19:59 Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy | |
43. Garyp Nuryllaýew üçin studentligiň ikinji ýyly adaty ýagdaýlarda geçdi. Onuň kitaby saklanyp, saklanyp, üçünji kursuň ahyrragyna çap edildi. Kitabynyň signal ekzemplýaryny alan güni Garyp üçin ahyrzaman bir gün boldy. «Ejeň ýogaldy. Gel. Myrry.» Garyp bu telegramany ilki juda sowuk kabul etdi. Kem-kemden welin, depesinden dünýe düňderildi. Ol otagyna girip yzylady. Eje, ej-je! Eje!... Ogulsona eje öljegini bilýärdi. Ol oglunyň Amerikadan, Moskwadan getiren gymmat bahaly sowgatlaryny arassaja ýaglyga düwüp, gapdaljygyna goýup ýatardy. – Oglum, bilip bolmaz, öläýsem, şondan azara galyp gelip ýörmegin. Barybir, ýetişmersiň. Ol ýerdäki işleriňi düzet. Rugsat al, soň arkaýyn gelip, kyrkymy sow-da, aşymy-suwumy ber. Ýöne ýüz günümi bellemegin. Maňa aş ber, soň maňa sadaka gerek däl. Şol ýerde arasaja suwdan bir owurt iç-de: – Ejemiň alyna barsyn! – diý. – Men senden razy bolaryn. Garyp ejesiniň saralyp, solan ýüzüne seredip: – Eje, men seni Moskwa, gerek bolsa Amerika äkideýin, uly, güýçli dogtora görkezeýin. Nesip bolsa, gutularsyň. – diýýärdi. Soň Garybyň damagy doldy. Ol: – Meniň öýlenenimi görmän, agtyk görmän, ölmek namartlyk bolar ahyryn, eje. – diýjek boldy. Emma diýip bilmedi. – Wah, oglum, men öz ýagdaýymy bilýän. Meni gozgama. Ejem ýekeje gün ýaşasyn diýseň, meni gozgama. Men öz ýagdaýymy bilýän diýýän-ä, oglum. Maňa ýagşylyk etjek bolsaň, gozgama meni. Ol ýurtlardan meniň maslygymy getirmek saňa dert bolar. Onuň üstesine «Öýünde ölüp, dulunda süýnmedi» diýen ada galaryn, men. Garyp Aşgabatdan Ankologiýa institutyndan, Inçekesel institutyndan, Iç keselleri ylmy-barlag istitutyndan professorlary ýörite maşyn bilen oba alyp gelipdi. Bu çärä etrap keselhanasynyň işgärleri-de goşulypdylar. Ogulsona daýza keselhana getirilip, rentgen barlagyndan geçirildi. Barladylar, diňlediler. «Inçekesel, brsulýoza keselleri iň soňky stadiýasyna ýetipdir, öýken düýbünden, durşuna diýen ýaly çüýräpdir. Operasiýa etmek düýbünden mümkin däl. Kesel haçan öz sözüni aýtsa, aýdybermelidi. Ýerinden gozgamak bolar. Kesellä ýagdaýyny ýeňilleşdiriji sanjymlardan: pensellin, glýukoza, morfiý, kakorbaksolaza, sanjymlaryny, sançmak peýdaly. Islän naharyny iýip biler, berhiz hökman däl...» Professorlar Garyby tanadylar. Şonuň üçin berjek bolan puluny almajak boldular. Garyp olaryň hersine ýüz manat bilen, ýüz dollar pul berdi. Elinje Aşgabada eltip gaýtdy. Ogulsona daýza oglundan razylygyny aýtdy. – Sen ýigit çykypsyň, men hor bolmadym, oglum. Pula-zada zar etmediň. Han-a bäş müň manat pul bar, bir kilo ýaly gyzyl-şaý, bu gowy egin-eşikler meniň nirede gören zadym. Olary geýmesemem, ölenimde «Ogulsonanyň zady ýok eken, gedaý öldi-dä diýilmez ýaly etdiň. Oglum, senden iki dünýe razydyryn... Garyp etrap keselhanasynda Jemal atly lukman gelni ejesine berkitdirdi. Oňa özi her aýda elli manat berdi. Jemal Ogulsona daýzany öz ejesinden artyk saklady. Naharyny bişirdi, kirini ýuwdy. Gyzgynyny, gan basyşyny günde telim sapar barlap, şoňa görä däri-derman etdi. Garyp her iki günden habarlaşyp, ejesiniň sesini eşidip durdy. Bu gün... Garyp Inda Mihaýlowna jaň etdi. – Ejem ýogalypdyr. Aşgabada gidip barýaryn. – Wah, wah, wah, Garyp jan. Soň ol ýolbaşçysy Alekseý Aleksandrowiçiň öýüne jaň etdi. – Ejem ýogalypdyr, telegramma geldi. Gyssagly gidip barýaryn. Mihaýlow gyssandy. – Garyp «Ak guwlary atmaňy» Döwlet baýragyna hödürlejek bolýarlar. – Soň, soň, häzir meniň ýadyma ol zatlar düşer ýaly däl. Ol trubkany ýerine goýup, gerek goşlaryny Amerikadan satyn alan çemodanyna gapgardy. Puluny jemledi. Soň taksy tutdy-da, aeroporta eňdi. Garyba gijeki samalýota bir bilet berdiler. Myrry telegramany wraçlara tassykladypdyr. Samolýotyň uçmagyna bir sagat wagt bardy. Ol garaşylýan zala geçip, ýaňy dyz epipdi. Inda Mihaýlowna bilen Inga aglaşyp zala girdiler. – Garyp, oglum, mert bol. Inga, Inda Mihaýlowna satyn alan süýji-kökelerini Garybyň gapdalynda goýdylar. – Eliň boş barma. – Ol bir topbak puly uzatdy. – Al, gerek bolar. – Pul ýeterlik bar, sag boluň. Garybyň damagy doldy. – Al, al! – Kitabyň bäş müň manat gonararyny alypdym. Inda Mihaýlowna puly Inga uzatdy. Soň Garybyň elini eline aldy. – Ýurany Aşgabada işe geçiripdirler. Men oňa jaň etdim. Ol seni garşylar, kömek eder. Garyp parhsyz. – Kim Ýura? – Kozlowskiý. Amerikadaky general. Ony yzyna çagyryp, derejesini, wezipesini peseldipdirler. Soňam Türkmenistanyň howpsyzlyk komitetiniň serhet işleri boýunça başlygyň orunbasarlygyna belläpdirler. Saňa erbet bolmaz. Men oňa gowja käýedim. Garyp sesini çykarmasa-da, süňňi birhilije yranyp gitdi. Ugraljak bolanda özüniň salgysyny kagyza ýazyp berdi. – Mihaýlowna, şu salga jaň et. «Garaşyň!» diý, olar düşünerler. Inda Mihaýlowna haty aldy-da, başyny atdy. – Mihaýlowa aýtdyňmy. Näme diýdiň?! Garyp kellesini görkezdi. – Kitabym çykan güni ejem öldi. Meni onuň aýdan zatlary gyzyklandyranok. Mihaýlowna. Biri Garybyň gözümi eli bilen tutdy. Soň Garybyň gözünde ýaşyny duýdy-da, elini aýyrdy. – Garyp, senem obamy? Garyp baş aytdy. Aýbölek elindäki çyga seretdi. – Näme boldy? – Ejem, Aýbölek, ejem ýogalypdyr. Garyp bu sözleri kemiş-kemiş edip aýtdy. Soň aglady. – Dünýäniň ýüzünde ýalňyz galdym, dogan. Köklerim gyryldy. Köküm gyryldy, nädeýin, dogan... Aýbölek Garybyň gamly başyny gujaklap, meýdanly gursagyna basdy. Soň özem titräp-titräp aglady. Bir salymdan registrasyýanyň başlanmagy bulary hasratdan halas etdi. Inda Mihaýlowna bilen Inga Garyby uçuş otagyna çenli ugradanlaryndan soň, hoşlaşyp gaýtdylar. – Ýüzügiň üçin sag bol, Garyp jan! – Aýbölek owadan barmaklarynyň birinde lowurdap duran briliant gaşly, owadan altyn ýüzügine begençli seredip aýtdy. – Gaty gymmat zat eken. Garyp gamly başyny atdy. – Sowgat berlenleriň ählisi – Bibigül, Bibi eje, Selbi, Gulýa, Inda Mihaýlowna, nobatçy aýal hem edil Aýbölek ýaly begendilermikä?! – diýip, Garyp gussa bilen oýlandy. Ýöne, ejesi üçin Aýbölegiň gynanjyny welin duýdy. Ýüzük onuň «Minnetdarlygymy aýtmaga ýetişip bilmän galaýmaýyn» diýen howsalasyndan habar berýärdi. ...Garyp ertesi Gün dogup barýarka öýlerine geldi. Ol işiklerine gelip: – Waý diýeýin, eje jan-eý! – diýip, özüni ejesiniň aýak yzlary galan gadymy topraga taşlady we şol topragy ogşady. Onuň sesine öňem göwni ýarym obanyň ini endiräp gitdi. Ony Myrry ýerinden turuzyp, bagryna basdy. – Goý, Ditjan, goý, ikimizem ýetim galdyk. Öýe goňşular ýygnandy. Şyhym aga geldi. – Garyp jan, yzy ýarasyn. Bibimizem ýalançynyň azabyndan dynyp, çyn dünýäniň köpçüligini gatyşyp-garyşyp gitdi. Hemmämiz üstünde bolduk. Gaty razy boldy, görgüli. – Ölemden soň habar ediň – Jan berenimi görmesin – diýdi. – Şu günem üçüdir, görgüliň. Garyp ýuwundy. Soň obadaşlary bilen oturdy. Il-gün Ogulsona daýzanyň belli günlerini Garyba ýetirmän abraý bilen sowdylar. Adamlar Garyba edil bir okuwçy oglanjyk ýaly garaýardylar. Ony okuwdan gelen talyp oglan hökmünde ezizleýärdiler. Ogulsona daýzanyň ýedisi geçensoň, oňa ahyrky demine çenli sereden lukman gelin – Jemal gelneje onuň ýanyna geldi. – Garyp jan, Ogulsona daýzanyň sargytlary, amanatlary bar. Sen şolary menden al. Ol tanyş düwünçegini, ep-esli puly, bir düzüm açary Garybyň öňünde goýdy. – Ine, bular seniňki. Jemal gelneje hamsykdy. – Garyp jan kyrkyma çenli öýde otursyn. Her anna agşamsy ys çykardyp, «Gurhan» okatsyn – diýdi. – Ýüz günümde aş bersin – diýdi. Eşiklerimiň barysyny ile paýla – diýdi. «Gelnimiň, agtygymyň paýyny» aýryja düwünçege düwüp goýdy. – Kakaň ahyryň ýanynda jaýladyk. – Ýeri mesge ýaly ýumşak düşdi – diýip gürrüňe Myrram goşuldy. – Kyn jan berdimi? – Çaý içeli, gyzym – diýdi. – Bileje çaý içdik. – Maňa bir zatlar gürrüň berjek boldy – Bir: – Garyp jan! – diýdi, yzy bolmady. Ýüzüne seretsem, eýýäm jan beripdir. Edil bir, ölmedik ýaljak bolup, gyşarypjyk, edil bir ak guş ýaly bolupjyk ýatyr. Jemal gelneje hamsykdy. – Eneli-gyz ýaly, öwrenişipdik. Indi maňa rugsat ber, Garyp jan. Işime baraýyn. Kömegiňe sag bol, dogan. Garyp onuň ýüzüne dikanlady. – Jemal gelneje, eger mümkin bolsa, men üçünji kursymy gutaryp gelýänçäm öýde bol. Her aýyňa ýüz elli manat alarsyň. Jemal gelneje başyny razylyk bilen atdy. Garyp ejesiniň kyrkyny sowup, Moskwa dolandy. 44. Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky Edebiýat instituty, SSSR-iň Ýazyjylar soýuzy Garybyň Aşgabatdan gaýdyp gelerine, sabyrsyzlyk bilen garaşýan eken. – Kitap gaty gowy çykypdyr. Ony Soýuz Döwlet baýragyna hödürlemek isleýär. Eger mümkin bolsa Instituta hem uly abraý. Iliň talyplary bu baýragy alyp ýör. Bizem bir synanyşalyň. – diýip, institutyň rektory rektory Garyby ýanyna çagyryp, ejesi üçin oňa çuňňur gynanç bildirdi hemem ony gyssady. – Dokumentleri çaltyrak dolduryň. – Bolýar, ugruna çykdyk diýip, Mihaýlow Garybyň ýüzüne seredip aýtdy. Öýlän ony Nikolaý Tihonow ýanyna çagyrdy. – Garyp jan, sen türkmen şahyry. Şonuň üçin seni Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň Döwlet baýragyna hödürlemegi gerek. Men Berdi Muradowiç bilen gürleşdim. Seniň Aşgabada gidip, Soýuzda munuň bilen baglanyşykly boljak ýygnaga gatnaşmagyň gerek. Nädýär?! Garyp Mihaýlowyň ýüzüne seretdi. –Men gitmäýin ,Nikolaý Nikolaýewiç, men olary tanamok. Meniň türkmençe kitabymam çykanok. Olaram meni kän bir tanap baranok. Onsoň, olar bir zat diýseler, men göwnüme alaryn. Şonuň üçin, meseläni eger bärde çözüp bolsa, şol gowy bolar. Eger mesele çözülmejek bolsa, maňa baýragam gerek däl, sylagam. Ol zatlary bir biderek zat hasap edýän. – Aslynda, gowy ideýa. Goý, Mihaýlowyň gitsin. Agyzlaryny ysgasyn. Bolmasa, Institutyň, Soýuzyň adyndan hödürläýmeli bolar-da. Ýaşuly Garyby gujaklady. – Eje ýaly zat ýokdur. Ýöne seniň ýaly ogly dünýä beren ene hiç wagt ölmez. Ejeňi ölmänkä öldürme. Ony baky ýaşatjak bol. Ölüm näme, ol beýikligiň gutarmagyny kesgitleýän polat serhet däldir. Garyp az-kem köşeşdi. Okuwdan soň otagyna baryp garbandy. Eşiklerini çalşyryp, ýuwunmak, öň geýen eşiklerini ýuwmak üçin taýýarlady. Işik kakyldy. – Gel, Bibigül. Bibigül Garyby gujaklap, aglady. – Yzy ýarasyn. Daýza şeýle bolupdyr. – Şeý diýeweri. Gel, gel, men saňa çaý bereýin. – Kofäň ýokmy? – Kofe-de, çaýam bolar. Bibigül ýylymsyrady. – Ýüzügiň üçinem, sag bol. Gaty gymmat, ýöne gowy zat eken. – Nesip etsin. Uzak ýyllar bagtly bolup, dakyn. – O meýitden-ä belanyň gatysam ýok. Nejis, tök, haramzada. Garyp çaý demläp, ýörşüne: – Adamyňa beýle diýme. Her kim bolanda-da sen oňa durmuşa çykdyň. Ol seniň nikaly adamyň. Abraýyny saklajak bol. Bibigül kofeli çaşkany eline alyp, ondan howlukmaç owutlady. – Şol haramzadanyň hem, heý, abraýy bolarmy?! Edil heleý ýaly, bileni-biteni hapa gybat. – Ol Garyba seretdi. – Seniň kitabyňy Aşgabatda ara alyp maslahatlaşmaly. Şoňa içi ýanýar. «Edişime seret» diýip, ähli tanyşlaryna «Şony geçirmeli däl, özi ýazanok» diýip, spisok bilen jaň etdi, gazananyny telefona berip otyr, ýer çekmiş, meýit. Garyp elini salgady. Bibigül ýylgyrdy. – Men saňa barmaly ekenim, Garyp. – Näme üçin? – Gaty samsyk bolupdyryn. – Garyp geň galdy. – Ýeke özüň, başga öýermeliň, çykarmalyň ýok. Gazanjyň gowy. Zehiniň güýçli. Juda owadan. – Ol kofesinden owurtlady. – Selbi menden kän akylly eken. Bir görenden aşyk bolup, sen diýip, ölüp ýatyr... Garyby tok uran ýaly boldy. – Sen ony biri bilen bulaşdy. Soň birini tapdy. Daýzasynyň ogluna barjak bolup ýör – diýmediňmi Bibigülüň ýüzi dym-gyzyl boldy. – Aý, heleý gepidir-dä, Garyp, menem şu samsyk meýde gaharym gelende, her zat, her zatlary samraberýän. Ýöne, Garyp, dünýäniň ýüzünde Selbi ýaly arassa, adamkärçilikli, gözel, juda wepaly gyz ýokdur. Ol şu baranymda-da seniň sowgat iberen ýüzügiňe seredip, gaty kän aglady. Onuň kakasy Mary obkomynyň birinji sekretary bolupdyr. Garyp aljyrady. – Ah, Bibigül, Bibigül! Sen ol sözleri diýmeli däl ekeniň... Sen meni nähili ýakdyň, ýakdyň, ah, ýandyrdyň, Bibigül!.. * * * Edil şu mahal, Türkmenistanyň ýazyjylar soýuzynda, prawleniýe agzalary Garbyň «Ak guwlary atmaň» atly goşgular kitabyny SSSR-iň Döwlet Baýragyna meselesini ara alyp maslahatlaşýardylar. Ýygnagyň prezidumynda prawleniýäniň başlygy Berdi Kerbabaýew, Moskwadan gelen myhman Mihaýlow hem-de «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Beki Seýtäkow otyrdylar. Maslahat myhmanlara-da düşnüki bolar ýaly, rus dilinde alnyp barylýardy. Mihaýlow, Kerbabaýew meslele barada gysgajyk habar bilen çykyş etdiler. Bu habar bu ýere gelen ýazyjylaryň üstüne, edil bir ot syçran ýaly etdi. Ilki üç adam aralykçyrak çykyş etdi. Sözi Jumanazar Tirkişow aldy. – Berdi aga! – diýip, ol «r» harpyny depeläp aýtdy. – Sen ýazyjylaň başlygy. Soýuzda abraýyň bar. Ýöne, heý, türkmen ýazyjylary barada ýekeje alada etdiňmi?! Diňe öz aldaňy edýäň. Şu oturanlaram ýazyjy ahyryn. Heý, ýekeje sapar Moskwadan adam çagyrdyp, biziň eserlerimizi ýagşy niýet bilen, ara alyp maslahatlaşan ýeriň boldumy. Ony ol diýsek, bu gün ine, ýene bir ile gelmejek zady edip otyrsyň. Hany, indi eliňi gursagyňa goý-da aýt. Bu Nuryllaýew kim? Şu ýazyjylaryň içinde ony tanaýan, onuň kitabyn-a däl, ýekeje goşgusyny türkmençe okany bir barmy?! – Rusçasy gümde Moskwada çykyp dur-a, «Sowet edebiýaty» žurnalynda, «Sowet Türkmenistany», «Edebiýat we sungat» gazetinde çykyp dur-a – diýip, ýazyjylaryň biri oturan ýerinden Jumanazara garşy çykdy. – Rusça çykar. Iň biderek eseri-de gül ýaly edip çykararlar. Meniň diýjek bolýanym, ony türkmen halky tananok. Ony türkmen öz şahyry hasap edenok. Şonuň üçin ony biziň soýuzymyz baýraga hödürläp bilmez. Beýtmäge biziň moral hukugymyzam ýokdur... – Sen öz sözüňi aýt. Biziň, Türkmenistan bilen işiň bolmasyn. – Men garşy! Bu gürrüň ýazyjylary öjükdirdi. Sözi Mämmet Magtymow aldy. – Oglanlar dogry aýdýar. Soýuz näme üçin Meni, Gara Seýitlini, Kerim Gurbannepesi Döwlet baýragyna hödürlänok. Bizem-ä biriçe ýazýas. Mende bir teklip bar. Bir ýer berilýän bolsa, geliň Kerimi hödürläliň. Ýene on adam şol hörpde çykyş etdi. Mihalow oturyp bilmän söz aldy. – Hormatly ýazyjylar, bu ýerde gep kimiň hödürlenýäninde däl, Türkmeniň hödürlenýäninde! Nuryllaýewi siz tanamasaňyzam, men gaty gowy tanaýaryn. Ol on sekiz ýaşyndaky oglanjyk. Dünýä derejesinde zehinli! Ýygra. Utanjaň. goşgularyny türkmençe ýazýar. Türkmençesine baha berip biljek däl. Ýöne sözme-söz terjimesi akylly, zehinli. Ol iňlisçe-de, rusça-da, haýran galmaly gowy ýazýar. Ýöge biz bir gudrat, keramat görmesek, aýry-başga diňe ony öňe tutmazdyk. Bizem, edil siziň ýaly, her kimiň öz aladasy. Ýöne Garyp siziň öz ogluňyz, düşüniň, ertir beýik bir zehin bolup araňyza gelende, utanmasaňyz bolýar. Görüň!.. Kerbabaýew oturan ýerinden söz gatdy. – Ol oglanjyk keselhana düşende, Tihonow, Litinstitutyň rektory, birki sany akademik bolup onuň yzyndan bardyk. Şonda üç sany goşgyny türkmençe, rusça, iňlisçe okap berdi. Şol goşgular henizem gulagymdan gidenok. Örän milli, näzik, pikirler çuň, hem-de juda ter. Ýoldaş Mihaýlow meni bagyşlasyn. Olaryň türkmençesi, rusçasyndan has täsirli. – Berdi Kerbabaýew üsgürinjiredi. – Siz bir zada düşüniň! Ors bir gudrat, juda uly zehin görmese, beýle oda-köze düşmez. Mihaýlow hem ýerinden turdy. – Dogry men Garyb Nurullaýewiň terjimeçileriniň biri. Ýöne onuň goşgusyny doly bahaly bermegiň hem mümkin däldigini boýun alaýyn. Şondan soň Seýidow ýene söz aldy. – Eger Kerimi hödürleseňiz, öz sesimi bereýin. Başga bir ýazyjy ýerinden turdy. – Kulyýewi hödürleseňiz, razy, bolmasa garşy. – Başga bir topbagyň wekili aýtdy. – Kerim, Kerim! – diýip, ýürege düşdüň-äý. Kerimiň nämesi bar?! – Kulyýewde bar-ow, tapdyň keplejek kepiňi. Nämesi bar, Kulyýewiň, bir topar... Iki toparlaýyn dawa başlandy. – Seýtäkowy hödürlemeli! – diýip, başga tarapdan gygyryşdylar. – Derýaýewi hödürlemeli, Derýaýewi! – diýip, başga biri gygyrdy. Prawlenýäniň bu baş-bardak mejlisinden netije çykmady. Iki epeý ýazyjy öňe çykyp uruşdy, ýolmalaşdy. Galanlaram dargap gitdi. Mihaýlowyň keýpsiz, iş bitirmän gaýdyp gelmegini gören Tihonow heziller edip gülüp, kabul etdi. – Hakyky türkmenleri görensiň. Ol gözüni ýaşardyp güldi. – Men otuzynjy ýyllarda Garagumyň Çyryş obasynda bir baýdan bir andikdot eşidipdim. – Dowzahda üç sany äpet gazan gaýnap durmyşyn. Iki gazanyň daşynda şeýtandan ýaňa ýer ýokmuş. Olar gazanlary bulap, ýetişip bilenokmyşlar. Gyradaky gazanyň ýanynda ýekeje şeýtan barmyş-da, olam irkilip otyrmyşyn – diýýär. Bir perişde gelup, şeýtanlardan soraýar. – Näme gaýnadýaňyz beýle, gara dere batyp? – Adam gaýnadýas! – Hol gyrakdaky gazanda-da adam gaýnadylýan ýaly-la?! Näme üçin ony bulaman, gara dere batyp, ýetişip bilmän bu iki gazany bulaýaňyz – diýip, soran. – Bu iki gazanda ermeniler, gruzinler bar, olar biri-birini eginlerine mündirip, gazandan çykarjak bolýarlar. Bu iki gazany şonuň üçin aldygymyza bulaýarys. – Ol gyrakky gazandadaky näme? – Aý, onda türkmenler bar-laý. Ol gazan hezil, ony bulamagam gerek däl, Olaryň biri dagysy ýokary çykjak bolsa, özleri onuň aýagyndan köpläp aşak çekip, gazanyň düýbüne eňterýärler. – diýen. Tihonow ak perişde ýaly ýüzüni gamaşdyrdy. – Tutuş dünýäni alan beýik bir halk. Han-a, indi sähelçe tire bolup, otur, ahyryn. Öz tiresinden başga zady bilenok. Onuň ogly – geniý! Öň Magtymguly – geniý. Ol halk bolsa, ony diş-dyrnak bolup, ykrar etmejek bolýar. Tihonow Litinstituta jaň etdi. – Wladimir Fýodrowiç, hödürlemäni başlaberiň. Getiriberiň, birigün Sekretariat bar. Şoňa goşarys. Bu waka Garybyň sesiýasyny tamamlap, öýe gaýtmaly wagtyna gabat geldi. Garyp iýul aýynyň ahyrynda, dördünji kursa geçip, Garaböwüre gaýtdy. 45. Garyp köplenç öýdedi. Howa juda yssydy. Onuň ýigit köňli Moskwanyň salkynjak gujagyny küýseýärdi. Moskwada bolan üç ýylynda salkyn, sowuk howa öwrenişip gidipdi. Öýde iş ýokdy. Ejesiniň ýüz gününi belläninden soň, onuň Aşgabada gidesi geldi. Başy ýasly bolany üçin, ol Selbiniň yzyndan baryp, ondan habar alyp bilmedi. Indi bolsa ruhy öçüp, ony hiç zat gyzyklandyranokdy. Işdäsi hiç zat alanokdy. Ajyksa-da iýjegini özi bişirinmelidi. Hany oňa bişirip, düşürip, saçaga goýup, «al balam, şujagaziy iýäý» diýip oturan ejesi. Awgust aýynyň aýagyna Garyp uklap ýatydy. Işik şakyrdap, pol sarsyp gitdi. – Ditjan, Ditjan, buşluk,!. Saňa Lenin baýragyny beripdirler! Bu-uş-uşluk-eý!.. Myrry gelip, Garyby ýatan ýertinde gujaklady. – Tur! Me, oka! Myrry «Правда» gazetiniň birinji sahypasyny onuň ýüzüne tutdy. Нуруллаев Гариб. «Не стереляйте белих дебедей». Стихи и поэм. Garyp hezil edip güldi. – Mümkin däl. Myrry geň galdy. – Näme üçin mümkin däl. Hana, aşagynda ýoldaş Brežnýewiň golam dur-a. – Men Döwlet baýragyna hödürlendim ahyryn, dostum. Meniň üçin Lenin baýragy gaty ýokary bolýar-a. Myrry tutuş poly sarsdyryp, böküp-böküp, gelip ýene Garyby gujaklap, ogşady. – Sen Lenin baýragyndanam ýokary, Ditjan! Gaty ýokary. Garyp dogrusyny aýtsaň, gaty begendi. Ol bir-ä Bibigül «»Selbi ýaly gowy, edepli gyz dünýäde ýokdur, Garyp» diýende gaty begenipdi. Birem, edil häzir, şonuň ýaly begendi. * * * ...Garybyň «Ak guwlary atmaň!» atly kitapçasy Döwlet baýragyna hödürlenýän eserleriň arasynda Lenoid Iliç Berežnýewe berilipdi. Leonid Iliç bu kitaby gowy görüp okap, onuň üstünde äýnegini galdyryp işe gidipdi. Adamsy işe gidenden soň Leonid Iliçiň haşamly kabinetine onuň aýaly Wiktoriýa Petrowna hüňürdäp, aýlanyp, başlady. Ol agyr, dolmuş göwresine zor salyp ýarde paýrap ýatan ilikleri çöpleýärdi. ...Lenid Iliçiň bir häsiýeti bardy. Ol juda gyssanmaç adamdy. Işden gelenden soň, onuň iliklerini howlukman açmaga-da karary ýetmän, olary çekişdirip,üzüm-üzüm edäýmesem bardy. Onuň üzüp taşlan iliklerini çöplemek Wiktoriýa Petrowna işdi. Ol Lenid Iliçiň kabinetine girmegi öýden içeri aýala kän bir ynanyp baranokdy. Häzirem, ol ilik gözläp ýörşüne, Leonid Iliçiň äýneginem galdyryp gidendigini gördi. Äýnegi galdyrdy-da, adamsynyň okan kitapçasyna üns berdi. Kitapça gysgajyk goşgular kitabydy. Wiktoriýa Pýotrowna bir goşgyny okady, soň ikinjini, soň tutuş kitaby okady. Ýöne bir ýerde saklandy-da, üç bentden ybaratja goşgyny birnäçe sapar okady Sen bolsaň, dynçlyk bolar, Sen bolsaň Çörek bolar, Sen bolsaň bagt bolar, Şonuň üçin baky ýaşa, mähriban... Seniň keramatly elleriňden öpeýin... Bu goşgyny Wiktoriýa Petrowna aglap okady. Onuň bu haýran galmasy agşam, Leonid Iliç işden geleninden soň, ol bu goşgy barada gürrüň etdi. Onuň sözüni Wiktoriýa Petrowna gözlerini balkyldadyp dowam etdi. – Lýoniýa, tutuş SSSR-de, näçe-näçe müň ýazyjy-şahyr bar. Sen olaryň köpüsini gadyr goýýaň. Emma sen barada şeýle goşgy ýazany barmy. Bujagaz oglanyň özem-ä rus däl. Ol bir türkmenmi, nämemi. Sen ol oglany golda... Lonid Iliç agyr başyny guwanç bilen atdy. Soň ol kabinetine girip, stoluň başyna geçdi. Eline ruçka alyp, «Замесателно! Я с удоволистием предлагаю видвигать Леиинскую премию. Лeонид Брежнев 15 – июль 196...» – diýip ýazdy-da, owadan goluny goýdy...» Garybyň bu ýagdaýdan habary ýokdy. Ony baýrak berilen gününden, on-on bäş gün geçenden soň, Partiýanyň raýon komitetine çagyrdylar. Onuň bilen birinji sekretar gürleşdi. Seni goramak maksady bilen, ýokardan buýruk bar. Sen ýokardan görkezme bolýança, raýondan, obaňdan çykmaly däl. Özleri habar berjekler. Etrap howpsuzlyk bölüminde bolsa, onuň pasportyny, studentlik şahadatnamasyny alyp galdylar. Şondan dört aý geçenden soň Garyp raýkomyň birinji sekretarynyň gapysyny kakdy. Öňki takyr kelle birinjiniň ornunda Oba hojalyk institutynda tanyş bolup, oňa hemaýat eden şol Baýram otyrdy. Baýram Garyp işikden giren badyna tanap, ýerinden turdy. Baryp ony gujaklady. – Gel, Garyp jan, hany gel, geç. Baýram ýerine geçdi. – Birinji bellänlerine bir hepde boldy. Şyhym agadan iki sapar soradym. Ertir öýlän özüm baraýyn diýip oýlanyp otyrdym. Ýöne ägä bolmaly. Töwerek-daşyň ýöne göz bolup durandyr. Garyp Baýram bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Ahyr soňunda näme üçin gelendigini aýtdy. – Meni näme üçin saklaýarlar? Baýram ýerinden turup, işigiň agzyna gelip, ony ýanyna çagyrdy. Soň onuň gulagyna diýen ýaly: – Öz – ýokardan, Anyk aýtmaýyn welin, öz-ä baýrak bilen baglanyşykly. Öz – Syýasy Býronyň tabşyrygymyş. Daýylar (DHK) oda-köze düşýämiş. Mümkin, daşary ýurtlar bilen bir bagly zady bardyr. Men dogrymy aýdýan, hiç zat bilemok, ýöne çaklaýan. Maňa aýdanoklar. – Raýon saklanokmy? – Ýok, raýonam, obkomam saklanok. Ýokardan, şol, goşgy goşan adamyň bolaýmasa. Garybyň boýny buruldy. – Men indi näme etmeli, Baýram?! Baýram elleri, kellesi, gözi bilen öz alaçsyzlygyny baýan etdi. – Meniň saňa ýekeje kömek edip biljek zadym, şu etrabyň içinde mäme iş göwnüňe ýarasa, bereýin. – Ol töweregine garanjaklady. – Şyhym aga habar tutar. Diliňe bek bol. Hiç ýere barma. Zeýrenme. – Sen olara gerek bolmasaň, olary-da isleme. Nämäňe gerek. Azygyňy, harajadyňy özüm oňararyn. Garyp Baýramyň maşynynda Garaböwüre geldi. 46. Garyp gyşyň ahyrynda agyr düýş gördi. ...Ol indi Inda Mihaýlowna bilen däl-de, öz ejesi bilen Otel aganyň huzuryna barypdy. Moşka olary edil öňküsi ýaly barlap, agyzlaryny, üst-başlaryny sarymsak, narpyz ysly suw bilen çaýkady. – On bäş minut! Garyp ejesine haýran galdy. Ol rus dilinde Garybyň ýagdaýlaryny Otel ata gürrüň berdi. «Uly baýrak berdiler, onsoňam «göz tussag etdiler». Stoluň aňyrsynda ada däl-de, ullakan gurçuk otyrdy. Ol gurçuk Otel atanyň sesi bilen gürledi. – Garaböwüri açmaly. Onuň bagty, rowaçlyk Garaböwür bilen. Haçan Garaböwür açylanda, şonda seniň ogluňy älem açar. Häzir ir. Garaböwürde näme işlesin? – Gawun eksin, gutardy. Olar hoşlaşyp çykdylar. Moşka ýene gykylyk etdi. – On bir sekund. On bir!Janyňa haýpyň gelsin. On bir aýyň galdy! Edil şol wagt Honçagül ýüzüni-gözüni oýnadyp, aýdym aýdyp, tans edip, içeri girdi. – Indi ýakyn geldi, Ur-raaa! Juda ýakyn geldi. Ol hapa, kirden ýaňa göm-gök dyrnakly barmaklaryny Garybyň Gözüne sokaýjak boldy. – Ýak-y-y-y-yy-n ge-ee-l-di. Garyp tisginip oýandy. Daşarda gar ýagýardy. Ol ýyly eşiklerini geýinip, saldamlyja ýöräp, Garaböwüre bakan ugrady. Garaböwüriň aýtymy tutuş ak gara beslenipdir. Garaböwür jahan ümsümliginiň iň şirinini saýlap-seçip, süýji ymyzganyp ýatyrdy. Garyp bu gadymy ruhlaryň mazarlygyna aýak basmaga dözmedi-de ak garyň üstünde besse-besse bolup ýatan yzlaryna garady. Yzlar bu galagoply döwürden, baryp-ha uzak geçmişe, Garaböwüriň gadymy ruhuna ogullyk yhlasy bilen, keşdelenilip ýazylan keramatly bir hata meňzeýärdi. Garaböwür bolsa bu haty özüniň wawwaly kalbyna derman edip ýapyp ýatana meňzeýärdi. * * * Şol gün Raýon howpsyzlyk bölümine «...Obýekt Garaböwüre aýlandy. Meger, daşary ýurtlara geçmäge hyýal edýär. Emma, bir sagar beýik depäniň üstünde oturyp, soň yzyna gaýdyp, öýüne girdi...» üç şugul gowuşdy. «Ol raýon merkezine gitdi. Ony birinjiniň maşyny öýüne getirip gitdi...» «...Şyhym başlyk onuň öýüne bir günde üç gezek gelip gitdi.» «Myrry poçtolýon onuň öýüne her gün gazet getirip gidýär. Olar bir sagatlap, öýden çykman oturýarlar...» «...Ol indi üç gün bäri öýünden çykanok.» Diýen aly şugly hasap etmeseň, bu soňky üç aýda bäşinji şuguldy. * * * Garyp ýene-de goşgy ýazyp başlady. Onuň goşgulary Ene, bahar, Garaböwür baradady. 47. Ýaz geldi. Garyp öýe sygmaýardy. Ol Garaböwürden gelenokdy. Garaböwür ony özüne bendi edipdi. Ol ilerki baýra belent baýra çykyp, ýaz gyrtyçlaryndan dokalan ýorgany üstüne ýapynyp, bu seleň sährany, synlaý-synlaý, bir ýagdaýy göz öňüne getirdi. Bu meýdan dört bölege bölünýärdi. Gündogar tarap, bäş gekdara golaý golaý meýdandy. Ol ýer çöketdi. Onuň sitatdel bolan bolmagy ahmal. Günbatary, tekiz giden belentlikdi. Özem daşlak ýerdi. – Ol ýer kerwansaraýa meňzeýär. Depe gapdaly howly-howly bolup, daragyň kesim-kesim dişleri ýalydy. – Bu ýer begzadalaryň, goşun başlyklaryň, ýokary gatlagyň mülki bolmaly. Sumbara tarap uzalyp gidýän ýerler ýalazydy. Daşlakdy. Ýöne daşlary beýle bir iri däldi. – Ol ýer garyp-gasarlaryň söwdagärleriň kwartaly bolmaly. Ol «Sitadeldir» diýip, güman eden ýerlerine aýlandy. Bu meýdan küpürsäp ýatan boz meýdandy. Ömrüne ekin garasyny görene meňzemeýärdi. Bu ýeriň amatly tarapy, ol gündogardaky, mundan iki ýarym kilometr uzaklykdaky skwažina golaýdy. Şondan bu ýere suw çekip, ekin ekseň boljakdy. Garyp ýap çekäýmeli ýerleri çen bilen bellik etdi, ölçedi. Özüniň ekin ekäýsem diýen ýerlerini ädim urup, ölçedi. Ol ýer dört ýary gektara golaýrakdy. – Öz-agyrrak welin, Zyýany ýok. Garyp agşam Şyhym aga jaň etdi. – Bir maslahat bar, geläýseňiz. Şyhymaga giçlik, garaňky mazaly gatyşansoň geldi. – Garyp jan, sag-aman otyrmyň. Ol içerä göz aýlady. – Oglanlara tabşyrypdym. Göz – gulak bolýarlar dälmi? Geliň, Şyhym aga, menem size dert bolýan. – Boluber, köşek. Sen dert däl-de dermansyň. Ýöne, gaýrat et-de, özüňi berme. Garyp çaý bilen iki tabak çekdirme getirdi. Ýaşula ýassyk taşlady. – Bir haýyşym bar. – Aýdyň, Şyhym aga. – Şyhym agany der basdy. Ol jübüsinden elýaglygyny çykaryp, etlek ýüzüniň drini çaldy. – Meni hojalygyňa işe al. – Ine-ine, munyň erbet maslahat däl. Aýdyber. Garyp niýetini orta dökdi. Şyhym aga bagryny ýassyga berdi. – Garaböwüriň gündogar bölegini ber diýýäň-ä. – Bereýin. – Hawa. – Näme etjek? – Gawun ekjek. Şyhym aga oýa batdy. – Suw kyn-da, köşek! Ýogsa... Gary gyzdy. Ol niýeti puja çykyp barýan ýaly, howlukdy. – Sähel ýokarrakda skwažina bar-a. Şondan ýaby özüm çekeýin. Şyhym aga oýlandy. – Gaty uzak-da. Ol skwažinanyň suwam gaty azdyr. Seniň diýýän ýeriňe ýetmez ol. Arasynda-da iki sany baýyr bar. Ýumruk ýaljak suwy şol baýyrlardan geçirjek bolsaň, şonda iş bar! – Ol başga ýagdaýy salgy berdi. – Hyýalyň gawun ekmek diýelidälmi?! Gowy, mes, suwly ýerden bereýin. – Ol ellerini serdi. – Kösenmek nämä gerek. Garyp başyny ýaýkady. – Diňe Garaböwür! – Bor-da, oýlanaýyn. Şondan köp wagt geçmänkä, Garyp skwažinadan günbatarlygyna, Garaböwüre tarap, ýap gazyp başlady. Ýabyň çuňlugy bir metr, giňligi ýarym metrdi. Ol birinji gün ýigirimi bäş ädim, ikinji gün on sekiz ädim, üçünji gün gün kyrk ädim ýap gazdy. Işläp ýörkä Myrry onuň yzyndan geldi. Ýöne onuň pili ýokdy. Ertesi, ol eli pilli geldi. Olar ýabyň gitmeli ugruny ýazdylar-da belletdiler. Şondan soň, bir günde ýüz ädim, jemi ýüz segsen sekiz ädim, dört güne paýlanyňda her gün ýigrimi iki ädim ýap gazdylar. – Beýle gitsek ýabymyzy tomsa çenli gazyp bolarys. – diýip, Myrry güldi. Ýöne ol dözmedi. Ertir bilen Garyp bilen gelip, agşama çenli işlän günlerem boldy. Ýap mart aýynyň birine taýýar boldy. Indi iş Şyhym aga baglydy. Ol gelip ýaby synlady. – O-ha!Gül ýaly bolupdyr. Ýabyňdan yzgar galman geçer. Ol bloknotyna bir zatlar belledi. – Ertir ýere traktor salarys. Skwažinany işlederis. Bir hepdäniň dowamynda ýer sürüldi. Suw goýberildi. Indi ýer taba gelensoň, joýa çekip, gawuny ekibermelidi. Garybyň işi hasam ýeňilleşdi. Şyhym aga joýalaram gündogardan günbatara tarap, traktor bilen çekip berdi. Üç-dört maşyn ders getirtdi. Gawun, mekge, kädi, künji, noýba tohumlaryny berdi. Mart aýynyň on bäşi güni Garyp ýyly süýde ýatyrylan tohumlar gämikläp, ekip boldy. Her ekilen ýere ölje, owulyp, elenen ders dökdi. Mes ýer, suwarylyp, taba getirilen toprak, süýtde şinelän gämik edil, bäş günde parlap çykdy. Mazaly, şol günler howa-da juda hoştap boldy. Myrry Garyba sakçy kepbesini berkden tutup, gurmaga kömek berdi. Obadan agaç, tagta, birküç sany uly faner getirdiler. Çatmanyň daşyna desse-desse hyşalary çüý, sim, kendir ýäp bilen berkidip, edil köşk ýaly sakçy kepbe gurdular. Onuň öwünde iki adam arkaýyn ýatar ýaly belent seki gurdular. Sekiniň üstüne hyşşa basyp, onuň üstüni samanly suwag bilen bilen galyň suwadylar. – Ine, bu sekiniň aşagynda gawun-garpyz, kädi goýarsyň – diýip, Myrry az-kem güne ýanyp, gyzaran derli ýüzüniň derini sylyp durşuna ýatdy. Öýden iki sany keçe, ýorgan-düşek ýassyk bedre, tüňçe, gap-gaç, çäýnek-käse, gazança, ýag-gowurma duz, otluçöp getirdiler. Sumbaryň gyrasyndaky tokaýdan, ojakda ýakar ýaly odun-çöp getirdiler. – Gawun ýetişiberse, Ditjanym, menem seniň ýanyňa göçüp gelerin – diýip, Myrry gözügidijilik bilen, ýuwduna-ýuwduna aýdy. Emma özi şondan soň üç günläp gara bermedi. Üçünji gün öýlän gara dere batyp, tigirine bir garyn gowurma bilen bir saçak çöregi, bir torba ýumurtgany ýükläp geldi. – Ditjan, özümizi horlamaly. Ýaşaýyş, güýç agyzdan girýändir. Iýeli, içeli, bagtly ýaşaly, goý, duşmanlarymyzyň içi ýansyn. Iki dost seleň sähranyň gujagynda, rahat oturyp, çaý-nahar edindiler. – Ditjan, näme kän, hojalygyň garažynda azot, superfosfat dökünleri kän. Ekine şolardan sepeli, soň gowy suwaraly. Garyp: – Howlukmaly! – diýip aýtdy. Kyrk günden, eýýäm, tüwelekler saralyp başlady. Ellinji gün diýlende, Şyhym aga teläre geldi. – Garyp jan, nädýär? – Kyrk günlükler ýetişdi, Şyhym aga. Üç maşyn dagy boljak. Şolary ýygaly, soň olary obada, raýon merkezinde, Aşgabatda satdyryber. Şyhym aga ekerançylyga aýlanyp, hem begendi, hemem ünjä batdy. Ol sakçy çatmasyna gelip, ýassyga gyşaryp, çaý içip oturyşyna dogrusyndan geldi. – Garyp jan, dogrusyny aýtsam, bu işiňden zat çykar öýdemokdym. Tüweleme: «Oýnap ekseň, boýnap biter» bolupdyr. Ýöne munça hasyly nädip ýerläli? Şol aladasy bar munuň. – Ony alda etme. Ilki bilen-ä obadaky her öýe bir maşyn, bir maşyn gawun düşüreli. Soňam, her gün bir maşyny äkit-de döküber. Soňam iki maşyny ýükläp iber satmaga beýleki etraplara. Hem puluň bolar hem planyň, hem-de şöhratyň bolar! Şondan soň, tä okuwçylaryň tomus kanikuly tamamlanýança, on sany oglan bu bakjadan çykmady. Gawun bolsady ekilen ýaly bitdi. Sentýabr düşdi. Bakja çolardy. Soňky günlerde gawuna kirpi degip başlady. Garyp bakjany basdyryp suwardy. Indi gawuna çelýän kirpileriň ýoly belli boljakdy. Myrry goşasyny alyp geldi. Ol çüýşelerden nyşana edip, öz mergenliginy barlady. Soň Garybyň özi gije kirpileriň geçjek ýoluny garawullap ýatdy. Emma ol her gije ýatyp galýardy. ...Garyp, Güýz säherinde nämäniňdir bir zadyň şyg-şygyna tisginip oýandy. Daňa galan äpet bir okly kirpi öz ýoly bilen ýorgalap, tikenlerini şyg-şyg etdirip, gaçyp barýardy. Garyp, ol oklukirpiden çenäp, atdy. Ol tüpeňiň tüssesiniň arasynda oklukirpiniň tikenlerini edil tawus guşuň perlerini ýaýyşy ýaly ýaýradýandygyny gördi. Ol tüpeňden peşeňi çykarýança, oklukirpi ganyny seçelendirip, ters ugra, biýaralyga bakan, janhowluna gaçdy. Ol Bu adamyň turup, özüne bakan gaýdanyny görübem, üç-dört biýara geçip, täze emele gelen darajyk tokurtga dyzaý-dyzaý sümüldi-de gitdi. Garyp bu ýerde tokurtganyň açylandygyny görmändi. Ol tutulan suwuň beýle çalt siňişine haýranam galypdy. Bu ýerleriň joýalarynda ýeke damja-da suw ýokdy. Diýmek, tokurtganyň aňyrysy uly bolsa-da bolar. Garyp çatma girip, pilini alyp gelip, okly kirpiniň giren tokurtgany gazmaga durdy. Tokurtganyň düýbi çuňa meňzeýärdi. Garyp ýumşak, yzgarly ýeri adam boýy gazdy. Kirpiniň sürenini düýbi görnen ýaly boldy. Ol tokurtganyň düýbüniň barha giňelip, uly sürene goşulýandygyny gördi. Ol: «Gel, bir salym çaý içip, soň gazaýynam» bir diýdi. Emma, gyzygyp, ýene bir adam boýy çukur gazdy. Süreniň düýbi görnen ýaly boldy. Dogup gelýän Günüň nuruna, süreniň her ýerinde, her ýerinde buldurap, ýagtyny yzyna gaýtaryp duran yzgarmy, ýa başga bir zadamy, gözi düşüp, gözi düşüp, saklandy-da, şol buldurap duran zady eline aldy. Ol buldurap duran zat – altyn teňňe bolup çykdy. – Hummyka?! – Garyp, indi has gyzygyp daljygyp gazyp ugrady. Birdenem süreniň üsti bilen, dik aşaklygyna süýnüp, ep-esli gidip bir salymdan gaty ýere gütüläp düşenini duýup galdy-da, agzyny açyp, haýran bolup galdy. Ýeriň aşagy gaty giň we uly galereýady. Onda altynly küýzeleriň sany-sajagy ýokdy. Ýokardan, bir ýerlerden düşýän Gün şöhlejigi, çaşyp ýatan altyn apbasylara düşüp, tutuş galereýany ýagtylandyrýardy. Hälki kirpi bolsa adam boýy küýzeleriň arasynda çaşyp ýatan tylla teňňeleriň içinde busulyp, hysyr-hysyr edip gorkup, titräp ýatyrdy. Garyp bu galareýadaky altyn gorunyň aňyrsynyň-bärisiniň ýoklugyny duýdy. «Ine, dünýä şalarynyň, zabun imperatorlaryň arzuw eden beýik hazynasy! – Eý, adamzat, Garaböwüriň altyny ýere siňmändir! Ol – ine! Ol – bar!... Ol küýzeleri sanady. Ol segseninji küýzä ýetende bir zat üstünden şarp edip atylyp geçdi. – Kepjebaş! – Garybyň zähresi ýaryldy. Ol egilip, bir gysym teňňe alyp, kepjebaşa zarp bilen zyňdy. Soň jübülerini teňňeden dolduryp, piline daýanyp, süýrene-süýrene zordanjyk daşyna çykdy. Gidip ullakan kir ýuwulýan köne tasy – kir ýuwulýany alyp, sapyna ýüp dakyp, ýene-de aşak düşdi. Ol bu sapar altyn humlary sanamakçy boldy. Emma başarmady. Olar çenden kändi. Humlaryň aňyrsy görünmeýärdi. Burçda aşak gidýän basgançak bardy. Aşakda-da altynly humlar, dag ýaly-dag ýaly edilip basylan altyn kerpiçler, altynly humlar görünýärdi... Kir ýuwulýany teňňeden doly ýarym edip, ony ýokary alyp çykdy. Bu altyn teňňeler, gör näçe müň ýyllyklardan soň Günüň ýagtysyny ilkinji gezek görýärdi. Garyp ikindä çenli iş edinip, süreni, soň hokurtgany, soň hazyna barýan inelgäni gaty berk gömdi. Depeläp-depeläp, üstüne selin, syrkyn basyşdyrdy. Indi ol ýerde bu asyrda sürenmi, ýa hokurtga bolana meňzemeýärdi. Garyp kir ýuwulýanyň üstüne köneje keçe bölegini atyp, onuň üstüne hamyr ýaýylýan tagtajygy, gowurmaly garyny, soň çörekli saçagy goýdy. Diňe şondan soň, çaý gaýnadyp, gowurdak eredip, üstüne sogany, pomidory boldan dograp naharlandy. Okuwçylaryň okuwynyň başlanmagy bilen, çolaran bakjadan zamçanyň, bişen waharmany, beýleki ysly gawunlaryň ysy gelýärdi. Günbatardan gelýän mymyk şemala ýüzüni tutup, çatmanyň kölegesinde ýassyga gyşaryp ýatan Garyby ýeňiljek pikirler gyssaýardy. – Hazyna barada kime aýtmaly?! Maňa zulum eden adamlar bu beýik älemiň iň beýik hazynasyna zulum etmezlermi?! Men olara näme ýamanlyk etdim. – Ýok, men häzirlikçe hazynanyň syryny juda gizlin saklamaly! Ol kir ýuwulýanyň gyrasyna elini sokup, bir gysym teňňe alyp, keçäniň üstüne pytyradyp, altyn teňňeleriň täsin sesine gulak asdy. Teňňeleriň ýüzünde çyzyklar, ok-ýaý suraty, dogup gelýän Günüň şuglaly şekli bardy. – Ýok, hazynany ynjytmaly däl. Öz wagty geler. Şonda bu hazyna-da açylar. Men bu hazynany göremogam, bilemogam. Ol elindäki teňňeleri kirýuwlana taşlap goýberdi. – Şunam almaly däl ekenim. Bular meniň nämäme gerek. Aňyrdan, bakja tarap gelýän iki maşyn göründi. Garyp düşnüksiz halda begendi. | |
|
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |