21:39 Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy | |
34. Wasýugyň nobatçy durýan aýaly pyçaklap, Garybyň kellesini ýaralap, özüniňem milisiýa düşendigi baradaky habar tutuş Instituta, Ýazyjylar soýuzyna dolupdy. Garybyň yzyndan obadaşlary, bir kursda okaýanlary, Inda Mihaýlowna, Ýazyjylar soýuzyndan topar-topar bolup, gelip başladylar. Moskwanyň 12-nji «Tiz kömek» keselhanasy görmedigini gördi. Bu keselhananyň baş wraçy Garyby görmäge geldi. – Akademik Fýodrow! – diýip, onuň assistenti tanyşdyrdy. Bejeriji wraç aljyrap, sakyna-sakyna Garybyň ýagdaýyny beýan etdi. Akademik Garybyň kellesine düşen ýarany we tikini sowuk nazar bilem gördi. Ol koridoryň ugrundaky bildirişler tagtasyna bakan baş atdy. – Şol senmi? – Hawa, şol! – diýip, bejeriji wraç sakynyp aýtdy. – Resul Gamzatow, Twardowskiý, Tihonoň, Lit institutyň rektory, general Ýemşikow seni sorady. Olar salam aýdylar. – Ol bejeriji wraça ýüzlendi. – Ony meniň kabinetimize geçiriň! Täze diwan goýsunlar! Ýene on gün ýatmaly!.. Ýazmak üçin ähli şert bolsun. Soň her sagatdan maňa hasabat beriň. Akademik Garyp bilen hoşlaşyp, yzynda sürrenekleşip ýörenleri yzyna düşürip, çykyp gitdi. Salymyny bermän Garyby ikinji gata geçirdiler. Ony goýan otaglarynda owadan, iň täze mebeller, kreslolar, telewizor, telefon ýaly zatlar bar eken. Özem iň täzejesidi. Pola üç sany ullakan türkmen halysy ýazylypdyr. Belent diwana ak gar ýaly prostin, ýassyk, ýorgan goýupdyr. Her ýarym sagatdan, sekretar gyz: «Näme gerek zadyňyz bar?» diýip, sorap gidýärdi. Garyp Agabada, soň Gara böwüre jaň etdi. – Kim sen? Kim sen? Bir-ä tilpun edýe. Gyz, kimkä? – Eje! Eje jan, bu men! Ogluň Garyp!! Ogulsona daýza dymdy. – Garyp?! Ol birden tisginen ýaly boldy-da: – Garyp, balam, senmiň? Meskewadan tilpun edýeňmi? – diýdi. Garyp ejesi bilen ep-eslije gürleşdi. Öz ýagdaýlaryny aýtdy. Emma keselhana düşenini aýtmady. – Balam, saňa näme boldy? Ejeň gursun, Ýüregim ýarylyp barýar-a. Men guraýyn, ýanyňa gidiberesim gelýär. Dogryňy aýd-a! Saňa näme bolýar? Garybyň birden, damagy doldy. – Eje jan, men gaty gowy. Men häzir başga bir ýerden telefon edýän. Sag bol, telefony soraýarlar. Ýene telefon ederin. Hoş! – Hoş, balam! Garyba üç wagtyna tagamly naharlar, agşamyna gatyk getirdiler. Ol kurorta düşen ýalydy. Eýýäm, ertesi ol «Şaryň baýramyny» işläp otyrdy. Goşgy juda gowy bolup çykdy. Soň «Watan» diýip, täze goşgy ýazdy. Watan Men seni söýere, söýgim ýaş bolýar, Gujaklasym gelýär, ýetmeýär elim. Sen ene, sen ata, owadan dildar, Sen meň goşa didäm, gyzgyn jigerim. Keramatly aýdym bolup ýatyrsyň, Süňňüň Alla ýasan çyn lira ýaly. Sen maňa däl, ýaradana ýakynsyň, Sen meniň däl, Ýaradanyň ykbaly. Sen Allanyň müň nagyşly tarlary, Günüň şuglasyna müň owaz bilen Direldersiň baharlary-ýazlary, Beýik dowamatyň dowamy bilen. Bakylyk sen, sen ýazlary doguran, Asyry doguran, zamany bilen. Sen süňňünde beýik Haýry oýaran, Hakyň erenlerniň azany bilen. Işleýäň, goltugyň mydama derli, Bu dünýäniň dynçlygynyň diregi. Halal nanyň ysy gelýär demiňden, Eý, sen, Ýaradanyň beýik lirasy. Eziz Watan, şu günüm sen, ötenim, Garylyp, ruhuňa parlak demiňe, Seniň çygly maňlaýyňdan öpeýin, Göterip, hut, ýaradanyň deňine. Garyp başga bir tagta kagyz aldy. Soň «Aýdym» atly goşgynyň çetinden girdi. Aýdym Belent ýaňlan, Aýdym! Eý, eziz dostum. Bu Watanyň süňňi durşuna gandyr. Ony gorap ölsem, taşlaman postun, Ezizlerim senden kerem alýandyr. Sen diriler üçin. Ölüler üçin, Älemi dolduryp ýaňlan, agla sen. Şu günlerde ýaşap bakylyk guçan, Beýik halkyň beýikdigne nama sen. Sen hüwdüle derýalary, daglary. Bagtly halkym süýji uka batanda. Ýurdumda dynçlygyň ýaýnan çaglary, Mukaddeslik uçup gaýtsyn Watanma. Hüwdüle, namys diýp, armanly ýumlan, Eziz ogullaryň mazary ýatan. Indem sümmülleriň perleri ýaýlan, Sähralary, bir çetinde Gün batan, Ýaýlalary bir çetinde Gün dogan, Ýaňlan beýik Aýdym, hüwdüle, dogan. Söýgi Men seniň demiňi duýdum, Kämillik tapdym. Sen meni ene deý, emdirdiň süýdüň, Tämizlik tapdym. Men ak nura çümdüm, Seniň goýnuňda, söýgi. Indi çaga däldigime düşündim, Seniň oýnuňda, söýgi. Bir gyzyň al ýaňagyna çaýylyp, Gara zülpi hallarynda taýanda. Men Haka sygynyp, Haky çagyryp, Dyza çökdim seniň alnyňda söýgi. Seň gözleň agynda, garasynda men, Bagrymyň göz açan ýarasynda sen, Gyzlaň köşek gözi – çyrasynda sen, Ölüm – diriligiň gyrasynda men. Hem bagtym sen, hem derdim sen, nädeýin, Mežnun hasratynda jowlaýan Leýli. Meniň öýüm, meniň öýüm senň demiň, Sen beýik şatlyk hem älem deý gaýgy. Men seniň dünýäňden gidip bilemok, Özüň berdiň, aldyň onuň açaryn. Sen otsuz ýandyryp, sessiz çawan ok, Eý, meň ýaşaýyşym, eý, meň ajalym. Söýgi! Berýoza Mymyk şemal öwsen çagy, Hüwdüle, uýam, bu topragy. Goýnuňda esger mazary, Hüwdüle, uýam, bu topragy. Güneş nurun sepelände, Ýazlar süňňünde erände, Asman gözýaşyn elände, Hüwdüle, uýam, bu topragy. Men saňa dogan diýeýin, Zemine oýan diýeýin, Enem yzlanda inerin, Hüwdüle, uýam, bu topragy. Boýnuňda tylla egmesi, Leýlisaçlaryň jorasy, Rusyň ak berýozasy, Hüwdüle, uýam, bu topragy. Men seniň göwnüň bolaýyn, Men seniň höwrüň bolaýyn, Dogan, eý, eziz doganym, Hüwdüle, uýam, bu topragy. Garybyň ünsi berkdi. Ol şol ünsi bilen, başga bir kagyzy aldy-da, eliniň badyna ýazyp başlady. Ol zordan ýetişýärdi. Meni halas ediň! «Bir adamy halas etmek, adamzady halas etmekdir!» Solomon. Dünýäň metjitleri, medreseleri, Ýurtlar, milletler, halklar, kowumlar! Uruň jaňlarňyzy, atyň toplary, Biparhlygyň galyplaryn döwüňler! Meni halas ediň! Men çüýräp barýan! Nebis, haramylyk, gorky hem şerap, Meniň synalamda öýüni gurýar. Barýaryn şeýtanyň pälinde ertäp. Men-adam! Men Ynsan! Bu gün serediň, Çüýreýän men öz nebsimiň süňňünde, Men ýitsem, adamzat ýiter ebedi, Şonuň üçin Hristiýanlar, sünnüler. Şaýylar, buddalar, kotolik, hytaý, Alla uýýan eý, bendeler, doganlar! Meni halas et sen, eliň uzadaý, Men çüýresem ynsan gaýdyp oýanmaz. Meni halas ediň, nebsiň, pisligiň, Gowşaklygyň, gorkyň, şeriň elinden. Men parlak şamçyragy neslimiň, Eý Adamzat, tur sen, galk sen ýeriňden. Men çüýräp barýaryn, şeriň elinde, Maňa dünýäň halky, ber hany, eli, Meni goýmaň, Şer, şeýtanyň deňinde, Doganlar! Meni halas ediň! Meni halas ediň! Meni halas ediň! Akademik Fedorowyň ak, ýüpek ýaly kagyzy tükener ýaly däldi. Garyp owadan ruçkalara, bu tapylgysyz kagyza, ýumşak kreslo, belent, jygyldysyz stola, ýagty çyra höwes etdi. Onuň ýazdygyça ýazasy gelýärdi. Ýöne ol, saklandy. Ýazan her goşgusyny on-ýigrimi sapar okap, ýat tutdy. Daşyndan belent ses bilen okap, her sözüne, her setirine, her bendine, gaýta-gaýta timar berdi, düzediş girizdi. Onuň goşgulary indi başky goşgulara asa meňzemeýärdi. Pikirem, duýgam, ruham juda beýik, näzikdi, parsatlydy. Indi olary ile çykaryp boljakdy. Garyp, olary säginmän sözme-söz terjime etdi-de, düşege geçdi. Ol ukynyň rahatlygynyň şirin derýasyna gark bolup barýarka, «75 goşgy taýýar!» diýip begençli oýlandy. Garyby irden sanjym edýän gyzlar oýardy. – Eý, owadanja oglan hany, beýläňe öwrül, hany! Garyp gözüni açdy. – Sagat näçe? – Sagat alty! – Haýsy gün? – Dördünji gün! Garyp, dürli sanjymlardyr, däri-dermanlardan soň ýerinden turdy. Bu melhemler, depesinsen ganyň akmagy, ýigidiň süňňüni edil bir guşuňky ýaly ýeňledipdi. Bedende agyry, ynjy, ýürekde galpyldy, howsala, darykma, süňňünde garşylyk ýokdy. Häzir uçmaga diňe ganat gerekdi. Ol stoluň başyna geçip, pytrap ýatan, ýazylan kagyzlary tertibe saldy. Soň ýazan goşgularyny türkmençe görnüşinde okady. Gözlerinden begenç ýaşlary pytyrap gitdi. – Meni halas ediň! Ajaýyp! – Ol özündenem, goşgularyndanam razy boldy. – Ýene sekiz gün! Ýene sekiz gün!.. Men beýdip, arkaýyn bolmaly däl. Men – ýazmaly! Ýazmaly! Ýazmaly! Ol «ýazmaly» diýe-diýe, güýjüni, ylhamyny, ynamyny, ünsümi bir ýumrugyna jemläýjek bolýan ýalydy. Ol düwülip, oturşyna, kagyz topbagyny öňüne ýuwaşja süýşürdi-de, onuň ilkinji sahypasyna: «Söýgi» diýip ýazdy. – Köp däl. Her gün birje goşgy!.. Her gün ýekeje goşgy! Beýik Allam, saňa söýgim barada! Sen nirede! Rebbi-älemin. Ýe, on sekiz müň älemi ýokdan bar eden! Eý, ynsy-jynsy ýaradan, medet ber maňa. medet ber maňa. Görkez maňa ezizden müň esse ezizim Görkez maňa didaryňy, ah! Garyp ýene-de düşegine geçdi-de, ymyzgandy. ...Ol şo-ol ejiz, ene keýigi gördi. – Mähribanym, halyň niçik! – Tüýdügiň owazy ýaňlanyp, ak sakally mähriban adam ýuwaşja ýöräp, Garyba tarap gaýtdy. Onuň deňine gelip, ýumşajyk, ýyljak aýasy bilen Garybyň başyny sypady. – Ine, bala, ýola düşdüň! Rebbim seni şu sözleri ýazmak üçin kemala getirdi. Seniň wezipäň ýazmak. Ylham, duýgy, paýhas Rebbimdendir! Gaýrat et! Ýaz, gözle. Agtar, tap! Beýik Rebbim saňa garaşýar! Ak sakal goja-da, ene keýigem gözden gaýyp boldy. Diňe Allahy bir owaz ýaňlanyp, ýaňlanyp, ýaňlanyp durdy. Bu owaz Garyby ganatlarynda göterip, dünýäniň depesine göterdi. Ol adamlaram, şäherlerem, uruş-dawalaram, gün-güzeran üçin nebsine, gowşaklygyna gaharyna, göýdükligine buýrup bilmän ýören, çüýräp barýan,Adam diýen mukaddesligi ýitirip, guduzlan, diňe diňe garnyndan, haram isleginden özge zady bilmeýän adamzadam görenokdy. Diňe Ýaradanyň elinň yzlaryny hem-de onuň älem-jahana baky şirinlik berýän demini duýýardy. Garyp Taňrynyň mähriniň, mähribanlygynyň süýji duýgularyny çalaja dadan ýaly boldy. Onuň ýüreginiň başynda bir ezizlige bolan yşkyň ýanyp, lowlap duran közleri basylyp girdi. Ol tisginip oýandy-da, ýerinden turup, kreslo geçdi. Ruçkasyny eline alyp, bu ýaş ömrüniň tutuş dowamynda gözlerini ýumup, kagyzy sermenekläp, ýazyp başlady. Söýgi I. Eý, dünýäniň yşkyn demine jemlän, Bägül lebi deýin jebil ezizim. Dünýä sygmaý duýgyň ýandyryp barýan, Peýkam bolup, maňa degdi, ezizim. Aby-köwser – Zem-zemzem çeşmesi deýin, Garaluw gözleriň, köşek gözleriň, Mekanyň aýt, yzyň yzlap gideýin, Ah, tapamok, ah, tapamok, gözleýip. Güllerdemiň, baglardamyň, ýoldamyň, Derýalarda, däli-däli ummanda. Eý, meniň umydym, kaýda sen, kaýda, Meni goýma bu talaňçy dünýäňde. Maňa nämä gerek, sensiz bu älem. Gijeler tisginip, seni soraýar Saňa örklenipdir indi bu täleý, Dideler tisginip, seni soraýar. Men gara gözleňe gitjek garyla, Men seniň demiňde eräp galaýyn. Äykar meni ak almalaň dagyna, Yşkymy, yhlasym, ömrüm talaýyp. Indi maňa ol gözlerden gitme ýok, Indi maňa ömür tükendi sensiz. Men seniň didäňde, başga pitne ýok, Ol gözleriň nurly göwsünden emdim. Ezizim, köýdürme, Meni derdiňde, Aç, ýüzüňi, didäňi aç, öpeýin, Ezizim, owadan yşyk berdiň-le, Başarmykam otly derdiň göterip. Bagyşla meni. II. Dideleriň ýakyp, maňa garadyň, Ezizim, sen neneň beýik yşyk sen. Göz-göz eýläp bagrym içre ýarasyn, Sen neneňsi duýgy, neneň kesip sen. Ol gözleriň nury müň deri-älem. Ol gözleriň nury müň röwşen – umman. Älem goşarly giden dünýäleň, Şol nura, şol nura barysy gurban. Bir damja ber, şol keremli ummandan, Seniň yşkyň meni ýakyp, tütämde. Öçir ýaly, kasam içýän Kurandan, Saňa yşkym, ýanar otly tupanda. Şol didäň ummanna gark eýle meni, Eý, keremli ýarym, köşek göz ýarym. Aşygna zar bolan diwana kimin, Yşkym süýräp, huzyryňa barýaryn. Garşyla meni. III Seniň ýüziň şuglasyn, Öpeýin ýarym, öpeýin. Älem inin dygladyp, Öpeýin, janym, öpeýin. Gül ýapragy deý roýuň, Söýdüm tisgine, tisgine. Boýlaryňa ýetmez boýum, Çyksam dünýäniň üstüne. Ýapyşdym zülpüň taryna, Köňül islän köňül gördüm. Çümen seň yşkyň zaryna, Ah, ýar, sansyz ömür gördüm. Ýok, olaň söýgüsi, janym, Meniň yşkymyň deňinde. Durmaz parhynda hiç zadyň, Meniň yhlasym, demiňde. Şuglaňy kement gur boýna, Şeke sapar gara maňa, Meni yşkyň içre gyna, Salgyn bitmez ýara maňa. Seniň derdiňde öleýin, Sen diýp ýyglaýa-ýyglaýa. Ähli dertleriň öwezin, Sygmaz ýekeje şuglaýa... ...Işik çalaja kakyldy-da, açyldy. Garyp tisginip gitdi-de, gözlerini açdy. Soň tisgine-tisgine, ýüregini tutdy. Öňündäki topbak bolup duran ak kagyzy gapdala süýşürdi. Ol üstüne abanyp duran adamlaryň bilinden aşagyny görüp galdy. «Allamyka!» Ol samraýan ýaly bolup, yranyp, ýerinden turdy. – Salam, ýaş ýigit! Bu ses akademik Fedrowyňkydy. Garyp başyny galdyrdy. Onuň öňünde tanyş-tanyş, abraýly, epeý-epeý adamlar durdy. – Tanadyňyzmy?! Garyp ýylgyrdy. – Tanaryn! Garyp gelenler bilen ýeke-ýekeden iki elleşip görüşdi. Gelenler akademigiň kabul edýän stolunyň başyna geçip, oturdylar. – Gel, men tanyş edeýin. – diýip, akademik daýaw, akýüzli, etlek ýüzünden syrly gözlerinden şöhle çykyp duran adamy görkezdi. – Ine bu Moskwanyň ýarysyny tutup duran adam, SSSR-iň ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçysy, beýik Nikolaý Tihonow, ine, bu ýigidem Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň başlygy, köp-köp hormatlymyz Berdi Muradowiç Kerbabaýew, ine, bu owadan sülgün ýaljak ýigidem öz institutyňyzyň rektory gadyrdan Pimenow! Ol saçy yzyna daralan edil bir owadan gyz ýaly adama elini salgady. – Men bolsa, «Sowetskiý pisateliň» direktory Alekseýew. – Menem öz akademigiňiz – Fýodrow. Öz doktorňyz. Garyp oturanlar bilen gujaklaşyp görüşdi. Berdi Kerbabaýewiň ýaňagyndan ogşady. Bularyň arasynda bu goja oňa juda eziz hem ýakyn göründi. – Agam! – Gurgunmyň köşek? Emgegiň sowuldygy bolsun, bähbit bolsun. Her bir närsede bähbit bardyr! – diýip, gyryljak ses bilen ýuwaşja aýtdy. – Habarymyz ýok, Nikolaý Wasilowiç aýtdy. Elbetde, bähbit bolsun. Iki sany wraç gyz stoluň üstüne owadan skatert ýazdy. Soň her dürli çüýşeler, bulgurlar getirdiler, şondan soň her dürli işdä açarlar, nazy-nygmatlar, naharlar çekildi. – Akademik holodilniginden gyzyl, gara işbil gapjagazlaryny çykaryp, açyşdyryp, saçaga goýdy. Soň sekretar gyza: – Bu gün akademik ýokdur! – diýdi – Kim myhmanlar bilen gitdi, diýäýiň – diýdi. Soň akademik gysgajyk söz aýtdy. – Ýarawsyzlygyň oňat ýeri ýok. Emma şu oglanjyk bize bagt, döwlet, şatlyk hem-de, poeziýa bolup geldi. Biz saňa – dünýä belli akyldarlara zardyk. Gan, ah-wah, derman-däriniň ýakymsyz ysy, ynjyk ýüzler, biziň paýymyza düşen zat, indi bize ondan aýrylyşyp gitme ýok. Ine sen bu gün bize aýdym, poeziýa, beýik mertebe getirdiň, sag bol! Akademik ýylgyryp, sözi Nikolaý Tihonowa berdi. – Berdi aga, Berdyşka, sag bol, bu ýetginjek üçin! Men gaty köpden bäri, beýle Allahy zehin göremok. Ol Garyba habar gatdy. – Sen näçe ýaşyňda! – On ýedi! – Ana, her goşgusy duýgularyň şarpygy bilen okany tisgindirip goýberýär. «Prawada», «Litgazet», «Komsomolka», «Trud» žurnallar şu ýaş ýigidiň goşgulary bilen juwanlaşýarlar. Gözüm gidýär. Gözüm gidýär. Gözüm gidýär. Seniň üçin, oglum!.. Ýaşuly ýazyjynyň pafosly, sözi, nurana ýüzi üçin dik durup, bulgur göterdiler. – Goşgy oka, oglum! Oka! Näme bilýän bolsaň, oka! Garyp hamsygyp, tolgunyp durşuna «Garagumy» soň «Russiýa, seni göresim gelýär!», «Ak guwlary atmaň!», «Meni halas ediň!» çalt mähribandan mylaýym äheň bilen okady. Tihonow aglady. – Ýumşagragyny, ýumşagragyny, ýumşagragyny... Näzigini... «Rus berýozasyny» okady. Tohonow agyr göwresini ýeňillik bilen göterip, gelip Garyby bagryna basyp göz ýaşlaryny seçelendirip: – Pata berýärin! Blagslawlýaýuw! – diýip telim sapar gaýtalady. – Eto, çuda! Eto – Geniý! Berdi Kerbabaýawe söz berdiler. – Eger rus gardaşyma meniň eziz oglum şeýle baha berýän bolsa, söz gutarýar. Garyby baý zehini bilen gutlaýaryn. Ol indi biziň deňimizden has belende uçdy. Indi ony diňe aýamak gerek. Men Garyp oglumy, öz Rus doganyma ogullyk berýän. Söýüň, guwanyň, goraň, kömek ediň, goldaň. Şeýle hem ondan türkmençe bir goşgy okamagy haýyş edýärin. Garyp gözlerini balkyldadyp «Garagumy», «Mähribanym, halyň niçik goşgularyny okady. – Sag bol, ogul! Sagja bol... Myhmanlar ikindä çenli akademigiň kabinetinde gülşüp-degşip oturdylar. Bu meýlisi Nikolaý Tihonow alyp barýardy. Ol birden: – Akademik, biz häzir nired-ä – diýip birhilije, gyssanyp sorady. – Biz – keselhanada! Tihonow äpet kellesini tutdy. – Oý – oý! Hany-how, biziň utanjymyz bir barmy?! Bu ýerde agyr-agyr keseller bardyr, turalyň, turalyň, türkmenleriň bir nakyly bar eken «Gel bar-da, git ýok!» – diýip. Ol äpet göwresi bilen ýaşajyk Garyby gujaklady. – Ähli zady öz üstüme alýaryn! Sen türkmenjagaz, sen meni haýranlar galdyrdyň! Hoş, sag bol! Gutul!.. Neşirýatyň direktory: – Tizleşdirmeli! Tizleşdirmeli! – diýip, Garybyň elini gysanda, janygyp aýtdy. Pimenow Garybyň gulagyna: – Hoş habarlar bar! Çaltyrak keselhanadan çyk! – diýdi. – Soň sen meniň ýanyma gel!... Berdi Kerbabaýew iň yza galdy. Ol Garybyň elini gysyp durşuna: – Gutul, ogul, gutul! Aýagymyz ýeňil bolsun. – Ýaz. – diýdi. – Şu adamlar arkaňda dur, dursa, abraý alarsyň. Köpräjik ýazyber. Görýän welin, seniň ýazýan goşgularyň ruhuny, duýgusyny rus dilinde bermek kyn. Olar türkmençe belent ýaňlanýar. Örän süýji ýaňlanýar. Ol Garybyň keselhana haladynyň ullakan jübüsine galyň bukja saldy. – Bular bir etjegini etsin. Soň Aşgabatda-da kitabyňy çykarmaly! Bormy?! – Bolar agam. Fedrow işige baryp: – Saňa ogul, ýene on günläp şu kabinetden çykmak, gadagan!! Saňa dynç gerek. Ýanyňa bir adamam goýbermeli däl. Stol, maşinka, maşinistka, seniňki! Nobatçy wraç, bejeriji wraç, wraçlar,orunbasar edil bir, marşalyň öňünde duran generallar ýaly, bolup, baş atýardylar. Garyp, gap-gaçlar, naharlar ýygnalýança, düşege geçdi. – Siz şahyrmy?! – diýip, akademigiň sektetary, ýaş, owadan, gyz sorady. – Men indi şahyr boljak bolup, Lit institutda okaýan. Kim bilýär, belki, şahyr bolaryn. Belki, wagt görkezer-dä, ony! – Siz bagtly adam! – diýip, iň soňky gap-gajy ýygnap ýören bu owadan gyz aýtdy. – Türkmenistandan gelip, intinstituta giripsiňiz. Biziň akademigimize çenli siziň öňüňizde baş egýär. Biz bolsa Moskwaly bolup, şol institutyň edil gapdaljygynda ýaşap, oňa girip bilemizok. – Ýaňky gelenler kimler? – diýip, sekretar gyz sorady. – Olar, Nikolaý Tihinow, SSSR-iň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy. Biri – Litinstitutyň rektory. – A babaý kim? – Ol ýaşuly Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy. Ol daýaw adam – «Sowetskiý pisatel neşirýatynyň ýolbaşçysy. Gyzlar agyzlaryny açyp galdylar. – Şolar sizi soramaga, ýanyňyza gelipmi?! – Ýok, akademik Fedrowyň... – Ýok, ýok, ýok! Gel, tanyş bolalyň! – Sekretar gyz akja, näzik, owadanja elini uzatdy. Olga! Men Lena! – diýip maşinistka gyz hem elini uzatdy. – Siziň adyňyz näme? – Garyp! – Garyp diýmek näme diýmegi aňladýar? – Garyp – bednyý – bednýak. Gyzlar gülüşdiler. – Görsene, at tapaýyşlaryny?! Olga Garyba garady: – Holodilnigiň içi iýer-içer ýaly zatdan doly. Ol indi on günläp siziň ygtyýaryňyzda. Işdäňiz bolmasa, ukyňyz bolmasa, bizi çagyraýyň! Özümiz kömekleşeris. – Garyp Lena seretdi. – Lena, haýyşym bar. – Baş müstüne! – Meniň goşgular kitabym «Sowetskiý neşirýatda» çykmaly. Şony dört ekzemplýar çap etmeli. Kömek et. Gadryňy bilerin. – Baş üstüne!.. – Haçandan? – Hut häzirden! – Bolýar, sag boluň! Garyp Inda Mihaýlowna jaň etdi. Garybyň sesini eşidip, Inda Mihaýlownanyň gaty tolgunandygy onuň sesinden duýlup durdy. – Garp jan, oglum, nirede sen?! Şu gün iki sapar bardym. «Çykyp gitdi» diýdiler. Umumy ýaşaýyş jaýyňa, institutyňa bardym. Tapman gelip durşum, häzir. Sen häzir nirede? – Siz meniň golýazmamy, doly golýazmamy alyp, sagat bäşe, dogry bäşe, akademik Fedorowyň kabulhanasyna geliň. Meni soramaň! Akademigi soraň. Edil bäşe!.. – Golýazma heniz maşinkadan geçirilmedik. Özem doly däl. Onsoňam, seniň bilen gürrüň, maslahat bar. – Siz sagat bäşe, taksi bilen geliň. Men sizi taparyn. Gyzlar Garybyň gürrüňini eşitdiler. – Ýok, bolmaz. Biz goýberip bilmeris. Garyp boýnuny burdy. – Meniň terjimeçim, ejem! Meniň golýazmamy getirmeli. – Düşnükli. Ýöne siz akademigi bileňizok. Ol bizem işden kowar. – Men ony gizlärin. – Onda sizden sowgat! – Heriňize fransuz duhisi! Korobka şokalad. – Az. Kitabyňyz çyksa, herimize birisi! – Razy! Olga gorkuly: – Fedorow gelse, gizläň. Biz daşyňyzdan gulplap, açary bereris, bormy?! Inda Mihaýlowna ullakan sumkasyny agzy-burny bilen dolduryp, garader bolup, edil diýlen wagty kabulhana girdi. – Maňa akademik Fedorow gerekdi. Garyp kabulhana çykdy-da, Inda Mihaýlownanyň elinden çekip, kabinete saldy. Kabulhanada gaýtmaga taýýarlanyp, goşlaryny ýygnaşdyryp durşuna: «Men seni gören däldirin!» diýen yşarat etdi. – Geliň, oturyň, Inda Mihaýlowna, görüň, men garyby getirip, nirä dykdylar. Inda Mihaýlownanyň gözleri elek-çelek boldy. – Bu ýer akademigiň kabinetimi?! – Hawa, şu gün bu ýere Tihonow, Kerbabaýew, Pimenow, Alekseýew geldi. Meniň ýagdaýymy soradylar. Akademik saçak ýazdy. Men size suwjagaz bereýin. Garyp holodilnigi açyp, bir çüýşe mineral suw, bulgur çykaryp, soň ýapdy. Soň çüýşäni açgyç bilen açyp bulgurlara suw guýdy. – Şu kabinet, holodilnik, telefon, maşinistka on günläp, meniň ygtyýaryma berildi. Gowy kagyz bar... Inda Mihaýlowna begendi. – Meniň peçat etdirýän aýalym zähmet rugsadyna çykyp, Taşkende gidipdir. Özüm edeýin diýsem gowy kagyzym ýok. – Azara galmaň, Inda Mihaýlowna, ine bäş goşgy. Siz çaltyrak terjime ediň olary maşinkadan geçirjek gyz howlugýar. Näçe nusgalykda bolsun! Inda Mihaýlowna gyssandy. – Garyp, o ne belady. Litinstituta bir nusgalygy. Soýuza birinji nusgalygy. Neşirýata birinji nusgalygy. Özlerem, edil ot alyp barýan ýaly, gaty howlukmaç. Olara bir bela-ha bolupdyr!.. Garyp goşgularynyň golýazmasyny gijesi-gündizi ýatman, iýmän-içmän, dynjyny alman, ykjamja edip taýýarlady. Okady, timarlady. Okady, timarlady... Inda Mihaýlowna öz terjimeleriniň ýüzünde göz-göz sözleri, dyngy belgilerini, çyzyklary, ýazgylary görüp, janyny çykaraýjak bolýardy. – Bu näme, bu näme? Gül ýaly zady, bu näme etdigiň?! Öň gazetde, žurnalda çykan zatlar ahyryn. Garyp onuň bilen ylalaşmady. – Mihaýlowna, bagyşlaň! Diňe pikir gidýär, milli ruh, milli duýgam bolmaly ahyryn. Türkmençesi bir zat diýýär, rusçasy başga bir zat diýýär. – Onda-da maslahatlaşaýmaly ekeniň-dä. Äsgermeýän ýaly edäýmeli däl-ä. Inda Mihaýlowna köpräk ýazygy-çyzgy edilen «Garagumy» eline aldy. Seretdi-seretdi-de, ýene-de ýerinde goýdy. Ýöne sesini çykarmady. Garyp bu aýala düşündi. Ol hem indi otuz-kyrk ýyl bäri «Kozlowskaýa! Kozlowskaýa» diýilip, tutuş soýuzyň galam ýöredýänleriniň arasynda at alyp bilipdi. Soňky döwürde bolsa ol diňe Garyp bilen işleşýär diýen ýalydy. Garybyň goşgularynyň ruhy oňa şöhrat getiripdi. – Ilkinji kitabym! Goý, siziň diýeniňiz bolsun! Men gyzlara söz ýazylanlary peçat etmäň diýäýerin. Inda Mihaýlowna ýerinden turdy. – Ýok, ýok, ýok! Gowy düzedipsiň. Gaty gowy. Bäş günden soň, soýuz üçin, Neşirýat üçin institut üçin, awtorlar üçin birinji nusgalykda, lowurdap duran kagyzda, ýygyndy taýýar boldy. Inda Mihaýlowna olary alyp gitdi. Garybyň tutuş dünýäsi boşap galdy. 35. Garyp daňdan oýandy. Onuň başy owazdan dolydy. Ol haladyny geýip, akademigiň kabinetiniň lowurdap duran parket poluny jygyldadyp, türkmen halylarynyň üsti bilen geçip, kreslo çökdi. Stol çyrajygyny ýakdy. Soň «Söýginiň» üçünji bölegi ýazylan goşgyny gyra çekdi-de, topbak kagyzy öňüne çekip, oňa «IV» diýip ýazdy. Onuň başy owaza gark bolsa-da, häzir näme ýazjagyny, nämeden başlajagyny bilmeýärdi. Häzir kagyzyň ýüzüne geçmeli söz, duýgy pikir oňa nämälimdi. Ol ruçkasyny degirdi. Soň ýazyp başlady. IV. Eý, daňyň demine tisginen bägül, Eý, mawy köllerden göterlen sona, Eý, otly deminden kerem islänim, Ýanýan ýüregime eliň goýsana. Eý, gökleri parran kesen ýyldyrym, Eý, daglardan güwläp gaýdan boz bulak. Meni otly derdiň bilen öldürip, Zaryň içre, hasrat içre mynçgyla. Söýginiň derdin ber, ýak meni, janym, Otlary guý, bu çäresiz syna sen. Men başgaça bolmak islemeýärin, Ýandyr, ýak-da, yşkyň içre gyna sen. Ah, ezizim, gözleriňe döneýin, Şol gara gözleriň, jenneti demiň, Getir, janym, üljeleriň öpeýin, Hem şonuň süňňünde eräp gideýin. Indi maňa ýakan oduň ykbaldyr, Sen diýp şuglalaňda eräp galaryn. Indi duýýan, ýandyrýanyň, ýakýanyň, Ýene otly demiň içre talagyn. V. Saňa aşyk bolup, ynjalyk tapdym, Ýanar otly aýdymlaryň içinde. Ýandyrdygyň Hakdyr, lowlanym Hakdyr, Besse-besse gam-dertleriň içimde. Maňa öz derdiňden jebir ber, eziz, Beýle derde dözen bolmasyn özge. Eýläp-eýläp parlak husnuňa keniz, Äkit daglaý-daglaý, ajalyň öýne. Ýandyr meni, ýandyr meni ýak meni, Meni indi ol tamlaňa sygmaýan. Meni ýakan otlar naçar ekeni, Sakar dowzahlaryň ini dyglaýa. Meni berip yşkyň dowzahlaryna, Doňdum men owadan zaryňa batyp. Galdyraý hesretiň dodaklarynda, Gussalaň peýkamy janyma batyp. Mähir doly dideleňde dik meni, Eý-aman, sen meni neýlediň, ýarym. Ygtyýar ýok, perman ýokdur çykmaga, Men seniň mähriňden köýüp ölýärin, Ýandyr meni, ýandyr meni, ýak meni. VI. Sen meni gördüňmi, eý, beýik, Älem, Sen meniň derdime doga berdiňmi. Seniň köňlüň – ýüz segsen müň öwlüýäleň, Boýnuma taşlaýyp otly kemendiň. Galdyrdyň dertleriň, gussa-hasratyň. Garaňky düýbünde, çuňluklarynda. Bilýän, seniň yşkyň meniň kysmatyň. Belki, bagtym meniň Suruň zaňynda. Älemi dolduran owadan şöhläň, Bu dünýäde sowal bolup galypdyr. Seniň demiň degen dag, umman, sähraň, Dowam içre dowam bolup galypdyr. Men olardan soragladym didaryň, Olar galaý-aglaý sorady menden. Men seni nireden, kandan idäýin, Meni otly ummanlarda eriden, VII. Günüň güneşiniň tylla gaýmagy, Aýt, meniň mähribanym nirede. Zemin şamçyragy, arşyň aýnasy, Aýt, meniň mähribanym nirede. Didesinde eräp älem didary, Gündizi aglady öpüp gijäni, Yşkymyň jenneti, jany, heýjany, Aýt, meniň köňül zaryn nirede. Şuglasynda dokuz pelek lowlaýan, Arşyny aglada kürsün oýnaýan, Älem-jahan didaryndan doýmaýan, Aýdyň, meniň ahy-zarym nirede. Daglaň depesinde daglar döreden, Didaryny görgeç dünýe eredi, Dünýä geçer, ol galjakdyr ebedi, Aýt, meniň dünýe barym nirede. Haçan görer ýanar otly didämi, Haçan maňa wysal eýlär didary, Yşkynda ýanyp men, isläp bimany, Aýdyň, meniň din-imanym nirede. VIII. Gün şuglasy parran geçdi serimden, Günüň şuglasyndan seni gözledim. Säheriň çygyndan, ýazlaň deminden, Esrek umytlardam, mawy deňizden, Resul ummatyndan seni gözledim. Eý, ezizim, mähribanym, dilberim, Maňa ykbal – sen diýp ýanan günlerim, Seniň otly umydyňda gülledim, Gülleriň ysyndan seni gözledim. Şuglaly ýyldyzlar süýnüp sönende, Ýana-ýana kül bolanda Semender, Säherler oýnanda hüýrler-erenler, Beşer dünýäsinden seni gözledim. Men seniň diwanaň, Mejnun derdiňde, Sen durmusyň ykraryňda, pendiňde, Bolup gaýtdym-la mekanda – kendiňde, Arşyň kyblasyndan seni gözledim. IX. Seniň otly zaryňda, Ýanaýyn, janym, ýanaýyn. Umytlaň dumanynda, Ýanaýyn, zarym, ýanaýyn. Dök üstümden dowzahy, Dowzah menden dat eýlär. Otlar aglar howlaýyp, Dowzahy azat eýlär. Seniň yşkyň zarynda, Dowzah näme, ot näme. Älem meniň ganymda, Jennet sygmyş didäme. Içim ot, daşym nagma, Dilim söýmüş – sylara, Men äleme sygamok, Älem sygmyş synama. Dowzah düşmüş demime, Demim ýakmyş dünýämi. Ahym ýetmiş deňiňe, Dünýä içdi günämi. Seniň otly zaryňda, Kükreý-kükreý ýanaýyn, Soň ezizim alnyňda, Asgyryp, oýanaýyn. Derdiňe dolanaýyn. X. Sen ýanyma geldiň! Ýylgyryp bakdyň! On sekiz müň älem, ýaza çümüpdir. Ähli ölümleriň getidi bagty – Baky dirilige – saza çümüpdir. Seniň älem sygýan otly dideleň, Hallaryňa batan ýüpek gijeleň, Gat-gat älemleriň keremi bilen, Ýaňagyňda ýüpek hala çümüpdir. Tisgindim demiňe gark bola-bola, Husny jemalyň aňk bola-bola, Sen gollaryň dolanyňda boýnuma, Däli köňül ham-hyýala çümüpdir. Älem güneşinden şugla geýenim, Zarlap, ýana seň yşkyňda köýenim, Ölümlerden, gapyllykdan oýanyp, Yşky lowlan näzli ýara çümüpdir. Hiç kim çekmez meniň çeken dagymy, Hiç kim çekmez meniň çeken zarymy, Aglaý-aglaý dile aldym adyňy, Ýüregim müň ýyllyk nala çümüpdir. Diýdim: «Ýarym, dideleňden öpenim». Saýladym men ýowuz ýoluň kötelin, Soňra alyp gitdiň, meni göterip, Aýgy aglaýalar zara çümüpdir. Men diýdim: «Ah, kulhuwalla, Ahat, Älem aýtdy: «Eý, ýar, Allahy, samat!» Lem ýelet, lem ýuwlat, ýekully Ahat!» Gördüm, iki dünýäm nura çümüpdir. Garyp kimiňdir biriniň üstüne abanyp duranyny duýdy-da, başyny galdyrdy. Oňa Inganyň owadan didary, misli, ýedi jennetiň nygmaty ýaly, mylgyrap, ýylgyrmalarynda eräp, gujak gerip durdy. Ol Garybyň horja, derman ysy kükäp duran başyny ullakan, owadan göwüslerine basdy. Ak, ýüpek kagyzyň üstüne gyzyň gözlerinden gaçan damjalar, syçrap, paýrap gitdi. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |