09:35 Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy | |
26. Bu ýyl Gyş Moskwa ir düşdi. Indi näçe gün bäri ýerde gar ýatyrdy. Tutuş ýurt Oktýabr baýramyny bellemäge howlukman, taýýarlanýardy. Edebiýat instituty baýramçylyk mynasybetli döredijilik agşamyny geçirmäge taýýarlanýardy. Kartoşka ýygymyndan soňky okuw mahaly Garyp üçin düşnüksiz döwür başlandy. Ol adamlaryň özüne bolan gatnaşygyna hiç düşünip bilmeýärdi. Kartoşka ýygymyndan soňky okuwyň ikinji okuw gününiň birini sagadyna belli şahyr Aleksandr Trafonowiç Twordowskiýni çagyrypdyrlar. Talyplar ony uly tolgunma bilen garşy aldy. Ol Lenin baýragyny alan, «Nowiýmir» žurnalynyň baş redaktory. Ady äleme dolan bu adam özüni örän salykatsyz alyp arýardy. – Ýazmaň! Saklanyň! Dünýä bolgusyz şygyrdan doldy. Men «Nowiý mirden» gaçyp gitmäge ýer gözleýän, goşgy däl goşgylardan ýaňa! Proşu Was, umlýaýu was, ne pişite! Onuň bu sözlerine talyplar aýaklaryny pola tapyrdadyşyp, tutuş auditoriýany başlaryna göteräýjek bolýan ýal bolşup, el çarpyşýardylar. Şahyr muňa birden, joşgunly göterildide, aýasy bilen stoly urdy. – Siz bolgusyz adamlar! – diýdi. Birtopar körzehinler. Utanman Moskwa ýaly ýere şahyr bolmaga gelýärsiňiz, utanç! Öz halkyň, öz iliň ajy derini ysgap, şahyr bolunýandyr. Size – utanç! Bir topar ýal ýagylary, kör zehinler, pekgeler!.. Studentler onuň «Wasiliý Týorkin», «Alysdan alysa» poemalaryny ýazyşynyň taryhy barada gürrüň bermegi soradylar. Ol humarly ýylgyrdy. – Eto ýorunda! Umuman, şahyr diýen wezipe ýok. Graždanin diýen wezipe ýok. Men, men, şol eserlerim üçin, utanýan! Garyp gürrüňiň çuňlaşaryny isledi. – Poeziýa, özüňi tapmak! Öz ýoluňy tapmak üçin näme etmeli. – Ýaranjaklyk ediber. Partiýa ýaranjaňlyk et. MK – ýaranjaňlyk et. Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylaryna ýaranjaňlyk ediň. Şonda olaryň özi seni tapar. Ol Garybyň ýüzüne jüçjerilip, humarly gözlerini süzüp, ep-esli seretdi. – Özüňi, özüňi tapmak, çýort znaýet. Siz maňa özümi tapandyr öýdýäňizmi? Net, net, i net!.. Studentler Twardowskiýniň her bir sözlemini şowhun bilen garşylasalar-da, ony ýokary kursuň studentleri bilen heniz duşuşyk tamamlanmadyk auditoriýada arak içişip durmasyna geň galdy. «Gör, uly şahyr, emma eýýam, ikiýüzli. Ol dilinde partiýa barada bir zat samraýar. Emma ýazanda başga hili ýazýar. «Lenin beýik! Partiýa beýik!» Ol serhoş mahaly bir hili sözleýär. Sersag mahaly başga hili sözleýär... Garyp Alekseý Aleksandrowiçiň hem üýtgäp durmasyny duýdy. – Mugallym, men «Sowetskiý pisatele» geljek ýyl üçin arza beräýsem nähili bolar? – diýip, Garyp, Inda Mihaýlownanyň teklibi bilen habardar edeýin diýen niýet bilen mugallymyna sala saldy. – Eto horoşo, dawaý, Garyb – diýse-de, soň seminar sagadynda, Garybyň özüniň ýok ýerinde – Heniz çüňk çykmadyk sary serçe, goşgulary iki eliň barmaklaryna ýetmeýän tötänleýin şahyrjyklar, eýýäm Bütinsoýuz neşirýatlaryna «kitabymy çykar» diýip, arza berýärler. Ilki özüňi halka ykrar etdirmeli. Arakesmede, bu gürrüňi eşiden topardaşlary Garybyň ýüzüne geň gama bilen seredişdiler. Sebäbi, olaryň arasynda heniz neşirýatlara dalaş edýänleri ýokdy. – Okuwyň ahyrynda bolsa ol Garyba, «Neşirýatly pikiriňi goldaýan Özüme mugtuna çykaryn. Täze goşgularyň bolsa, maňa-da ber. Diňe Kozlowskaýa diýip oturma. Ol gowşak terjime edýär – diýdi. Garyp oňa-da düşünmedi. Howa juda sowukdy. – Öýe baryp, gowurmalyja unaş bişireýin! – diýip, ol okuwdan çykan badyna umumy ýaşaýyş jaýyna tarap gidýän treleýbusa münüp, oýlandy. – Çörek, külçe bar! Gowurma bar... Ol otagyna gelip, eşiklerini çykardy-da, gazançanyň gapagyny açdy. Gazançada nämedir bir nahar bişirilipdir. Olam gazançanyň düýbüne ýapyşyp gidipdir. Garyp kartoşka ýygymyndan gelede, stoluň üstünde boş çüýşeleri, doňuz ýagynyň, çilimiň galyndylaynyň çaşyp ýatanyny görse-de, oňa kän bir ähmiýet berip durmandy. Ýöne ol, bu otagda nahar bişirilendir öýdenokdy. Garyp gazançany gowy edip ýuwdy-a elektrik pejiniň üstüde goýdy. Soň gowurdak almak üçin krowadyň aşagyna sümüldi. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Gowurmaly garyn-da, külçedir maňyz-da ýokdy. Ol gowurmasy Täze ýyla ýeter öýdüpdi. – Kaplanyň işidir! Ol niredekä? Garyp otaglara aýlanyp, ýiten zatlaryny tapyp alaýynam bir diýdi-de, soň bu işini goýbolsun edip, eşiklerini geýip dükana ylgady. Ýagly kolbasa, mesge, peýnir hem-de birküç banka goýaldylan süýt, ýumurtga, çörek, bulka, köke alyp geldi-de, kolbasa gowrup, üstüne ýumurtga çakyp iýdi-de – Et satyn alyp, agşama-da gaýnatma edeýin – diýdi. Ol bu aldajy sowgy gowy naharlar bilen ýeňäýmese, bu süňk bilen deri bolup durşuna, gyşdan çykmagyň aňsat bolmajagyny duýdy. Ýöne gowurmaly garyn welin göz öňünden gitmedi. Şondan geçse, üç-dört gün geçipdi. Ol çagyrylan duşuşyklarda boldy. Oňa ep-esli pul, dürli sowgatlar gowşurdylar. Täze goşgularyny getirmegi haýyş etdiler. Ertir Beýik Oktýabr baýramçylygy diýlen gündi. Oňa aşakda Aşgabatdan hat bardygyny aýtdylar. Ol içine pomidor kaky salnan omaçaly gaýnatma sogan dogrady-da, aşak ylgady. Otagyna getirip, bukjany gyssanmaç açdy. «Hormatly G.Nuryllaýew! Siziň «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasyna iberen goşgular toplumyňyzy aldyk. Emma olar öň metbugatda çykany üçin, olary peýdalanmagy makul bilmedik. Öň metbugatda çykan eseriňizi ýene metbugata hödürlemek, salykatsyzlykdyr. Salam bilen, Redaksiýanyň bölüm müdiri N.Hojageldiýew.» Garybyň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. – Bolsa-da meniň baýramçylygyma gaty gowja sowgat iberip bilipdirler. Sagja boluň, agalar! Garybyň işdäsi nahar almady. Krowata gyşardy. Ýöne kimdir birine gelen gahar, düşnüksizlik onuň bokurdagyna geldi durdy. Ol gaharyny ýuwutdy. Işigi kimdir biri ilki tyrkyldadyp, soň gaty-gaty urup başlady. Daşyndan gulpa sokulýan açar şykyrdady. Garyp işigi açdy. Işikde Kaplan bilen daýaw adam durdy. – Wasýuk, hany, gir! Olar güpürdeşip otaga girdiler. – O-o! Süýji naharyň ysy bar! – Men aýtmadymmy, saňa! – diýip, Kaplan arkasyndaky agyr goşhaltasyny düşürip burça taşlap goýberdi. – Nahar iýerismi? – Hökman işeris, näme iýmän, hökman iýeris, onda-da nähili iýeris. Biz gaty aj-a! Olar stoluň başyna çökdüler Garyp Wasýuk barada Olýanyň zeýrenjini eşidipdi. – Ol Wasýuk diýleni garadan gaýtmaz bir ýer çeken galtaman-a. Gapyňy döwüp girip, gözüne ýakan zady alýar. Bir zat diýseňem, gaýgyrman urýar. Habardar bol!.. Olýanyň bu gürrüňi Garyby tisgindiripdi. Wasýuk diýilýäni uzyn boýly, daýaw, ýüzi-gözi ýowuzdan gazaply ukrain adamydy. Özem umumy ýaşaýyş jaýynda studentler bilen urşany üçin, tutuş institutdan çykarylandy. Ýöne geçen ýyl dördünji kursa dikeldilen eken. Ol şu ýyl proza bölümini tamamlaýardy. Kaplan tabaga ýapyşdy. – Dawaý jirýom-da! Garyp ýerinden turdy. – Saklan! – Näme boldy? – Meniň öýmüzden getiren gowurdagymy, külçelerimi, maňyzlarymy kim aldy. – diýip, heniz biriniň ýüzüne gelip görmedik Garyp, erksiz saňňyldap durşuna, aýtdy. – Näm-e? Eý, çujak, sen näme, şeýle husyt, gedaýmyň, twar! Şol porsy gowurdagyň gürrüňini edip otyrsyň. – Ol goşhaltasyny siltenjiräp açdy. Ondan ýumruk ýaly doňuz salasyny çykardy-da, stoluň üstüne gahar bilen taşlap goýberdi. – Me, syrtyňa sok, husyt. Garybyň sesi titräp çykdy. – Sen näme üçin men ýokkam gelip otagyma girdiň? Näme üçin meniň gowurdagymy, çöregimi, maňzymy, gap-gaçlarymy ellediň. Hakyň barmy? Men seni suda bererin... Kaplan ýüzüni ganymyny gören geçigaplaňyň ýüzi ýaly edip, mawdar gözleri bilen, bir-ä Garybyň, birem Wasýugyň ýüzüne seretdi. – E-eý, ganjyk! Meniň bilen beýle gepleşer ýaly, sen kim-aý! Wasýugyň ýüzi gyzardy. Ol: – Ço! – diýdi-de, Garybyň ýüzüne eliniň tersi bilen çalyp goýberdi. Garybyň ýüzünden edil bir ot çykan ýaly boldy. Sol ol Garybyň ullakan ýüzünden tutup, yzyna silkip goýberdi. Garyp baryp, krowatyň üstüne ýykyldy. Garyp aljyrady. Şol bada Wasýuk turup, ädikli aýagy bilen Garybyň dyzyna zarply depdi-de tarelka ýapyşdy. Garyp iňledi. Birdenem Hutdynyň: «Ur, gaýgyrma, gözüne gaty ur!» diýen sesi gulagyna gelip gitdi. Ol Aşgabatda wokzalda daşyny bandit oglanlar alanda-da Hutdynyň sesini eşidip, beladan halas bolupdy. Olar hem ikidi. Wasýuk öz awuny ujyz sypdyrjak däldi. Ol Garyby urup, talap, soňam hiç ýerde jyňkyny çykarmaz ýaly, ýagşy jepa iýdirmekçidi. Şonuň üçin ol işigi içinden gulplady-da, ýeňiji pälwan ýaly bolup, krowatda garantgy ýaly bolup, iki bükülip ýatan Garyba bakan apaň-apaň basyp, ýöräp ugrady. Ol krowadyň ýanyna gelip, Garybyň üstüne egildi-de turna ýaly eýmenç elini Garybyň ýakasyna bakan uzatdy. Garyp atylyp turdy-da, kartoşka ýyga-ýyga demire dönen barmagyny Wasýugyň iki gözüne çümdirdi. Wasýuk agyrsyna çydaman, janhowluna iňläp, gözlerini tutup galanda Garyp onuň «howply nokadyna» dişlerini jygyrdadyp, ähli güýjüni ýumrugyna jemläp bir depdi welin, Wasýuk poluň üstüne, edil eşegiň palaňy tamyň üstünden oklanan ýaly bolup patylap gaýtdy. Garyp, eli gyzgyn nahardan doly, naharly tabagyna seretjeginem, ýoldaşyna seretjeginem bilmän elewräp, mämedir bir zatlar diýip, samyrdyklap duran Kaplanyň iki satanynyň arasyna gazap bilen depdi. Kaplan göterip duran tarelkasyndan ir elini boşatdy-da, iki satanynyň arasyny tutdy-da erbet uwlady. Gary özüni saklap bilmän, Kaplanyň ýüzüne-de depdi. Gyzgyn naharly tabagy onuň elinden alyp, Kaplanyň depesinden guýdy. Kaplan özüni poluň üstüne goýberip iki baka çabalandy-da, erbet iňledi-de guduzlan göhert ýaly bolup, agzyndan gyllygyny akdyryp, Garyba topuldy. Garyp gaýra-gaýra süýşdi. Badyny saklap bilmedik Kaplan diwary ýüzi bilen urdy. Otag sarsyp gitdi. Garyp çaltlyk bilen ýetişip, onuň depesinde dagap ýatan buýra-buýra saçyndan towlap tutdy-da, onuň ýüzüni diwara gaýta-gaýta urdy. Soň ylgap baryp, eline sajy aldy. Baryp işigi açdy. – Indi güm boluň şu otagdan, ýogsa öldürin! – Kaplanyň goşhaltasyny koridora taşlady. – Eý, sen Wasýuk! Gaýdyp şu gapyda göräýsem gözüňi akdyraryn. Wasýuk agzynyň ganyny sarkdyryp: – Gö-re-ri-iis! – diýdi-de, okýylan ýaly süýügip, çykyp gitdi. Kaplan gymyldanokdy. – Eý, ganjyk, indi meniň otagymyň golaýyna geläýseň... Kaplan yrandy. – Boldy, boldy, biz günäkär. Biz, biz – diýdi-de, yzylaý-yzlaý ýöräp, koridora çykdy. Olar gidensoň Garyp işigi içinden gulplady. Otagy syrdy. Poly ýuwdy. Krowadyň üstüni tertipleşdirdi. Ertesi ol başga gulp satyn alyp, öňki gulpuň ornuna oturtdy. Olýa Aşgabatdan geldi. Inda Mihaýlowna keselhana girdi diýäýmeseň, başga bir üýtgeşik waka bolmady. Ýöne Garybyň özi üçin, ýatdan çykmajak bir waka boldy. Bu waka bu ýaş oglanyň süňňüni eşret bilen üwredi. ...Iňlis dili kursunda ony Inga Rerih diýen gyz okadýardy. Inga beýle bir owadan däldi. Ýöne Allatagala bu gyzy zenan bedeniniň iň gözel zynatlary bilen serpaýlapdy. Inganyň meýdanly gursagy, belent göwsi, aýratyn bir ýakymly duýgy döredýän bitüwli sagrysy erkek adamlary däl, aýallary hem haýran galdyrýardy. Onuň akja ýüzi, owadan, mähriban, käse ýaly mele gözleri, ýüpek ýaly mele saçy aklyňy hapran edýärdi. Ol Hindistanly şahyr, hudožnik Rerhiň inisiniň çowlugydy. Ol MGU-da-da okadýardy. Agşamlaryna «Bilim» jemgyýetiniň jemgyýetiniň toparlarynyň birinde iňlis dilinden öwredýärdi. Ol Garybyň Edebiýat institutynda okaýandygyny, onuň daşyndan iňlis dilini öwrenjek bolup çir-çytyr jan edýändigine begenýärdi. Inganyň özem Dobrolýubow köçesiniň Gersen köçesine golaýlaşýan ýerinde, belent jaýlaryň biriniň altynjy gatynda ýaşaýardy. Gaty giç bolanda, ol Garyp bilen ýaşaýan jaýynyň deňine çenli bile gaýdýardy. Garybyň okuwyny birden, tapba kesmegi, Ingany geň galdyrdy. Ol dynç günleriniň birinde, guşlugrak umumy ýaşaýyş jaýyna gelip Garyby sorady. Oňa belli jogap bermediler. – Näme boldy? Eýgilikmi?! – diýip, Garyp kursa gelende, ol alada bilen sorady. – Kartoşka ýygmaga äkitdiler. Garyp oňa «Ogonýok», «Kresteýanka», žurnallaryny berdi. – Eto, ýa! Inga ertesi haýran galma bilen žurnallary Garyba gowşurdy. – Biziň aramyzda ajaýyp şahyr bar. Kursuň ahyrynda men ony siziň bilen tanyşdyraýyn – diýdi. Soň žurnallary Garypdan sorap alyp, kursuň diňleýjilerine görkezdi. – Biz şu goşgulary iňlis diline terjime ederis. Kimiň terjimesi gowy çyksa, baýrak bereris! Inga şondan soň Garyba has ýakyn durup başlady. Ony öýüne, bir käse çaý içmäge çagyrdy. – Gorkma, öýde mamam bar. Ol garryja. Seni kowup durmaz. Emma Garyp Ingalara bir saparam barmady. Ýöne Täze ýylda bu gyza owadan ýüzük satyn aldy. Soň görüp otursa, ýüzük altyn eken. – Özüň student! Beýle gymmat sowgat nämä gerekdi? – Göwnüm isledi! Aldym. Inga Garyba geň galyp seretdi. – Sag bol! Men seni Täze ýyl gijesi öýüme çagyrýaryn. Gelmeseň, öýkelärin. – Bolýar. Bararyn. – Garyp söz berdi. Institutda, dogrusyny aýtsaň, Garyp ýalňyzdy. Ol okuwdan başga zada kän bir üns bermeýärdi. Okuw! Iňlis dili, rus dili kurslary. Ol bir aý ýaly maşinkada işlemegiň kursuna-da gatnady. Ol goşgularyny özi sözme-söz terjime edip, maşinkadan arkaýyn geçirýärdi. Şonuň üçin onuň adamlar bilen gatnaşygy ýok diýen ýalydy. Inda Mihaýlowna, köplenç, ýarawsyz diýen ýalydy. Ol keselhanadan çykandan soň Soça, ýazyjylaryň döredijilik öýüne dynç almaga gitdi. Ony ýoň heläk edýärdi. Bir degen soň ondan hiç aýrylyp gidibermeýärdi. Olýa Aşgabada soňky gidip gelenden soň Garypdan birhili sowaşýardy. Ol Şeýkin adyndaky ýokary teatral uçilişeden bir owadan oglan bilen tanyşyp, hemişe şonuň bilen bile tirkeşip ýördi. Inganyň Garyba edýän hoşamaýlygy, näme diýseňem, ýaş oglana hoş ýakýardy. Ol Inganyň teklibine begendi. Garyp, indi öňki Garyba düýbünden meňzemeýärdi. Ol indi ak ýüzli, ullakan, owadan gözleri balkyldap duran inçeden syrdamly ýigit bolup ýetişipdi. Onuň çekgeleri doluşyp, ýüzi tegelenip, burny ýerine gelipdi. Ol edil şu gün bolmasa-da, ertir «gelin gyran» diýilýän gaty owadan ýigit boljakdy. Şonuň üçin Inga gary, ýeriň sürçekligini bahanalap, Garyba gysmyljyranyny kem görenokdy. Täze ýyl gijesi Garyp Institutyň öňündäki belent sosna agajynyň ýanynda guralan şowhun-şüweleňe gatnaşdy. Ýöne şol mahal topardaş gyzlaryň biri ylgap onuň ýanyna geldi. Onuň ýüzi ak tamdy. – Garyp, Wasýuk dagy bufetde birtopar bolup, arak içip otyrlar. Men kofe içeýin diýip bardym. Olar seni urmak hakda gürrüň edip otyrlar. Ol zalym, seni ýagşy ýenjip, soň özi Kiýewiň otlusyna münjek bolýar. Onuň otla biledi bar öýdýän. Sen bu ýerde durma, git. – diýdi. – Sen eşiksiz otagyňa git. Seniň eşikleriňi eltip, nobatçynyň ýanynda goýaryn. Eger başarsaň, otagyňda-da galma. Garyp ol gyzyň diýenini etdi. Ol gyz onuň eşiklerini içeri alyp gitdi. Garyp başga ugra gitjek bolup, ýönelende, Wasýugyň ýoldaşlarynyň biri ony gördi. – Nirä – how?! – Geljek. Men häzir bir çüýşe «Şampanskiý» alyp geljek. – Şeýtsen-e! – Gyzlar üçin – how! Garyp taksi tutup, göni Ingalara eňdi. Inganyň ýeke özi oturan eken. Ol bolşuna görä, stoly bezäpdir. Saçakda gara, gyzyl şpil, gowurlan towuk bardy. Iki dürli salat taýýarlapdyr. Garyp umumy ýaşaýyş jaýynyň gapdalyndaky magazine girip, bir çüýşe «Şampanskiý» satyn alypdy. Inga begendi. Garyby gujaklap garşy aldy. Onuň ýaňagyndan ogşady. – Hany, men saňa seredeýin! – diýip, onuň elinden tutup, ýüzüne garap durdy. Täze Ýyla ýene sagat ýarym wagt bardy. – Hany, otur, Garyp. Maňa özüň barada gürrüň bersen-e. – Rusçamy ýa-da iňlisçe?.. – Gel, iňlisçe! Inga rus diline-de, iňlis diline-de juda ezberdi. Bu gürrüňdeşlik üçin tejribe tälim mekdebi boljakdy. Inga hiç wagt «bu sözi beýle aýt» diýmeýärdi. Ol ýalňyşan adama şol sözüň deregine, şol manyny aňladýan başga bir sözi salgy berýärdi. Garyp özüniň terjimehalyny owadanlaman gürrüň berdi. Ol kän bir uzak wagta çekmedi. – Özüň özüňe geň galaňokmy? – diýip, Inga oňa gürleşip duran dilinde sowal berdi. – Men illerden artykmaç ekenim-ow – diýeňokmy?! Garyp lezzet bilen nahar iýip oturşyna, çarşakly elini bulady. – Geň ýeri, men ilden üýtgeşigem däl-dä. – Garyp! Sen – ilden üýtgeşik! – Inga «Şampanskini» eline aldy. – Sen juda üýtgeşik, Garyp! Seniň iňlis dilini şeýle çalt bilmegiň meniň hyzmatym däl-ä. Okadýan okuwçylarymyň içinde heniz gürläp bilmeýänem kän-ä. – Ýok, seniň hyzmatyň – diýip, Garyp gyzdy. – Dawaý, «Şampanskiý» açalyň! Garyp doly çüýşäni eline aldy. – Men ömrümde... Inga oňa tarap öwrüldi. – Sen erkek adam, şonuň üçin hökman içginiň gapagyny açmagy öwrenäýmeli. Hemişe senden haýyş ederler. Garyp hyk-çok edip, ömründe ilkinji gezek şampan çüýşesiniň gapagyny açdy. – Soň açyljak bolsa, beýle kyn baglamak, juda berk ýapmak nämä gerek boldyka?! Täze ýyl geldi. Täze 196-njy ýyl! Inga owadanja bulgurlara guýlan şeraby owadanja, pökgüje, alaja elleri bilen syrlyja göterdi. – Garyp! Täze ýyl saňa bagt getirsin! Ol şerabyny içdi-de kiçijik eli bilen kiçijik, elektrik bilen saz çalynýan gutyny basyp goýberdi. Juda ýumşak hem-de süňňüňe aram berýän wals ýaňlanyp gitdi. – Gel, tans edeli! Inga Garyby gepletmän, ellerinden çekdi-de, ýerinden turuzdy. Ony saza goşup, pyrlap başlady. Soň yigidiň ýaňagyndan, dodagyndan ogşap başlady. – Ga-ry-yb! Ol Garyby saza goşup, içki jaýlaryň birine bakan itip, alyp gidip barşyna, onuň switrini ýokary göterip başlady. – Garyp, gel, çykaryn! – Onuň özi eşiklerini ýeňiljek çykardy-da, özüni ýere, halynyň üstüne bakan goýberdi. Soň Garyby öz üstüne çekdi. – Näme edýäň,Ýok, ýok!.. Garyp her näçe seretmäýin diýse-de, Inganyň ap-akja, ullakan göwüslerine, ak mermerden guýlan ýaly belent sagrysyna, egnine düşüp duran mele saçyna seredip galdy. – Ýok! Garyp syçrap ýerinden turdy-da, işige bakan ylgady. Şol pursat gapynyň jaňy kakyldy. Inga onuň yzy bilen daşky otaga çykdy, gapynyň jaňy kakylan badyna-da, yzyna ylgady. – Açma! Dur, häzir gitme!.. Garyp ýeňiljek geýimini alyp, köwşüni geýip, işigi açyp okdan sypan ýaly, lifte-de garaşman, basgançakdan basgançaga böküp, ylgap gitdi. Ol umumy ýaşaýyş jaýyna gelende, Aýöbölek diýen gyzyň gelip gidendigini aýtdylar. Täze ýylyň başynda, oňa «Sowet edebiýaty» žurnalyndan müň manatlyk gonarar geldi. «Prawda» gazeti onuň «Salam mähriban halkym!» diýen alty bentlik goşgusyny gazetiň Täze ýyl nomeriniň birinji sahypasynda berdi. Ol gyşky ekzamenlerini diňe bäşlige tabşyryp, oba gaýtdy. 27. Okuň ýylynyň ikinji ýarymynda ol ýene otuz goşgy ýazdy. Ýöne ol. Inda Mihaýlowna ýarawsyz bolany üçin, gazet-žurnallarda çykardyp bilmedi. Oňa iň ýokary stependiýa, oňa SSSR-iň Edebiýat fondunyň bellän aýlygyny berdiler. Ol asla-da puldan hor bolanokdy. Ol Aşgabada gelensoň, jygyllyk bazaryna baryp Bibi gelnejä, öz ejesine kümüş bilezik, keteni köýneklik mata satyn aldy. Ony Gulýa garşy aldy. Onuň hem kanikuly bolany üçin, Gulýa onuň ýanyndan ýekeje sagat hem aýrylanokdy. – Gel, ejeňe mawut don alaly! – diýip, Gulýa teklip etdi. Ol owadanja gapjygyny çykaryp ony açyşdyryp durşuna – Puluň ýetermi? – diýdi. – Pul ýeterlik! – Ol çykaryp, Gulýa ýüz manat berdi. – Onda, bilýäňmi, nädeli?! – Ejeme bir gülýaka alaly, Onsoňam, – Gülýa ýuwdundy. – Bizde aýallar börük, neme, topby geýýärler. Onuň daşyn-da owadanja mata tutýarlar. – Alyndaňymy? – Hawa, hawa, alyndaňy! Garyp ejesine sowgat alansoňlar, Gulýa ýene-de pul berdi. – Bibi gelnejem nämäni gowy görýär? Gulýa hezil edip, hem uýalyp güldi. – Ejemmi? Hemme zadam gowy görýär! – Ýok, hozmy, maňyzmy, gawunmy... Gulýa ýene ýylgyrdy. – Hozuň maňzyny, kişmiş, gawunyny ... Garyp bazaryň girelgesine baransoňlar, daşy owadan gyş gawununy, bir kilo gury erik, hozuň maňzyny, iki sany türkmen çöregini satyn aldy. Soňra, olar taksi tutup, Gulýalara gaýtdylar. Bibi gelneje sowgatlary halady. – Oglumyň sowgady. Keteninem tikinip, gowy ýaka tutup, geýjek. – Ol bilezikleri goluna ötürdi. – Ölýänçäm, elimden aýyrmaryn! Bu gün dynç güni bolany üçin Garyp Ýazyjylar soýuzyna baryp bilmedi. – Garyp, köwşüňi tiken ussa ýadyňa düşýärmi? – Haýsy? Hawa düşýär?! Gulýa güldi. – Ikimiziň tanyş bolanymyza şu gün bir ýyl boldy. Bu gün on bäşinji fewral-a! Ol saňa: Men senden häzir pul aljak däl. Sen uly adam bolarsyň. Şonda özüň berersiň» diýen köwüş tikiji bard-a, köwşüňi ýaman adam, ýöri, şonuň ýanyna baryp gaýdaly. Hem awtostansiýa baryp, saňa awtobusa bilet alarys. Bibi eje bu gün öýdedi. Ol Garybyň gelenine begenip, palow bişiripdi. – Onsoň, Olýa geljek hepde gelmelimi?! – diýip, ol ene dözmeziligi bilen gaýta-gata sorady. Men ony edil gaýtmankam-a görüp bilmedim. Olaryň ekzameni, zaçýoty biziňkiden köpräk eken. Biz näme, birinji kurs-da. Ekzamen az. Özem şeýle aňsatja. Olar güni bilen kitaphanada, çaphanada oturýarlar. Garyp Bibi ejä dogrusyny aýdyp durmady. Olýa başda artistçylykda okaýan Gurban diýen owadan oglan bilen tirkeşýärdi. Soň onuň yzyndan bir garagözelek hindi gatnap başlady. Ýalan-a sözlemeli däl welin, ýöne bu ýagdaýy bu mähriban aýala nädip aýtjak! Olýa indi Garyba kän bir ýüz berip baranokdy. Ol kartoşka ýygylanda alan ýüz manadynam gaýtaranokdy. Institutyň oglanlary Olýa barada gowy gürrüň edenokdylar. Eger aýtjak bolsaň, şolary-da aýtmalydy. Ol bolsa gybat boljakdy. – Eje, biz howlugýarys. Nahar bişmedimäý! – diýip, Gulýa ejesini gyssady. Gyzy baradaky gürrüňlerden çen tutan Bibi eje agyr oýa batypdy. Ol Gulýanyň beýle gyssanmaçlygyna gatyrgandy. – Çagam, gep-üýn alyşdyr-a. Bu çaga ölüp Aşgabada ýetdi. Indi sen bir ony çekeläp durma. Ol dynjyny bir almaga bir ber-ä. Bibi gelneje diwandan turup, nahary görüp geldi-de Garybyň ýanynda oturdy. – Men bir zada heýç düşünemok, Garyp jan, çagam! – Ol Garybyň elinden tutdy. – Ikiňiz birje bir ýerde okaýan bolsaňyz, opşitda bir gatda ýaşaýan bolsaňyz, nädip sen Olýany görmeýäň? Ýa-da, ol bedibagt bir bela, zuluma uçurap, senem ony, «aýtsam bir gybat bolar» diýip aýtmaga ejap edip otyrmyň. Ýa-da... Garyp gabalsa-da, syr bermedi. – Eje, aýdýan-a, men birinji kurs. Ol institutda kazy kesen ýaly düzgün bar. Uly kurslar uly kurslar bilen tirkeşmeli. Kiçi kurslar kiçi kurslar bilen gatnaşmaly. Onsoň, meniň ýörite okuw, iş düzgünimem bar. Men ertir irden turup, naharlanyp, okuwa taýýarlanyp, pyýadalap okuwa gidýän. Okuwymdan göni iňlis dili kursuna, ondanam maşinka öwreniş kursuna, ertesi, iňlis dili kursuna, soň maşinka öwreniş kursuna, sähel wagtym bolsa-da, kitaphana ylgaýan. Okamaga-da elim degenok. Olýa dagy birneme erkinräk. Olar gijiräk baryp, institutdan irräk gaýdýarlar. Köplenjem kitaphanada. Olýa meni görende, «Garyp, men seni ýitirdim» diýip, geçip gidýär. Onuň MGU-da Aýbölek diýen jorasy bar. Olar köplenç bileräk. Onsoň men oňa nädip duşaýyn... Bibi gelneje ynanmady. – Aý, näbileýin? – diýdi. – Meni şol gyz garrytjakda! Öz derdimden beter şonuňky. Nahardan soň Garyp Gulýa bilen rus bazaryna, şol garry köwüş tikýän Artur daýynyň ýanyna bardylar. Köwüş tikýän ýaşuly işsiz otyrdy. Ol Gulýanyň gelenine begendi. – Bah-ali! Kel kyzym. Gulýa oňa Garyby görkezdi. – Bu ýigidi tanaýaňmy, dýadýa Artur? – Tanymadym, kyzym, Allah, byllah tanymadym, bu kimdir? – Geçen ýyl, şu gün onuň köwşüni mugt ýamap beripdiňiz! Ýadyňyza düşdümi? – Ýoh, ýoh! Men muht tikmeýerim. Pul olmasa. Ýaşuly birneme horlanan ellerini Garyba uzardy-da ysgynsyzja ýylgyrdy. Gulýa janygyp-janygyp, şol wakany ýaşulynyň ýadyna saljak boldy. – Däde Artur, garly gün, elimiz bir daňy kitaply, däde, howwa diý, pul alman «Uly adam bolanyňda aljak» diýdiňiz. Ýaşuly elini silkdi-de kellesini görkezdi. – Män bilmärem, bilmerem. Kizim, başymy agyrtma!.. Garyp jübüsinden şykyrdap duran täzeje ýigrimi bäşlik çykardy-da, ýaşulynyň etegine atdy. Ýaşuly bu «nätanyş, owadan» ýigidiň ýüzüne seretdi. – Bu neýe?! –Al, al, däde Artur, ol indi nuly adam! Ol Moskwada dünýä edebiýaty institutynda okaýar! Onuň goşgulary «Правда» gazetinde çykýar. – Ah, beýle! – Ýaşuly puly aljagynam, yzyna gaýtarjagynam bilmedi. – Sag boluň, razy boluň! Ýaşuly bu gürrüňdeşlige, gyzygyp, goňşy budkanyň işigine üýşen adamlara, puluny görkezip, – Bah, bah, Moskwada, inwesitetde ohyýyr-a – diýip, puluny güjeňledi. – Men razy oldum, çoh razy oldum. Alla razy olsun! – diýip goýberdi. Soň ol ep-esli wagtlap gelene-geçene täzeje ýigrimi bäşlygy güjeňläp, özünden daşlaşyp barýan, goşa gumry ýaljak iki juwany görkezdi durdy, hem-de bolan wakany güni bilen şol gürrüň berdi oturdy. Birdenem hor, üsti- başy juda ýuka, eli agyr ýükli, arryk oglan ýadyna düşdi. – Aý, waý, dur! Goja başyny ahmyr bilen ýaýkady. – Bildim! – Ol elini göge uzatdy. – Ol! Ol! Eý, Alla, gör – bah, ne olmuş! Alla razy olsun! 28. Garyp awtobusa münenden soň uzak mahallap uklap, birden oýanan ýaly boldy. Göwnüne bolmasa, bu bolup geçen zatlaryň ählisi onuň gysgajyk, ýüzleýje, ýeňiljek düýşi ýaly bolup duýuldy. Misli, ol häzir Oba hojalyk institutyna ekzamenlerini giriş ekzamenlerini tabşyryp, inden oba gaýdyp barýarka, awtobusa münüp, azajyk irkilip turan ýalydy. Ol töweregine garady. Aşgabatdan Gyzylarbada barýan awtobusyň içinde tanyş adam ýok diýen ýalydy. Iň öňde oturan başy papakly adamy ol bilýärdi. Ol adam bir wagtlar Garyplaryň mekdebinde mugallym bolup işläpdi. Emma häzir, jylk sary ýüzünden ebgar keseldigini aňmak kyn däldi. Ol Aşgabatdan, keselhanadan gelýän bolmalydy. – Düşenimde hökman salamlaşaryn! – diýip, oýlandy-da, Garyp üst-başyna seretdi. – Ýok, düýş däl! «Men näme üçin Oba hojalyk institutyna barmadym. Meni juda kyn günümde goldan gyzlary görüp, salamlaşyp, hersine bir sowgatjyk berip gaýtmalydym. Begenerdim. Meni kyn günümde goldan atalyk kömegini beren rektor bilenem, ýörite baryp, salamlaşmalydym. Ýazyjylar soýuzyna-da girip, çykmadym. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň maňa jogap beren, soň goldaw bolsun diýip, müň manat pul iberen adamlaryna-da «Taňyrýalkasyn» aýtmalydym. Garyp oturan ýerinden özüni kötekläp oturyşyna, awtobusyň çaltlygynda, ýüzüne şarpyldap degşän igençleriň badyna zordan çydady. «Gözün aksyn. Meniň şu wagta çenli özüm bilen bolmaga elim degmedi. Hany, ejem! Hany, Selbi! – Selbi! Her demde okara ýaly, nurly ýüzi neresse çaganyňky ýaly, iki dünýäňe ýagty salyp, perişdeleriňi tisgindirýän eziz çaga! Seniň ýagdaýlaryň nähili? Ejeň, kakaň bilen ýaraşdyňmy?!. Men şolary unudyp, nädip şahyr boljak bolýan?! Men bir hakydasyz mahluk bolup galypdyryn-a! Belent dagyň depesinden togarlanyp gaýdan gara daş ýaly, indi alty aý bäri, aňsyz, duýgusyz, gaty külçe bilen, gaty gowurdaga daňlyp, şo-ol eňterilip gaýdypdyryn. Ol Gyzylarbat şäherine gelip, awtobusdan düşdi-de, oba gidýän beýleki bir kiçi awtobusa garaşyp başlady. Goşy ep-esli bardy. Ýöne ol henizem hälki oýlaryň bendiliginden çykyp bilenokdy. Selbiniň mährem keşbi onuň ýüregini ezip başlapdy. Birden-birden üýtgeşik duýgularyň labyry onuň ýüreginiň bagyny silterläp, ony üzäýjek-üzäýjek boldy. Selbiniň pyýala ýaly, balkyldap duran owadan gözleri ýigidiň göz öňünden aýrylmaýardy. – «Garyp, gidişiň gidişiň bold-a! Sen nirede Garyp? Sen meniň nirededigimi bilýäň! Näme, maňa iki barmak hatyňy dözmediňmi? Garyp elewredi. Bir-ä, Aşgabada gidýän awtobusa, birem, goşlaryna seretdi. – Ýa Aşgabada baryp, görüp gaýdybersemmikäm? Ol şu niýet bilen ýerinden turdy. Emma goşlaryny almaga ýetişmedi. Agyr, edil atagzy ýaly eller ony gysaç ýaly, berk gujaklady. Tanyş, emma hiç haçan öwrenişip bolmajak demli agyz ony ogşap başlady. Garyp tisginip gitdi. – Ditjan! Ditjanym!.. – Myrry! Garyp Myrrynyň seňseledip barýan gujagyndan zordan sypdy. Soň ähli zady undup, ony gujaklady-da ýüzünden ogşady. – Agam! Myrry Garyby goýberenokdy. Ýöne şo-ol: – Ditjan! – diýip, özelenip durdy. – Ditjan – Ol garşydaky oturgyçlaryň birine geçip turdy. – Sag-aman geldiňmi? – Geldim, dost! Özüň nähili? Ejem nähili? Myrry elini ýokary galgatdy. – Mamaş, şu sapar-a menden sypmaz. Buşlugymy hökman alaryn! – Saglygy gowumy? – Garaşýar! Gije-gündiz garaşýar. Erbet düýş görüpdir. Düýşünde, ak eşekli adamlar gelip gitjek bolupdyrlar. «Garyp jan gelmese gidip biljek däl!» – diýipdir. Olaram «Ogluň Aşgabatda gezip ýör, ertir gelýär.» diýipdirler. Mamaşam «Türkmenistana düşse, ýarawsyz ejesini munda taşlap gezip ýörjek oglum ýokdur, baryň, baryň aňyrrakda geziň!» diýip, olary kowup goýberipdir. Olaram: «Görersiň, ogluň ertir geler!» diýipdirler. Onsoň, menem «Hem Ditjan birden geläýse, ony garşy alaýyn, hem welsepit alaýyn!» diýip gaýdyberdim. Görsem, ine, sen! Tas ýüregim ýarylypdy. Gaty göresim geldi, Ditjan! Ol ýerinden turup, gelip, Garyby ýene-de gujaklady. Ony gaýta-gaýta ogşady. – Hiç gözüme ynanmaýan. Meniň Ditjanym, horja, garaja, gargy-gamyş ýaly, ýel öwüsse yranyp duranja ýigitd-ä! Emma bu ýerde bir perişde otyr. Her gözünde bir tylla okara, ap-akja, edil gabygy ardylan ýumurga ýaly. Özem şeýle bir owadan welin, gyzylarbatly gyzlar topar-topar boluşyp görmäge gelişip, gözleri bilen ýuwdup gidiberjek bolýarlar. Awtobus ugrady. Emma duralga ýaşlardan dolup galdy. Olar Garyba seredişýärdiler. Garyp Myrrynyň ýüzüne garady. Myrry ýylgyrýardy, başyny atýardy. Aňyrda duran iki gyz Myrra: – Aý, oglan, dostuň bilen tanyşdyraý-da... – Garyp ýerinden turdy. – Salam! Myrram ýerinden turdy. – Ol häzir özümize gerek. Soň, soň... – Tigir aldyňmy? Myrrynyň iki gözi gyzlardady. Ol Garybyň sowalyna düşünmän: – Hawwa-laý. – diýdi. – Ölüşip barýarlarmy – Ol gaňyrlyp, yzyna garady-da – Bärkijes-ä gowja eken! – diýdi. – Welsepid almadyňmy? Myrry çynlakaý görnüşe girdi. – Aý, gymmad-eý! Men onuň üçin ýene bir aý işlemeli bolja-gow! Garyp sähel sägindi-de, yzyna gidip, goşlarynyň arasyndan kurtkasyny alyp geldi. – Ýöri, dost, sen maňa şol magazini bir görkez. Myrry hem yzyna gaýdyp, Garybyň goşlaryny kimdir birine tabşyryp gaýtdy. Soň Garybyň yzyndan ýetdi. – Daş däl! Myrry Garybyň pikirine düşünenokdy. Dükan daş däldi. Onda her dürli welesiped bardy. – Haýsysy iň gowusy? Myrrynyň gözleri uçganaklady. – Hemmesem gowy. Ýöne men şony haladym. Nesip bolsa, oba baryp, karz alyp, indiki hepde satyn alyp giderin. Garyp dükança tigiriň bahasyny töledi-de, welesipedleriň birini soguryp aldy. Soň, ony alyp gapa çykdy. Myrry tigirlere serdip durdy. Ol tigiri işige söýäp, ýene-de dükana girdi. – Ýöri, gideli! Myrrynyň pikiri, oýy tigirlerde galdy. Olar daş çykdylar. Garyp tigiriň şahyndan tutdy. – Agam, ine, menden saňa sowgat bolsun. Ähli zat üçin Taňry ýalkasyn! Bu tigri görüp, Myrrynyň ýüzi üýtgäp gitdi. Ol uzyn, hor ellerini öňe uzatdy-da, gorkulymy, tolgunçlymy, erbet titredi. – Ýok! – diýip, gygyryp goýberdi. – Ýok! Alman. Beýtme. Arkaja dagym, beýtme. Ditjanym. Beýtme! Garyp ýylgyrdy. – Bolýar, bolýar! Öýe bir alyp gideli. Men obada pyýada gezeýinmi?! Gidenimden soň, sen sürüberersiň ony! – Ýok! – Ol şol öňki äheňi bilen, batly gürledi. – Ol bolar! Garyp bu ýeke ýigidi, edil agasy ýaly gowy görýärdi. Myrrynyň özüne-de, kömek, hemaýat gerekdi. Emma soňky döwürlerde ol özüni unudypdy. Garybyň Moskwa ýaly ýere okuwa girmegi ony birhili, tas däliredipdi. Özi okuwa girendenem beter, Garybyň okuwa girenine begenýärdi. Moskwa gidende bolsa, bir semiz toklyny soýup, ejesine gowurdyp, goçnuň garnyny arassaladyp, ony guradyp, gowurmany şoňa salyp, oňduryp getiripdi. Ýol üçin on dört manat pul beripdi. Ejesine edil, onuň öz ogly ýaly bolup, göz-gulak bolup, Moskwada okap ýören Garypdanam käte habar tutup durdy. Garyp Moskwada okan alty aýynyň içinde bir-ä Bibi ejäniň hamraklygyna, jomartlygyna, birem Myrrynyň köşeşmeýän, egsilmeýän hormatyna haýran galýardy. Eger özüne galsa, bu adamlaryň ýaryça-da bolup biljek däldi. Iň bärkisi, Selbidenem habar tutmany bilmedi ahyry! Ol Moskwada okap ýörkä, Myrrynyň eden ýagşylyklaryny hiç haçan gaýtaryp bilmejegine düşündi. Ýöne oňa tüýs Moskwanyň sowgadyny edesi geldi. Şonuň üçin, ol Myrra bir goşa tüpeň, dürbi sowgat satyn aldy. Olar kän bir gymmadam däldi. Ýöne ol obada bahasyz zatdy. Ine, bu gün bolsa Garybyň diýeni geldi. Myrrynyň derdine, diňe welesiped ýarap biljekdi. Tüpeň, dürbi oňa diňe güýmenje, tigir bolsa poçtolýon adama ulagdy. Myrry tigriniň tigirlerini derrew söküp, awtobusa ýükledi. Soň tä oba barýança sesini çykarman, süjüje ýylgyryp gitdi. Oba baryp düşen batlaryna, Myrry tigriniň tekerlerini ýerine oturdyp, Garybyň goşlaryny oňa ýükledi. – Mamaşa-a begener! – Öýdemikä? – Garybyň bu sowaly Myrryny gaty geň galdyrdy. Ol ýalt edip, Garybyň ýüzüne garady. – Kim aýtdy? Garyp ýüzüni galdyrdy. Ýöne ol ejesiniň ýyl çalşanda derdi gozgap, keselhana girýändigini bilýärdi. – Özüm bilýän. Haçan çykdy? – Üç gün boldy. Keselhanadan özüm çykardym-a. Indi gowy. Köne dertd-ä. Öýe golaýlaşanlarynda Myrry ýuwaşjadan: – Ilki men baryp, seniň geleniňi buşlaýyn. Ýogsa, erbet tolgunaýmasyn! – diýdi. Ol tigirini juda aýawly idip, öňe çykdy. Ol köne jaýyň öwrüminden ýaňy öwrülenden, Ogulsona daýzanyň keşbini gördi. Ol öýe tarap öwrüljeginem, ogluna tarap eňip gaýtjagynam bilmän durdy. Birdenem: – Garyp jan, balam! – diýdi-de, ylgap gelýän ogluna bakan janserek bolup gaýtdy. – Oglum! Garyp gelip ejesiniň gabyk ýaljak bolup galan horja, ýeňiljek didaryny mähir bilen gujaklady. – Eje janym! Mähribanym! – Boldy, boldy – diýip, Myrry olaryň deňine gelip, aýtdy. – Öýe bir gireliň-ä, mamaş! Garyp ejesiniň horja eginlerini gujaklap, ony öýe saldy. Ejesinden içeriniň ysy gelýän eken. Ol öýe girende, ondan ejesiniň ysyny aldy. – Eje jan, salowmaleýkim! Ogulsona daýza hamsykdy. – Ölmänkäm, balamy gördüm! Boýuňa döneýin, guzym. Tas ejesiz galypdyň. Seni gaýgy etdim. Men ölsem, Meskewden neneň edipler geler diýdim. Meniň derdimi neneň çeker diýdim. Çynar boýly balam. Ýat illerde perişdä öwrülen balam. Ýaman gözlerden, ýaman dillerden özüň gora, jan Allam! Myrry çaý demledi. Orta saçak ýazdy. – Mamaş, goýsan-a, indi. Sen meniň buşlugyma näme berjek, şony aýtsan-a?! Ogulsona daýza durşuna nura beslenip oturan balasyndan doýup bilmän, ene didesi bilen şo-ol seredip doýman otyrdy. – Wah, balam, ýüzüňde gan-pet ýok-la. Näme, harjyň zadyň kem boldumy? Näme iýip-içeňokmy?! Ýa eliňe düşenjesinem, «Ejeme!» diýip iberip otyrmyň, balam. Ahyry Garyba-da gezek geldi. – Ýok, eje Moskwanyň howasy şeýle! Ol ýerde Gün düşenok. Köplenç bulut. Häzirem dyzdan, gar. Şonuň üçin adamlar, ýalaň ak. Entegem, meni gap-gara görýärler. – Gorkma, bu ýeriň Güni Ditjany iki günde gap-gara eder, mamaş! Gelseňizläň-aý, çaý içeliň-läý. Garyp Moskwadan getiren süýji-köke sowgatlaryny saçaga goýdy. – Wah, balam, munça puly harç edip, alypsyň bulary. Kim bu wagt keteni geýýär. Kim bu wagt bilezik dakynýar. Ýöne, pul sowmanyň ugruny bileňokda sen. Ol kagyz haltajyklardaky konfetleriň ählisini elleşdirrip çykdy. – Kim iýjek bulary! Garyp ýylgyrdy. – Eje jan, sowgatdyr-da! – Mamaş, sowgat bolmasa bolmaz-a. Ýüz ýyl bäri tutuş obadan Moskwa gideniň ýekejesem bolan däldi. Şu konfetleri, tutuş oba dadyr, gaýtyp. Garyp Myrrynyňam sowgadyny berdi. – Agam ýaly bolup öýe, içerä, ejeme seredişdiň. Sag bol, dost. Myrry sowgatlay höwes bilen alsa-da, olary gaty gymmat gördi. – Maňa gowy awtoruçka alaýmaly ekeniň. Dostum maňa Moskowadan getirdi – diýip, tutuş etraba görkezip çykardym. Tüpeň bilen dürbini kim görýär. – Ol birden begençli gygyrdy. – Onda-da sag bol, Ditjanym! Indi, işşalam, iýjegiňiz aw bolsun. Olar ine-gana çaý içdiler. Şol,wagt goňşular gelip başlady. – Ogulsona daýza, gözüň aýdyň. Gijiräk Şyhym aga geldi. – Garyp jan, salam!. – Ol Ogulsona daýzany gutlady. – Ene, Garyp jan gelipdir, gözüň aýdyň. Gaty begendim. Ol ýerinden turan Garyba seretdi. – Otur, köşek. Bir-ä, ertir baş agronomyň ýaşaýan jaýy boşaýar. Şoňa göçeliň. Barybam jaýda gowy toýjagaz edeliň. Raýonyň ýaşulularam, seni göräýsek diýýär. – Oturanlara garady. – Garyp jan halkynyň, ýurdunyň abraýyny dünýä ýaýýan gowy ogul boldy. Ogul bar, ogul bar! Şyhym aganyň sözüniň tüýs ýürekdendigine Garyp düşündi. Ýöne onuň jaý diýenini kän bir oňlap durmady. Sebäbi ol öz ejesiniň ýüregini duýup durdy. Bu jaý juda könedi. Poly, potology, aýnasy ýokdy. Oňa del adam getirip boljak däldi. Ýöne jaýyň ýeri ene ýaba golaýdy. Şol ýabyň golaýynda mal saklamaga, odunyňy, otuňy goýaýmaga bir bölejik ýerem bardy. – Şyhym aga, toýy şu ýerde tutaýaly. Ejem ýarawsyzrak, ony gyş geçýänçä gozgamasak gowy boljak. Başlyk ylalaşmady. – Meniňki maslahat. Ol jaý bir uly ýoluň gyrasy. Eýwanly, polly, potolokly, telefonly. Daşy arassaja, baglyja jaý-da! Seniň soragyň kän, inim. Her kim «Şol Moskwada okaýan şahyr oglanyň ýaşaýan jaýy» diýjek. Garry enäni gelip görjekler. Şol ýerde-de mal-gara daňar ýaly ýerjagazam bar. Barsaňyz halarsyňyz. Ýok diýme Garyp jan! Hiç kimden ses çykmady. Şyhym aga, soň sözi hetjikläp durmady. Soň gürrüňiň örüsem giňemedi. Gelenler «Garyp jan ýadap gelendir, dynjyny alsyn diýen bahana bilen hoşlaşyp, çykyp gitdiler, – Balam, näçe günlük geldiň, haçan gaýtmaly? – diýip çäýnek-käseleri ýygnap ýörşüne, Myrra garap sorady. Garybam Myrra kömekleşmek üçin ýerinden turdy. – Mamaş, menem gaýdaýyn. Öýdäki mamaşam ýolumda çasowoý durandyr. Ogulsona eje başyny atdy. – Gaýt, oglum, giç boldy, gaýt. Myrry sowgatlaryny alyp, daş çykdy. Onuň yzy bilen Garybam çykdy. Ol täzeje tigiriň şahyndan tutup durşuna: – Myrry! – diýdi. – Dost, şu tigir, menden, saňa ene süýdünden halal sowgat, al! Myrry yzyna-da garamady. – Şularam utanman alanyma, haýran galyp durun. Men beýle gedaý däl-ow! – Dur, saklan! Onda senem meniň üçin gowurma etdiräýme. Ölsemem almaryn. Menem gedaý däl, seniň gowurmaňy alyp, iýer ýaly... – Men ony sowgat üçin edemok. – Menem tigiri saňa gowurmaň üçin satyn alamok. Almasaň, göwnüme degdigiň biläý. Men seniň bilen ömürlik gepleşmerin. Myrry yzyna döndi. – Çynyňmy? – Gara çynym. Myrry tigiriň şahyndan tutdy. – Onda, alaýynmy? – Onda al! – Bolýa! Ol tigri arkasynda göterdi-de burçdan aňry aýlandy. Öýe girende Ogulsona daýza Garybyň düşegini salan eken. Düşek, ýorgan köneje-de bolsa, ýakymlydy. Garyp düşege geçip, ejesine garap, ýassyga gyşardy. – Men, eje, ýene on gün dagy bolmaly. Ýöne «Gal, gitme» diýseň bir aý dagy galyp bilerin. Ogulsona daýza sesini çykarmady. – Wah, oglum, Şyhymyň jaý diýen-ä gowy eken. Sen gerek däl diýeňsoň, menem bir zat diýip durmadym. O jaýyň gowy ýeri, tilpuny bar! Herän-haçan seniň sesiňi eşidib-ä bilerdim. Garyp güldi. – Eje, «Şu kakaň gören jaýy» diýseň, şodur öýdüp ýörün-dä. Bolmasa ýaşula «bolýa» diýäýeli. – Ýok, balam, sözüňi iki çykarmaly! Ýagşam bolsa, ýamanam bolsa, seniň aýdan sözüňi yzyna gaýtaryp bolmaz. Garyp böwrüni diňledi. – Men senden bir zat soraýyn ogul. Dogrujaňy aýt. Garyp ejesiniň ýüzüne garady. – Seniň Meskewä gideniňe alty aý boldy. Şu döwürde sen maňa müň manat pul iberdiň! Sen maňa aýt, bu pullary saňa kim berýär, ýa işleýärmiň? Gazanç edýärmiň, döwlet kömek berýärmi, ýa başga bir şübheli belanyň pişesin edýäňmi? Garyp ýylgyrdy. – Eje, meniň ýazýan goşgularymy gazet-žuurnallarda aldygyna çykarýarlar. Olara gaty köp pul berýärler. Oňa gonarar diýýärler. Onsoň SSSR-iň Ýazyjylar soýuzy diýen bir uly gurama bar. Onuň fondy bar. «Geljekde mundan uly şahyr çykmagy mümkin» diýip, olar maňa her aýda ýüz elli manat aýlyk berýärler. Žurnallarda goşgyň çyksa, oňa puly has köp pul berýärler. Aşgabatda «Sowet edebiýaty» diýen bir žurnal bar. Arada goşgularymy iberdim. Şolar maňa müň manat pul iberipdirler. Moskwanyň köp gazeti-žurnaly goşgularym üçin ýüz, iki ýüz manatlap baýrak berip gur. Eger kitabym çykaýsa, onuň puly has köp boljak... Ogulsona daýza ynjalmady. – Bolýa-la, oglum, soň yzyna ber diýmeseler. Garyp güldi. – Arkaýyn sow, eje jan ene süýdi ýaly halal puldyr! Men saňa ýene müň manat pul getirendirin! Nesip bolsa, baran badyma-da, müň manada golaý pul almaly! Ejesi oglunyň sözüniň näderejede ynamlydygyny terezä goýýan ýaly, onuň ýüzüne gaýta-gaýta garady. Ene ýüregi az-kem ynjaldy. – Balam, haram zat bize ýokýan däldir. Haramdan müň tylla, halaldan ýekeje teňňe bilen depbeje deňdir! Belki, şol ýeke teňňe has bereketlidir. Birje käse suw bilen, iki barmajyk çörek tapsaň, şoňa kanagat etgin. Herne, kyn güne düşseň, garyp, ýarawsyz, dünýäde diňe sen diýip oturan garyp ejeňi ýatlabergin... Garyp dikeldi-de, ejesiniň halsyz, sary reňke boýalan ýüzüne, gözleriniň hor, ýöne diýseň mähriban aýtymyna tolgunma, guwanç, yza bilen seredýän gözlerine garady. – Eje jan, men, men sen, sen, hemişe meniň ýanymda ahyryn. Sen maňa ýol görkezip dursuň. Mydam, heý, menem seniň ýoluňdan çykarynmy? Heý, menem seniň halamadyk, seni ynjatjak işi ederinmi?! Ogulsona daýza sesini çykarmady. Ara ümsümlik düşdi. – Garyp jan, sen maňa şulary aýt. Garyp, ýassyga gyşaryp, jaýlaşyp, gulak asdy. – Meskewä saňa kyn düşenokmy? Soň sen bu okuwyň yzynda durarmyň?! Onuň namartlap, kişä ýaýaplap ýörmeli ýeri ýokmydyr. – Ýok, eje, bu okuw tüýs meniň isläp, meniň diýýän okuwym eken. Bu ýerde kişä bagly ýeri ýok. Zehin terezä salynýar. Gowa gowy, horda-horda diýilýär, ýüz görülenok. Saňa baha berýän adamlar özüň ýaly, zehinli-zehinli, ýazuw-pozuwdan, zehinden çörek iýýän adamlar. Ýöne, eje jan, çyn zehine hormat goýmak tutuş dünýäniň ýüzünde dessur, ýörelge bolup galypdyr. Ogulsona daýza ýassygy dyzynyň ýanyna çekip, bir gysymjyk bolup, jaýlaşyp oturdy – Akjanyň gyzy Bibigülem seniň ýanyňa barypmyş? Şeýlemi? Garyp başyny atdy. – Hawa, heniz-ä baranok. Ýöne toý-a etjekmişler. Şol ýerde Babajan diýip, bir gowy ýigit bar. Şol oglan menden olaryň aňyrsyny-bärisini soraşdyrdy. Basym, öýlenmegem mümkin. Ogulsona daýza birhilije gozganjyrady. – Balam, goşulmagyn. Gowusyna-da, ýagşysyna-da, ýamanyna-da. Sorasalar, kişä ýaman diýme. Gatyşma. Olaryň il doly ili-güni bar. Namysynam, abraýynam çekişerler. O millet, sähel güni geçse, beg bolar. Adam tanamaz. Sähel agram düşse-de, seniň ýaly arassanyň ýanyna gelip, derdini aýdyp, gan eňrär. Şonda-da, «Şeýlemi?» diýme. Är-aýalyň arasyna düşmegin... – Bolar, eje jan... Garybyň gözleri süzülip başlady. Köneje ýorgan-düşek ony bagryna basyp, niçeme wagt bäri balany ukynyň şirin dünýäsine çekip ugrady. Ogulsona daýza iň soňky sowalyna tutdy. – Selbi diýen birje gyz geldi, arada. Üç-dört gün meniň ýanymda boldy. Içerini gül ýaljak edip syrdy, süpürdi. Düşekleri güne serip, gül ýaly edip ýygnady. Eşiklerimi ýuwdy, naharymy bişirdi. Bu gep irkilip barýan ýigidi ýerinden laňňa galdyrdy. – Selbi! Ol näme üçin gelipdir! Ene ýumşajyk ýylgyrdy. Okuwyndan biziň hojalygymyza praktika iberipdirler. Biziň obamyzda myhmanhana barmy, näme. Ýaşar ýaly. Günorta çagydy. Eli sumkalyja geläýdi. «Daýza, siz Garybyň ejesimi?» diýip. Menem «Boluber meniň ýanymdajyk, hapa, garyp görmeseň» diýdim. – Selbi! Selbi! Eje, Ol nähili maşgala! – Garyp ukudan açyldy. – Oglunuň çyra dönen gözlerini görüp, enäniň solgun gözleri röwşenlenen ýaly boldy. – Üýtgeşik maşgala, balam, juda üýtgeşik. Tutuş oba oňa aşyk boldy. Öz-ä bir döwletli ýeriň çagasy eken. Gylygy, gepi-sözi, görki-görmegi, wah, balam juda-juda aňyrdan-a. – Menem ony kän bir gowy tanap baramok. Okuwa ilki gidenimde, birinji, şolaryň otagyna bardym. Ol Bibigülüň kursdaşlarynyň biri. Gaty gowy garşy aldylar. Çaý berdiler, bar bolany şol. Ogulsona daýza ýerinden turdy-da, ýüküň düşekleriniň arasyny sermenip, bir tagta kagyz çykaryp, çöňňelen göreçleriniň öňüne tutdy. Köreksi yşykda hiç zat görmeýändigine gynandy. – Wah, göz galmandyr. Ine şuny saňa ber diýdi. Öz-ä, oglum, çala tanyşlygyň işi-hä däl. O başga zada meňzeýär. Garyp haty emaý bilen aldy. Onda bary-ýogy: «Garyp, gelseň hökman, hökman meni tap. Öz Selbiň!» diýen söz bolup, onuňam yzyndaky «ň» harpy öçürilipdir. Ýöne «öz» diýen söz galyp, «Öz Selbi...!» bolup durdy. Bu habar, bu hat Garyby gaty aljyratdy. Bu habar, bu hat, Selbiniň bu ýere gelip, ejesine hemaýat bermegi Garybyň ýüreginiň çuňlugynda gömlüp ýatan, bir günden bir gün partlamaly «süýji» ahwalat buşlukçysydy. – Dilinden düşürenok, çaga. Näme, gepleşigiňiz barmydy? Gowy gören bolaýmasyn. Gowy görmese, ynsan balasy beýle etmez, oglum. Onda-da ýetişen gyz maşgala. Ol yşkyň oýnuna meňzeýär... Ene ýüregi oglunyň kalbynyň sarsgynyny ölçäp durdy. – Men, eje, şol gyz bilen gyzlaryň arasynda üçmi, dört sapar gürleşip gördüm. Men şol ýagdaýymda, eje jan, gyza söz aýdar ýalymydym. Aýagymdaky köwşüm ýyrtyk-ýyrtyk, jübimde itler uwlaýar. Barara ýerim ýok. Özümi bir dürsäp bilsem, gyza habar gatança boljak. Üst-başym gedaýyňky ýaly. Gelşik-sypbatsyz ýüzüme adam sereder ýaly däl... Ogulsona daýza ýassyga başyny goýberdi. Oglum «Ýetim oglan it bolar, ölmese ýigit bolar!» Sen özüňi juda bir pes tutma. Häzir il-günüň haly, gün-ahwaly bir sydyrgyn. Ilde artyk zat ýokdur. Ýöne «Men ýetim, Men garyp» diýip, ol gyzdan gaçyp ýörme. Alla – keremdir! Geljegiň, görjegiň öňüňde. Şol gyz ýaly ýan ýoldaşyň bolmagam, uly baýlykdyr. Baýlyk näme? Iberen müň manadyň, han-a, dur. Özüňde-de şonça bolsa, oňa iki gelin alyp bolýar. Menem, ölmänkäm, gelin görsem, agtyk söýsem. Selbi jan bagrymyň şypakärine öwrüldi. Gije-gündiz: «Daýza, Garyp geldimi?» diýip sorap dur, sorap dur. Sen oglum: «Ejem razy bolsun!» diýseň, şol balajygy sypdyrma. Garyp oýa batyp ýatyşyna: – Bor, eje, bolar! – diýdi-de, şirin ukynyň eşretli dünäýäsine çümüp gitdi. | |
|
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |