20:02 Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy | |
48. Bakjanyň gyrasyndaky ýodadan, maşyndan düşüp, gawunçylygyň içi bilen özüne tarap gelýän iki adamy Garyp tanamady. Ol ikindä çenli, gawun ýygyp, iki maşyny mas ýükläp, ýadapdy. Howa yssydy. Häzir onuň ýerinden turasy gelenokdy. Şonuň üçin ol aýagyny ýere sallap, sekiniň gyrasynda oturyşyna, Güne seretdi. Gelýänler golaýa gelende, ýerinden turdy. Birdenem tisginip gitdi. – Ýok, hawa... – Ol bir yzyna, birem öňüne seretdi-de, gözüne urlan ýaly bolup, öňe, gelýänlere bakan okdurylyp gitdi. Demi-demine ýetmänem: – Inda Mihaý-ýlow-wna-a-a! – diýip, Garaböwüri tisgindirip gygyrdy. – Inda Mihaýlowna, doro-oga-a-ý-a-a-a!.. Ol baryp, daljygyp, aglap gelýän gartaşan rus aýalyny gujaklap, güne ýanan derli, şor ýaňagyndan gaýta-gaýta ogşady. – Inda Mihaýlowna! Ýaşuly aýal demi-demine ýetmän aglaýardy, hem-de samraýardy. – O Garyb! Boži moý! Boži Gar... Gar... Garyb, Garyb! O božži... Garyp Inda Mihaýlownany gujagyndan goýberdi. Indi bu aýalyň özi Garyby gujaklap goýberenokdy. – Garyb. Syn moý, Radnoý, moý. Garyb... Garyp Inda Mihaýlownany çatmanyň içine ýazylan düşegiň üstüne geçirdi. Oňa basyrylgy çaýyndan bir käse guýup berdi. – Gel, Inda Mihaýlowna, Moskwany ýatlap bir käsejik çaý içeli! Garyp saža gowurma atyp heýgenek taýýarlady. Sogany, pomidory, bolgar burçy, duzy ýeterlik heýgenegi Inda Mihaýlowna halady. Kemi galman bişen zamça, waharman kesdi. – Bu ýer gaty gowy ýer eken oglum. – diýip, Inda Mihaýlowna Garybyň kesewä dönen synasyna, kirläp giden üst-başyna dözmezçilik bilen seredip, aýtdy-da aglady. – Wah, seni nädäýipdirler, oglum. Seni nädäýipdirler, o bože!.. Suratçy Zelenko diýen ýumşak, ýygra oglan bolup çykdy. Ol Garyby sekiniň üstünde otyrka, teläre söýenip duran ýerinde, Inda Mihaýlowna bilen çatmanyň içinde gürleşip, çaý içip otyrkalar, Çatma söýeni durka, çöp-çalam ýakyp, çaý gaýnadyp durka surata düşürdi. Soň garbanyp, gawunçylygy bakan gitdi. – Nähili, Mihaýlowna? Sen nädip bu ýerlere düşüp ýörsüň?! – Inga saňa köp salam aýdy. Ol Rerhiň çagyrmagy boýunça, Hindistana gitdi. Gepleşdim, seniň ýagdaýlaryň barada maglumat soraýar. Ol ýaşly gözlerini süpürdi. – Maňa Lenin baýragyny nireden berip ýörler, Mihaýlowna?! Inda Mihaýlowna bolan wakany düşündirdi. – Seni näme üçin bu ýerde göz tussagy edip saklaýandyklaryna düşünýäňmi? – Wah, men şoňa düşünemok-da. Meniň günäm näme, men şoňa düşünemok-da! Meniň günäm näme, şoňa düşünemok men. Hiç kim aýdanok, Mihaýlowna! Inda Mihaýlownanyň ýaşly gözleri ýalpyldap gitdi. – Saňa Nobel baýragyny berdiler, Garyp jan! Buşluk, oglum! Saňa Nobel baýragy berildi... – Nobel baýragy?! – Näme üçin? Inda Mihaýlowna torbasyndan «Ak guwlary atmanyň» iňlisçe kitabyny çykardy. – Ine, şunuň üçin! – Onsoň, olar baýragy beren bolsa, meni indi bu ýerde näme üçin saklaýarlar? – Oglum, me, kitaby oka, onsoň düşünersiň. – Ol gyssandy. – Men gideýin. Hojalyk ýolbaşçysy maňa diňe on bäş minutjyk wagt berdi. Dünýä seni gözleýär. Baýrak seni gözleýär. Juda uly baýlyk, abraý at seni ýer sermäp gözleýär... Garyp tütäp bişdi. – Inda Mihaýlowna, maňa baýragam, pulam gerek däl. Men baryndan geçýän. Maňa diňe okamak, Moskwa, Institut zerur gerek. Men baryndan geçýän, maňa kömek ediň, Mihaýlowna! Meniň adymdan Syýasy Býura: «Men ötünç soraýaryn, baýraklardan ýüz dönderýärin» diýip, hat ýazyp iberiň. Meni öz erkime goýbersinler. Meni öz obamda göz tussagy etmesinler. Inda Mihaýlowna gözlerini alardyp: – Ýok, baýraklardan ýüz döndermek bolmaz. Pulam gerek. Baýlyk hökman gerek. At, şan-şöhrat hem gerek. Garyp töre geçip, köne tasyň üstüne ýapylan köne keçe bölegini bir gapdala syrdy. – Ine, baýlyk, ine pul, Mihaýlowna! Men muny näme edeýin?! Inda Mihaýlowna tas özünden gidipdi. Daşryda, bir ýerlerde nämäniňdir bir zatlaryň yşgyna düşüp surat alyp ýören fotohabarça, tutuş töweregine howsalaly garady. – Garyp jan, bu hazyna näme? Garyp kir ýuwulýandan birküç goşawuç teňňäni alyp, Inda Mihaýlownanyň etegine jogurdadyp guýdy. – Me, buşlugyň üçin! Ol ýene, ýene, ýene guýdy. – Geleniň, ähli goldawyň, mähribanlygyň, dünýäde barlygyň üçin. Me, bary seniňki! – Ýo-ok, ýo-ok, Garyp, dur, besdir!.. Garyp, Inda Mihaýlowna berjegini berensoň, köne kir ýuwlanyň üstüne ýene-de, hälki keçe bölegini atyp goýberdi. – Men indi bulary näme edeýin – diýip, Inda Mihaýlowna aljyraňňy halda aýtdy. – Nätseňiz, şeýdiň! – Gerek bolsa, ýene alyň. Maňa onuň gerek ýeri ýok. Inda Mihaýlowna boýnuna daňynan gülli ýaglygyny çözüp, özlerine tarap gelýän suratçy duýaýmasyn diýen howsalaly ätiýaç bilen ep-esli teňňeli düwünçegi seresaplyja ýygnap, ýaglygyna düwüp, torbasyna saldy. – Biz gideli, oglum. – Bize gawun ber-dä – diýip, Zelenko dabara bilen sorady. – Garyp olara iň gowy gawunlardan bir topbak ýygyp, olaryň öňüne üýşürdi. – Ine, gawun, näçe göterip bilseňiz, alyberiň! – diýip, gussa bilen aýdy. Soň çatmasynyň kölegesine gelip, maşynlara bakan gidip barýan iki adama garap, teläriniň ýanynda gugaryp galdy. Ýöne, bagtyna, Myrrynyň agyr tigirini boýnundan asyp, görgä galyp gelýänini gördi. Garyp oňa bakan ylgady. – Myrry jan, gel dostum. Myrry gara dere batyp gelşine: – Dost jan, Allajan çapsyn, saňa bir zad-a bolupdyr. Ýaman begenýäň. – Saňa bir buşluk habarym bar. Garyp Myrryny makullady. Soň öz begenjini buşlady. – Dostuňa-da, Nobel baýragyny beripdirler. Nobel baýragyny! Myrrynyň öz aladasy başyndan agdykdy. Şonuň üçin ol Garybyň aýdanlaryna aň etmedi – Ditjan, Bibigül, adamsyndan aýrylyşyp, öýlerine gelipdir. Aşgabatdan geldigim olara ejemi gudaçylyga iberjek... Garyp Inda Mihaýlownanyň özüne beren hälki kitabyny Myrra berdi. – Ine, şu kitap üçin maňa Nobel baýragyny beripdirler! Myrry iňlis dilindäki kitaby, hiç zat düşünmän, agdaryşdyran boldy. – Hä, Lenin baýragy näme?! – Lenin baýragam, Nobel baýragam, ikisi-de berilipdir. Myrry begendi-de, egnindäki tigirini gapdala taşlap goýberdi-de, gapdalynda duran Garyby gujaklady. Onuň ýüzüne ähli tüýkürjigini çyrşap ogşady. – Ditjan, gel nahar-çaý bilen muny bir gowy ýuwaly. – Ol gözüni ýumup, başyny ýaýkady. – Wah, sen içeňok-da, ýogsa, häzir ýarym litriň tüýs bir gerek ýeri eken-dä! – Soň, dostum, soň. Olar gün batýança çaý içdiler, nahar iýdiler, gawun kesdiler. – Ditjanym, men hoşlaşmaga geldim. – Hä? – Garyp üşerildi. – Men Aşgabada kyrk günlük okuwa barýan. Şu gün, seniň telefonyňy haçan işledýäňiz – diýip, aragatnaşykçylaryň ýanyna bardym. Olar: – Hiç haçan! – diýdiler. – Ýokardan gaty berk görkezme barmyş, seniň üçin, men gaty gorkýan, dostum. – Aý, gorkma, dost. Ýöne sag-aman gidip, sag-aman gel. Ýöne ýüregim juda gaty gysýar. Men gerekli halyma, bu görgüli dünýä gerek bolman galdym-da. Myry naýynjarlyk bilen başyny ýaýkady. – Ditjan, Ditjan, men başda aýdandyryn. Seniň duşmanyň Brežnew, Türkmenistanyň birinjisi, Soýuzyň başlygy! Olar gaty güýçli duşmandyr. Olardan gork. Ahyr soňy şolar seniň başyňy iýerler. – Ah, dost, olar kimmişin. Meniň Hudaýym bar-a. Men olardanam beter Taňra gerekdirin. Ol Meni ezizläp-ezizläp, öz ýanyna alar welin, maňa onsoň hiçisem ne el, ne dil ýetirip biler... Meni öldürseler, hol depäniň üstünde jaýlagyn. Üstüme-de uçup barýarka içinden ýaý geçip ýaralanan ak guwly ýadygärlik gurdurgyn. Soňam: «Ak guwlary atmaň, soň bir gün bizem, Ak guw bolup gelsek atmazlar ýaly...» diýip, iki setir goşgymy ýazdyrgyn. Myrry güldi. – Heniz on sekizem ýaşamankaň, ölüm bilen oýun etme, Ditjan. Hana, şol mawy asman, ho-ol gara daglar dursa, dünýäde türkmen dursa, sen durarsyň! – Seniň ol diýýäniň dogry bolmagy mümkin, eziz dostum. Ýöne meniň fiziki ömrüm, eddil, şu gün gutardy, eziz dostum. Men indi – Ol belent depäniň üstüne elini uzatdy – Şo-ol ýerde bolmaly! Myrry aglady. Garyby gujaklady – Sag bol, dostum. Sag bol. Dünýäde maňa düşünýän, ýalňyz sen bolup galdyň. Garyp altyn teňňeli köneje kir ýuwulýanyň üstündäki keçäni sypyryp, Myrrynyň öňünde goýdy. – Me, dost, näçe alsaň, al. Soň galanyny gömjek. Myrry aňňalyp galdy. – Bu, bu, bu Haz... Hazyna... hazyna nirede?.. – Al! Al!.. Myrry poçtolýon torbasyna iki goşawuç teňňäni gorka-gorka atdy. – Meniň üçinem iki goşawuç guý. Ýok, hany, dur. Garyp Myrrynyň ullakan torbasyndak gazetleri, hat-kagyzlary çykardy-da torbany altyn teňňeden doldurdy. – Al, hözirini gör. – Galanyny näme etjek. – Gömjek! – Hany, özüň näme? Garyp depäni görkezdi. – Men indi şol ýerde bolmaly! Myrry aglady-da, Garyby gujaklap, horkuldap aglady. Soň yzyna garaman, tigiriniň şahyndan tutup, agyr torbasyny egnine alyp, ýegşerilip, gitdi. 49. Garyp juda ýalňyzdy. Onuň çatmasyna-da, öýüne-de gelýän-gidýän ýokdy. Ol Moskwany, tanyşlaryny gaty küýseýärdi Güýzüň ilkinji günleri, güýzügen ot-çöpleri, Günbatardan öwüsýän näzik şemal ony her sagatda geçen günlere alyp gaçýardy. Ol şu gysga ömrüniň soňky üç ýylynda ykbalynda gabat gelip, goldan, söýen, söýget bolan adamlary süýjülik bilen ýatlaýardy. – Ah, eje janym-eý, bu garabagt ogly, taşlap, nirä gitdiň, käbäm! Ol ejesi barada iň süýji ýatlamalary serinden, duýgusyndan geçirip, soň birdenem Selbini ýatlady. Oňa Selbiniň mähribanlygy juda kerem-keramatly görünýärdi. Eger, häzir Garybyň goşa ganaty bar bolsady, diňe Selbiniň didaryna bakan uçup-uçup barardy. Ganatlarym gyrdylar, Selbim! Ýanyňa baryp bilmedim. Didelerim oýdular, Selbim, Didaryň görüp bilmedim. Ýüregim göz-göz ýaradyr, Selbim, Saňa dil berip bilmedim. Täleýim garadyr, Selbim, Ezizim diýip bilmedim. Wah, seni söýüp bilmedim... Garyp soň Bibi gelnejäni ýatlady. – Ah, Bibi gelnejem! Seniň maňa eden ýagşylyklaryňy bir gaýtarsadym. Garyp Bibi gelnejäni ýatlanda hökman onuň gyzy Olýa bilen bolan ýakymsyz wakanyň üstünden barýardy. Şol Babajanyň Garyby uran güni agşamara Olýa onuň otagyna gelipdi. Onuň Garypda, edil bir kasty bar ýalydy. – Sen haram ýer çeken, ýaňy adamlaryň ýanynda meni masgara etdiň. Ine, şuny oka-da, ählisini derrew töle. Özem, häziriň özünde ählisini töle. Onsoň, göreris kimiň kime bergisiniň bardygyn. Garyp Olýanyň uzadan kagyzyny aldy-da Olýanyň ýüzüne haýran galma bilen, aňkarylyp galdy. Olýa ol kagyzyna ejesiniň beren kurkasyndan başlap, bir düzüm burçuň bahasyna çenli ýazypdyr. Sanaw 53 sanydy. Gazan, saç, çemçe, tarelka, dürtgüç, saçak, ýeňsiz, ýüň jorap... Aý, garaz, onuň Bibi gelnejelerde ýatan gijelerine, iýen naharyna, içen çaýyna çenli pula öwrüp, baha kesipdir. – Jemi 450 manat! Garyp Aksananyň ýanynda gaty utanypdy. – Bolýar! – diýip, ol gaty utanyp, burç ýaly gyzaran ýüzüni sypjakladyp aýtdy. Soň ýatylýan otaga girip çykdy. – Me, bäş ýüz manat, ýöne... Olýa Garybyň elinden ýüzlükleri kakyp aldy. – Ýüzüňi babaly görsün! Haram meýit. Ol işikden dazyrdap çykyp gitdi. Şondan soň Garyp Aşgabada geleninde Bibi ejäni görmäge bardy. Işik ýapykdy. Ol işigi kakdy. Penjireden Mämmet aganyň ýüzi göründi. – Näme gerek? – diýip, ol işigi açman Garyba ümledi. – Men Bibi eje bilen bir salamlaşaýyn – diýip geldim. Mämmet aga ýüzüni çytdy. – Ýok, ol gitdi! – diýen manyda elini demirgazyga salgady. Şol pursat onuň gapdlyndan sary saçly ýaş aýal hem Garyba seretdi-de, soň gaýra çekildi. Ýöne olar işigi açmadylar. Garyp Bibi ejä getiren sowgatlaryny näme etjegini bilmän daşky derwezäniň ýanynda bir salym aýak çekdi. Herne, onuň bagtyna, Gulýanyň aňyrdan gelýäni görünäýdi. Onuň ýanynda bir ýigit bardy. Gulýa Garyp bilen salamlaşdy. Garyp onuň ýanyndaky ýigide elini uzadanda, ony tok uran ýaly boldy. Ol bu uzyn ýigidi tanady. Ol birwagt wokzalda Garybyň kurtkasyny aljak bolan iki ýigidiň biridi. – Tanyş bol, Arzik! – diýip, Gulýa buýsançly ýylgyrdy. – Halaşýan oglanym! – Biz gaty tanyş! – diýip, Garyp gaharly aýtdy. – Me, şulary Bibi gelnejä getirdim. Menden salam aýt. Garyp üçin, şeýdip, Bibi gelnejeler sahnasy ýapylypdy. 50. Ýakynda, Honçagülüň ogly Durdy gullukdan gelipdi. Ol bir gün Garyparyň öýüne geldi. – Sen meniň çagalyk dostum bolaňsoň, seniň ýanyňa geldim. Maňa basyr-bussursyz, dogryňy aýt. Bibigül nähili maşgala. Men şoňa öýlenjek. Garyp Durdynyň daýanykly synasyna, ejesine meňzäp duran syrly, owadan gözlerine ak, elek ýüzüne seretdi. – Onuň adamsam bolmaly. – Men onuň bilen Moskwadan tä Aşgabada gelýänçä gürleşip geldim. Ol Moskwada birine durmuşa çykypdyr. Oňuşmandyr. «Içýär, aýala ýaramaýar» diýdi. Men ony öňem gowy görýärdim. Oňa-da meniň ýaly biri gerek. Şol bolsa, maňa gyz gerek däl. Onuň özem: «Men – gyz. Ol meýit ýanyma gelmedi» diýdi. Garyp bu täzelige geň galdy. Ýöne Myrry, onuň yhlasy ýadyna düşüp, gynandy. – Sen näme, Bibigüli bileňokmy? On ýyl bile okadyg-a. Adam ýalňyşman bolmaz. Alsaň, oňarýaň. Ýöne men bir zat diýmäýin. Özüň çöz, Durdy... Durdy ýerinden turdy. – Maňa seniň şu sözüň gerek. Onuň özem: «Garyp meniň Moskwadaky ýagdaýymy gowy bilýändir!» – diýdi. Onda men gudaçylyga adam iberiberjek. – Men oňa kän belet däl, Durdy. Özüň gör. Gepleşen bolsaňyz, dilleşen bolsaňyz, men näme diýip bilerin. Üç-dört gün geçensoň, Durdy ýene geldi. Ol gije, adam aýagy ýygnanýança, Garyp bilen çaý başynda, gürleşip oturdy. – Bibigül salam aýtdy – diýip, ýerinden turup, gaýtjak bolanda aýtdy. – Nesip bolsa, geljek şenbe, toý! Durdy Garybyň ýüzüne seredip, agyr oýurgandy. Garyp oňa karz pul gerekdir öýtdi. – Näme, Durdy? – diýip sorady. Durdy egnini gysdy. – Birigün daga, toý üçin oduna gidýäs. Toý üçin bir maşyn odun gerek. Adammyz azyrak. – Ol ýene boýnuny burdy. – Kime aýtsak, işim bar – diýýäýär. Sen, gaýrat edip, gidip bilmezmikäň. Garyp oýlandy. – Näme gitmän. Wah, meniň islän zadym şo-da! Durdy begenip, gelip, ony gujaklady. – Sagja bol, dost jan, toýuňda gaýtsyn. – Durdy halymsyrady. – Şu ejemiň dili gursun. Näme gepleýänin bilmän, bütin obany bize duşman edip goýupdyr. Adamlar mendenem ýüzüni sowýar. Sag bol onda, geljek şenbe daňdan sagat dörtdir... Garyp begenip, düşegine geçdi. – Häk, daglar şu wagt juda owadandyr. Käkilikler saýraşmasy janyňy alyp barýandyr. Itburun gyzarandyr... * * * Inda Mihaýlowna gelip gidenden soň, bir aý töweregidi. Ertir oduna gidilmeli gije işik kakyldy. Garyp süýji ukusyndan oýandy. – Kimsiň? Garyp jogaba garaşman işigi açdy. – Çyrany ýakma. Garyp. Bu men – Baýram! Garyp hem begendi hem geň galdy. – Adymy tutma, gel, gürrüň bar. Olar şol ýerde çommaldylar. Baýram gussaly, gaharly gürledi. – Garyp «daýylar» seniň üçin edil oda-köze düşüp durlar. Bir gaty erbet zadyň alamat-a bar. Olar maňa-da aýdanoklar. Men ýöne ysyrganyp gördüm. Gijelerine, seniň obadaşlaryňy edaralaryna çagyrýarmyşlar. Öz-ä gowulygyň alamat-a däl. Sen barada öz-ä. Galanyna özüň düşüniber. Gaty gizlinmiş, bu bir! Ikinjisi, Sen Selbä hat ýaz. Onam maňa gowşur... Baýram Garybyň eline bukja gowşurdy. – Şu haty oka. Özüň düşünersiň. Üçünjiden, hiç ýere gitme, gitme! Toýa-da gitme, ýasa-da gitme, myhmançylyga-da gitme. Hiç kim bilen gaharlanyşma. Hiç kim bilen gürleşme, gürleşme. Garybyň ýadyna Durda beren söz düşdi. Daga oduna gitmek meselesi düşdi, öýne ol Baýrama hiç zat diýmedi. Men ony Baýrama aýdyp durmaýyn. «Adam lebizden, koý bogazybdan...» diýipdirler. Toý boljagy çyn. Toýa odun getirmelidigi çyn. Durdy maňa ýalan sözlemez... Baýram, edil oda gelen ýaly bolup çaltam yzyna dolandy. Ol bir köneje maşyn bilen gelen eken. Garyp ony ugradyp, içeri girip çyrany ýakdy. Ol Selbiniň hatyny tanady. Bukjany açyp, dik duran ýerinden haty okady. «Salam Baýram! Sag gurgunmysyňyz? Başlyklyk bilen öwrenişýärmisiňiz? Baýram, gaýrat ediň. Baýram, dogan, men Garyby hiç tapyp bilemok. Moskwa yzyndan üç sapar gitdim. Öýlerine baryp ejesiniň ýanynda ençe gün ýaşadym. Gaty gowy ejesi bar eken. Hat goýdum. Ol neresse her sapar yzymdan gelende, men ýok bolýan. Gahary gelýändir. Ýöne men Garypsyz, indi ýeke sagadam ýaşap biljek däl. Baýram! Garyp – Aýym – Günüm! – Sen düşün, Baýram. Men ony öz ömrümden müň, million esse artyk görýän. Ejesi ýogalypdyr. Oňa häzir men gerek. Ýöne ony men nireden tapaýyn. Sen şony sakla. Moskwa gitdim, ol obada diýdiler. Men-ä barsam, olam ýene gitse, men ýekşenbe güni barjak. Sag bol, dogan. Gaýrat edip, meniň şu ýekşenbede gelýänimi Garyba ýetir. Hudaý şu sapar bir ýolumyzy aýra salmasyn. Salam bilen, Selbi». Garyp hatdaky aý-gün hasabyndan çen tutdy. – Nesip bolsa, birigün gelýär, Selbim. Ol haty bagryna basyp, tä daňdan Durdy gelip oýarýança, irkilmedi. – Selbim, görüşýänçäk, mähribanym. Garyp geýindi, agşamdan taýýarlap goýan paltasyny, azygyny aldy. Haty jübüsine salyp, uçup diýen ýaly daş çykdy. ...Garyp häzir başynda nä günleriň bardygyny bilmeýärdi. Agşam Baýram oňa «Hiç ýere gitme. Seniň obadaşlaryňy gijeden gije çagyrýarlar, diýende, mamlady. Ýöne, näme gürrüň edýänlerini bilemok» diýende, ol ýalan sözleýärdi. Türkmenistanyň Howpsuzlyk guramasynyň başlygynyň Serhet işleri boýunça orunbasary polkownik Ýuriý Kozlowskiniň hut özi ony ýanyna, Aşgabada çagyryp, ony Moskwadan SSSR-iň Howpsyzlyk komitetinden gelen gaty gizlin çözgüt bilen tanyş edipdi. Ol hatyň daşyndan hem, Garyp Nuryllaýewiň amerikan razwetkasynyň juda howply agentidigini, daşary ýurtlaryň SSSR-i, ýoldaş Brežnýewi, Syýasy býuronyň agzalaryny, SSKP-ni Garybyň ýazan wejera kitabyna Nobel baýragyny beren bolup, indem ony SSSR-iň garşysyny ulanjak bolýandyklaryny, özüniňem muňa kepil bolup durýandygyny üsti-üstüne goşup, Garybyň hem daşary ýurda gaçyp gitjek bolýandygyny, oňa gaty gizlinlik bilen taýýarlyk görýändigini, şonuň üçin tutuş ýurt üçin gaty howply bu adamdan juda ägä bolmalydygyny ýanjap-ýanjap, Baýramy ýagşy ynandyrypdy. Häzir oňa tutuş obanyň gözegçilik edýändiginem duýdurypdy. Kozlowskiniň ABŞ-da bolan bir waka üçin Garyby örän ýigrenýändigini, Baýrama aýtmandy. O hut Garyp sebäpli daşary ýurtdaky düşewüntli, abraýly işinden harby derejelerinden polkowniklige çenli düşürilip, temmi hökmünde Türkmenistana geçirileninden, bu yssy, bişow ýurta indi itiň art aýagyndan suw içýändiginden Baýramyň habary ýokdy. Ol öz aryny Garydan almak üçin, gije-gündiz diýmän iş görýärdi. Ol bu işe, Garybyň synpdaşlary Hutdyny, Duryny, onuň kakasyny, obadaşlaryny çekipdi. Olar bu işi berjaý etmegi ilik-düwme öwrenipdiler. Bu iş hut Kozlowskiniň ýolbaşçylygynda, hut, şu gün berjaý edilmelidi. Bu günki maşynly oduna gaýtmaklyk, Garyp üçin ömrüniň säheri boldy. Ol çagalyk döwri gezen belent daglaryny, owadan depelerini hezil edip synlady. Käkilikleriň täsin saýraşmasy onuň dünýäsini çaýkady. Ol maşynyň üstünde ertir on dokuz ýaşynyň dolýandygyny ýatlady. Şonda ol Selbiniň hut, näme üçin ertir, ýekşenbe gününi saýlandygyny düşündi. Maşynyň üstünde Durdy, Hutdy, ýene-de üç sany jahyl, megerem, ýa esger, ýa esgerlikden ýaňy boşan, eşikleri özlerine halpaň bolup duran oglanlar bardy. Olaryň hem gözi töweregindedi. Maşynyň sesinden başga, hiç kimden ses çykanokdy. Garybyň salamyny hiç kim almady. Hutdy ýüzüni sowýardy. Garyp Selbini ýatlady. – Selbim, gelýärmiň?! – diýip, ol pyşyrdap aýtdy. Wagtdan öňe gidip, boljak şirinden näzik duşuşygy ýatlamak islemedi. Gaýta wagtyň yzyna gidip, özüne ýagşylyk eden, özünüň şu günlere, Selbi bilen bagtly döwran sürjek günlerine ýetmegine hemaýat eden adamlary ýene bir sapar ýatlady. Ejesiniň mydama, ýüzüni bileli bäri, hesretden, gussadan dolup duran gözlerini ýatlady. Hutdynyň tälim öredenini, Durdynyň köwşüni dözmeýişini, Aşgabada sowuk, garly günde ýyrtyk köwüşli baryşyny, Selbiniň, Akgülüň, Şasenemiň, Baýramyň gadyrdanlygyny birin-birin ýatlady. Bibigülüň «kirli, ýetimçe, ýer çeken» diýip hüňürdeýşi gulagynda ýaňlandy... «Meniň ýanyma gelýänçäň, bar, köwşüňi oňar, meýit...» Garyp gapdaldaky gara daglara garap, ýylgyrdy. Inda Mihaýlownany, Aleksandr Alekseýewiç Mihaýlowy Pimenowy, student ýoldaşlaryny ýeke-ýekeden göz öňüne getirdi. Nikolaý Tihonoňyň pygamberlik sahawatyny, Resul Gamzatowyň, Twardowskiniň guýma-gursak agraslygyny, akademik Fedorowyň sahawatlylygyny, Otes Andreýiň gazaplylygyny Aksananyň näzijekligini, özüne çenelen pyçagy öz bagryna sünçdüren Şura daýzany Babajany, eziz Şyhym agany ýekän-ýekän ýatlady. Olaryň ählisine Taňrydan uzak ýaş diledi. Onuň ýadyna Nýu-Ýork, Iwanow bilen Kozlowskiý düşdi. Olardan sag-aman sypanyna şükür edip, begendi. – Nesip bolsa, Selbim bilen toý tutsam, baryny toýumyza çagyraryn. Baryndan, baryndan razy men. – Düşmeli! – Maşyn saklandy. Eýran döwleti bilen SSSR atly beýik imperiýanyň arasyny bölýän bu serhet juda sada göründi. Belent-belent pürslere çüýlenen iki sany tikenekli sim diýäýmeseň, başga bir üýtgeşik zat ýokdy. – Pasportlaryňyzy ýygnap, maňa beriň. Häliden kabinada oturan daýaw, murtly adamy Garyp birhilije tanyş görse-de, tanamady. – Hany seniň pasportyň? – Meniň pasportymy komitetdäkiler alyp galypdylar. – diýip, Garyp zastawanyň naçalnigine jogap berdi. Durdy, Hutdy, kabinada oturan adam, zastawanyň naçalnigi zastawanyň kontoryna girdiler. Durdy yzyna gelip, maşyna çykdy-da, goşhaltasyndan iki çüýşe arak alyp, olaryň hersini bir eline alyp, ýene yzyna gitdi... Ýarym sagatlar töwerginden olar yzyna iki sany awtomatly ýaş esgeri tirkäp, gaýdyp geldiler-de, maşyna mündüler. Serhediň agaç derwezeleri açylan badyna, ýük maşyny Eýran döwletine bakan uly şakyrdy, tot-tozan turuzyp, urpak gumly ýol bilen tüwdürilip gitdi. Maşyn öwrümlije deräniň kerkawlyja kertine burnuny diräp, saklandy. – Aňyrsy, Eýran! Şu ýerden ýygyň oduny – diýip, eli awtomatly esgerleriň biri gygyrdy. – Aňyrlygyna gitmek bolanok!.. – Bu derede näçe ýygsaň kerkaw bardy. – Sähel salymdan deräniň içinden palta sesleri goh turzup başlady. Hutdy deräniň eňregindäki kerkaw düýbüniň daşyna geçdi. Onuň urşy çaltdy, daýawdy. Gary paltasyny bir gyrada goýup, oglanlaryň çapýan kerkawyny maşynyň ýanyna daşaýardy. Sähel salymdan maşynyň golaýyna ep-esli kerkaw üýşdi. – Garyp, gel, meniň çapan odunlaryny maşynyň ýanyna daşa, soň bir çaý içeliň – diýip, Hutdy, Bibigülüňkä meňzäp duran derli, ak ýüzüni sypjakladyp aýtdy. Garyp Hutdynyň çapan odunlaryny düşelgä daşamak niýeti bilen, derä dyrmaşyp başlady. Onuň aýagynyň astyndan syçran ownuk daşlar şakyrdap başlady. Garyp deräniň üstüne çykyp, ýaňy birki ädim ädenden: – Stoý! Gaçma! Dur! – diýip, kimdir biriniň aýylgançdan elhenç, jynssyz sesi tutuş töweregi tisgindirip gitdi. – Soňam, awtomatyň elhenç tatyrdysy bu sese ziňk edip, yzyna öwüriljek bolan Garybyň kükregine çekip çydardan juda agyr ýalynly gülleler petir bolup bezeldi. – Garyp Hutdynyň eline niredendir bir ýerlerden düşen awtomatdan özüne bakan ot saçylýandygyny görüp galdy. Ýöne nämäniň nämedigine düşünmän, kükreginden zogdurylyp gaýdýan ýyly gana barmaklaryny boýan Garyp, janhowluna erbet büküldi-de üýşüp duran odunyň üstüne düňderilip gaýtdy. Ol samanyň çym-pytyrak bolan ýaşyl syrçasyny, aşakda gara tumşugyny açyp duran äpet ýüpek gurçugynyň «Boldy! Boldy!» «Gutardy!» diýip heşelle kakýan Honçagülüň, ejesiniň peträp duran gamly gözlerinini gördi-de, şol ýüpek gurçugynyň guýy ýaly garaňky, gap-gara damagyna taýyp gitdi... * * * Şol gije Garyby atmaga gatnaşanlaryň Düýşüne bir keremli gudrat girdi-de ýowuzlyk bilen älemi sarsdyryp: – Siz ony näme üçin öldürdiňiz. Ol Allanyň umytlarynyň ak guwy dälmidi? – diýip – jogap sorady. Ol jogap soranlaryň ählisiniň demi takga çykdy. 51. Gadymy Garaböwüriň düýbünde bir wagt dikilen, indi ýagyşa-ýagmyra, yssa-sowga dargap galan sakçy çatmasynyň ilersindäki belent baýra dört sany adam haýaljakdan dyrmaşyp barýardy. Yssy howa, ýaşy bir çene baran aýalyň güne derlän bişen ýüzi, agyr haşlamasy onuň agyr ýürek agyrsyndan ejir çekýändigini duýduryp durdy. Ýöne olaryň erjellik bilen ýokary dyrmaşmasy, gyzyklanma döredýärdi. Aşakda bir toplumjyk goýun bakyp ýören oglanjyk olara bakan ýüwürdi-de, birdenem kürtdürip durdy. Bu ýat, geologmy, biologmy, gezendemi näme diýjeklerini bilmän, kime meňzetjeklerini bilip bolmaýan adamlar baýryň üstündäki üsti ýadygärliklije gubyryň başyna çökdüler. Bu şol, on alty ýaşyndan dünýäni haýran galdyran şo-ol Garbyň mazarydy. Ol gadymy Garaböwürde, pessaý akýan Sumbar çaýyna. Ilerki gara daglara sessiz-üýnsiz garap, bu eziz topragy bagryna basyp, älem ümsümligine garylyp ýatyrdy. Ýer ýumruklap: «Garyb!» «Garb Garyb jan!» – diýip bagyryplar eňreýän aýal bolsa, belli rus terjimesi Industriýa Mihaýlowna Kazlowskaýady. Onuň gapdalynda gözüne ýaş aýlap oturanlar är-aýal Rerihlerdi. Olaryň gapdalyndaky juda näzikden owadan zenan Ingady. Rerih bir gapdalda gözlerini jikgerdip, geň galyp oturan oglanjyga ýaşly gözleri bilen seretdi. – Oglum, hany, bäri gel. Hany sen aýt! Bu kimiň mazary? Oglanjyk: – Garypmy, nämemi ady! – diýdi. – Bir tentegräk adam eken-läý – diýdi. – Eýrana gaçjak bolanda serhetçi esgerler atanmyşmy. – Ol barada başga zat bileňizokmy? – Ýok-laý, hiç kimem bilenog-a. – Wah, beýikleriň ykbaly hemişe şeýle bolýandyr! Olar öz halkyny dünýäniň depesine çykarýarlar. Öz halky bolsa ony tanamaýaram tanamak islemeýärem... Inda Mihaýlowna eňredi. – On sekiz ýaşynda garyp, biçäre bolup ölen oglum. Men seniň ejeň bolup aglaýyn, uýaň bolup aglaýyn. – Goja Rerih jübüsinden sap altyn harplar bilen ýazylyp, elli dile terjime edilen «Ak guwlary atmaň!» kitabyny çykardy-da mazaryň başujunda goýdy. Soňam, yzyna garaman baýyrdan, belent düşüp gitdi. Hawa, Garaböwüriň ilersindäki belent baýryň üstünde bir mazar ýer bagyrtlap ýatyr. Kimdir bir öwrenje skluptoryň ýasan, böwründen geçen ak guw mazaryň üstüne asyl-asyl bolup ýatyr. Onuň aşagynda bu ýerde ýatanyň ady hemem doglan ýyly: Garyp Nurullaýew. Nobel hem-de Lenin baýraklarynyň laureaty, şahyr. (1948-1965) diýilip, gazylyp ýazylypdyr. Onuň aşagyna-da: Ak guwlary atmaň, soň bir gün bizem, Ak guw bolup gelsek, atmazlar ýaly...» – diýlip ýazylypdyr. Garaböwüriň seleň şemaly, şol ýazgyny ogşap-ogşap, soň onuň manysyny, näzik ruhuny alyslardan alyslara alyp gidipdir, alyp gidip dur. Soňam: – Adamlar! Eziz adamlar. Ak guwlary atmaň! Atmaň, atmaň – diýip tutuş älemiň dilinde pyşyrdap ýören ýaly!.. Baýramaly sanatorisi, oktýabr, 2004 ý. | |
|
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |