19:56 Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy | |
40. Diýlen wagty Inda Mihaýlowna Instituta geldi. Ol Garyby tapdy. – Gideli! Garyp Inda Mihaýlownanyň elindäki korzinasyny öz eline aldy. – Bular näme, Inda Mihaýlowna? Inda Mihaýlowna pikirlidi. – Oňa öz almaly zatlarym bar. Bir çüýşe arassa bugdaý aragy Ak, gyzyl wino. Dört kilo et, bir daňy kolbasa, iki baton gara çörek. Bir kolo mesge, Bir çüýşe gatyk, bir çüýşe gaýmak, ýüz manat pul... – Bolanymy? – Bolany, şol adamyň bir hepdelik azygy. Garyp gaty geň galdy. – Munça zady eder ýaly, ol näme iş bitirip bilýär? – Ine, baranda, görersiň. Ol Garyba edil bir garagol çaga edilişi ýaly, «Bimazalyk etme» diýip sereden ýaly boldy. – Garyp, men saňa bir zat tabşyraýyn. Otel ata barada diliňe örän bek bol. Duýgur bol. Parasatly bol. Seretme, synlaman synla. Gözüňi jikgerilip bakma. Sowalyna agras, oýlanyp jogap ber. Howlukma, howlukma, howlukma, Garyp! Gorkma. Olar metrodan düşüp, belentli-pesli jaýlaryň arasy bilen başga bir «Metro» baryp girdiler. Soň allowarrada düşüp, galtaşýan «Metro» girdiler Ondan çykanlaryndan soň taksa münüp, gür kwartallygy girdiler. – Seretme, Gatyrak ýöre! – diýip Inda Mihaýlowna howsalaly mydyrdaýardy. Birdenem: – Resul Gamzatow jaň etdimi? – diýip sorady. – Ýok. – Telefonyňy berendirin. Sen barada gaty gowy makala ýazypdyr. Twordowskinyňkyny kän halamadym. Umumyrak gördüm. Ol öz žurnalynda seniň goşgularyň bilen berjek «ak patasyny» howlugyp, gazete beräýipdir öýdýän. Žurnalyň materiallary gazete bolmaýar ahyryn. Onuň ýaly çuňňur teoretiki – filosofiki makala žurnala gowy gelişýär. Ol Garybyň ýüzüne syrlyja seretdi. – Ah, Gamzatowyň makalasyndan gündogar bägüliniň paşyrdap duran müşki-anbary bark urýar. «Näzikligi goşa ganat edinip demi bilen erenler oýnaşýan poýeziýa säherinde erkana uçup ýören, eý, juwan bürgüt, seniň keremli nagmalara ýugrulan aýdymlaryňa döneýin. Meniň saňa gözüm gidýär, ezizim!» Ah, ol söz poeziýadanam ýokary ahyryn. Inda Mihaýlowna gözüniň ýaşyny süpürdi. – Siz Gamzadowyň men baradaky makalasyny ýatdan tutaýypsyňyz öýdýän, Mihaýlowna! – Geldik, ýuwaş bol. Olar dört gat, köne jaýyň ikinji girelgesine geldiler-de, üçünji gata çykdylar. Inda Mihaýlowna işigi ýuwaşja kakdy. – Kim? – Men, Moşa, men, aç. Işigi ýetmişe golaýlan, kellesinde tüý galmadyk, ýöne göz bilen burun hemem tutaç ýaly gulak bolup duran goja açdy. Ol çöwürlip ýatan galyň dodaklaryny gymyldatdy. – Kimi gözleýäň? – Daýzamyň adamsy gerekdi. Goja daş çykdy-da, ynamsyzlyk bilen aşak-ýokary garady. – Ol soňrak geler. Giriň-de, garaşaýyň. Olar içeri girdiler. Inda Mihaýlowna azyklaryny göterip, kuhnýa geçdi. Garyp kresloda galdy. Ýöne Moşa diýilýän adamy görýärdi. Moşa gözlerini balkyldadyp, gorkuly halda bir zatlar sakyrdaýardy. Onuň hor, takyr kellesi sagadyň maýatnigi ýaly, hallan atyp durdy. – Dogry. Dogry, dogry. Inda Mihaýlownanyň sesi şol maýatnige goşulyp, eşidilýärdi. Olar ýarym sagada golaý gürleşdiler. Soň Moşa eli korzinaly koridora geldi. Korzinadaky zatlary eline alyp, ýekän-ýekän ysgap, gulagyna tutup gözden geçirip, stoluň üstünde goýuşdyrdy. Soň korzinanyň daşyna geçdi. Onuň bu işlere erk edip giden, edil syçan ýaljak elleri, korzinanyň jübülerine zyrp-zyrp girip, çyktp, «hiç zat ýok» diýýän ýaly açylyp-ýumulýardy. Ol barlaý-barlay, boşan korzinany burça taşlap goýberdi. Puly garbap aldy-da, stoluň üstüne pytyratdy. Soň ol Inda Mihaýlownanyň daşyna geçdi. Onuň köwşüni çykardyp, ony ýagşy barldy. Žemprini çykartdy. Saçyndan demir demir berkitmejikleri ýeke-ýekeden çöpläp aýyrdy. Ellerini, gulaklarynyň arasyny, aýaklarynyň arasyny, goltugyny tekiz barlady welin, bu ýaşuly aýalyň özem galdyraberdi. Soň ony aňyrsyna bakdyrdy-da, gidip, pulpulýator getirdi. – Agzyňy aç. Ol sarymsak bilen narpyzyň ysy porsap duran gysganman, tütedip – tütedip sepdi. Şondan soň ol bu aýaly içeri saldy-da, yzyna çalt çalt çykdy. Gelip, ýene stoluň üstünde pytyrap ýatan pullary çöpläp başlady. Soň ony jübüsine saldy. Garyp aýak üstünde durup ýadady. Oturar ýaly oturgyç gözledi. Onuň töweregini gözleri bilen sermenekläp oturmagy Moşa ýaramady. Ol gözlerini alartdy. Soň Garyby itip, çekeläp, Inda Mihaýlownanyň hälki duran ýerine getirdi. Penjegini, köwşüni, kemerini çykaryp aldy. Sagadyny şypyrt etdirip çözüp alanynda Garybyň habaram bolmady. Ol Garybyň jorabyny çykaryp ysgap gördi. Soň nejis bir ys alan ýaly, tisginip gitdi-de, olary korzinanyň ýanyna taşlap goýberdi. Soň Garyby ýalaňaçlady. Onuň sünnetlenendigini görüp, şol ýerini çöp ýaly barmaklary bilen pitikläp goýberdi-de güldi. Soň hälki atyry bilen boýdan başa suwlady. Agzyna, burnuna, soň aýaklarynyň arasyny açyp, olara-da atyr sepdi. Moşa agzyny lakga balygyňky ýaly açyp, «senem şeýe et» diýip, ümledi. Soň şol çüýrük suwundan ýaş ýigit asgyrýança, onuň ýüzüne sepdi. Ilki tursisini barlap-barlap, oňa uzatdy. Soň maýkasyny, köýnegini, jalbaryny berdi. Işini boldum edip, Garybyň elinden tutdy. Soň jübüsinden kiçijik, keşdesiz tahýasyny çykardy. Ony takyr başyna geýdi. Bir zatlar samraraý-samraý, «Amin!» diýdi-de, Garyby idip ugrady. Işik açyldy. Garybyň çözi dideleri ýaşly, saralyp-solup eňräp oturan Inda Mihaýlowna düşdi. – On bäş minut! – diýip, Moşa ony içeri itip goýberdi. Garyp ullakan, agyr kreslo çümüp oturan garry gojany gördi. Kiçijik, edil ýumruk ýalyjak kellesi, soň şol kelläniň ýogynlygynda boýun ejizje göwrä birigip gidýärdi. Ol adam ýaňy pile saramaga ýetişen reňki durlanan dykyzja ýüpek gurçugyna çalym edýärdi. Onuň gap-gara tumşygy ýakymsyz titreýärdi. Ýüzüniň pyýala ýaljak aýtymyndaky kiçijik gözleri parhsyzlyk bilen agyp-dönýärdi. Maňlaýyny iki bölüp duran gür gaşlary gulagynyň üstünden geçirilip, boglandy. Inda Mihaýlowna ony dürtdi. – Salam. – Şolom! Inda Mihaýlowna Garybyň golýazmasyny onuň öňünde emaý bilen goýdy. Otel ata gurçugyňky ýaly boýnuny süýndürip, erbet hyssylady. Onuň bokurdagyndan ýakymsyz hyşşyldy, jygyldy çykdy. Ol dodaklaryny «Muh, muh» edip müňküldetdi-de, golýazmanyň ähli kagyzyny howlukman açyp, görüp çykdy. – Muh, muh. Hmys, hmys! – Ol öňünde duran galamy alyp, ýüzüni erbet turşatdyp, gözlerini süzüp sögündi. – Ganjygyň süýdüni emen. Ah, wah! Ol juda çalt işleýärdi. bentleri çyzyşdyrýardy. Soň golýazmany gapdala taşlap goýberdi. – Näçe ýaşyňda – On sekiz!.. – Näçe dil bilýäň? – Üç rus, iňlis, türkmen... – Iňlis, hyňk, hoňk, özüň nireden? – Türkmenistandan! Gurçuk kelle gap-gara tumşugyny monjuk ýaly gözlerini Garybyň juwan, nurana, ýaş serwi ýaly görmegeý kamatyna dikdi. – Geniý! – diýdi. – Sen – geniý! – Onuň gap-gara tumşygy titredi. Ol gapdala taşlan golýazmasyny ýene-de eline aldy. – Ganjyk! Ah, ganjyk. Ah, hyss. – Ol başyny galdyrdy. – Gündogar ýigirmi ikinji asyrda Garaböwür öz taryhy bilen dünýä dolar. Ol Ýewroaziýa, Arlampa, Komaý Mekas, Foreý siwilizasiýalarynyň şamçyragy. Sen Şumer derýasyny gördüňmi? Sen şol şamçyrag ýananda direlersiň. – Men şol derýanyň suwuna-da düşündim. – Günde onuň aňyrysyna, bärisine geçip durýardym. Ol elini uzatdy-da, ep-esli süýnen boýnuny ýene-de içine çekdi. – Eliňi ber. Garyp elini ýene uzatdy. Garyp ata onuň elini alyp, bir zatlar samrady-da, üç sapar ogşady. Maňlaýyna sürtdi. Soň bir kagyz hat ýazdy-da, stoluň gyrasyna süýşürdi. – Lenin kitaphanasynda «Gadymy golýazmalar» bölüminde Moiseýe eltip ber. Ol erbet hykylady. – Ah, ganjyk! Soň Garybyň ýüzüne seretdi. – Geniý, şolam. Sen, Garaböwür açylýança ýatarsyň. Soň direlersiň. Häzir ir, ir şolam. Işik açyldy. Moşkanyň titireýän göwresi göründi. Olar koridora çykansoňlar, Moşka ala-gykylyk etdi. – Ýigirmi bir minut! Näme, näme diýen edeňizok. – Ol içeri girip, haty alyp çykdy. – Ýigrimi bir munut! Haýa et, Industriýa! – Ol aglady. Soň möňňürip aglady. – Soň Garybyň garşysynda dikil gazyk bolup durdy-da, onuň ýüzüne hamsygyp garady. – Sen, sen öz alty minudyňy iýdiň. Ol seniň ep-esli ömrüň ahyryn. Men indi näme jogap bererin. Garyp jorabyny, penjegini, kostýumyny geýdi. Sagadyny dakyndy-da işige bakan ýöräp ugrady. Moşka ony saklady. – Sen, öz ömrüňi aýamadyň. Sen öz ömrüňi ýakdyň. Alty ýylyňy ýakdyň. Haýp! Sen nähili ogul, haýp, alty ýylyňy. – Ol horkuldap, Garybyň eginlerini titredip aglady. – Nähili ogul?! Aýtdym-a. Sen näme üçin beýtdiň? Olar tirkeşip daşary çykdylar. Inda Mihaýlowna gyzyl tapan ýaly bolup, begendi. – Indi Nobel baýragy bolar! Otel ata kabul etdi. Ol söýdi. Onuň söýgi – yhlasy, Allanyň rehimdarlygydyr. Sen indi, ol baýragy alarsyň. Ol seni halady. Ol saňa «Geniý!» diýdi. – Ol Garyby gutlady-da – Geniý oglum! – diýdi. Geniý çagam. – diýip samyrdady. Garyp öýlän Lenin adyndaky kitaphana gitdi. Baryp Moiseý diýen adamy tapdy. Ol agzy saralgy, elleri ullakan ellikli, gözleri goşa äýnekli, gulaklarynyň içinden çykyp duran bir tutaç gyly gara, ýygyrt-ýygyrt boýnuna düşüp duran garrydy. – Şolom! – Şolom. – Garyp oňa ýazgyly haty uzatdy. Moiseý haty açdy-da, parket poluň üstüne çöküp, haty üç sapar ogşady. – Amin! – diýip mydyrdady. Soň äýnekleriniň birini aýryp, hatyň daşyndaky, göze görünmeýän dünýäni demine sorýan ýaly, ony gaýtalap-gaýtalap okady. Soň hatyň ýyrtyp agzyna salyp, çeýnäp-çeýnäp ýuwtdy. – Gördüňmi? Garyp sesini çykarmady. – Elleriňi ber. Moiseý Garybyň ellerini, aýalaryny ogşap, ýüzüne sürtdi. – Görüpsiň! Gö-rüp-si-iň! Ah, ony gören gözleriňe döneýin. Ah, wa-ah. Moiseý Garyba şenbe güni giçlik gelmegi maslahat berdi. – Hemmesi bolar... 41. Amerikanyň birleşen ştatlaryna progressiw ýazyjylarynyň assosasiýasynyň çagyrmagy bilen gelen gelen ýazyjy şahyrlar Nýu-Ýork şäherindäki «Şiroton» myhmanhanasynda ýerleşdirildi. Nýu-Ýorkyň aeroporty sadajady. Içi ýylydy. Adam azdy. Moskwanyň Şeremetowa – 2 aeroportynda hem adam beýle bir kän däldi. Ýöne daňdanlar zallar hapady, sowukdy. Moskwadan Nýu-Ýorka uçan «Il-18» on sagatlap asmanda boldy. Garyp samolýotda özüni rahat duýup, bilmedi. Aşgabatdan Moskwa uçýan samolýotam üç sagatda barýan bolsa, bu samalýotda ol bir asyrlap uçýan ýaly duýgyny başyndan geçirdi. Ýazyjylar, şahyrlar hezil edip ýatyrdylar. Emma Garyp gözüni ýumup bilenokdy. Ýogsa, äýnegini geýip, depedäki çyrajygy ýandepderçesine tutup, pyşyrdap bir zatlar ýazýan Nikolaý Tihonow oňa gaýta-gaýta: – Ýat, ogul, ýat! – diýýärdi. Samolýotyň üstünde iki sapar nahar berildi. Naharyň ýany bilen her dürli içgiler getirýärdiler. Nikolaý Tihonowyň özem bir bulgury wiskiden dolduryp, ýanynda goýup, her wagt-her wagt bogazyny ölleýärdi. Yzyrakda oturan Resul Gamzatow Sergeý Mihalkow, ýene-de bir jahyl ýazyjy andikdot aýdyşyp, hezil edip gülüşýärdiler. – Men «Moý Dagystan» diýen kiçijik hekaýajyklar kitabymy ýazýan. Şonda obamyza baryp, sögüşmekde ile belli bolan Fatyma atly kempiriň ýanyna bardym. – diýip, Resul Gamzatow gyrykdan dury sesi bilen beýleki adamlary-da özüne imrindirip aýtdy. – Bardym. Indi ony gargyndyrmalydy. Ol meniň kimdigimi tanasa, näme üçin bu ýere gelendigimi bilse, işimi bitirjek däldi. Onsoň menem: – Daýza men gazetden interwýu almaga seniň ýanyňa ýörite geldim. Hany, Hruşýewe bir gargap bersen-e. Patma daýza ýüzüme mölterlip seretdi. – Näme? Kime? – Hruşýewe! Ony ot alaýdy: – Ejeň – Hruşýew. Ataň Hruşýew. Tohum-tijiň Hruşýew. Aýalyň ölüp, bir loly heleý alasyň, olam Hruşýew. Moskwa baryp, dükandan bir buhanka çörek alyp, suw bilen iýjeksiň, suw tapylman, ony düwüne iýersiň, saňa şolam – Hruşýew... Kempir goýun agyllaryna söýegli taýak aldy. – Hany, göteril sen, meýdi ýanan, ýedi dowzahyň oduna gowurylan Hruşýew. Göteril, ýogsa seni öz elim bilen hakyky Hruşýewe öwürerin. Ylahym dokuz dowzahda ýanasyň. – Aý, dogan, ol şeýle bir gargyş ýagdyrandyr. Asyl-ha, Mahaçkalada däl, Moskwa gelenimden soňa, onuň gargyşy gulagymdan gitmedi. Gargyşam, ökdä etdirseň. Ol ýene bir alym hakynda andikdot aýtdy. – Meniň bir dostum bar. Öýe gelse: «Tanyş bol, Jerim! Matematika ylymlarynyň doktory!» diýen bolýar. Onsoň menem: – Tanyş bol, Resul – fatimatika ylymlarynyň doktory! – diýýän. Olam: – Onuň ýaly ylym ýok – diýýär. Menem: – Ejem – Fatima, enem fatima, aýalym – Fatima, gyzlarym – Fatima! Onsoň Mundan aňyrda näme ylym bar – diýýän. Gezegi Mihalkow aldy. Onuň sesi ýuwaşdy. Şonuň üçin onuň näme diýýäni eşidilmedi. – Men bir sapar Moskwada, Soýuzyň ýanynda täjik şahyry Şükrullo gabat geldim. Salamlaşdyk. SIADEL-e baryp, seniň saglygyňa ýüz gram götereli – diýdim. – Eý Rasul, Hruşýew aragyň başyna ne günler saldy. Indi meniň arak bilen aram ýok. – diýdi. Menem: – Eý, Şükrullo, sen gadyr bilmezadam ekeniň – diýdim. – Näme üçin? – diýdi. Seniň başyňa şunça agyr günler düşende arak saňa hakyky hossar boldy. Indi aragyň başyna agyr gün düşende, ondan ýüz öwürip, taşlap barýarmyň diýdim. Ol meni gujaklady. – Eý, dostum, ýöri – diýip, meniň bilen içmäge gitdi. Resulyň manyly andikdotlaryna höwes bildirýänleriň sany barha artýardy. Emma salonda rus diline düşünmeýänler hem bardy. Şonuň üçin stýuerdesse olar tertibe çagyrdy. Salonyň çyrasy öçdi. – Biziň zamanymyz gutardy. Indi Amerika kontinenti başlandy. Ol ýerde Gün ýaşdy. Tihonow egnindäki galyň kurtkasyny boýnuna çekdi-de, Garyba seretdi. – Ýene üç sagat wagt bar, ýat, ogul, ýat... Üşeseňem aýt. – Sag boluň. Garyp oýa batdy. Şol Garaböwür onuň ýany bilen Nýu-Ýorka barýardy. – «Garaböwür – geçen siwilizasyýalarynyň şamçyragy! Gündogar diňe Garaböwüriň şöhratly taryhy bilen dünýä çykar. Senem Garaböwür bilen dünýä çykarsyň...» ...Moiseýiň diýen güni garyp onuň ýanyna bardy. Goja oňa rus dilinde, maşinkada ýazylan üç kagyzlyk ýazgyny berdi. Ol ýazgyda «Garaböwür siwilizasiýasy» diýilip ýazylandy. ...Garaböwür siwilizasiýasuyny şumerler Gerurud – Çäçe derýalarynyň aralygynda Şumer derýasynyň boýunda, Turan çöketliginiň boýuna göçüp baransoňlar gurup başlapdyrlar. Soň ol Mergiana, Girkaniýa, Hunanýa, Arianiýa halklarynyň ýatagtyna öwrülipdir. Persiana, Hufuzidler, Hunuýana imperiýalary bilen söweş alyp bardy we olary özüne birleşdirdi. Onuň patyşasy Daheý – hu bolup, ol elli ýedi ýyllap imperator boldy. Ol Meruw, Persiýa, Parfiýa, Girkaniýa, Hu – hundiýa imperiýalaryny döretdi we olary ýüzlerçe ýyllap gol astynda saklady. Daheý – 12-nji döwründe Şumerler täze ýurtlary Müsüriananany Messepotamiýany basyp aldy. Ol ýerleriň ähli ekerançylyk meýdanyny, gallasyny basyp aldy. We olaryň bir bölegi şol ýerlere ornaşyp galdy. Garaböwür siwilizasiýasy Çingiz hanyň çozuş eden döwürlerine çenli dünýäniň altmyn-kümüş we beýläk baýlyllarynyň ýetmiş göteriminden gowuragyny özünde jemledi. Süleýmaniýanyň, Makodniýanyň ulgamlarynyň hem ähli baýlygy Garaböwür imperiýasyna jemlenildi. Aleksandr Makedonskiý, ýaly, Çingiz han hem umytly gözlerini diňe Garaböwür genji-hazynasyna dikip, diňe we diňe şol baýlyga eýe bolmak Aziýa goşun çekip geldi. Emme Çingiz hanyň ordasyndan Garaböwür imperiýasy-da, onuň ummasyz genji hazynasy-da, edil bir asmana uçan ýaly bolup dünýä siwilizasiýalarynyň süňňünde eräp gitdi... Moiseý goja ýazgylarynyň soňunda bu imperýanyň halky, onuň etniki düzümi, dili, dini, dünýädäki orny, abraý-mertebesi barada tymsallar, anyk deliller getirilipdir. «Garaböwür imperiýasynda on ylymlar akademiýasy, 124 kitaphana, ýedi müň metjit, bardy. Olaryň kitaphanalary Merw, Hu – fu, Mestopatamiýa, Misiriana imperiýasynyň kitaphanalarynda duş gelýär. Biz bolsa ol ýerleri mal bakmaga amatly meýdanlar diýip begenip ýörüs...» Garyp Otel atanyň öz ellerini okamagynyň sebäbine, indi düşündi. Ol Garyp Garaböwür imperiýasynyň beýik ruhy maňa geçendir öýtdi öýdýän. Ýogsa, ol kim, men kim? « – Geniý! Geniý!»... Otel atanyň bu sözler Garyp Nýu-Ýorkyň aeroportynda düşýänçä, onuň kellesinde ýaňlandy durdy... «Şirotan» myhmanhanasy Garyby haýran galdyrdy. Bar zat iňňeden çykma, arassa, täzejedi. Her bir otagda eşretli ýaşamak üçin ähli şert bardy. Holodilnikler iýer-içer ýaly azykdan dos-doludy. Işlemek üçin juda gowy otaglar bardy. Garybyň bir özi bir otagda oňat ýerleşdi. Aeoroportda olary eli transporantly garşy alan adamlar onuň ýagdaýyny bilmäge geldi. – Ýaş ýigit, sizem ýazyjymysyňyz? ABŞ-yň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň sekretary ak saçly, gap-gara ýygyrtly ýüzi birhili gelşikli Jek terjimeçiniň ýüzüne soragly bakyp, sorady. – Hawa, men student. Goşgy goşmak bilen meşgullanmak isleýärin. Jek Garybyň iňlisçe gürleýşini az-kem aňkarylsa-da, soň: – Siz bize goşgy okap berip bilermisiňiz?! Garyp iňlisçe: – Baş üstüne! – diýdi-de, «Mähribanym, halyň niçik?» diýen goşgusyny belentden, näzik, owaz bilen okap berdi welin, Nýu-Ýorkuň säheriniň ini titräp gitdi. Jek agzyny açyp galdy. – Sen iňlis dilini bilýäňmi? – Az-kem. Jek begendi. – Sen formda çykyş edersiň, özüňem, diňe şu goşgyňy okarsyň. Ol jübüsinden altyn öwsüp duran ruçkasyny çykaryp, gara gadyr bolup ony Garyba sowgat berdi. Soň ony gujaklady... Naharyň öň ýanynda myhmanlaryň ählisine içi dollarly bukja, daşyna kpoka diliň derisi çekilen papka, owadanja ýandepderçe berdiler. Tihonow öz bukjasyny açyp, puluny sanady. – Müň dollar! Garyp sanamady. Ýöne onuň bir bölegini goltuk jübüsine saldy. ABŞ-yň dünýäde ýaşamagy kommunistik, marksistik, leninçilik, stlinçilyk, sowet teoriýalarynyň döwlet millet, respublika, maşgala, dil, siwilizasiýa, baradaky teoretiki, praktiki galyndylaryny kül-pagyş edýärdi. Döwlet bolmak üçin ilkinji nobatda serhet, dil, millet medeni gadymylyk, olaryň bitewiligi zerur diýilip marksizm öwredýärdi. Emma Amerika döwletiniň ne bir öz dili, ne öz dini, ne öz milleti, ne-de gadymy milli medeniýet ulgamy bardy. Bu döwlet bu ugurdan edil nikasyz doglan diýilýänleridi. Emma bu beýik döwleti dünýä ykrar häzirem dünýä siwilizasyýasynyň liderligini elde saklap gelýär. Amerika barada oýlandygy Garybyň ýadyna dünýäniň egninde atsyz-sorsuz ýitip giden Garaböwür siwilizasiýasy düşdi. «Garaböwür! Garaböwür!» Ol Sumbar derýasynyň boýundan tä ilerki depelere çenli ýaýylyp, giden ýapgyt, daşlak sährady. Bu ýerler, nämüçindir, çökedräk, bolany üçin kän bir ekin beýeki ekilip ýörülenokdy. Ýöne onuň gündogar aýtymynda skwažyna gazylyp, aşakky çöketlige suw çekilipdi. Ol ýerlere badam agaçlary ekilendi. Ýöne indi onuňam kän bir ugry ýokdy. Ýöne Garybyň ýaş wagty, Öwlüýäguly aga diýen bir ýaşuly Garaböwüre gawun-garpyz ekipdi. Ol gawun-garpyz şeýle süýji bolupdy. – Men gawun-garpyzy künji bilen garyp ekdim. Belki, şonuň üçin süýji bolandyr – diýip, ol ýaşuly Garyp soranda aýdany onuň ýadynda. Resul Gamzatow Sergeý Mihalkow bilen tirkeşip, gelip Garybyň otagyna girdi. – Amerikany göresiň gelenokmy?! Gary ýylgyrdy. – Amerikanyň ony göresi gelýär – diýip, Resul Gamzatow degişip, soň baryp, holodilnigi açdy. – Seniň aragyň süýji bolmaly. Gel dadyp göreli! Garyp bulgur getirdi. – Näme içeris. – Wiski. – Gel, arak içeli. – Ýöne, azajyk. Resul güldi. – Ilki bir başlaly. Soň bize näme etmelidigini aragyň özi aýdar. Ol bizden akyllyrakdyr. Näme, olam biziň ýaly akmakdyr öýdýäňmi?! Heý, bulaşyp, özüni zaýalap ýören aragy gördüňmi? Emma ony içenle nähili? Akyly arakdan öwrenmeli... – Hany, näme, Amerikany synlamaýasmy?! – diýip, az-kem wiskiý içen Sergeý Mihalkow bu sapar has çyny bilen sorady. Resul Gamzatow jaýly otyrdy. – Men-ä eýýäm penjireden gowy synladym. Juda üýtgeşik eken. – diýip, bir bulgury başyna çekip aýtdy. Içeri daýaw göwresini merdana tutup, Nikolaý Tihinow girdi. – Oglanlar jübülerine ownuk, bir, iki, bäş dollar salaweriň. – Ol näme üçin? – diýip, durşuna edep bolup duran Sergeý Mihalkow gyzyklandy. – Köçeler durşuna garyp, narkoman, gedaý, ogry, talaňçy. Olar pul almak üçin pistolet çenemäni, hiç zatça görjek adamlar däl. Olar köp zat isläbem duranoklar. Bir zatjagaz berseň, güm bolup gidýärler. Şonuň ýaly ýagdaýda «me» diýip beräýer ýaly, ýanyňyzda ownuk puluňyz bolsun. Resul Gamzatow güldi. – Sergeý, seniňki hezil, Şonuň ýaly bolanda «Men – Mihalkow! Seni dýädiýa Syýopa aýdaryn!» – diýäýmeli. – Wah, gepletseler bir ugruny taparyn-la. – Öň biri öwünýärmiş. «Aý, men gaplaňdan gorkamok – diýip. – Ondan näme üçin gorkaňok?» diýip ýoldaşy sorapdyr. Olam: «Gaplaň maňa topulyp gelende, men onuň gözüne poh sepäýýän. Ýoldaşy: «Bu gyssagarada pohy nireden aljak?» – diýip sorapdyr. Ol batyram: «Üstüňe gaýlaň arlap topulyp gelýärkä, heý poh tapylmazmy?» diýipdir. Şonuň ýaly, köçede üstümize nagan çenäp dursalar, ýüzüne poh sepäýeris. Nikolaý Tihonoň bu anekdoty ilkinji sapar eşidýän eken. Ol şyg-şyg edip, güle-güle kese ýykyldy. – Aý, Resul, hany, guý bir bulgur, güldürip içimi gyrdyrdyň. Resul ýylgyrdy. – Garyp jandan rugsat sora, ol rugsat berse, baş üstüne! – Guý, maňa-da guý, Garyp jan! Garyp jan öz oglumyz. Ondan diňe mukaddes zatlary sora. Ol arak ýaly hapa zatlara per berýän ogul däldir. – Ine, Gündogaryň işini görýän sözi tapdyň. Gündogaryň halkyny öw! Ýöne, duýdurman öw. Şona ähli hany-many seniňki bolar. Tihonow bilen Mihalkow hem Resulyň ýanyna çökdüler-de, hersi bir bulgury eline aldy. Olar öýlän köçä çykdylar. Nýu-Ýorkyň howasy salkyndy. Asmanda lemmer-lemmer bulutlar belent jaýlaryň ýazylyp-ýaýnap ýördi. Ýöne ýaganokdy. – Bir dollarlyk magazin bolmaly? Men bilýän, sizi şoňa aýlaýyn. Garyp köçä sygman ygam-sagam boluşyp barýan adamlary synlaýardy. – Köçeden barýan adamlaryň köpüsiniň eşigi, biziň gözümiz bilen seredeniň-de, gaty eleşan eken. – diýip Garyp oýlandy. Olar asla-da egin-eşige üns bermeýän ekenler. – diýip oýlandy – Gör-ä, ýarym-ýalaňaç, hor-homsy köpüsi. Köçeler hapady. Uly köçelerde bolsa maşyndan aýak basara ýer ýokdy. Maşynlar zok-da-zokdy. – Ýöräp bilenoklar. Garybyň golundan biri tutdy. Garyp, talaňçydyr öýdüp, tok uran ýaly, gaty gorkdy. – Gorkma! – Ol otuz ýaşlaryndaky owadan aýaldy. – Men seni haladym. Arzan alaryn. – Ol barmagyny agzyna salyp sordy. – Hezil edersiň. Gideli. Gör. – Ol aýal ullakan göwüslerini oňa görkezdi. – Elläp gör. Bary seniňki... Garyp gözlerini alartdy. – Ugra! Men HBR-den. Myhmanlary ugradýan. Ýok bolmasaň, tussag ederin. Ol aýal edil bir salymda gürüm-jürim boldy. – Näme diýdi? – Gideli, arzan alaryn – diýýär. – Nädip kowduň? – Onuň ýoldaşlary ýoluň ortasynda durup, gyzyklanyp soradylar. – Ine, olaryň ýüzüne hapa çalman, şeýle diýmeli. – diýip, Nikolaý Tihonow gülüp aýtdy. Ertesi simfozium öz işine belent ymaratlaryň biriniň birinji gatynda başlady. Oňa dünýä döwletleriniň ýüze golaýyndan, müňe ýakyn ýazyjy-şahyr gatnaşýardy. SSSR-den Sergeý Mihalkowa söz berdi. Ol esasan çagalar edebiýatynyň ösdürmegiň meselelerine bagyşlap çykyş etdi. Çykyşyny: «SSSR-de çagalar edebiýaty ösüp gelýän ýaş nesle edep-terbiýe beriş mekdebine öwrülip gitdi...» diýip tamamlanda, tutuş zal güwwe ör turup, el çarpdy. Simfoziumyň ikinji gününde goşgy okalyşykda «Dünýädäki ýaş şahyrlaryň birine» Garyp Nuralyýewe söz berdiler. Garyp «Garagum», «Mähribanym, halyň niçik?», «Rus berýozasy», «Selbi» atly goşgularyny iňlis dilinde, ýatdan juda näzik joşgun, parasada ýugrulan duýgulara gaplap, syrly keramat bilen okady. Onuň her goşgusyna yzyny üzmän, el çarpýardylar. Agşam hoşlaşyk agşamy boldy. Şonda Resul Gamzatow, Nikolaý Tihonow we başgalar çykyş etdi. Şol ýerde Garyby mikrofon bilen 105-nji otaga çagyrdylar. Bu otagyň işigine, «Европа – XXI век» diýlip rus we iňlis dillerinde ýazylypdyr. – Biz seniň kitabyňy çykarmak isleýäris! Razymysyňyz? – diýip, rus dilini çalgyrt gepleýän neşirýat wekili aýtdy. – Garşylygym ýok. – Bize elli goşgyňyz, terjime halyňyz, suratyňyz gerek. – Bolýar. Olar ýarym sagada golaý wagtda Garypdan terjimehal-da, interwýu-da, surat-da, goşgularyny-da aldylar. Olar Garypdan goşgularynyň iňlis diline sözme-söz terrjimesini alanlaryndan soň 150 müň dollar möçberinde amerikan dollary «Şertnama» baglaşyp, gol çekişdiler. Iki tarapyň hersi bir tagta ýaşik kagyz aldy. Şol wekil bank hasabaty kagyzyna 75 000 dollar diýen çeke gol çekip, Garyba berdi. – Galan zatlary özümiz size habar ýetireris – diýdi. – Haçan? – Kitap ýene on günden çykar. Galan puluňyzy ýene bir aýdan alarsyňyz. Kitabyňyzyň adyny öňküligine galdyrýarys. Garyp hiç zada düşünmän, hiç zada ynanman «Şeretona» gaýtdy. «Şeretonda» oňa hem ýaramaz, hem şatlykly habar garaşýardy. Şatlykly habar, «Nýu-Ýork Taýms»-da «Täze döwrüň genileri» diýip Garybyň suratyny, iki goşgusyny beripdirler. Soňam oňa bu uly uly formyň ýeňiijisi hökmünde, 100 müň amerikan dollary möçberinde baýrak beripdirler, şeýle hem «Eje, azajyk garaş» diýen sözbaşy bilen bir çap möçberinde çap edipdirler. Oňa şol baýragy, puly forumyň jemleýji ýygnanyşygynda gowşurjakdyklaryny baradaky çakylyk hatyny gowşurdylar. Garyby ünjä goýan zat, onuň juda reksion bir neşirýat bilen kitabyny çykartmak barada şertnama baglaşmagy boldy. Ony «Şirotonyň» bir otagyna çagyrdylar. – Men – Iwanow – SSSR-iň ABŞ-daky ilçihanasynyň Nýu-Ýork şäherindäki bölüminiň konsuly. – Ol gapdalyndaky ýüzi gyp-gyzyl, agzy arakdan porsap duran adamy görkezdi. – Ine bu ýoldaşam, Döwlet howpsuzlygy komitetiniň daşary ýurt içalyçylygyna garşy göreş bölüminiň müdiri, general polkownik Kozlowskiý. – Hawa, diňleýän. – Siz, «Европа – XXI век» neşirýaty bilen şertnama baglaşypsyňyz!. – Hawa, baglaşdym. – Kim bilen maslahatlaşdyňyz? – Hiç kim bilen. – Olar sizden näme sorady? – Terjimehalymy, suratymy, goşgularymy!.. – Siz häzir şu wagt, şu ýerde öz hasabatyňyzy ýazmaly. Araňyzda näme gürrüň bolan bolsa, ýazyň. Gizlemek bolanok. Garybyň keýpi gaçdy. Onuň otaga girip, tä otagdan çykýança arada näme gürrüň bolan bolsa bary magnit lentasyna ýazyldy. Ol ýazylany Garybyň özüne diňletdirmediler. Razwetka gullugy tarapyndan gizlin ýazylan ýazgyny okatdylar. Gürrüň diňe iňlis dilinde gidýärdi. Düşündiriş bilen ýazgynyň arasynda üýtgeşik bir garşylyk ýokdy. – Olar näme üçin aýratyn sizi çagyrdylar? Garyp ilki bir aljyrady. – Ýoldaş Iwanow, bagyşlaň, men, men, maslahatlaşman... – Sowala anyk jogap beriň. – Men olary tanamok, dogrymy aýdýan... Kozlowskiýýüzüni has agraldyp, parhsyz, emma, dözümli gürledi. – Şertnamaňyzy bozuň. Alan zatlaryňyzy yzyna tabşyryň. Ýogsa problema dörär... Garyp oýlandy. Emma ruhunyň burçunda kiçijik şem ýandy. Ýüregi kuwwatlandy, demligini gysyp duran gaty zat ony goýberdi. Ol özüni ele aldy. – Men şertnamany bozjak däl. – Bozarsyň. Eger bozmasaň saňa erbet bolar. – Bolsun, näme eliňizden gelýän bolsa. – Ol gaharly, dogumly gürledi. – Siziň meni çagyrmaga, sorag etmäge, zulum etmäge hakyňyz ýok! Meni şu ýere Leonid Iliçiň hut özi iberdi. «Kitabyňy çykart» diýdi. Ony, ýolbaşçymyz Nikolaý Tihinowyň özem gowy bilýär. Men, Kozlowskiý, siziň bu bolşuňyzy ilki Tihonowa, soň Lenid Iliçe jaň edip aýdaryn. Ikiňizem, serhoş. Gullukçylar dymdylar. Işige baryp, Garyp yzyna öwrüldi. – Şu bütindünýä forumy dünýäde ýazyjylary bilkastlaýyn ýanamaklyga garşy geçirilýär. Men: «Meni gorkuzýarlar, ýanaýarlar, kömek ediň – diýip, şu foruma ýüz tutjak. Ol bu ýerden çykyp, göni Nikolaý Tihonowyň ýanyna baryp, bar zady aýtdy. Tihonow hut oturan ýerinden Moskwa, Döwlet Howpsuzlygy komitetiniň başlygyna jaň etdi. – Sizden, General Kozlowskiý, serhoş, Mitden konsul Iwanow hem serhoş, biziň ýazyjylarymyzy çagyryp, olaryň üstüne dübleýip, juda azar berýärler. Biziň delegasiýamyzda Garyp Nurullaýewi zulum bilen, iki sagatlap, iki bolup, sorag edip, gorkuzyp, her dürli şantažlar edip, edil şu wagt goýberdiler... gorkuzdylar. Ol trubkany diňledi. – Senem gowy görýän bolsaň, men saňa aýdaýyn, ony Leonid Iliçiň öz delegasiýa goşdy. «Golda» diýip maňa berk tabşyrdy. Men MID-e-de jaň ederin. Siz olara näme habar görýändigiňizi bize habar beriň... SSSR-ň ABŞ-daky doly ygtyýarly baş ilçisi Aleksandrow, SSSR-iň BMG-daky wekili Dobynyň, beýlekiler ýazyjylaryň delegasyýasy üçin agşam naharyny guradylar. Olar sowet ýazyjylaryny gyzgyn sözler bilen mübäreklediler. Resul Gamzatow, Mihalkow söz sözlediler. Goşgy okaldy. – Biziň aramyzda ajaýyp sowet şahyry, halkyň söýgüli ogly, Leonid Iliçiň dosty, gaty gowy görýän, sylaýan şahyry Garyp jan bar. Meniň Garyp jana gözüm gidýär. Dünýä neşirýatlaryny onuň ajaýp goşgularyny aýratyn kitap görnüşinde çap edip ýaýratmaga isleg bildirýärler. Ol goşgular biziň biziň beýik, ümbilmez, Watanymyz, kommunizm gurýan kuwwatly halkymyz, gözel tebigatymyz,, eşretli durmuşymyz barada. Eger Garybyň goşgulary dünýä ýaýrasa, biziň ýurdumyzyň bagty, eşreti baradaky hakykatyň waspy dünýä ýaýrar. Şonuň üçin Garyba goldaw bermeli. Garyby gutlamaly we söýmeli. – Nikolaý Tihonow agyr göwresini ýeňiljek göterip, gelip garyby gujaklap, ogşady. – Çyk orta, oka goşgularyňy. Garyp, «Watan», Eje», «Russiýa seni göresim gelýär», «Rus berýozasy» goşgularyny rus, iňlis dillerinde okady. Ony bu ýere ýygnananlar ýerlerinden ör turup, el çarpyşyp gutladylar. ...Garyp ummasyz köp pul, baýrak, sowgatlar, täze kitaplar bilen Moskwa gaýdyp geldi. 42. Inda Mihaýlowna Garybyň ABŞ-da gazanan üstünliklerine juda begendi. – Mihaýlowna, me saňa sowgat. Garyp sowgat üçin pul gysganmady. Ýolbaşçysy Alaksandr Alekseýewiçe, gowy diplomar, altyn sagat, altyn peroly ruçka gowy bloknot, modaly köýnek getirdi. Inda Mihaýlowna briliant gaşly, gulakhalka, ýüzügi bilen, Inga-da şony aldy. Aýbölege-de, Selbä-de, ejesine-de, Gulýa-da şondan aldy. Ol özüne, Myrra altyn sagat, Bibi ejä, ejesine altyn bilezik getirdi. Özüne üç kostýum, on köýnek, on galstuk, bäş köwüş getirdi. Bibigüle almaz gaşly ýüzük, özüni halas eden aýala altyn ýüzük sowgat getirdi. – Munça zady men nädip alaýyn, Garyp jan. Ýok, men alyp biljek däl. – Mihaýlowna, şony almanyň üçin, me, ştraf, saňa üç müň ABŞ dollary. Eger onam almasaň, ştrafyň 10 müň manat bolar. – Eý, Allam, bu näme etdigiň bolýa. Onda alaýyn. Inga güldi. – Alma daýza, alma, on müň dollar ştrafy al! – Ýok-la, ynsabam gerekdir-ä. Inga Garyby gujaklady. – Men-ä ştrafy höwes bilen alardym. Ol Garybyň golýazmasyny gije-gündiz ýatman, taýýarlapdy. Şonuň üçin Garyp Inganyň ol azaplaryny unutmak islemedi. Ol Inganyň elinden tutdy. – Seniň paýyň başga, Inga! – Ol elini penjeginiň çep jübüsine saldy-da, bir petde gök puly çykardy. – Me, bäş müň dollar. Inga puly almajak boldy. – O näme üçin?! Ýok, gerek däl. – Inga, alma! – diýip Inda Mihaýlowna gygyrdy. – Ýok, aljak däl. – Al, ak göwünden sowgat! Sen bolmadyk bolsaň, men Amerika çykyp bilmezdim. Bu entek bärkisi. – Ol puly Inganyň asgyçdan asylgy plaşynyň daşky jübüsine saldy. Nahar çekildi. Garyp çekildi. Garyp Amerikada bolan wakalary gylyny gymyldatman olara gürrüň berdi. – Hany, kitap?! – Umumy ýaşaýyş jaýymda. – Wah, şony şony getirmel-ä – diýip, Inga aglaýjak boldy. – Häzir baryp alaryn. – Inga gaty tolgundy. – Meniň terjimäm, meniň terjimäm... Ura! Ura! – Inga, bolşuň nähili? – Inda Mihaýlowna ýüzüni sallady. – Hany, azar bermesene, oglana. – Bolýa, bolýa, daýzajan. Garyp Amerikada Iwanow, Kozlowskiý bilen wakalary barada-da aýtdy. Kitaba berlen gonararyň çekini görkezdi. Alan baýraklaryny aýtdy. Inda Mihaýlownany birden agyr gorky basdy. – Kozlowskiý, Kozlowskiý! – Ol tisgindi. Gyzyl ýüzli, saçy düşentäk generalmy? – Hawa. Inda Mihaýlowna ýumşady. – Ony näme, Amerika geçiripdirlermi? Ol Kubadady ahyryn. – Tanaýaňyzmy? – Garyp gyzyklandy. Inda Mihaýlowna oýundan açyldy. – Adamymyň doganynyň ogly bolmaly. Eger meniň diýenim şol bolsa, ony men tanaýanam, onuň bilen gowja gürleşerinem. Ýöne gep şu ýerde galsyn. – Bolýar, daýza jan. Ýöne, sen Garyba aýt, Amerikada çykan kitaby maňa görkezsin. Ertesi gün Garyp ABŞ-yň «Walýuta» bankyna baryp, öz adyna iki ýüz elli müň dolara hasap açdyrdy. Şol bankdaky nomerini Nýu-Ýorkdaky neşirýata iberdi. – Ine, boldy. – diýip, Inda Mihaýlowna begendi. – Bu pul ynamdar pul. Moskwada oňa ýokary hili haryt berýän magazinler bar. Garyp geleňsiz gürledi. – Pul hiç-le! Garyby Howpsuzlyk komitetine iki sapar çagyrdylar. Ondan Iwanow, Kozlowskiý bilen bolan waka barada düşündiriş aldylar. Onuň şertnama baglaşmak bilen bagly gürrüňler olarda eýýäm bardy. Şertnamanyň suraty alynypdyr. – Bu ýerde siziň hiç hili günäňiz ýok. Bu barada hormatly Tihonowa habar berdik. Siziň işiňiziň howpsuzlyga degişli ýeri ýok. Ýöne bu-da, işd-ä. – Garyp bilen ýörite gürrüň alyp barýan general ýerinden turup, ak, uzyn barmakly elini Garyba uzatdy. – SSSR-iň Howpsyzlyk komiteti Kozlowskiniň, Iwanowyň siziň bilen bagly ýaramaz hereketleri üçin Sizden ötünç soramaga, meni ygtyýarly etdi. Ötünç soraýarys! Inda Mihaýlowna bolsa Kozlowskiniň eden etmişi üçin, yzyna, Moskwa çagyrylandygyny aýtdy. – Häzir bol, oglum, juda hatyrjem bol!.. Inga Garyba indi has ýakyn durmaga çalyşýardy. Onuň eşiklerini äkidip, ýuwup, ütükläp getirýärdi. Garybyň ýaşaýan otagyny ýuwup, süpürip, goşlaryny tertibe salyp, her gün bir piti nahar bişirip gidýärdi. Käte bolsa Garyby öz öýüne, nahar çagyrýardy. Onuň bu kömegi surnugyp, okuwdan ýadap gelýän Garybyň gözüne degýärdi. Ol Inga öwrenişip barýardy. Emma Garyby Selbiniň derdi erbet horlaýardy. Ol Selbi barada Bibigülüň aýdan sözlerine her näçe üns bermejegem bolsa, onuň garşysyna delilem tapyp bilenokdy. Ýüregi welin, wah, şol heläk edýärdi. Juda heläk edýärdi. Garyp üçin, öz ýanyndan, bir tarapdan dünýäde Selbiden päk, owadan, näzik gyz ýokdy. – Eger Selbi durmuşa çykyp, adamsyndan aýrylyşanam bolsa, men ony bagyşlaýan. – Garybyň heseri möwç aldy. – Selbim, Selbim, Selbim!... Garyp özüne erk edip bilmän, ahyry Selbä hat ýazdy. Emma, nämüçindir, poçta ýaşigine atmady. Ýene ýazdy, ýene atmady. Ýene ýazdy... Sessiýa az wagt galypdy. Garyp dagynyň toparyny on günlük Moskwanyň senagat kärhanalaryna, önümçilige iberdiler. Garyp «Sowet – Fransuz» kiçi kärhanasyna düşdi. «Zarýa» atly bu kärhana Moskwa derýasyna bakyp duran belent ymaratyň aşagynda – podwalynda ýerleşýärdi. Heniz Sowet Soýuzynda hususy eýeçiligiň bu görnüşine rugsat berilmeýärdi. Emma gelip çykyşy rus – fransuz maşgalasyndan bolan, Lýudwig Pankow Iwanowiç Lýonid Iliçiň ýakyn guda garyndaşy-aýalynyň gowy görýän owadan ýigidi. Şonuň üçin Lenid Iliç Merkezi Komiteti bir tarapynda goýup, «Zarýany» açmaga goldaw hem hemaýat beripdi. «Zarýanyň» bir tarapynda N.I.Çernenko – MK-nyň iş dolandyryjysy, Fransiýa tarapyndan Artur J.Eska – tüçjar baý-telekeçi Moskwa tarapyndan Lýudwig Iwanowiç Pankow deň şäriklik edýärdiler. Kärhananyň eýesi – ony esaslandyryjy Artur D.Eska, direktory – Eýesi Pankowdy. Bu hususy härhana SSKP MK-nyň, Syýasy býuronyň agzalary üçin, Leonid Iliçiň maşgala agzalary üçin ýüň, ýüpek, deri egin-eşiklerinini, aýakgaplary, dürli gardiroblary, çulkileri, joraplary, ellikleri öndürýärdi. Emma gardiroblaryň, egin-eşikleriň ählisi diýen ýaly bir ekzemplýardandy. Mundan başga-da MK-nyň iş dolandyryş uprawleniýesiniň buýurmasy boýunça daşy owadan gaýyş bilen gaplanan bloknotlar, kalendarlar, portfeller öndürilýärdi. Peçatlar, ştamplar şu ýerde ýasalýardy. «Basym bu kärhana altyn pullary, medallary, zynjyrlary çykarmagy planlaşdyrýarmyş» diýen gürrüň bardy. Garybyň işe baran güni oňa kärhananyň owadan, kaşaň şahadatnamasyny gowşurdylar. Onuň özünem deri eýleýän stanoga, Kolýa diýilýän daýaw ýigidiň ýanyna berkitdiler. Kolýa üç söz bilýärdi: «A-a-a!», «Da-da-a!», «Elhenç!» – Men litinstitutdan bu ýere praktika geldim. – A-a-a-a! – Adyň näme? – Da, Kolýa. – Işler neneň? – Da, elhenç! Ine, bar bolany. Kolýa aňyrdan transportýor bilen gelýän deri bölegini iki sany demir çelegiň arasyndan geçirip, galypyň içine salýardy-da düwmejigi basyp goýberýärdi. Stanok derini galypa görä kesýärdi. Kolýa ony gapdala aýryp, stanogyň, transpartýoryň üstündäki deri gykyndyklaryny, hapa salynýana salyp goýberip, soň ýene deriniň gelerine garaşýardy. Kolýa Garyba oturgyç hödürledi. Emma Garybyň oturasy gelmedi. Bu kärhana şeýle bir syrly, şeýle bir gizlindi. Özüňden aňyrda, bärde kim işleýär, nähili stanoklarda işlenilýär, Kolýa ony bilmeýärdi. Her kimiň iş ýerine baş girelgeden göni girmelidi. Girmek-çykmak minutma-minut kesgitlidi. Bu ýerde del adam ýokdy. Jaň kakyldy. – Hemmäň mejlis jaýyna, hemmäň, hemmäň... – Bu näme? – A-a! D-a-a! – diýip, Kolýa elini silkdi. Ol ýöri diýen görnüşde başyny atdy. Olar mejlis jaýyna bardylar. – Çaltyrak! Çaltyrak!.. Adamlar eýýäm zaly dolduryp otyrdylar. Lýudwig Pankow diýilýän adam ýerinden turup, öňünde duran stoly ýumruklady. – Adamlar, kim aýlyk berlenok diýip dawa edýär? Kim, tursun ýerinden. – Ol öňe çykyp, iki jübüsini daşyna çöwürdi. – Ine, ine, görüň. Meniň puluman ýok. Puly siz gazanaňyzok. Zakazlary öz wagtynda ýerine ýetireňizok. Meniň endam-janym bergi, ştraf. Şonuň üçin kärhanany üç smena geçirýäs. Kim işlemek islemese, – Pankoň işigi görkezdi. – Hana, işik, gidibersin. Men – baý däl. Men – garyp. Ol öz ýerine baryp oturdy. – Kimde sowal bar? – Ol elini galdyrdy. – Kärhana üç çalşykda işlemäge geçsin, diýýän elini galdyrsyn. Hemmeler elini galdyrdy. – Baryň, işläberiň! – Pankow yzyndan ýagy kowalap gelýän ýaly bolup, ylgap, diýen ýaly gapdalyndaky işige sümüldi. Adamlar ala gowur boluşyp iş ýerlerine bakan ugrady. Kolýanyň keýpi bozulypdy. – Elhenç. – Ol kynlyk bilen bir näçe söz aýtdy. – Aýlyk ýok. Elhenç. Stonok işläp başlady. Garyp bir hepdeläp, şol bir hadysany synlady. Soň şahadatnamasyny yzyna tabşyrdy-da, işden çykdy-da ýaşaýan ýerine gaýtdy. Ol Pankowyň haýynlygyny adamlara edýän zulumyny, onuň adam hökmündäki bolgusyzlygyna haýran galdy. Onuň özi SSSR-däki iň baý adamdy. Şeýle uly kärhananyň ady bilen Ýaponiýa agaç satýardy. Onuň bir ýerlerde karton, faner öndürýän kärhanasy bardy. «Pulum ýok, siz işläňizok!» diýip, müňe golaý işçä görgi baryny görkezýärdi. Olara aýlyklaryny wagtynda bermeýärdi. Zulumly igençler bilen olary gorkuzýardy. Gije-gündizläp ýapyk görnüşde işleýän uly kärhana, onuň ýere-göge sygmaýan girdejisini bu gedemje adama az görünýär Işden çykyp gidenden soň, Garyp bu adamyň ýowuz boluşlary barada oýlanyp gezdi. Ahyr soňunda bir goşgy ýazmagy niýetine düwdi. Lýudwig Pankow Lýudwig Pankow! Eziz dostum, gadyrdan. Ýagdaýyňy gördüm, nebsim agyrýar. Ullakan kärhana, özüňki bary, Gije-gündiz işläp, iýýäň azary. Az, juda ujypsyz getirýän puly. Çykdajyň, harçlaryň girýänden uly. Wah, oň zaryn çekýän, bir, sen görgüli. Gije-gündiz harslar urýaň, gadyrdan, Işçile «aýlyk» diýp burça gabaýar. Sen üstünden geçip, ýyllaň, asyrlaň, Teňňejikleň, tyllajyklaň sanaýaň. Ýöne az, juda az düşünýän saňa, Gedaý men diýp jübülerňi çöwürýäň, Bir teňňäňi berenden, bir adama, «Janym bersem ýagşy bor» diýp öwünýäň. Lýudwig Pankow! Eziz dostum, gadyrdan, Sen şeýle bir garyp, şeýle bir gedaý. Saňa bir şäherlik altyn beripdir, Karuna kyrk şähri paý beren Hudaý Ýeke-täk zawodyň, Sowet ýurdunda, Hususy kärhana «Zarýa» elbetde, Seni söýýänleriň ýeke ýuwdumna, Ýetenok! Eý ony goldaýan ketde. Näme üçin beýdip, Lýudwig Pankowy, Gedaý goýduň, ejiz goýduň, beýle sen. Görgüli bir şäher doly puluna, Näme etsin? Sen oňa ýene-de on zawod bilen, Müňläp-müňläp mugt işçi bermeseň. Ol şeýle bir garyp, şeýle bir ejiz, Ol jübüsin çöwürmese neýlesin. Lýudwig Pankow! Eýleme gaýgy, Zawod işçileri pul ýygnap her gün, Saňa sadaka diýp. Ertjekler bir gün. Şoňa çenli meniň eý, garyp dostum, Ölmejek bol, hemem lebziňde durgun. Işçä aýlyk-hak gerekmi näme, Berme olaň hakyn, öz jübiňe ur. Men başymy egip, tüçjar dünýäňe, Diýän beýik ýurdum, eşretli döwür Goraweri Lýudwig Pankowy. Ol şeýle bir garyp, şeýle bir gedaý, Ony nädip beýle ýaratdyň Hudaý, Basym stependýe alaryn dostum. Şonam saňa berjek, azajyk çydaý. Eý, Lýudwig, Pankow, eý betbagt «Zarýa!» Gaýrat et, ölümiň golaýlap gelýä. Garyp bu goşgyny on-on bäş sapar okady. Işledi, timarlady. Soň bir hepdeläp, ony ýadyndan çykaryp, täzeden gowy işläp, sözme-söz terjime etdi. Inda Mihaýlownanyň terjimesi bilen «Trud» gazetine berdi. «Trud» gazeti goşgyny höwes bilen terjime etdi. Bu goşgynyň çap bolup çykan güni ikinji kursa diňe bäşlik bilen geçen Garyp Aşgabada uçdy. | |
|
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |