09:57 Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy | |
22. Moskwa!.. Garyby Moskwada geň galdyran ýeke zat boldy. Ol ýigrimi bäşinji iýulda Aşgabatdan ýeňsiz köýneklije gaýdypdy. Aşgabadyň aeroportynda yssydan ýaňa buglanyp, hammamdan hem beterräk ýerden üç-dört sagatlap uçup, dişiň-dişiňe degirmän, galpyldadyp, uçuryp barýan salkynlygyň gujagyna gelip düşüpdi. Adamlar Moskwanyň bu ýagdaýyndan habarly eken. Her kim palto, gulakçyn geýip samolýotdan düşdi. Emma Garybyň diňe penjegi bardy. Olam çemodandady. Çemodan bolsa samolýotyň bagažyndady. Garyp näme-de bolsa, çydady. Ýene, aeroportyň içi ýyly eken. Ýaş ýigidiň jany gönenäýdi. «Eger bilip bolmaz, bir ýalňyşlyk bolup, Babajan bilen duşuşyp bilmeseň, onda taksi tut. «Moskwa, Gersen – Dobralýubow – 9/11» – diý. Islendik taksa on manat berseň, elter. Şol ýerde Litinstitutyň umumy ýaşaýyş jaýy, myhmanhanasy bardyr. Seniň otagyň bäşinji etaž, bäş ýüz on sekizdir... Garyp şol ýaşuly ýazyjynyň sesini eşitdi. Olýa-da: – Biz-ä gyz bolsagam, ýeke özümiz taksi tutup, umumy ýaşaýyş jaýyna gidip ýörüs. Moskwa hezil-ä... Ol ýüküni alyp, gapdala çekilenden, garaýagyzdan daýaw, buýra saçly owadan ýigit onuň golundan ýumşajyk tutdy. – Salam, sag-aman geldiňmi? Garybyň dünýesi giňäp gitdi. – Salowmaleýkim. Ol ýigit çemodana ýapyşdy. – Men – Babajan! Berdi Myradowiç jaň etdi. Sen – Garyp dälmi?! – Hawa. – Üşemediň gerek? – Ýok-la! – Garyp dogrusyny aýtmady. – Ýöne, Moskwa gaty sowuk eken. Olar ýüklerini göterip, aeroportyň daşyna çykyp, nobata durdular. Sähel salymdan täzeje taksi gelip durdy. Babajan maşynyň yzyny açdyryp, ýükleri şoňa goýdurdy-da ilki özi mündi. Soňra Garyby mündirdi. – Näçe ýaşyňda? – diýip, ol Garyby gaty ýaş görüp sorady. – On ýedi! Gaty ýaş ekeniň. Onsoň Aşgabat nähili? Berdi Myradowiç nähili? – Hemmesi ýeke-ýekeden elimi gysyp, Size salam iberdi. Berdi aga:Basym menem barjak» diýdi. Bir ýaşuly ýazyjy bar-a, ikinji kabinetde, hemişe «Kazbek» çilimini supalap oturan, şolam aýratyn salam aýtdy. Babajan hezil edip güldi. – Ol Aşyr Nazardyr, ýazyjy! Aý, gowy adamdyr-a. – Näbileýin. Babajan ekabyr gepledi. – Hemmesi gowy! Saňa obşejitden gowy otag berdile. Ýekeje özüň ýaşarsyň. 518-nji otag. Gowy otagdyr! – Ol Garybyň ýüzüne garady. – Goşgularyňy okadyňmy?! Garyp başyny atdy. – Diňe birini – «Правда»-ny okadym. – Gowja goşgular. Men türkmençesinem okadym. «Sowet Türkmenistany», «Edebiýat we sungat», «Ýaş kommunist» gazetlerinde-de rusçadan terjimesi çykypdyr. Öz goşgularyň gowy. Terjimesi beýle gowy çykmandyr. – diýdi. Düýnem «Ogonýokda», «Literaturkada» bardy. Ol Garybyň ýüzüne buýsançly garady. Garyp bolsa, bu habara begenenokdam. Babajan oňa geň galdy. – Sen, özüň nireden? – Garaböwür obasyndan. Babajan ýylgyrdy. – Marydanmykaň öýdüpdim. Ol tä Moskwa çenli sesini çykarmady. – Saňa ýyljak eşik gerek bolar. – Kurtkam-a bar. – Gowy botinka, kelläňe papak. Almaly borsuň. Ellik, şarf, sagat... – Garyp görünme. Maňa aýtdylar, garypja, ýetim oglanjyk diýip, SSSR Lit, fondy kömek etjek diýdi. Oňat, ýyljak eşikler al. Moskwanyň sowgy gaty erbetdir. Bir agyr syrkawlasaň, kyn açylýaň. Syrkawlamajak bol. Bu ýeriň gyşynyň gözläp ýöreni seniň ýaly hor, ejizje adam. Gowy, ýyljak geýinmeli, gowy işmeli! Garyp aeroportda gatyja üşänsoň, Babajan bilen doly ylalaşdy. – Dogry, gaty sowuk eken, ýöne hiç kim seniň ýaly edip aýtmady. Aýtsalar hem, belki ynanmazdym. Taksi bir sagat töwerekleri gidensoň, iki köçäniň çatyrygyndaky, ýedi gat owadan jaýyň şüňünde saklandy. – Ine Litinstitutyň umumy ýaşaýyş jaýy, aşaky bölegi, myhmanhana! Babajan şofýor bilen hasaplaşdy-da, ýükleri alyşdyrdy. Ol ullakan çemodan ýaly edilip, daşyna odeal dolanan, ýüp bilen pugta daňylan goşy galdyrdy-da – Beý, ýaman agyr-laý – diýip, saklandy – Munuň içinde näme bar-aý?! – diýdi. Garyp hem geň galdy. – Men-ä bilemok, näme salanlaryny. – Näme, seniňki dälmi? Garyp sakyndy. – Bibi gelnejemiň düwen goşy-da! Babajan gara der bolup, içeri daşady. Ol birinji gatdaky otaglaryň birine girip, ep-esli eglendi. Içerden ýaş, owadan rus zenany açarlaryny şaňňyrdadyp, çykdy. – Bäş ýüz on sekiz! Babajan goşlary «lift» diýlip ýazylan jaýjagaza saldy-da, Garyba garap «gir» diýdi. Ol jaý durşy bilen ýokary göterildi. Işik açyldy. – Bäş ýüz on sekiziň bir gowy zady, ol aşhana, hajathana otagyna ýakynrak. Ýogsa, çaý gaýnatsaň, alyp gelýänçäň sowap galýar-a. Olaryň hersi birki goşy göterdi. Rus zenany işigi açdy. Atajan otagy synlady-da, otagdan razy boldy. – Ýekeje özüň bir aý ýaşa. Okuwa gireňsoň, görübereris. – Ol ýaş aýala garady. – Kimiň otagy? Kim ýaşady? Ol zenen açarlaryny howada şyňňyrdadyp, elini howada tegeledi. – Sakallak, uly kelleli çişik bar-a. Ukrainadan. – Möjekmi, ýolbarsmy?! Babajan başyny atdy. – Kplan! Kaplan Dima. – Wot, on. Babajan Garybyň egnine kakdy. – Gowja ýerleş. Ine, meniň telefonym. Men SSSR-iň Ýazyjylar soýuzynda işleýändirin. «Geldi!», «Garşyladym!», «Ýerleşdirdim!» – diýip goja aýdaryn. Onda, näme, sag bolmyşak! Garyp Babajanyň gitjegine gynandy. – Babajan aga, gel, bileje çaý içeli! – Näme getirdiň? – Külçe, gowurma, mürepbe, böwürsleniňki! – O-o! Ertir günortan gelerin. Sen gowja ýerleş. Zatlaryňy tertipleşdirip goý. Ol koridora çykdy. – Ýöri, kuhnýany görkezeýin. Olar kuhnýa aýlandylar. Üç sany gaz peç goýlupdyr. Hersiniň gapdalynda gara turba sömelip dur. – Gazy ýakyp bir bilýaňmi? – Ýok. Babajan oňa gazy ýakmany öwretdi. – Hany, indi özüňem ýak! Gorkma. Garyp ýakdy. – Babajan aga, ýaňkyja münüp – düşen tamjagazymyzyň düzgünjigini öwretsen-e, maňa. Babajan oňa «lift» diýilýändigini, müneniňde, düşeniňde nähili işletmelidigini ýagşy öwretdi. Garybyň indi, birnäçe gün bäri «nähili bolarka?» diýip, pikirini-zikirini baglap ýören işleri berjaý boldy. Ol sag-aman Moskwa geldi, Institutyň umumy-ýaşaýyş jaýynda ýagşy ýerleşdi. Oňa berlen otagda bir stol, arkasy belent, iki oturgyç krowat, diwan hem-de uly şkaf durdy. Şkafyň içinde bäş-alty sany geýim asylýan bardy. Işige golaý ýerde-de iki sany tumboçka goýlupdyr. Garyp işigi içinden gulplady-da stoly gyra çekdi. Soňra Bibi gelnejäniň beren goşlaryny açyp başlady. Täzeje keçe, ýassyk, klýonka, demir hem-de çaý demlenýän çäýnek. Iki käse, iki tarelka. Pyçak, çarşak, saç, kiçiräk gazan. Duz, burç, gant salynýan gapjagazlar. Başga bir gapda bolsa iki kilogram ýaly sogan, kartoşka, duz, bir çüýşe pagta ýagy. Iküç kilo tüwi, hem-de iki kilo ýaly ökde kesilen unaş. Bir düzüm gyzyl burç bardy. Ýene-de towşan derisinden ýeňsiz possun, hem-de daşyna «Olýanyňky» diýlip ýazylan uly düwünçek bardy. Ondan başga-da, badam, hoz, maňzy, bir banka bal, iki sany tamdyr çöregi, elektrik peç bardy. Garyp possunjygy egnine geýdi. Onuň kijijek jübüjigini barlady. Bir zat şygyrt edip, eline geldi. – Beh, öz ýigrimi bäşligim! Garyp Bibi gelnejäniň eliniň yssysy degen bu zatlary görüp, birden, edil, bokurdagy hyk edip doldy. – Taňry ýalkasyn! – diýip, ol gözlerini balkyldadyp aýtdy. Soň onuň garyplygy, ýetimligi, alaçsyzlygy birin-birin gözüniň öňünden geçdi. Gözleriniň ýaşy edil bir monjuk ýaly bolup, paýrap gitdi. – Senem bir ejem bolduň, Bibi eje, Taňry ýalkasyn!... Işik kakyldy. Ol işigi açdy. Hälki owadan zenan koridorda duran ýerinden: – Sizi telefona çagyrýarlar! – diýdi. – Gapyňyzy gulplaň! Garyp aşak gata düşüp, telefony aldy. Trubkada aýal sesi eşidildi. – Garyp, men – Olýa, Aşgabatdan! Ejem «Sag-aman bardymyka» sora! – diýýär. Garybyň sesi agyly çykdy. – Hawa! – Näçinji otag? Garyp, näme, aglaýaňmy?! – Bäş ýüz on sekiz! – Garyp aglaýardy. – Näme? Garşylamadylarmy? Näme bolýar? – Bibi ejem barmy! – Bar, näme, Garyp! – Bersen-e, gepleşäýeýin! – Garyp jan, sag-aman bardyňmy, çagam! Garyp agyly ses bilen: – Eje, eje jan, Taňry ýalkasyn! – diýdi-de, trubka horkuldap aglady. – Taňry ýalkasyn hemmesi üçin!.. Telefon kesildi. Garyp ep-esli garaşdy-da telefon budkajygyndan çykdy. Gapdaldan bu ýagdaýy synlap durşuna: – Näme? Näme, saglykmy? – diýip, owadan zenan bikarar bolup aýtdy. Garyp sesini çykarmady-da ýöne başyny atdy. Ýöne gözüniň ýaşyny welin gizledi. Ol gelip goşlaryny, arkaýyn tertiplije ýygnaşdyrdy. Ertesi ir turdy. Soň Babajan gelýänçä diýip, otagyna ýagşy serenjam berdi. Bibi ejäniň elektrik pejiniň üstünde gazany goýup, gowurmaly unaş atardy. Onuň içine-de pomidor kakyny, hem-de tutuş bir gyzyl burçy atdy. Ol stoly beýleki burça süýşürip, orta keçe ýazdy, ýassyk atdy. Orta klýonka ýazdy. Onuň üstüne külçe, gowurma, maňyz üýşürişdirdi. Gazda bir çäýnek çaý oturtdy. Işik kakyldy, halki owadan zenan otaga girdi. – Juda tagamly naharyň ysy janyňy alyp barýar-la. – Ol elektrik pejiniň üstünde bygyrdap, gaýnap duran çemlije gazana garap, begençli gürledi. – Siz, asyl, aşpezmi? Ysy dagy nähili?! Garyp çaý demledi. – Geliň, çaý içeliň! Ol zenan türkmen gowurmasynyň, külçesiniň tagamyny biýän bolara çemeli: – Kulçe, kaurma! – diýdi. Garyp oňa bir tarelka nahar guýup berdi. Ol zenan minnetdarlyk bildire-bildire, tabakda zat goýman iýdi. – Bu naharyň ady näme? Gaty süýji nahar eken. – Unaş! Gowurmaly unaş! Ol zenan şol otuşyna Garybyň adyny, ýagdaýyny, atasynyň, enesiniň näme kär edýändigini birin-birin soraşdyrdy. – A näme ýazýaňyz? Garyp gürrüň bermäge ýetişmedi. – «Maşa!» – diýip, aşakdan biri gygyrdy. – Sag boluň, men turaýyn! Häzir men öýe gaýdýan. Ýene iki günden gelerin. Sag bol! Garyp krowadyň aşagyna sümüldi-de, şol ýerde serip goýan külçelerinden iki sanysyny aldy. Onuň üstüne ýumruk ýaly gowurma goýdy. – Azara galmaň. – Ýok, ýok, almasaňyz bolmaz. Ol zenan hoşal bolup gitdi. – Studentler juda dilegçidir, bu süýji külçäniň, tagamly naharyň ysyny aldyklary, sizi goýmazlar. Ol çykan badyna Babajan geldi. – Näme? Aşgabatdan jaň etdilermi? Agladyňmy? – Şu ýerde okaýan Olýa diýen gyz jaň etdi. – Hä, Manaýewamy? Oňat gyz, ony nireden tanaýaň? Ol töweregine seretdi. – Sluşaý, bu otaga türkmen içersini getiräýipsiň-le! – Ol gazanyň gapagyny açdy-da: – Y-yym! – Etdi. Gel, bir gyşaryp, çaý-çörek işeli! Ol gowurmany, külçäni, böwürslen mürepbesini, maňyzlary görüp, gultunyp-gultunyp goýberdi. – Işigi ýapaly. – Ol Garyba ýüzüni çytyp garady. – Şu studentler şeýe bir nahalnyý. Sen tanyşmy, sen nätanyşmy, gelip, diläberýärler... Ol ýassyga süýndi. – Nahar guýaýyn! – Wah, guýsan-a! Gowurdakly, burçly süýji unaş Babajana ýarady. Ol derläp, külçe bilen burçly unaş içip oturşyna burnuny çekdi. – Eliň bijaý süýji eken. Men başaramok. Ol dymdy. – Sluşaý, sen Garaböwürden diýdiňmi?! – Hawa. Ol nahara güýmenen boldy. – Onda sen Bibigüli tanamal-a! Garyp Bibigüliň: «Meniň gowy tanyşym, Moskwada, Edebiýat institutynda okaýar!» – diýende, kimi göz öňünde tutanyna, indi düşünjek boldy. – Hawa, ol meniň klasdaşym! Babajan aljyraňňy gürledi. – Bibigül nähili gyz? Garyp Babajanyň ony tanaman, daşky görnüşine hyrydar çykanyna düşündi. – Bibigül, juda, juda owadan gyz. Onuň ýaly, gözel, owadan ýüzünden nur dökülip duran mähriban gyz dünýäde barmyka? Herne, Babajana şu mahabat ýeterlik bolup, ol başga zat soramady. – Şoňa öýlenäýsem diýýän! Nähili görýäň? Garyp Babajan oýun edýändir öýdüp, onuň ýüzüne garady. – Sen ony nireden tanap ýörsüň? Ol ýaňy okuwa gird-ä. Babajan ýylgyrdy. – Täze ýyl gijesi institutda duşuşyk boldy. Şonda ol gyzlar bizi otaglaryna çagyrdy. Şonda tanyşdym. – Ol käsäniň düýbünde galan çaýy serpip goýbermäge ýer gözleýän ýaly, krowatyň aşaklaryna seretdi. – Institutda-da, Baýram diýibem ir dostum bar. Soň onuň otagyna eltip gowy gepleşdim. Häzirem, günde günde jaňlaşyp durun. – Kim bilen? – Baýram bilenem, Bibigül bilenem. Arada barybam gaýtdym. «Nikadanam geçeli.» – diýdim. Emma Bibigül: «Tomus ejeme aýdaýyn» diýip dur! Garyp sesini çykarmady. – Bolupmy? Garyp ýylgyrdy. – Baryny eýýäm mensizem çözüpsiňiz-ä. Öz eden işiň, özüňem ýagdaýyňy görersiň. Garyp pylan diýdi diýmeseň bolýar. Men-ä erbet göremok. Ýöne, ol meniň taýym däl. Men obada bir keselbent, garyp aýalyň ýekeje ogly. Bibigül dagy gurgun ýeriň çagasy. Dogrymy diýsem, men onuň bilen ýakyndan gürleşibem göremok! Ýöne, obanyň lälik, owdan, özüne göwni ýetýän gyzy, Moskwanyň dessuryna öwrenişäýs-ä? Babajan gyşaryp ýatan ýerinden tarsa turdy. – Men onuň senden ýokarydygyny aňdym. Ol saňa taý däl. Maňa bolsa iň ýokary medeniýetli aýal gerek. Saçy kesilen, ýüzi owadan, ýewropa eşigindäki. Men siwilizasiýanyň adamy! Türkmen eşigine bulaşyp, saçyny, çagasyny, özüni oňarman ýören bir tüntew biri gerek däl. Men Moskwada abraýly instituty tamamladym. SSSR-iň Ýazyjylar soýuzynyň jogapkär işgäri. Ýazan zatlarym dünýä ýaýrajak bolup dur! Men döwrüň depesine çykan iň bir häzirki zaman Adamy! Onsoň men türkmeniň köne, kirli, adatyna bulaşyp ýören aýal bilen ýaşap bilmen. Meniň aýalym hem özüm ýaly bolmaly! Garyp sesini çykarmady. – Bibigül şeýle aýal bolup bilermi? – Ol-a bolup biler-le, ýöne, sendenem öňe geçäýmese! – Ä-ä! – Babajan hahahaýlap tutuş otagy ýaňlandyryp güldi. – Aldyň, kak bäşi! Ol sagadyna seretdi. – Ertir saňa Edebiýat institutyny görkezjek. – Ol birden elini çarpdy. – Sluşyý, Men Inda Mihaýlowna buşladym, geleniňi. Ol geljekdir, hiç ýere çykmagyn. Mihaýlow-a häzir Moskwada däl eken. Olar bäş günlük Amerika gitdiler. Babajan turdy. – Menem şu ymaratyň içinde, ýöne üçünji gatda ýaşaýan. – diýdi. Garyp çäýnek käseleri ýygnaşdyryp durşuna: – Bibigüle öýleneňsoň nirede ýaşamaly? Babajan garnyny sypalady. – Poka şol otagda! Soň soýuz jaý berer-dä! – Ol çykyp barşyna: – Inda Mihaýlowna geljekdir! – diýip, tekrarlady-da çykyp gitdi. Garybyň ýadyna şu mahal Bibigül düşdi. Onuň gyňyr, kineli, rus hudožnigi Kramskoýyň «Незнакомка» diýen dünýä belli belli portretindäki ýaly, ajaýyp didary ýaş ýigidiň aňynda lowurdap gitdi. Ýöne içiniň iň pynhan menzillerinden kimdir biri Garyba ýetirmän: « – Dostuň-a Baýram bolsa, söýen gyzyňam Bibigül bolsa, seniň aýalyň döwrüň depesine çykyp, şol ýerden aýaklaryny aşak sallap oturan adamlar bolýar-da. Olar, tüýs seniň diýýän adamlaryň eken, Babajan! – diýdi. Garyp oňa ünsem bermedi. 23. Inda Mihaýlownanyň ýöriteläp, onuň otagyna gelmegi, Garyby, birhilije, ýygrykdyrdy. Ýüzi mähriban, saçynyň deň ýary agaran, ýüzi dolmuş aýal, Garybyň goşa ýumruk ýaljak başyny belent göwüsleriniň arasyna gysdy. – Garyb, Garyb žan, Hoş geldiň? Hemişe üstünlikler hemraň bolsun! – diýdi. Garyp çaý demledi. Nahar gyzdyryp, arassaja tarelka nahar guýdy. Obadan getiren nazy-nygmatlarynyň ählisinden orta çykardy. Soň çaýy birki gaýta gaýtaryp, bir käse, sary bal ýaly çaý guýdy. – Azara galma! – Bu aýal sumkasyndan elýaglygyny çykaryp, ýaşly gözlerini emaý bilen süpürdi. – Ejeň nähili? – Ol stola seredip, begendi. – Munça zat nämä gerek diýsen-e. – Ol elýaglygyny ýene sumkasyna saldy. – Meniň hatymy aldyňmy? – Ejem, ýagşy! Hatyňyzy aldym. Sag boluň gaty minnetdar boldum. Inda Mihaýlowna owadan, düýbünde, pynhanja uýalma gatlagy bolan birhilije alamat bilen ýylgyrdy. – Goşgularyňy gördüňmi?! Nähili? – Diňe «Правда»-ny gördüm! Inda Mihaýlowna ak dür ýaly owadan dişlerini guwanç bilen güjeňledi. – Gör, hemmesem aýaýyp, ajaýyp! Meni aldygyna gutlaýarlar. Adamlar haýran galýar, haýran. On alty ýaşda beýle beýik duýga, pikir-parasada, näzik kartinany duýgy bilen pikire – filosofiýanyň duýgy bilen beslenip, sadaja berilmegi, Sergeý Ýeseninden bäri görlen zat däl-ä. Ah, ajaýyp, ah gözel, gözel. Inda Mihaýlowna köp oturmady. Ol Garybyň obadan getiren sowgadyny almajak bola-bola, alyp, turmak bilen boldy. – Men saňa öýümde garaşýaryn. Erte agşam, Babajan bilen bar. Gürleşeris, maslahatlaşarys! Ekzamenler başlandy. Garyp ekzamenleri oňat tabşyrdy. Ol on sekizinji awgustda Moskwanyň dünýä edebiýaty institutyna şahyr hem tankytçy Alekseý Aleksandrowiç Mihaýlowyň poeziýa toparyna kabul edilendigi barada institutyň rektorynyň buýrugy çykdy. Okuwyň başlanmagyna on iki gün bardy. Ol indi obany, ejesini küýseýärdi. On ýedi ýaşynyň içinde, onuň bir aýlap, ejesinden aýrylan wagty ýokdy. Moskwa ony özüne hiç çekmeýärdi. Edebiýat institutynyň audiotoriýalarynda ol özüni görüp bilmeýärdi. Ol oýlandy. Onuň puly kändi. Ejesiniň beren üç ýüz manady, Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyň Edebiýat fondunyň beren bäş ýüz manady, Moskwanyň gazetlerinden gelen üç ýüz altmyş manat gonarary, Bibi ejäniň beren elli manady, SSSR-iň Edebýat fondunyň berlen iki ýüz elli manat, jemi bir müň bäş ýüz manada golaý puly bardy. Ol poçta baryp, şol ýerden, Myrra müň manat pul iberdi. Pul iberilýän kagyzyň boş ýerine-de, «Myrry, agam, şu puly ejeme gowşur! Maňa her aýda elli manat iberse bolany. Garyp!» diýip ýazdy. Soň şol ýerde oturyp, ejesine salam hatyny ýazdy. «Eje janym, men seniň gözleriňden, elleriňden, maňlaýyňdan ogşaýaryn! Käbäm! Ýagdaýlaryň nähili? Gaýrat et, eje janym! Ekzamenlerden diňe bäşlik bilen geçdim. Meni okuwa kabul etdiler. Gaty oňat otag berdiler. Indi, hemme zadym bar. Meni hiç alada etme. Moskwa täsin bir ýer eken. Men entek, şol täsinlikleri göremok. Okuwymyz 1-nji sentýabrda başlanýar. Hoş, sag bol, eje janym. Seni gaty göresim gelýär. Garyp.» Ol Myrra ýazan hatynda, ejesine seretmegi towakga etdi. Öz salgysyny, juda gerek bolaýsa diýip, birinji gatdaky telefonyň nomerini iberdi. ...Ýigrimi bäşinji awgust Garyp üçin uly toý boldy. «Garyp, garşyla. Men 26-njy awgustda, irden 683-nji reýs bilen barýaryn. Olýa! Garybyň dünýesi giňelip gitdi. Ol bu ýerde indi ençeme gün bäri türkmene zar bolupdy. Ol telegrama alandan soň ilki Inda Mihaýlownalara baryp, soň Babajany gördi. Babajanyň keýpi ýokdy. Inda Mihaýlowna, azajyk ýoňlapdyr. Garyp oňa gyzyl burç atyp, gowurdaklyja unaş bişirip bermegi wada berdi. Şonuň üçin, ýaşaýan ýerine gelip, gowurma, gyzyl burç, azyrak böwürslen mürepbesini alyp, ýene olara bardy. Nahar, dogrudan hem, tagamly bolupdyr. Inda Mihaýlowna Garypdan hoşal boldy. – Oglum, özüňem iý! – gara der bolup, unaş içip oturşyna telim gaýta aýtdy. – Sag boluň, Allam Size saglyk bersin. Garyp kän bir gijä galman, jaňy bäşe düzüp, ýatdy. Ol gaty belent dagyň çür başynda dur! Ol şol ak sakal gojany, ene keýigi küýsäp, jübülerini sermedi. Onuň şo-ol tüýdügi ýanynda eken. Ol tüýdügini eline aldy-da, dodaklaryna degirip, üfläp başlady. Ine, şo-ol ene keýik! Garyp onuň gözlerine seretdi. Ol gözler Garyba eşretli eýýamyň işigini görkezdi. Garyp tylladan gurlan, ak göwher bilen syrçalanan köşgüň altyn işigini açdy-da oňa girdi. ... Bu ýe umytlaryň jenneti! Bu ýer keramatly umytlaryň hasyl bolýan ýeri. . Ol bu sözleriň çalyp duran tüýdüginden çykýandygyna düşündi. Ol owadan ak ganata gaplandy-da, şol ajaýyp, Allahy jennet bossanyna uçup tarp uçup başlady. – Uç, uç, belent uç, oglum! – O aşakda özüne garap, guwanyp duran ak sakally babany gördüde, emaý bilen onuň anyna gondy-da onuň elinden tutdy... – Işik kakyldy. Garyp tisginip oýandy. – Kimsiň? – Men, men. Dim-a. Kaplan!... Garyp geleniň bu otagda öň ýaşan adamdygyny bilip, çyrany ýakyp, soň gapyny açdy. Onuň öňünde saçy-sakaly ösen, kellesi gazan ýaly, garny döşüne düňderilip ýatan äpet pyýada durdy. Ol adamyň egninde agyr brezent goşhalta, elinde bolsa ýönekeýje okuwçy portfeli bardy. Ol kürsäp otaga girdi. Onuň bilen aragyň gözüňi-başyňy aýlap barýan ýigrenji, porsy ysy hem urduryp otaga doldy. – Men Dima! Kaplan, Men... Bu otag meniň otagym! – Ol gurulgyja içerä göz aýlady. – O-o! – diýdi. – Aý, senem ýaşaber! Ikimiz bileje ýaşabereris. Dima goşhaltasyny arkasyndan düşürip, tumboçka bilen deňläp, onuň gapdalynda oýdy. Soň ony açdy-da, içinden süýde meňzeş iki çüýşe içgi çykardy. Iki kerpijem kakmaç ýag çykardy-da stoluň üstünde goýdy. Jübüsinden aw çakgyjygyny çykaryp, şol kerpiçlerden ujundan kesişdirdi. Çüýşeleriňem birini açyp, Garybyň käsesini püre-pür edip guýdy. Soň Garybyň kök ýaljak bolup duran arryk, inçe elini äpet aýasyna alyp, onuň ýüzüne ilkinji sapar garady. – Men – Dima Kaplan! Sen kim? Myhmanyň çagasymyň, gezmäge geldiňmi? Kim bilen geldiň? Näme mekdep okuwçysymyň?! – Men – Garyp. Litinstitutyň birinji kursunyň studenti! Dima Kaplan agzyna eltip, ondan ýuwdan birki owurt içgigsine erbet düwündi. – Näme, stu-d-ent! – Näme, meňzämokmy? – Ýo – ýok! – diýip, ol käsäni Garyba uzatdy. Garyp käsäni onuň elinden alyp, stoluň üstünde goýdy. – Men, içemok. Dima Kaplan käsäni başyna çekdi-de, kesişdiren ýagyndan sümürip başlady. Soňam: – Kak horaşa, brat, horroşa – diýip, zordan aýagyndaky ädigini çykaryp, keçäniň üstüne süýnüp, şol bada-da, hor çekip, başlady. Garyp bir-ä sagada, birem stola garady. Çüýşeleri, ýag kerpiçlerini, doly käsäni näme etjegini bilmän, ýanyp duran çyrany öçürdi. – Sagat iki! Ýene üç sagat wagtym bar! Ol şol keramatly tüýdügiň owazyna gark bolup, uka gitdi. Samolýot geldi. Bir salymdan ýüň ýaglygyna çolanyp, egni poltoly Olýa ýylgyryp, goş-golamlar alynýan jaýa girdi. Onuň ýanynda ýene-de bir gyz bardy. – Salam, Garyp jan! – Ol Garybyň çepiksije elinden tutdy-da, özüne çekip, ogşady. – Ejemden, Gulýadan, kakamdan köp-köp salam. Ylaýta-da, ejemden... Olýa ýanyndaky yza ony tanyş etdi. – Bu oglan – Garyp – doganymyz! Şu ýyl biziň institutymyza girdi. – Ol ýanyndaky gyzy haýran galdyrjak bolýan ýaly: – Özem, öz güýji bilen. Diňe bäşlik bilen, ömründe dördem alyp görmedik. – Ol soňam bir zatlar diýdi. Garyp eşitmezlik üçin, gülüşip duran türkmen oglanlarynyň arasynda topbajyk bolup duran gyzlara seretdi. – Garyp jan, bu gyzyň ady Aýbölek! MGU-da estetikadan okaýar. Meniň joram. Ikimzem, üçünji kurs. – diýip, ýanyndaky gyz bilen tanyşdyrdy. Aýbölek elini uzatdy. – Gutlaýan! – Sag boluň! Olaryň goşy geldi. Hersiniň iki çemodany, bir daňam goşy bardy. Garyp iki daňyny aldy. Gyzlar özleriniň çemodanyny aldylar. Daşary sowukdy. Ýöne taksa basym mündüler. – Ilki, Lomonosow on bäşe. Soňra Gersen – Dobralýubow – 9/11-e. Olýa taksa nirä barmalydygyny aýtdy. Taksiniň içi ýyljakdy. Olýa başyndaky ýaglygyny çözdi. – Garyp jan, Moskwa ýaradymy?! Garyp ýylgyrdy. – Ekzamen tabşyran bolsa, Moskwany görmäge elem degen däldir. – diýip, Aýbölek Garyba raýdaş gürledi. – Düzmäni haýsy temadan ýazdyň? – «Meniň Watanym!» diýen temadan. – Nätdi? Kyn boldumy? Garyp ukuly gözlerini owkalady. – Maňa kyn bolmady. Bäş-bäş goýupdyrlar. – Edebiýatdan näme düşdi? Garyp azajyk dymdy. Soň: – Puşkin! – diýdi. – «Poltawa!». Soň: «Belinskiý Puşkiniň we Baýronyň şahyrana aratapawudy barada» bary iki sowal. – Aýtdyňmy? Näme diýdiň? Hawa, olaryň hersi öz halkynyň milli şahyry Puşkiniň derdi rus halkynyň derdi. Baýronyň şahyrana agysy öz halkynyň agysy. Ýöne, olaryň ýürek owazy aýry-aýry bolsa-da derdi birdir, ýagny, adamzadyň derdidir. Şonuň üçin, olar umumyadamzat şahyrlarydyr – diýdim. Mysal getirdim. – «Poltawa» nätdi?! – Tutuş poemany ýatdan aýdyp berdim. – Näme diýdiler? – Ah, ah, nähili ajaýyp – diýdiler. Olýa yzda oturan ýerinden Garybyň papagyny çykardy-da, onuň saçyny, tutuş kellesini sypalady. – Ajaýyp, iňlis dilinden kynçylyk çekdiňmi? – Ýok, aňsad-a! Iň aňsady şol. «Meniň maşgalam» – sözlük. Men soň olara Puşkiniň «Pygamber» goşgusyny iňlis dilinde ýatdan aýdyp berdim. Olaram, bäş goýdular. Aýbölek bu gürrüňlere haýran galyp, oturşyna: – Men ýerleşemsoň, sizi otagyma çagyrjak. Nähili täsin! – diýdi. – Moskwa Bu ýere gelibem, goşgy baryny goşansyňyz?! Garyp başyny ýaýkady. – Ýok, öten agşam ýaňy bir ýazjak boldum welin, Kaplan diýip, otagymda öň ýaşan biri geldi. Men erbet ys bolsa, nämährem adam ýanymda bolsa hiç zat ýazyp bilemok. Başga otag soramaly bolar. Olýa-da gynandy. – Hawa, Dima Kaplan, Ukrainadan. Şol otagda ýaşapdy. Ýöne olar, basym praktika gider. Olar bäşinji kurs-da... Olar gürrüňleşip, barmaly ýerlerine nähili baranlarynam bilmediler. Olýa Aýbölegi otagyna çenli ugradyp geldi-de, maşyna mündi. – Öýjagazymyz! – diýip, Olýa umumy ýaşaýyş jaýynyň öňüne gelenlerinde begençli dillendi. Garyp jübüsinden pul çykaryp, taksis bilen hasaplaşyp durşuna, – Sen bir çemodany al, ýeňilrägini – diýdi. Olýa onuň diýenini etdi. – Bäş ýüz altmyşyň açaryny beriň, Tanýa jan! – diýip, ol şol owadan zenan bilen gujaklaşyp, ogşaşyp aýtdy. – Men saňa sowgadam getirdim, ejem iberdi. Olýany öz otagynda goşup, Garyp, öz jaýyna geldi. Işik açykdy. Diňe Dima-da, onuň goşhaltasy-da, kerpiç ýaglary-da, içgili çüýşelerde ýokdy. Ýöne hemme zat ýerbe-ýerdi. Garyp işigi gulplamady-da, gelip, krowatyna gyşardy. Onuň gulagyna ýene şol tüýdügiň owazy eşidilip başlady. Ol ýerinden tarsa turdy-da, kagyz, ruçka alyp, stouň başyna geçdi. Eje Gözlemiň agynda sallançak ýasap, Ýüregmiň bagynda gurup badyny. Aýagňy ogşap, elleňi ysgap, Aýdymlarma nagma etsem adyňy. Gözlerime sürme etsem yzlaňy, Didaryň janyma derman eýlesem. Bir ýassanyp, dynjym alsam dyzlarňy, Didelerňe bakyp-bakyp doýmasam. Sen ömürlik. Ýaşap ýörseň ebedi, Menem küýsäp barsam, alnyňa – haja. Şonda köşeşermi köňlüň edebi, Seni göreslerim gelýä-ä, eje. Seniň ýazlaryňa bossan boldum men, Ak guw bolup uçdym mawy kölüňde, Köňlümiň töründen köşk gurdum men, Şeýdip seniň bilen ýaşap ýörün men. Ejem eziz ejem, şamçyragym sen, Gyzyň ýokdur, käbäm, derdiň alaýyn. Edil, häzir barmasam-da, eje jan, Seniň süýji düýşleriňde bararyn. Bibi eje Dünýäniň ýüzünden perişde üçin, Heýkel dikmeli bolsa. Seň didaryň alardym. Älemiň ýüzünde mähribanlyga, Heýkel dikmeli bolsa, seň didaryň alardym. Bibi eje. Dünýäniň ýüzünde ene mährine, Heýkel gerek bolsa, alyň didaryn. Diýip wesýet edýän ynsan ähline, Hem pynhan mahalym, çekýärin zaryň. Bibi eje. Ýetim başym sypan elleriň bilen, Dünýäniň başyny sypap bolsady. Maňa aýdan mährem sözleriň bilen, Ynsanyň köňlüni alyp bolsady, Ynsan häzirkiden bagtly bolardy. Dünýä häzirkiden ýagty bolardy. Bibi eje. Ölmez-ýitmez çyrag edip, parlaýan, Seni dünýäň depesinde göterip, Ýagşylykdan başga hiç zat gelmeýän, Elleriňden öpeýin, Bibi eje. Söýgi Seniň gözleriňde gözüň yzy ýok. Hapa gözlem bilen bakmak günädir. Seniň ýaňagyňda gözüň yzy ýok, Hapa dodak bilen öpmek günädir. Seni ýaman gözden goramak üçin. Hany – manym bereýinmi, eý jenan. Seni ýanan sözden goramak üçin, Şirin janym bereýinmi, eý, jenan. Seni gorap ähli derdi – beladan, Men özüme döze bilmen ahyry. Men bir jepalardan, jebirden ýadan, Adam ogly çeke bilmez ahymy. Meniň ýaňagymda ýaňak yzy bar, Meniň ýüregimde ýanyk ysy bar, Meniň didelemde şeriň yzy bar, Bedenimde boz topragyň ysy bar. Gözleriňde göz yzyny görmedim, Hapa gözlem bilen bakmaýyn indi. Eý, adamzat, sakla ene hormatyn, Bu gözleri görüp, inim tisgindi, Düşün, Zenan, ine, şeýle bolmaly. Bu ýerde Çeşmeleriň aýdymy ýok bu ýerde, Säher öleňlerden örende duman. Iliň şatlyk – gaýgysy ýok bu ýerde, Bu ýerlerde öçük ruhuň howlugýar. Bu ýerde daglar ýok, daşyňa gala, Hem ýollarda guma ýapyşan yzlar. Çagalar artlaşyp münenok ýaba, Hem sallanyp, çeşmä geçenok gyzlar. Bu ýerlerde al ýagyşyň gadry ýok, Säbäbi ýagyşlar ýagýar, dynmaýar. Täze Aý doganda gögüň böwründen, Hiç kim ony maňlaýyna sylmaýar. Bu ýerde adamlar howlukmaç örän. Hiç kim salam berip, almaýar salam. Ýaşamaly bulaň kanunna görä, Seniň başga alajyň ýok, wessalam. Halkyň däbi Halkyň bir däbi bardyr. Dirikä it-de – pişik. Emma-ki ölen günüň, Özün öldürjek bor, işikde. Halkymyň bir häsiýeti bar, Dirikäň ýagyň ýalydyr. Abraýňa çirk ýetse, zynhar, Arkaň Rüstem – Zalydyr. Halkymda bir adat bardyr, Başga wagt zulmun elär. Gözleňde ýaş görse welin, Seniň dideleňde erär. Açlar aglamakdan gorkmaz, Şeýde şeýde bolar türkmen. Moskwa Ak arzuwdan doly seniň gujagyň, Ak aýdymdan doly arzuw – umydyň. Ak bagt geýip, äleme ýol açanym, Moskwa, Moskwa, eý, parlak aýdym. Aýyň nury bilen üwrelen meňziň, Al öwser säheriň, gülgün daňyňda. Dünýäniň ýüregi seň bilen urýar, Keramat bar metjitleňiň zaňynda. Dünýä saňa bakýar, senem, äleme, Meňziň zyýaratdyr, didaryň dowam. Her öýde bark urar gül – çemen, läle, Iň ýagşy günleriň ertä rowan. Dünýäň dynçlygynda seniň sesiň bar. Sen dursaň dynç ýaşar her öý, her ynsan. Meniň ýüregimde müň höwesim bar, Eý, eziz Moskwa, gözel Moskwa. Aýdymlaň eşretli, umydyň dury, Seniň bilen bile bu bagtly eýýäm. Sen meň umytlamyň gyrmyzy güli, Eý, eziz Moskwa, men seni söýýän. Işik kakyldy. Garyp işigi açdy-da, yzyna tesdi. Işikde Olýanyň juda-juda owadan, edil haýran galyp oturmaly owadan didary nur saçyp durdy. – Ýatyrmydyň? Garyp stoluň üstüne seretdi. Stoluň üstünde ýüzi Garybyň owadan haty bilen ýazylan goşgy bentleri besse-besse bolup ýatyrdy. Olýa elindäki düwünçegi krowatyň üstünde goýdy-da, stoluň üstünde ýatan kagyzlaryň birini aldy. – «Bibi eje!» – Ol Garybyň ýüzüne seretdi. – Goşgy ýazamok diýdiň-ä? Garyp horja ellerini owkalady. – Ýaňy, aeroportdan gelip, uklajak boldum. Goşgy geldi, ýazdym. Olýa kagyzlary sanady. – Şulary ýazdyňmy häzir? Garyp başyny yrady. Olýa oturdy-da, «Bibi eje» diýen goşgyny içinden, sesini çykarman okady. Birdenem, gözýaşyny süpürdi. – Goşgy gaty gowy goşgy eken. Azajyk gysga, ýöne gaty gowy goşgy eken. Menem göçürip alaýyn. – Ol ýene aglady – Eje janym! – Ol kagyzy ogşady. – Inda Mihaýlowna «Крестянка» üçin goşgy gerek diýdi. Şoňa bolaýmasa! Olýa Garybyň gözlerine seretdi. – Sözme-söz terjimesini kime berjek. – Bilemok! Ol näme boldugy? Olýaň türkmençeden kimdir biriniň rusçany, türkmençäni gowy bilýän biriniň goşgyny türkmençeden rusça geçirýändigini, şondan soň kimdir bir ussat adamyň ony goşga öwürýändigini Garyba düşündi. Garyp muňa gaty geň galdy. – Entek goşgulara gowja seretmeli. Soň görerin. – «Bibi ejäni», gel, men synanyşaýyn. – Bor! – Ol stoly çalt ýygnady. Gel, bileje çaý içeli! Olýa güldi. – Külçäň barmy? Böwürslen mürepbesi barmy? – Maňzam bar! Garyp çaý goýup geldi-de, elektrik pejini toga ötürdi, üstüne sajy goýdy. Oňa ýumruk ýaly gowurdak atdy. – Näme bişirjek? – Gowurdagyň üstüne ýumurtga çakaýjak. – Ýöne köpräk çakaweri. Garybyň nahary çaý gaýnaýança taýýar boldy. Ol nahary tarelka salyp durşuna: – Saçagy stola ýazaýynmy ýa-da keçäniň üstüne? – diýip sorady. – Dawaý stolda oturaly! – diýip, Olýa täzeje, owadan, gowy ütüklenen köýnegine seretdi. – Şu köýnek saňa juda-juda gowy gelişýär. Ýakaňam bir üýtgeşik gaýalypdyr. – Sag bol! Garyp stoluň üstüni dürli nygmatdan doldurdy. – Dawaý, gapynam gulplaly-la! – diýip, Olýanyň özi turup, işigi içinden gulplady. Olýa nahary öwdi. Soň külçe, böwürslen mürepbesi, maňyz bilen derläp, çaý içdi. – Sen Gulýa gowurma goýduň-a. Soň sen gaýdanyňdan soň ejem oňa käýedi. Çaganyň agzyna göz dikýäňiz, dok öýüň aç owlagy ýaly bolup – diýdi. – Onsoň ellerini çarpdy. – Wiý, tas ýadymdan çykan eken. Ejem saňa sowgat iberd-ä! Ol krowatyň aýagujynda goýan düwünçegini açdy-da, ondan gülli ýüň jorap bilen örme switer çykardy-da waý, geý! Garyp özüne halpygrak görünýän ýöne gelşikli dokalan switri geýdi. Olýa begendi. – Ejem jan bilýär-ä. Näme ibermelidigini. – Olýa oňa ýüň joraby-da geýdirdi. – Indi, bar-da gara togarlanyber. – diýdi. Garyp bu-da bir däpdir öýtdi. – Näme üçin? Olýa güldi. – Oýun edýän... – Ol Garyba seretdi. – Sende meniňem zatlarym bolmaly! Garyp olary çaý içişlikden soň bereýin diýip durdy. Olýa «Bibi ejäni» aldy. – Göçürip getirerin. – Ol işige bardy-da işigiň gulpuny açdy. – Garyp! – Ol ýaýdanyp gürledi. – Puluň barmy? Garyp gyza pul gerekdir öýtdi. – Bar! – Näçeräk? – Dört ýüz-ä bar... Olýa ýene-de stoluň ýanyna geldi. – Garyp, saňa iki sany kostýum, köwüş, gowja köýnek, galstuk gerek. Soňam, gulakçyn, polto al! Häzir arzanlaram bar. Garyp razyçylygyny bildirdi. – Bu ýeri Moskwa! Sen bular ýaly ýerde syryňy hiç kime bildirme. Gaty oňat geýin. Öz garyplygyňy, ýetimligiňi hiç kime aýtma. Goý, iller özem edil goşgulary ýaly, şöhratly, döwletli, bagtly, baý öýüň çagasydyr öýtsünler! Ýuwaşy, garyby obaňyzda-da sylaýan däldirler welin, bu ýerde asla-da äsgermeýärler. Onsoňam naharhana baranyňda, bir çäre üçin pul ýygnalanda egniňi gysyp, iki manadyň syrtyna seretme. Taşlap goýber. Ýok bolsa, menden alarsyň. Men arkalaşaryn. Bulary men aýdamok. Ejem saňa sargyt etdi. Sagat ikide Aýbölek geljek. Magazinlere aýlanmaga gideliň. Bormy?! – Bor. Dowamy bar >> | |
|
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |