seniň damagyňy pyçak bilen çalyp goýbereýin. Meniň elim ýeňildir, gaty agyrtmaryn. Men derrewjik!.. Işik jarka açylyp, içeri wraçlaryň ikisi girdi. Olar eli paltaly, Garyby burça gabap duran pyýadany görüp, haýykdylar. – Bu näme boldugy?! Otes Andreý sakyna-sakyna: – Men atamy öldüren adamy, ahyry, tapdym. Ol şu turhman eken. Men bu turhmany öldürjek. Onuň özem garşy däl, meniň öldürmegime. Hany, «howa» diý! Indi men ony... Wraçlaryň hersi otes Andreýiň bir golundan tutup, ony dazanakladyp, çekeläp, alyp gitdiler. – Ýok, men kakamyň ganhoryny öldüreýin, soň gitjek!... – Ýok, seniň kakaň öldüreni tapdyk. Ol beýleki otagda öldüreriňe garaşyp otyr. Bizi şol iberdi, çaltyrak gelip öldürsin, bolmasa men howlugýan, gitjek diýip otur. Bu oglanjyk heniz çagajyk. Ol öldüreniňe degenok. – Beýleki, daýaw, owadan, ýöri, ilki şony öldüreli. – Menem saňa kömek berjek. Otes Andreý sakga durdy. – Ol seniňem kakaňy öldüripmi? – Hawa-la, meniň kakamy birinji öldüripdir. Ondan soň seniň kakaňy. – Onda şol obadaky mazar daşyna ýazylan ikinji ýazgy seniň kakaň ady eken-dä?! – Edil özi! – Bolýar onda, şeýledirem öýtdüm-le. Muny gaty ýaş hem gördüm-le – Ýok, ol däl diýdim-ä. Gojany ugruna kowup, hoşamaýlap alyp gitdiler. Birsalymdan gyzy otaga girip, aglap başlady. – Allanyň haky üçin, ony bagyşlaň! Ýykylyp, beýnisi çaýkanypdyr. Näme edýänini, näme edýänini bilenok. – Menem şeýlemi? – Ýok, ýok, siz beýled äl. Bagyşlaweriň – Ol gyz az-kem sägindi. – Adyňyz näme? – diýip sorady. – Men – Garyp! – Litinstitutyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýaňyzmy? Näçinji otag? Garyp aýtdy. – Taparyn. Meniň adym Aksana, bararyn. Hoş, duşuşýançak! Ol gyz hoşlaşyp, çykyp gitdi. Şol günüň öýläni Inga bilen Inda Mihaýlowna soramaga geldi. – Garyp jan, näme boldy? Haýsy eli döwülmiş saňa el garyp bilýär? Garyp ýylgyrdy. – Aý bu hiç-le! Inga ony mähir bilen gujakldy-da Garybyň egnine ýüzüni goýup, silkinip-silkinip aglady. – Garyp, Garyp jan ezizim. Inda Mihaýlowna stoluň üstüne saçak ýazyp, börekli gaby çykaryp, tarelka guýdy. Üstüne gaýmak dökdi. – Gel, oglum, garban. – Sag boluň, işdäm ýok. – Gel, men saňa iýdireýin – diýip Inga plotensany alyp daşary çykyp, ony ölläp geldi. Gelip, Garybyň ellerini, ýüzüni plotensa guraýança süpürdi. Soň krowatda, onuň gapdalynda oturdy. – Şipownikden kompot gaýnatdyk. Me, azajyk iç, ýa kisel içjekmi? – diýdi. Garyp bu hoşamaýlyga birneme açyldy. – Gördüňmi, bu ýerde «Prawdada» çykan goşgyňy diwardan asyp goýupdyrlar. – diýip, Inda Mihaýlowna guwanyp aýtdy. – Näme boldy? Garyp bolan wakany aýtdy. – Men şwesar aýala gynanýan. Maňa degmeli pyçak ol bigünä aýaly kerçedi. Ol aýal agyr ýaralandy. – Şeý diýdiler – diýip, Inda Mihaýlownň tassyklady. Olar seniň otagyň işiginem döwüpdirler. Ýöne gulpuny döwüp, içine girip bilmändirler! Inda Mihaýlowna, haýykma bilen içini çekdi. – Ol Wasýuk bolmady. Institutyň talyplarynyň başyna gelen bir zulum boldy. «Wasýuk» diýilse, görgüliler gan aglaýarlar. Öňem birnäçe sapar türmede oturyp gelen eken. Inga Garyby gujaklap, onuň kellesiniň daňysyny sypalady. – Saňa näme diýýärler?! Meniň kellämi rentgenden geçirdiler. Tomografik ýazgy etdiler. «Az-kem sarsypdyr». Ýaşlykda onça-munça zatlar bolýar, bu-da geçer gider» diýdiler. Olar: «Indi hakyky şahyr bolarsyň!» diýip, gaýta gülüşýärler. – Hakyky şahyr kelläňi deşdirip bolmalymyka, toba! – diýip, Inda Mihaýlowna güldi. – Onda bu döwük-ýenjik keselhanasynyň ähli hassasy şahyr bolar! – diýip, Inga hezil edip, güldi. Inga aýdyp bolmajak derejede akjady. Ol gülende bir üljäni iki bölünip goýlan ýalydy. Gyrmyzy dodaklary ak ýalkym salýan endigan dür däneleri, ýaňakdaky garaja haly gülende tisginip, ony öňküdenem mähriban görkezýärdi. – Inga, seniň owadan saçyň bar eken. Inganyň ýüzüne bir pyýala nar suwy sepildi. Onuň goňras, içi otly gözleri lowurdap gitdi. Ülje bölündi. – Näme, meniň başga ýerim betnyşanmy?! – Häzirlikçe, saçyň owadan. Başga owadan ýeriňi soň aýtjak. – Onda, öýkelejek! Inda Mihaýlowna gyza gözüni alartdy. – Inga, hany, gowja bol. Näme, çagany ynjydýaň! Onuň öň çekýän yzasyny az görýäňmi? Men seni alyp gaýtmajagam boldum. Ýöne, ýalbaryp duraňsoň, saňa dözmedim. Özüňem, hany, oňa ýapyşyp ýatma-da, aýryl onuň gapdalyndan. – Inga diýen edijilik bilen krowatdan turup, gapdaldaky oturgyja geçip oturdy. – Bolýa, daýza jan, indi, öýkelejek däl. Ýöne, ine, şeýdäýjek. Ol ýeňňillik bilen ýerinden turup, baryp, Garyby gujaklap, ogşady. – Gaty süýji eken. – Inga, seniň dodaklaryň owadan. Inga ýerinden turdy. – Indi nähili?! Garyp ýylgyrdy. – Inga jan, sen juda owadan. Inga hezil etdi. – Gördüňmi, daýza, sen bolsa, aýdyberýäň. – Men hiç zat aýdamok. Ine, agzymy ýumdym. Garyp jan gutulýança, bir aýlap geplejek däl. – Biz gaýdaly, oglum, senem, ertir keselhanadan çykarýarlar. – Ol Inga «sen daşary çykaý» diýen manyda seretdi. Inga daş çykdy. – Garyp jan, men-ä neşirýata, şol ýetmiş goşgyny eltäýjek. Gyssap durlar. Birinji ekzemplýarynam Litinstitut soraýar. Bereýinmi? Garyp oýa batdy. – Neşirýat haçan soraýar? – Birigün seniň redaktoryň dynç alyşdan soň, işe çykýar. Bardygym okap ugrajak diýýär. Menden öň eltiň diýýär. Garyp başyny atdy. – Ýene ýekeje gün sabyr et, Mihaýlowna, ýetmiş bäşmi, ýetmiş bäş, bormy. | |
|
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |