19:53 Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy | |
36. Okuwyň iň eşretli döwri başlandy. Keselçilik, keselhana, ýygyndyny çapa taýýarlamagyň aladasy, sud, hysyrdylary yzda galdy. Wasýuga sud etdiler. Oňa Garyby-da, jebir gören hökmünde çagyrdylar. Ol bolan wakanyň gylyny gymyltman, suda habar berdi. Umumy ýaşaýyş jaýynyň ähli ýaşaýjysy Garyba arka durdy. Wasýuga sekiz ýyl iş kesdiler. – Türmeden haçan çyksamam, men şol haramzadany hökman öldürerin. Ol kempire gynanýan, ýöne ara sokjarylmasyn. Olam hakyny aldy. Emma şol ýezidi öldürmänime, arman çekýärin. – diýip, ol iň soňky sözünde agzyndan ak köpük saçyp, başyny demir gurşawa ura-ura waňkyrdy. Şeýlelikde, tutuş institut «Wasýuk» diýen ganymdan, sözüň doly manysyndaky faşistden azat boldy. Okamak hezildi. Garybyň kem zady ýokdy. Onuň puly bardy. Berdi Kerbabaýewiň goýup giden bukjasynda müň manat pul bar eken. Garyby has begendiren zat, ony Nikolaý Tihonowyň görkezmesi bilen, ikinji gatdaky iki otagly jaýa geçirilmegidi. Bu otagyň gowy ýeri, hajathana, hammam, gaz peç, holodilnik, telewizor otagyň içindedi. Poluna owadan halylar ýazylandy. Işlemäge, dynç almaga hemme mümkinçilik bardy. Myhman kabul edip boljakdy. Institutda Garyby hemmeler tanaýardy. Oglan-gyzlaryň bary ony görenden, «Garyp jan!» – diýip, elleşip görüşýärdi. Agşamlarda, seminarlarda, duşuşyklarda bu uzyn boýly, ullakan gözlerinden mur dökülip duran mähriban oglanjyga höwes bilen söz berýärdiler. Bu gün Garyp, öz toparyndaky seminarda çykyş etdi. Bu seminar: «Döredijilik adamsynyň erkinligi» diýen tema bagyşlanypdy. «Adamy halas etmeli!» Garyp şu meseläni döwnedi. Mihaýlow, talyplar Garybyň çykyşyny agyzlaryny açyp diňlediler. Onuň: Adamzat ýeriň ýüzünde jenneti, dowzahy döretdi. Adamzat Aýa, Güne, Marsa öz wekilini ugratdy. Däli ummanlary, atomy, interneti kiberneti öz hyzmatyna goýan şol beýik Adam – bu gün bir agyz hoş sözüň zary bolup galdy. Zeminiň üstüne, tutuş asman giňişligine hökmüni ýöreden Adam bu gün ýalňyz, howandarsyz, hossarsyz bolup galdy. Ony kim halas eder, doganlar! Ol sözüniň ahyrynda «Meni halas ediň!» – diýen goşgusyny rus dilinde okady. Tutuş auditoriýany dolduryp oturan seminara gatnaşyjylar auditoriýany sarsdyryp, el çarpdylar. – Geniý! Berekella!... – Geniý! Geniý! Geniý! Edil şol pursat institutyň rektory auditoriýa girdi. Ony gören studentler gürre ýerlerinden turup, salam berdiler, ýöne el çarpmalaryny, gykylyklaryny goýmadylar. – Geçip barýardym. Bu gykylyga, el çarpma, geň galdym, ýuwaşrak boluň! Ol tribunanyň gapdalynda aljyrap duran Garyba elini uzatdy. – Eý, geniý, ertir sagat onda ara alyp maslahatlaşma. Sen hökman gatnaşmalysyň. Eşitdiň gerek. – Ol Mihaýlowa bakan ugrady. – Okaberiň. – Mihaýlow ony ugratdy. Oglanlar, gyzlar gelip, Garyby gujaklap, gutladylar. – Berekella, Garyp jan! – Sag bol goşgyň üçin. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň döredijilik mejlisiniň sanawy uludy. Rektorat, kafedra müdirleri, dekanlar, seksiýalaryň ýolbaşçylary, atly ýazyjylar, edebiýatçy alymlar bardy. Olar rektoryň çaklaňja kabulhanasyna sygmany üçin, aktlar zalyna geçdiler. Maslahaty Institutyň rektory Wladimir Fýodrowiç Pimenow açdy. – Dostlar, biziň institutymyz bu gün uly şöhrata ganat gerýär. Ine, on sekiz ýaşly Garyp Nurullaýew beýik zehin hem ruhy galkynyşda. Gizläp oturjak däl, Onuň «Prawda», «Literaturnyý gazetada», «Komsomolka», «Trud» gazetlerinde žurnallarynda çap edilýän goşgularyny tutuş ýurt halap okaýar. Partiýa ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, ol goşgulara MK-da, Syýasy býroda, hut Leonid Iliçiň özem ýokary baha berýärmiş. Garyp hut birinji kursdan bäri otliçno okaýar. Özi Alekdeý Aleksandrowiç Mihaýlowyň poeziýa toparynda. Şeýle zehini tapany, Institutymyza goşany, ony beýik galkynyşa ýokary götereni üçin, Alekseý Aleksandrowiç, size minnetdarlyk bildirýärin. Indi, Garybyň goşgular ýygyndysyny «Ak guwlary atmaň!» ady bilen, «Sowetskiý pisatel» neşirýatyna hödürlemek isleýäňiz... Garyp, ilki bilen özüňiz ýygyndy barada gysgajyk gürrüň berseňiz. Mihaýlow gysga sözledi. – Beýik zehin, beýik, gürrüňsiz beýik. On ýedi ýaşynda beýle şygyrlary döretmek, meniň pikirimçe, mümkin däl. Aň, syýasat, ruhy, milli, parasat kämilligi, ýokary derejede. Goşgulary islendik redaksiýa, islendik neşirýat höwes bilen, ikelläp kabul edýär. Olary halk derdine, ruhuna derman hökmünde kabul edýär. Beýik şahyr bolmak üçin eýse, şondan başga, näme gerek!.. Garybyň özi, arassa, heniz agzyna bir owurt wino, ýeke papiros alyp görmedik edepli, medeniýetli, terbiýeli, tertipli. Men bular barada näçe diýseň, mysal getirip biljek. Ol ýalňyz, ýarawsyz enäniň ýalňyz ogly. Onuň ýygyndysyny neşirýata hödürlemeli. Ýygyndy neşirýatyň planynda dur. Sizem, Garyby goldarsyňyz diýip umyt we haýyş edýärin. Soň bu mesele boýunça on ýedi adam çykyp gepledi. Olaryň köpüsi ýygyndyny az-kem syýasylaşdyrmagy maslahat berdi. Mejlis «Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky dünýä edebiýaty institutynyň birinji «poeziýa» kursunyň studenti Garyp Nurullaýawiň «Ak guwlary atmaň!» atly goşgular ýygyndysyny «Sowetskiý pisatel» neşirýatyna özbaşdak kitap edip çykarmak üçin hödürlemeli!» diýen karara biragyzdan gol göterdi. – Dostlar, sag boluň. Rektorat, Mihaýlow, Garyp galsyn. Pimenow gyssanýardy. – Garyp gutlaýan! Şeýle, üç günüň içinde Leonid Iliç Brežnýew barada, dört bent, Kommunistik partiýa barada dört bent, sowet halky barada dört bent goşgy ýaz. Mihaýlowa görkez, «bolýar» diýse, neşirýata eltiberiň. Düşündiňmi? – Düşünen bolsaň, sag bol, gaýdyber. Garyp bagtyýardy. Ol Gerden – Dobralýubowa Twer bulwaryny syryp, pyýada gaýtdy. Apreliň howasy duýgularyňy ýaryp barýardy. Ir güllän sirenleriň ysy gelýän ýalydy. Käbir kölegeräk ýerde garalyp giden gar ýatyrdy. – Wah, häzir ýanymda bolsadyň, Selbim! Häzir gül roýuňy ýekeje sapar, Görüp-görüp doýsam men hergiz, Ýanyňdan gitmezdim içýärin kasam. Bölüşesim gelýär seň bilen derdim, Şatlygymy, begenjimi, bagtymy, Men seniň dünýäňe uçup giderdim, Eý, sen, Pyragynyň näzik agtygy. Şonda meni gamdan halas ederdiň, Selbim! – Seni bir aýal gözläp geldi. – diýip, keselhanadan ýaňrak işe çykan şol nobatçy aýal, Şura daýza Garyby saklap aýtdy. Garyp ony gutlap, salamlaşdy. – Şura daýza, sen meni göni gelen ajaldan halas etdiň. Indi gezek meniňkidir. – Ýok, Garyp, eneleriňki näme, öz ogly üçin janyny bermäge taýýar bolmasa, ondan ene bolarmy, janyň mydama sag bolsun! Garyp onuň elinden tutdy. – Şura daýza, seniň nobatçylygyň haçan gutarýar. – Sagat bäşde! – Şonda meniň ýanyma çyk. Ikimiz bileje çaý içeli. Men size hödür etjek. – Bolýar Garyp jan! Akademik Fedrow Garyba dört gap gyzyl, dört gap gara işbil, iki çüýşe ABŞ-yň wiskini, iki daňy del kolbasany dolap beripdi. Garyp olara elem degrenokdy. Şolardan öz janyny halas eden aýala hödür edesi gelýärdi. – Kim sorasa, men otagymda. 222-nji-de. Üç ikilikdir. – Horo-şo! Garyp garbandy. Rektoryň teklibi barada oýlandy. – Şu gün ýazaryn. Hökman, nesip bolsa. Alla ýol berse. Ol otagda geýýän ýeňiljek eşiklerini geýip, diwana gyşardy. Selbi baradaky oýlar onuň aňyna ýene-de dolanyp geldi. «Men Selbä hat ýazaýyn. Telefonda gepleş diýeýin. Soň Aşgabada ikije günlük baryp, gaýdaýyn...» «Ýok, hat ýazmaly! Hatyndan, deminden maňa garaýşyny duýaryn. Onsoň; Ak guw bolup, ýollaryňa uçaryn. Eger Hudaý ýollamasa ajalym. Sen söýgi mülküne tylla açarym, Selbim, Selbim, Selbim Selbi jan. Ol ymyzgandy... ... Ol Selbini gördi. Selbem ony gördi. Oňa bakan ilki ýuwaşrak, soň çalt-çalt ýöräp gaýtdy. Garyp ýylgyrýardy. Sebäbi ol özüniň arzuw-umydy bilen gözleýän Selbisine duşupdy. Garyp bu gelýäniň öňki Selbi däldigini bilýärdi. Ol Garybyň köňül dünýäsiniň parlak şamçyragy – Selbidi! – Selbim!.. – Garyp oňa bakan ylgady. – Selbim!.. Selbi durdy. Selbi sakga durdy. Ol Garybyň «Selbim!» diýip özelenýän sesini eşitdi. Meger, Garybyň ýanyp duran söýgüsini, yhlasynyň onuň sesinden aňdy. – Garybym! – Selbim! Ara golaýlaşýardy. Garyp duýdansyz gujagyny gerdi. Ol Selbiniň hem gujak gerenini görüp, badyny güýçlendirdi. – Duruň! Bu sese Ýer, asman endiräp gitdi. Garyp, baryp, demir diwara uruldy. Selbi ol diwaryň aňry ýüzünde, Garyp bolsa, bäri ýüzünde galdy... Demir diwaryň üstünde edil bir Ezraýyl ýaly bolup, Honçagül durdy. – Ýok, ýok, Başa baraýmaz. Sen, ýetimçejik, meniň oglumyň paýyny aljaksyň. – Ýok, ojagaz oýnuň bolman geçer. – Ol ýakymsyz köýnegini hellewledip, ýalaňaç, gara, bedroý keşbini güjeňlän bolup, tans edip ýörşüne, Garyba bolan ähli ýigrenjini gözlerinde jemläp, seretdi. – Indi, az galdy. Indi az, galdy, az galdy. Azajyk, azajyk galdy. Onsoň – kaput! Ura! – diýip, edil bir dälirän ýaly bolup, dünýäni ýaňlandyryp gygyrdy. Birdenem, ol Bibigüle öwrüldi-de: «Selbi seniňki däl!» diýip gygyrdy. Bibigül şol duran ýerinden deprek kakyp, aýdym aýdyp ugrady. «Az galdy, Selbi seniňki däl. Az galdy, gaty az galdy. Azajyk galdy, Selbi seniňki däl!... Ol duran ýerinden depregini tokurdadyp, ony tark-tark kakdy-da Garybyň üstüne zyňyp goýberdi. Garyp tisginip oýandy. Ol bu bolup geçen wakanyň düýşüdigine juda begendi. – Gapy kakylýan ýaly-la?! Ol ukusyndan ýagşy aýňalman: – Häzir, barýan. – diýdi. Işigi açybam – Wäää-ä! – diýip yza serpildi. Ol gapynyň agzynda ýüzüni tutup, tark-tark urýan ýüreginiň sesi köşeşýänçä, oturdy. – Gel, gir! – diýip, az-kem özüni dürsäp aýtdy. – Näme edil, ýüregiň ýarylaýdy-la. Biz-ä seni arwah ýaly bolup geleniňde-de, öýden kowmandyk. Girem diýenok-da, nejis. – Gel gir, gir! Gelen Bibigüldi. Onuň egninde owadan köýnegi, keşdeli ýakasynda owadan tylla gülýaka, başynda ak, ýüpek ýaglygy bardy. Dolmuş, juda owadan didary, ak, näzik ýüzi, tylla pyýala ýaly gelin gözleri öňem owadan gyzy ak ýüpek ýaglygyň astynda perizatlaşdyrýardy. Garyp özüni gowy dürsedi. – Gel, hany, geç, klasdaş. Erbet ýatypdyryn. Sen gelersiň öýdüp ömürem pikir edemok. Onsoň, seni gördüm-de, düýşümmi, huşummy, bilmändirin. Mende beýle häsiýet ýokdur welin, bagyşlaweri. Geç, geç... Bibigül elini uzatdy. – Ýa, indi salamlaşmanam kiçilik bilýäňmi?! – Salam. Bibigül Garybyň elini sypdyrman, ony pugta gujaklap, ýaňagyndan pugta ogşady. – Gel, geç, otur, Bibigül! Garyp çaý goýdy. Akademik Fýodrowyň sowgatleryndan açdy. Saçaga peýnir, gara, gyzyl, işbil, mesge, kolbasa, bir tarelka heýgenek goýdy. Özüniň gowy görýän «Garlawaç» şokoladyndan bir gabyny getirdi. Çörek kesdi. Çaý gaýnaýança ýuwundy. Egni plotensalyja, iki çäýneklije içeri girdi. – Sen juda owadan oglan bolupsyň! Garyp güldi. – On sekiz ýaşyň häsiýetidir. Şol ýaş oglany-gyzy birhilije, ýaldyr-ýuldyrrak edip, aldaýar, soň adam kem-kemden hakyky kaddyna gelýär. – Ol käsäni Bibigülüň öňüne süýşürdi. – Gel, hany, çaý içeli. Daşarda ýagyş ýagýardy. Ýaz ýagşyň salkyn, ýumşajyk demi penjiräniň ýokary, açyk böleginden içerä kürsäp urup, Bibigüliň owadan, ýüpek ýaly näzik zülpüni, ak, ýzüne dökýärdi. – Sen nire, bu ýerler nire?! – diýip, Garyp başyny galdyrman çyny bilen sorady. Bibgülüň ak, näzik ýüzi hurmaýy reňke batdy. Ullakan, köşek gözleri balkyldady. – Men Babajana durmuşa çykdym-a! – diýip, badyhowa aýtmak islän sözi birhili gyryljak, ynamsyz çykdy. Ol ardynjyrady. Ýöne onuň Garyba syr beresi gelmedi, käsesine çaý guýdy-da, ondan çalaja owurtlady. Garybyň ýüzüne naýynjar, ejiz garady. – Garyp, içer ýaly zadyň ýokmy?! Garyp Bibigülüň ýüzüne soragly garady. – Içgimi? Bibgül başyny atdy. Garyp holodilnigi açyp bir bulgur bilen amerikan wiskisini çykaryp, ilki bulgury goýup, soň çüýşäniň gapagyny açdy-da, sow bulgury ýarpylap, içgi guýdy. – Hany, özüňe? – Ýok, ýok, men dadybam göremok, içgini. Bibigüliň Garyby diňlemäge takaty ýetmedi. Ol bulgury demine çekdi. – U-u-uf!. Bu nähili içgi. Öz-ä, üýtgeşik eken. – Hawa, amerikan içgisi. – Näme, Amerika gidip geldiňmi? – Ýok-la, bir akademik adam sowgat etdi. Bibigülüň nar ýaly ýüzüniň ýüpek ýaly derdi ýazyldy. Ol rahatlandy. Ýüzi çygjardy. Işik kakyldy. Garyp jebirden halas edijini garşylaýan ýaly, işige ylgady. – O-o-o! – diýip, eli pitili, tabakly gelen Inda Mihaýlownany gujaklady. – Garyp, içeri gireýin dur, me al... Ol syrçaly pitijigi Garyba berdi-de, işigi emaý bilen ýapdy. – Gutlaýan, oglum. Mihaýlow jaň etdi. Beýik üstünlikleriň bilen gutlaýan. Institut döräli bäri beýle guwançly hadysa bolan däldir. – Ol otaga girdi. – O-o! Tüweleme, otagyňy gutlaýan. Gutly bolsun, gül ýaly otag eken. Garyp egnini gysdy. – Meniň myhmanymam bar. Klasdaşym, Babajanyň aýaly. – Bibigül! – Gaty gowy. Men saňa börek getirdim. Garyp jan açdyr – diýdim. – Soň, ýene bir gowy habar! Ertir soýuzyň sekretariaty bolýar. Şonda-da serediljek. Sizi çagyrmagy maňa tabşyrdylar. Bileje bararys!.. Inda Mihaýlowna Bibigül bilen gadyrly salamlaşdy. – Babajanyň juda owadan gelni bar eken! – Ol Garyba ýylgyryp seretdi – Men haýran galýan. Türkmenleriň ählisi – owadan. Garyp janam, Bibigülem. – Ol saçaga seretdi, begendi. – Saçagyňyzam, hemişe baý! Ol tabaklaryň üçüsine-de börek saldy. Üstüne bol edip gaýmak dökdi. Soň bulgurlary alyp, kompot guýdy. – Garyp jan, itburun şerbetidir. Aşgabatdan getiripdim. Şondan galan eken. Saňa gurbat gerek, oglum! Garyp hödür edilen şerbeti başyna çekdi-de, aşhana çykyp, bulguryny krantda çaýkap gelip, oňa Bibigül üçin wiski guýdy. – Şunçamy? Içäýeýinmi? – Bibigül Garyba näz bilen seretdi – Özüň iç diýseň, näme, içer goýbererin. – Ol Garyba seretdi. – Gaty begenýän, men şuny içeýin-de, gideýin. Inda Mihaýlowna kän eglenmedi. Naharyny iýdi-de, olary galdyryp, hoşlaşyp çykyp gitdi. Bibigül börekli tabagy boşatdy. – Gel, çaý içeli! – diýdi. Soň özüne çaý guýundy. – Nähili Moskwa, durmuş, Babajan?! Bibigül arkaýyn gürledi. – Hemmesi boljak. Ýöne, ol haram meýitden diýenim çykmady. – Kimden? – Ärsumagymdan... Garybyň gözleri çyra döndi. Ol Bibigülden beýle sözlere garaşmaýardy. Ol häzir öwnüp, toýuň gürrüňini berer, soň ýene öwnüp başlar diýip garaşýardy. – Hä, näme? Bibigül «Garlawaçdan» biriniň kagyzyny aýryp, agzyna saldy-da, çalt-çalt çeýnäp, çaýyndan gaýta-gaýta owurtlady. – Meýi, meni bal kölüne batyrdy. Eýle bolarys, beýle bolarys – diýdi. Ejemi, doganlarymy närazy edip, gül ýaly okuwyny taşlap gaýtdym. Ne halat, ne serpaý, eden zatlary ýok. Meni Maryda, öz obasynda goýup gaýtjak boldy. – Okaber. Men geler-gider duraryn diýen boldy. Men sögüşdim. «Porsy obaňda näme bar, men sen diýip geldim.» – diýdim. – Meniňki dogry dälmi? Okuwymy taşladym. Bu ýere gelip toý eden boldy. – Bibigül agzyny endiklije towlady. – Gurbany gideýin, biziň studentden roždenýämizem, ondan müň esse gowy. Ol ýene bir «Garlawajy» çeýnedi-de, gaýta-gaýta çaý owurtlady. – Bir jaýy kireýine aldy. Gedaý, ýeke köpük puly ýok. Aç saklady. Olam ol diýsem: «saçyňy kes», diýýär, «ýubka geý» diýýär. «Men Moskwada işleýän ýazyjy, medeniýetli bolmaly karýera edinmeli» diýýär. Bibigül çörek bölegine mesge çalyp, onuň üstüne ep-elije gyzyl işbil goýdy-da, çöregini dişledi, çaý owurtlady. – Meniň bu ýerde derdimi aýdara adam ýok. Sen klasdaşym, hiç ýüregime sygdyryp bilemok. Şuny içmäni öwretdi. Indi üç aý bäri, günde içýär. Olam, owarram diýsem, arada Aşgabatdan Gylyç Mämmiýew diýen ýaly bir garry ýazyjymy, ilçimi, biri geldi. Meni şonuň ýanyna goşup, «Men soň bararyn» diýen bolup, restorana iberdi. Ol ýaşy kesilenem, «iç-iç» diýen bolup, meni hiç günüme goýmady. Içdim, känem içipdirin. Soň gitdik. Soň oýansam, ol garry meýdiň düşeginde ýalaňaç ýatyryn... Aşgabatdan Berdi Kerbabaýew geldi. Ol gowy adam eken. Elime altyn sagat dakdy. Boýnuma altyn zynjyr bilen tylla broşka satyn alyp berdi. Babajan ikimiz üçin toý stulyny goýdurdy. Şol ýerde-de, ol meýit meni Berdi Kerbaba bilen goýup taşlap gaýtdy. Berdi aga meni öýüne äkitdi. O taýda-da içipdirin, aý, onsoň... Bibigül bulgury çekip, özüne wiski guýundy. Soň ony başyna çekip, garbandy. Garybyň gözi alty-bäşe gelýärdi. Onuň heniz ýagşy sagalmadyk beýnisi jygyldap gitdi. – Heý, beýlede bir zat bolarmy, Bibigül!? Sen meni näme beýle edýärsiň? – diýseň bolmaýarmy?! Bibigül şumjaryp, Garybyň ýüzüne gözlerini gyrpman garady. – Diýýän, aglaýan etmese, näme, özümi öldüreýinmi?! «Şol iki adam meni şu ýerde saklaýar» diýen bolýar. Meniň geljegim, bagtym şol iki adamyň elinde» – diýýär. Garyp, megerem, Moskwa gelip, ilkinji sapar erbet gaharlandy. – Näme, saklaýan şolar bolsa, hökman nikaly, gül ýaljak aýalyňy şolaryň aşagyna sokmalymyşmy?! Binamys! Bibigül parhsyz gürledi. – Bu ýer Moskwamyş. Bu ýerde beýle-beýle işler myzaga-da görlüp baranokmyş. Moskwada medeniýete üns berilýärmiş. – Ol dodagyny çöwürdi. – Meýdiň, bahanasy «Sen gyz däl ekeniň.» Onda meni Baýram bilen gül ýaly ýaşap ýören ýerimden, näme üçin, alyp gaýdýar. Men Baýram bilen ýaşanyma, «ýok» diýemok ahyryn. Oňa barjak bolup ýörkäm, özi, müň ýalan sözläp, başymy, gözümi aýlap alyp gaýtdy. Garyp Bibigüli gaýgy etdi. – Wah, ýol pulum ýok. Pul tapan günüm, bu ýykylmyş, Moskwasynda ýekeje minudam durman, yzyma gaýtjak-la. Berdi Kerbaba gelmezmikä diýip, garaşyp ýörün. Garyp hem az-kem köşeşdi. – Gyzlar saňa garaşýandyrlar. Olar seniň durmuş toýuňa gatnaşandyrlar-a? Bibigül gözlerini süzdi. – Hawa, Akgüljan, Şasenem jan, Selbi dagy Moskwa-da geldi. Garyp saklanyp bilmedi. – Selbi nähili? Toý edenokmy? Bibigül elini salgady. – Olam bir hili gyz. Öň-ä, Eziz diýen bir klasdaşy bilen bulaşyp, Aşgabada, okuwa gaçyp gaýdypdyrlar. Eziz okuwdan ýykylyp oba gaýdan soňam Politehniki institutdan Durdy diýen oglan bilen eddil, är-aýal ýaly boluşyp ýördüler. Utananogam. Soň atasy-enesi bilen ýaraşypdyr. Ejesem: «Öz aýal doganymyň ogluma barmasaň, ýüzüňi görmerin» diýse «bolýa» diýipdir. Şeýdip, utançsyzlyk edip-edip, barybam bir oglanyň bagtyny ýatyrjak bolşuny gör-ä... Eý, Alla! Bibigül ýerinden turdy. – Men ýeriňe geçip, azajyk süýneýin-le! – Hany, Babajan nirede? – Ol meýit iki günlük Riga komandirowka gitdi. – Bibigül janlandy. – Bizem, seniň öňki otagyňa göçüp geldik. Babajana «umumy ýaşaýyş jaýyndan iki otag bereris» diýip ýören ekenler. Onam saňa beripdirler. Ol meýidem, bir dälireýär. – Oňa – muňa goşgy düzdürip, onam kimlere terjime etdirip ýören bir alasamsygy menden ileri tutýarlar – diýip. Ol seni ýaman ýigrenýär. «Edişime seret!» diýip ýer depip otyr. Sen bir habardar bolgun. O meýdiň elinden her zat geler... Ol goňşy otaga girip işigi ýapdy. 37. Bibigülüň Selbi baradaky gürrüňi Garybyň ýüreginiň bagyny üzen ýaly boldy. Ol gijesi bilen aglady. Ýaşlyk joşguny indi onuň ganyndan jöwzaly epgek bolup öwüsýärdi. Ol tapbatmy, ahyrzamanyň dowzahy ýalny bolup, ýaş ýüregini otdan alyp, otlara salýardy. Ol düýn Bibigülüň Selbi barada aýdan sözlerini juda rahat kabul edipdi. Emma Ýazyjylar soýuzynyň sekretariatynyň prawleniýesiniň tankyt, poeziýa, proza bölümleriniň birleşen mejlisinden soň, ýaşaýan ýerine pyýada gelýärkä, şu pikirler tas onuň bilini üzüpdi. Ol Puşkiniň ýadygärliginiň golaýragyndaky oturgyçlaryň birinde, tä, tümlik garalýança gama gaplanyp oturdy. Soňam, turmaga-da haly bolman, taksi tutup bolýan ýerine gaýtdy... Bu mejlis Garyby SSSR-iň Ýazyjylar soýuzynyň Edebiýat fondunyň agzalygyna kabul edipdi. Edebiýat institutynyň talyplarynyň, Instituty tamamlaýanlaryň ýazyjylaryň ählisiniň iň bir ýetip bilmeýän arzuwlarynyň biridi. Bir arzuw hasyl boldy. Emme bu begençli ýagdaýyň Garyby begendirerden güýji ejizdi. Sagat gije iki boldy. Garybyň gözlerine uky gelenokdy. – Selbi! Selbi! – diýip, ol yzyny üzmän samraýardy. Ol çyrany ýakyp, ýene ýumruk ýaly düwülip, ýatdy-da, aglady. – Selbi! Selbi! Wah, Selbi!.. Ol şol aglap ýatyşyna polat diwaryň ýanyna geldi. – Se-el-bi – diýip gygyrdy. – Selbi-i! – Ol ýere ýazylyp aglady. Onuň sesini dagyň çür başynda duran ene keýik eşitdi. Ol ýelden hem batly, gelip Garybyň ýalaňaç aýaklaryny ýalady. Garyp, ene keýigiň gözlerine seretdi. Mähriň, ruhuň, müň dürli reňkleri däli däli derýa bilen möwç urýardy. Fleýtanyň owazy gelip başlady. Ak sakally goja gelip, ony ýerinden göterdi. – Gam çekme, oglum, gam çekme. – Ak sakally goja Garybyň gözýaşa ezilen ýüzüni kükregine basdy. – Gam çekme, hany tur ýeriňden. Garyp tisginip ýerinden turdy. Ýüregi indi, buz ýaly bolupdy. Selbiniň yşky gözlerine däl-de, ýüreginiň çuňlugyna ornap galypdy. Ol ýerinden turup, stoluň başyna geçdi. Kagyz, ruçka aldy. Soň ýazyp başlady. Aýdyň, meniň mähribanym nirede?! Heniz ýüze sylynmadyk Aý kimin, Gül lebinde damja urmadyk şuglam. Eý Allahy asman, keremli zemin, Adyny eşitsem, synalam dyglan, Aýdyň meniň mähribanym nirede. Maňa yşk dagynyň jebri düşüpdir, Gamyň jerhet doly deňzi düşüpdir, Söýe – söýe ýandym, ýalynlar emdim, Indi meniň mähribanym nirede. Çykdym bu gün yşk dagynyň kemerne, Zar boldum men gara gözliň keremne, Diýdim: «Aşyk zarlar içre emenme, Ganly diýdäm ýar diýp, ýüz-müň älemde» Aýdyň, meniň zülpütarym nirede. La mekanlym, habar tutmaz aşykdan, Söýe-söýe Mejnundanam aşyp men, Täze Aýdyň, ýar diýp, ýyglaý, ýaşyp men, Gafga pelek, şirin janym nirede. Eý, Ýar!Maňa ýarymy ber, diläýin, Yşk ummanym ýykdy zulmat kenaryn, Ýar-ýar diýip, la mekanda eräýin, Hany-manym, mähribanym nirede?! Beýik bagtyň bahary Leonid Iliç Brežnewe Halkym saňa kän garaşdy, Serdarym, Ýagşy söze, bagta, nana zar bola. Watana akdyrdyň yrsgal derýasyn, Ýagşylyga, beýik bagta ýar bola. Sen geldiň saçaklar çörekli boldy, Dynçlyk geldi, bahar geldi, nan geldi, Il-gün howandarly ýürekli boldy, Eşretlerden doly bir zaman geldi, Sen ýaşa! Sen bolsaň dynç bolar dünýä, Bagt bolar, çörek bolar, ýaz bolar. Eý beýik Serdarym, baýdagmyz parlap, Seň halkyňa baky bahar-ýaz bolar. Sen dursaň dünýäde uruş-jeň bolmaz, Oglun jeňe ýollan ene aglamaz, Sen bolsaň, gül ýüzler açlykdan solmaz. Bilbil geler jennet kimin baglara. Eý, egnine alan işiň kötelin, Sahawatly elleriňden öpeýin! Garyp ýene-de dört goşgyny ak kagyza keşdeledi-de, oturan ýerinde uka gitdi. 38. Golýazma neşirýata geçirildi. Garyba SSSR-iň Ýazyjylar soýuzynyň, SSSR Edebiýat fondunyň çlenidigi baradaky şahadatnamany, hut Tihonowyň özi gowşurdy. Ol ýylgyryp, gözüni gypdy-da: – Oglum, Leonid Iliç barada ajaýyp goşgy ýazypsyň. Şol goşgyny meniň özüm ýazmanyma gaty gynanýan. Ertir «Prawda» birinji sahypasynda çap edýär. Çyksa, döredijilik adamlarynyň ählisiniň gözi gider ýaly etdiň, berekelle! – diýdi. – Näme kemiň bar bolsa gizlemegin. – Amerika nähili bolarka?! – Sen gidersiň. Sen hökman gidersiň! Ýaz. Dynç al! Haýsy döredijilik öýüne gidesiň gelse, aýt, ibereýin. Diliň geplesin. Pul gerek bolsa-da, aýt. – Sag boluň! – Gerek bolsa, aýt. Amerika gitmäge taýar boluber. Goşgularyňy iňlis diline terjime etsinler. Özüm tabşyraryn. Hoş, – Sag boluň. Garyby tutuş institut mübärekledi. Ol bu gün bagtyýardy. Şol şatlyk bilen işigine geldi. Işigi açykdy. Iki sany oglan gara dere batyp, içeride emedekläp ýördi. – Salam. Bu meniň ýaşaýan otagym-a. Oglanlar ýerlerinden turdular. – Gyssagly, telefon çekmeli! – diýen buýruk bar! Indi işimizi gutardyk. Oglanlar täze, üýtgeşik bir telefon apparatyny stoluň üstünde goýup, jaň edip başladylar. – Da, gowy! Gowy eşidilýär. Oňat. Sag boluň. – Oglanlaryň daýawragy Garyba garady. – Nomeriňi belle! 222222. – Alty sany ikilikdir! Jaýyň 222 dälmi. – Hawa. Ýöne ömrümde ikilik almanyma kemsinip ýördüm. Ikilikden-ä bagtymy getiripsiňiz! Oglanlar gülüşdiler-de, goşlaryny ýygnap, çykyp gitdiler. Garyp çykarynmak üçin ýatylýan otaga girip, tisginip gitdi. Ol öz gözlerine ynanmajak boldy. Ýatylýan ýaýbaň krowatda Bibigül çäşerilip, ýatyrdy. Garyp çalt geýindi. Telefon jyňňyrdady. Aňyrda gapy kakyldy. Garyp telefony galdyrdy. – Alo! – Men – Tihonow! Bu kim?! – Men – Garyp! – Garyp jan, telefon çekdilermi?! Nomeriňi bilýäňmi?! – Altysany ikilik. – Gaty gowy, habarlaşarys! Telefonda köp gürleşedik. Sag boluň. Garyp trubkany ýerinde goýup, işigi açdy. – Salam. – Salam. Garyp gapyda duran owadan, näzik gyzy tanamady. – Meni tanamadyňyz öýdýän? Siz Garyp dälmi? Men otes Andreýiň gysy, Aksana. Garyp gyzy içeri goýberdi-de gujaklap, ony ogşady. – Hany, gel, geç. Kakaň nähili? Aksana goşjagazlaryny dulda goýup, stola geçdi-de, başyna syrdam daňan mawy ýaglygyny çözdi. – Suw içip bolarmyka? – Bolar, baş üstüne. – Garyp oňa kuhnýany salgy berdi. Soň özi çaý goýdy. Öýünde bar zadyny stoluň üstüne üýşürdi. Çörek, kolbasa, ýumşajyk köke, konfet, mesge, peýnir, duzlanan bekre balygy, gara işbil... – Siz, edil, ministr ýaly ýaşaýan ekeniňiz. – diýip, Aksana otagy synlap aýtdy. – Garyp güldi. – Siz ministriň öýüne baryp gördüňizmi? – Ýok. – Onda näme? – Ýok-la. Gaty gowy bolanda şeýle diýilensoň aýdaýdym-da. – diýen Aksananyň ýüzi, misli şugundyr çalnan ýaly bolup, gyzaryp gitdi. Ol birdenem utanjaň ýylgyrdy. Bu gyzyl onuň boýnuna, ýalaňaç eginlerine-de ornap gitdi. Garyp: Rus halkynyň «Krasnyş dewisa!» diýenleri şu bolmal-ow» diýip oýlandy. «Bu gyzyň juda halalzadalygyndan, päkligini saklap bilýänliginden bolsa gerek, onuň bedenindäki göm-gök damarlaryndan akýan gyrmyzy ganyna çenli görünip durdy. – Hany, gel, çaý içeli! Aksana saçagy görüp begendi. – Häzir! – diýdi-de, dulda goýan düwünçegine tarap gitdi-de kiçijik bankajygy çykardy. – Bziň obamyzyň ady «Mednaýa». Dünýäniň iň gowy baly biziň obamyzdamyş. Sebäbi iň näzik, iň oňadan, gowy ysly güller biziň obamyzda bitýär. – Iň gowy, oň owadan gyzlaram siziň obaňyzda bolýan eken – diýip, Garyp degişen boldy. Soň bir bölek çörege bol bara mesge çaldy, üstüne işbil goýup, Aksana uzatdy. – Me, şuny iýmeseň, öýňüze gaýtmaýaň. Aksana bir çörege, birem Garyba seredip, owadanja gözlerini möltertdi. – Men munçany iýip bilmerin. – Iýersiň! – Iý diýseň, iýäýerin. – Onda iý! – Garybyň özi mesge bilen baldan heziller edip iýdi. Işik kakyldy. Garyp işigi açdy. – Oo-o-o! Şura daýza jan, hany, gel-de, geç. Nobatçy aýal derläp, utanyp, içeri girdi. – Şol sapar çagyrdyňyz, gelip bilmedim. Bu gün telefonyňyzy gutlaýyn – diýip gaýdyberdim. Garyp begendi. Baryp utanjyrap duran aýaly gujaklap diýen ýaly, stoluň başyna geçirdi. – Hany, geçiň, alyň iýip, içip oturyň. Ol ujundan Bibigülüň içen wiskisini, kakadylan kolbasa çykardy. Iki sany bulgur alyp, olara wiski guýdy. – Maňamy, ýok! – Aksana ellerini daldalatdy. – Iç! – Bor! Şura daýza derledi. Garbandy-da, howlukdy. – Men gideýin, oglum. Gyzym işe gitmeli. Men agtyjagyma seredýän. Hödür-keremiňe, sag bol. Garyp holodilnigi açyp, bir gap işbil, bir daňy kapçýonnyý kolbasa, bir çüýşe wiski, ep-eslije şokolad çykardy. Olaryň üstüne ýüz manat pul goýdy. – Ine, az görmäň. Şura daýza ör-gökden geldi. – Goýaweri, oglum. Sen student, ýaňy keselhanadan çykdyň. Özüňe gurplanmak gerek. Özüň iş, özüň... Garyp oňa gulak asman, Şura daýzanyň sumkasyny alyp geldi-de, sowgatlaryny oňa saldy. Almasaňyz gaty öýkelärinem, öýňüze-de goýbermerin. – Maňa-da şeý diýdi. Men-ä bolýar – diýdim. – Aksana begençli aýtdy. – Bolýa – diýäýiň, ýogsa, goýbermez... – Bolýar, ýöne puluňy bir aýyr-a. Garyp torbany elinde saklady. – Onda, asylam gitmersiňiz. Şura daýza ýerinden turdy. –Men howlugýan. Ah, oglum!.. – Alyň, Şura daýza, men göwün edýän. Meniň başga-da pulum bar, – Ah, oglum, nädýäň, bolýar. Ýöne mende durar. Haçan gerek bolsa, bererin. – Bolýar, sen meniň üçin gan dökdüň-ä. Bu pul dagy näme, janym seniň-ä, Şura daýza. Şura daýza Garyby gujaklap, ýaňagyndan ogşady. Gözlerine ýaş aýlady. – Sag bol, oglum, sen ganyňy däl, janyňy bereniňe degýän ogulsyň, sag bol!.. Şura daýza gidensoň, Garyp Aksananyň ýanyna geçdi. – Aksana, kakaň nähili? Aksana çynlakaý keşbine girdi. – Erbet! Däliredi! Moskwanyň eteginde dälihana bar. Şoňa geçirdiler. – Görgüli, seni bir tanaýarmy?! – Tanaýar-la. Ýöne, «Sen şeýtan bolaýma?» diýip, tas bogup öldüripdi. Garyp gynandy. – Menden näme kömek gerek! Aksananyň boýny buruldy. – Aý, ýok, ol kömek bererden geçipdir. Allanyň özi kömek edäýmese... – Hawa – diýip, Garyp hem gussa batdy. – Bir haýyn, girelgede meni öldürjek bolup, garaşyp duran eken. Men duýdansyz geldim. Olam meni urup, beton poluň üstüne ýykdy. Şonda kelläm ýarylypdyr. Gan akyp dur, ýerimden turup bilemok. Ol haýyn pyçagyny çykaryp, ýene topuldy. Maňa ýetip gelýärkä, Şura daýza ara girdi. Ol haýyn Şura daýzany pyçaklady. Şonda, dälilärin diýip, menem gorkdum. Herne, gutulaýdym. Meniň däliremezligime, kakaň kömek etdi. Ondan gorkujygyma, aklym ýerine geläýdi. Aksana ýylgyrdy. Soň ünjüli gepledi. – Garyp, gaty gijem boldy, men gaýdaýaýyn?! – Nirä? – Rýazana! – Eý, Allam, näme bilen? – Bilmedim. Awtostansiýa baryp, ertire çenli garaşaryn-da. – Bolmaz. – Hä, näme? – Sen ýatyp gidäý. – Mümkinmi? – Mümkin. – Onda sen: «Gal!» diý. – Gal! – Bor! – Aksana perişde ýaly owadandy, näzikdi. Elektrik çyrasynyň ýagtysyna onuň bu didary müň esse ezizlenip, edil bir dideleriňde eräp barýardy. Garyp muny gyza aýtmak isledi. Işik kakyldy. Onuň diliniň ujundaky hoşamaý sözler uçyp gitdi. Turup, gapyny açdy. – Oý-hoo! Geliň! Içeri Olýa bilen Aýbölek girdi. – Oý-hooo! – Bizsizem, bu ýerde urkaçy ýeterlik ýaly-la. – diýip, Olýa işikdäki köwüşlere seredip kinelije aýtdy. Garyp gyzlary uly begenç bilen garşyldy. Aýbölek Garyby gujaklady. Ýaňagyndan öpdi. – Garyp jan! – diýip pyşyrdady. – Gowumyň? – Şükür! Olýa çep elini uzatdy. – Sagyňy ber – diýip, Aýbölek gyzy dürtekledi. – Goýsana. Muňa şu-da köp. Ol biziň rabymyz-a. Olýa äsgermezçilik bilen ýatylýan otaga girdi. – Ol ýatan meşik kim-äý. – Soňra ýene öňki heňine başlady. – Baý, bujagazyň iki komnatlyja bolaýşyny! Telefon, telewizor, kuhnýa, tualet... Holodilnik... – Götüň bilen däl ekeniň senjagaz-a. – Ol ýaş gyza seretdi. – Bu kimäý?! – Ol myhman. – Onda biz kim? – Siz, doganlarym. – Gör, bujagazyň hytyrjadygyny?! Men aýtdym-a. – Hany, geliň, oturyň, çaý içeliň. Şol wagt wagyrda içki jaýdan gözlerini owkalap, Bibigül çykdy. – Salam! Olýa oňa agzyny towlady. – Indi, bu kim? Ýa-a bu-da myhmanmy?! Garyp Olýanyň bolşuny halamady. Ol Olýanyň köçede, liftde, özüni äsgermän, geçip gidýändigini duýýardy. Olýa işige bardy. – Neme, maňa ýüz manat gerek, bersen-e. Garyp Olýanyň özünden ýüz manada garaşýardy. Onuň ýüz manat alanyna ýarym ýyldan gowrak wagt geçipdi. Ýüz manat az pul däldi. Ortaça okaýan student üçin dört aýyň stependiýesidi. – Men bir anekdot aýdaýyn, Olýa! Olýa oňa azgyrylyp gepledi. – Ýok, aýtma. Derrew ýüz manat çykar. Garyp güldi. – Onda bar, şol halynyň aşagynda bolmaly. Şony alaý. Olýa baryp halynyň gyrasyny galdyrdy. – Bu ýerde-hä puluň adam ýok! Garyp çynlakaý keşbe girdi. – Onda kartoşkanyň öň ýanynda alan ýüz manat puluňy getirip goýan dälsiň-dä? Olýanyň ýüzi gyzarman, agardy. Ol stoluň ýanyna geldi. – Aý, oglan, sen adamlaň ýanynda göterilen bolup, näme diýjek bolýaň?! – Hiç zadam diýjek bolamok. – Men senden pul alan däldirin. Bu ýerde seniň hapa puluňa zar adam ýok. Ol sensiň, özüne edilen ýagşylygy bilmeýän eşek. – Olýa gaty gyzdy. – Sen ýedi gapyda ýer tapman, bir döwüm çörek diläp ýörkäň, ejem köçeden ýygnandyr. Saňa dökek bolup duran ýuwundysyny berip ekledi. Papam janyň köne-küşül eşigini berdi. Bar, sen köwşüň ýyrtygyny oňar. Sen ýüz gezek ýüz manat bereniňde-de, ejem janyň eden ýagşylyklaryny gaýtaryp bilmersiň. Indi, ýeke gün semredim diýip, eýesini depen eşek diýerler saňa, tfu-uw, nejis! Olýa Aýbölegem süýräp, gapyny şakyrdadyp, çykyp gitdi. Garyp içinden «Bäý, bu däli gyzyň türkmençäni owadan gürläýşini!» diýip oýlandy. Ol Bibigüle garady. – Seni ýatyrmadygam. Gel, men saňa çaý bereýin. Aksana çaý goýdy. – Munyň näme? – Myhman. – Ol aýalmy, gyzmy? Nämä gygyrýar?! – Ýüz manat soraýar. Öňem bir ýüz manat karz alypdy, ilki şony ber – diýsem, gykylyk edýär. Bibigülüň ýüzi agardy. Ol özüne hödürlenen çaýy gussa bilen içdi. – Gapy batly-batly kakyldy. – Şol meýitdir, açma, Garyp! Garyp işige bakan ýönelip baryşyna, «Kim?» – diýip sorady. Işigi açdy. Içeri Babajan kürsäp girdi. – Bibiş barmy? – Bar, bar, geliň. Babajan otaga girip, gaharly jabjynyp başlady. – Sen näm-ow, aýtman, diýmän gaýdyberipsiň? Sen ýaman erkin bolupsyň-la! – Ol Bibigülüň elinden tutup özüne batly dartdy. – Hany, öýüň, haýasyz. Bibigül onuň elini itip goşberdi. – Eliňi degirme, maňa. Seniň öýüňe it barsyn. Indi men seniň aýalyň däl. Sen nejis. Meniň abraýymy her geleniň aýagynyň astyna saldyň. Babajan birden gazaba mündi-de tokmak ýaly gap-gara ýumrugyny Bibigülüň akja, näzik ýüzüne malç edip ýelmäp goýberdi. – Seniň bir meýdiňi ýakaýyn-la! – diýip, Bibigül oňa urgy bilen jogap berdi-de Babajana topuldy. Babajan aýalyny urup başlady. Garyp ara girip, Babajany saklajak boldy. – Dur, Babaj... Babajan Garybyň gulagynyň düýbüne şeýle bir batly urdy welin, Garyp süýnüp gitdi. Babajan oňa topuldy. – Baryna sen günäkär, nejis, haramzada. Sen meniň öňüme düşüp, Amerika gitmeli gezegimi, kitap çykarmaly gezegimi, jaý almaly gezegimi aldyň. Indem, bu jelebi azdyrýaňmy? Seni edişime seret, bajyňy si... Bajyňy sii... edişime seret, senjagazy... Ol işige bardy-da, ýumrugyny görkezip: – Sen-eý, ýurt jelebi, edil häzir barmasaň, men seni dünýä wejera ederin. Düş öňüme, men seniň bilen gepleşjek. Onsoň, nirä gitseň ýedi tarapyň açyk. Düş öňüme. Bibigül süýnüp ýatan Garyba naýynjar seretdi-de, äriniň öňüne düşüp, çykyp gitdi. Bu ýerdäkiler çykyp gidensoňlar, Aksana ylgap baryp, ýerde süýnüp ýatan ýigidi turuzjak boldy. Emma ýetişmedi. Işik jarka açylyp, tüweleý ýaly bolup, Babajan içeri girdi. Ol edil guduzlan arslan ýaly hyrsyzdy. – Sen haramzada – diýip, ol şol gelşine Garybyň üstüne direnip gygyryp başlady. – Sen meniň bilen oýun etjek bolýaňmy?! – Ol çöküne düşdi-de, Garybyň iki egninden tutup galdyryp, ony parket pola jarkyldadyp urdy. Soň agyr ýumrugy bilen Garybyň burnuna bir sapar ýelmedi. Garybyň burnundan gara gan pürkülip gitdi. Aksana dözmedi. Tutuş otagy ýaňlandyryp, jynssyz gygyrdy. – Näme üçin beýdýäňiz? Ol Babajanyň gür saçyndan iki eli bilen tutup, yzyna gaňyrdy. Babajan arkanlygyna ýykyldy. Garyp zordan özüni dürsäp, aýagyny çekip aldy-da, üstünde arkanlygyna ýatan äpet pyýadanyň iki satanynyň arasyna bar güýji bilen zarply depdi. Babajan edil bir serpmeden gaýdan ýaly bolup, uwlap düňderildi. Garyp ýerinden galdy. Babajanyň kükregi bilen garnynyň birleşen ýerine iki sapar, jaýdar depdi. Soň dem-düýtsüz ýatan adamy süýräp, koridora taşlap goýberdi-de, gapyny ýapyp, içinden gulplady-da, gelip diwana çöküp, gözlerini ýumdy. Aksana Garybyň gara gana boýalan köýnegini egninden çykardy. Soň öllenen plotensa bilen onuň kellesini ýüzüni, eginlerini süpürdi. – Ýüzüňi ýokary tutup, rahat ýat... Telefon jyňňyrdady. – Garyp jan, taýýar bol. Maý aýynyň birine Nýorka uçýas. Wiza, bilet alyndy. Bolýar, sag bol! – Sag boluň, sag boluň... Aksana sandyrady. – Ýene näme boldy? Men gaty gorkýaryn. Men gitjek. – Ýaş gyz Garyba gysmyljyrady. – Gorkma. Men birinji maýda Amerika uçýan. Şony aýtdylar. Aksana Garybyň ýalaňaç eginlerini gujaklady-da, ony gujaklady. – Gaty gowy habar, şeýle dälmi?! – Ol çokundy. – Hudaýa şükür, gowy habaram bolawersin. Bu gün nähili gün boldy? Kellesiniň jazlap agyrmasy, ýürek bulanmasy galdy. – Gel, Aksana, garbanaly. – diýip, bir burçda agyr hasrata çümüp oturan Aksana seredip aýtdy. – Bolýar – diýip, gyzjagazyň owadanja gözleri uçganaklap gitdi. – Indi gelmezlermi? Men – gorkýan – diýdi. Telefon jyňňyrdysyna tisginip giden gyz özüni kreslo oklady. Garyp trubkany göterdi. – Alo! – Stansiýadan. Telefon işleýärmi? – Işleýär. – Nomeriňizi bilýäňizmi! – 222222. – Sag boluň! Garyp Inda Mihaýlowna jaň etdi. – Mihaýlowna, Tihonow jaň etdi. Birine uçýas. – Gutlaýan, oglum. Gelersiň öýtdük. Inga-da ýanymda. Gutlamaga baralymy! – Ertir, Mihaýlowna, dynç güni. Özüm bararyn. – Garaşýan oglum. – Gijäňiz rahat bolsun!. Garyp Aksana bilen garbanyp, gijäniň bir wagtyna çenli oturdy. Soň özüne diwandan ýer saldy. Aksana krowada geçdi. Ertir bolsa Aksana ýol puly berip, ony bazara çenli ugratdy. 39. Inga Garybyň ýüzündäki gögi, howsalany halamady. – Garyp, näme boldy? Uruşdyňmy? Garyp sorkuldap duran kellesini tutup, agşamky bolan wakany gürrüň berdi. Inda Mihaýlownanyň gözleri çykara geldi. – Näme, ol däliräpmi?! Aýalyny oňarsyn. Bu ýerde seniň näme günäň bar. Inga aglady. – Eý Allam, Garyp jan, seni nädäýipdirler olar?! – Men birinji gün Soýuza bararyn. Hökman Tihonowa aýdaryn. Öň Wasýuk diýdi, bir faşist çykdy. Indi öz obadaşyň beýdip ýörse, näme, seniň hossaryň ýokmy? Barysy görüplikden. Ertire bir ýeteli! Gözüne görkezerin, onuň bolgusyzlygyny. Iki aýal höre-köşe edişip, Garyba nahar iýdirdiler. Özleri az-kem şerap içdi. Şerapdan soň Inda Mihaýlowna Garybyň ýanyna geldi. Elini onuň egnine atyp, oturdy. – Garyp! – diýip, oýa çümüp aýtdy. – Men otes Nýunberg barada saňa gürrüň berdimmikä? Garyp başyny ýaýkady. – Oňa Otel ata diýýärler. Hakyky ady Otello Nýuronberg. Bir ýaşuly adam. Ol Russiýadaky ýewreýleriň diri keramatlysy. Saňa nädip düşündirsemkäm. Diri serdary. Akyldary. Ondan aňyrda akyldaram, serdaram ýok. Dünýä çykarmaly her bir pikir, her bir eser, her bir maslahat şondan geçmeli. Ol ýüze golaý ýaşan. Dünýä, tutuş adamzat taryhyny ylymyny bäş barmagy ýaly bilýär. Daryý ensiklopediýalarynyň atasy. Müň ýyla çenli öňünden görüp, täleýiňi takyk aýdýar. Ol ýanyp duran keramat! Garyp Otel ata barada Inda Mihaýlownadan öňem, institutda-da eşidipdi. Ol SSSR-den Nobel baýragyna, Osker baýragyna, beýleki dünýä baýraklaryna hödürlenjek eserler Otel atanyň maslahatyndan geçmelidi. Bu maslahatyň agzalarynyň kimdigini bilýän ýokdy. Ýöne olar dokuz adamdan ybaratmyşyn. Başy we esasy çözýäni Otel atamyşyn. – Ol meni kabul edermikä? Inda Mihaýlowna belli bir zat aýdyp bilmedi. – Elbetde, sen baryp durmarsyň, biz oňa seniň ýygyndyňy beräýeris. Soň maslahatyň sekretary çözer. Sekretar bilen telefonda gürleşdim. Ol «men kömek edeýin» diýdi. Ol meniň garyndaşym – çykanym. Ikimiziň ejemiz dogan. – Aýalmy? – Maslahatda aýal adam ýok. Barysy – erkekler. – Men oňa garşy däl, ýöne birinji maýda Amerika gidýärin... Şol günden iki gün geçeninden soň, garaşylmadyk iki waka boldy. Garyby Institutyň rektory çagyrdy. – Bu näme, Garyp? – Garyp düşünmedi. – Men sen beýlesiň öýdemok. – Düşünmedim. Rektor on adamyň goly çekilen arzany onuň öňünde goýdy. «Garyp Nurullaýew umumy ýaşaýyş jaýynda özüni umumy düzgünnama ters görelde bilen alyp barýar. Otagyna köçe gyzlaryny getirip, gijäniň bir wagtyna çenli keýp çekýärler. Gyzlary zor bilen boýun egdirjek bolýarlar. «Biz türkmendiris, kelläňizi keseris» diýip, olara haýbat atýarlar. Umumy ýaşaýyş jaýynda ikinji Wasýuk döredi. Haýyş edýäris, bize arkaýyn ýaşamaga kömek ediň...» Arzanyň aşagynda on talybyň goly bardy. Garyp Olýa bilen Tumar, Merjeniň goluny tanady. – Rektor başyny galdyrdy. – Tanyş bolduňmy? – Hawa! – Näme diýjek? Garyp dogrusyndan geldi. – Şol otaga göçüp baran günüm keselhanada bile ýatan bir ýoldaşymyň – otes Andreýiň gyzjagazy kömek sorap geldi. Ol dogry. Oňa kömek berip ugratdym, kakasy dälihana düşüpdir. Men gelsem, Babajanyň aýaly meniň otagymda ýatan eken. Ol «Men geleýin, gireýin» diýip menden soranok. Ol aýal obadaşym. Babajan, ýene-de Aşgabatdan iki gyz pul sorap geldi. Olaram Babajan gelenden soň, onuň bilen gaýtdy. Ýanymda başga gyzam, beýlekem bolmady. Isleseňiz şwesar aýaldan soraýyň. Bu ýerde başga bir maksat bar bolaýmasa. Aslynda, özüm-ä, aýal-gyzyň höwesgäri däl. Oňa elimem degip baranok. Galanynam, han-a otag, men şu gün tabşyraryn, kime beresiňiz gelse, baş üstüne... Meniň bar aladam, 1-nji maýda Amerika uçmaly. Ýygyndymyň iňlisçe terjimesini şoňa ýetirjek bolup, gijesi-gündizi diýmän işläp otyryn... Özümem, terjimeçimiň öýünde bolýan, umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagyma diňe şu gün baraýmasam. Rektor agyr oýa batdy. – Arak içýäňmi? – Ýok, ömrümde dadybam göremok. Rektor iki sany gazeti onuň öňüne goýdy. Soň ýerinden turdy-da, seýfini açdy. Ondan arakly çüýşe, bulgur çykardy. – Gel, otagyňy, ýygyndyňy ýuwaly! – Rektor bulgura arak guýup, başyna çekdi. Garyp «Litereturnaýa gazetany» açdy. On ikinji sahypada Gamzatowyň Twardowskiniň özi barada aýry-aýrylykda, çaklaňja makalalary ýerleşdirilipdir. – Gördüňmi? Oka, sen barada. Berekella, gutlaýan... – Men indi, muny näme edeýin. – Kommisiýa ederis. Barlasynlar. Günäkär bolsaň, çäre görerin. – Bolar-da... Garyp kioskdan gazet alyp, otagyna gaýtdy. Ol içeri giren badyna telefon jyňňyrdady. Ol köwşünem çykarman, trubkany göterdi. – Garyp jan! – Bu Nikolaý Tihonowyň sesidi. Salam synok. Lenid Iliç saňa liçno, minnetdarlyk bildirýär. «Prawda» saňa minnetdarlyk bildirýär. Tihonow saňa minnetdarlyk bildirýär. Şeýle hem tutuş SSSR-iň Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi minnetdarlyk bildirýär. Sag bol, ogul! – Sag boluň! Ol trubkany ýerinde goýup, işigi ýapdy. Köwşüni, penjegini çykaryp, çaý goýdy. – Wah, şu wagt Mihaýlownanyň gorşisalyja borşunyň gerek ýeri. Telefon jyňňyrdady. Garyp holodilnikden çykaran ýumurtgalaryny stoluň üstünde goýup, trubkany göterdi. – Salam, Mihaýlowna! – Ol trubka diň saldy. Soň baş atdy. – Özümi? Sagat on ikämi, bolýar. Ýöne baraýmaly dälmi? Ony oňararyn. Inda Mihaýlowna Otel atanyň ertir sagat on ikide kabul etjekdigini habar berýärdi. Garyp saja ep-eslije mesge atyp, soň iki ýumurtgany onuň üstüne çakdy. Duz sepdi. Çaý gaýnady. Garyp howlukman garbandy. – Gel, şu gün ejem bilen gepleşeýin! Ol Aşgabady, onuň üsti bilen Garaböwüre zakaz etdi. Soň baryp diwana gyşardy. Telefon uzyn-uzyn jyňňyrdap, ýaňja süýji uka giden Garyby oýardy. Garyp trubkany göterdi. – Türkmenistany zakaz etdiňizmi? – Da!.. – Birleşdirýän. Gepleşiň... Garyp trubka gulagyny tutyp, ep-esli garaşdy. Onuň ejesiniň sesini eşidesi gelýärdi. Bir salymdan trubkadan ses gelip başlady. – Kim sen? Kim sen. – Alýo, eje janym. Eje janym, salam!.. Garyp ejesiniň juda mähriban, keramatly sesini eşitdi. – Balam, seni? Gözüm çekip durdy. Janjagazyň sagmy?! Menem, näme, şol görüp gidişiň ýaly, balam. Özüň nähili? Okuwlaryň gowumy? – Eje jan, men gowy. Diňle. Meni birinji maýdan on günlük, Amerika iberýärler. Ýanymda-da dünýä belli, gaty uly şahyrlar bar. Şol ýere baryp, goşgy okap gaýtmaly. On günlük gitmeli. Ejejan, saňa Amerikadan näme getireýin?! Garyp ejesi begener öýtdi. – Hiý-bu-u, balam. Etmäge işiň ýok öýdýän. Amerka gideniňden, beýle rugsat berýän bolsalar, öýe, oba gaýtmaly ekeniň, balam. Boýuňa ýekeje guwananymy müň Amerka berjek däl men. – Eje jan, hal-ahwalyň nähili? Puluň-püçegiň bir barmy? – Bar, oglum, goýup gidenje puluňa haladinnik, telewizor, birki sanyjak haly-düşek alandyryn. Ýogsa, sen gelseň, gaty kösenýäň, çagam. Garyp begendi. – Şony oňarypsyň, eje jan. Gutly bolsun. Ýogsa, men şolary Moskwadan ibereýin diýip ýördüm. Gerek zadyňy alyber. Ertir poçta bilen ýene iki müň manat ibererjek, eje. – Beýtme, özüň sow, oglum. Sen meni gaýgy etme. Amyrka gitseň, sagaman gidip gel. Men telewizor, holodilnik, alanyma, Garyp jan begener-ä diýdim. – Hawa, gaty guwanýan, eje jan, juda oňarypsyň. Puly gaýgy etme. Arkaýyn sow. – Garyp gyssandy. – Myrra aýt, maňa bir telefon etsin. Telefon nomerimi belle, eje. Alty sany ikilik, alty sany iki. Düşündiňmi, alty sany iki, hany gaýtalap aýt. – Belledim. Alty sany ikilik. – Hoş eje jan, saglykda görşeliň. Garyp arkaýynlaşdy. Ejesi bilen gepleşensoň, ýüregi giňän ýaly boldy. – Eje janym, dogry aýdýaň, oba gitmeli! Ol ejesiniň satyn alan düşeklerine halap alan goşlaryna begenýändigini duýdy. – Wah, käbäm! Azajyk garaş. Ýanyňa bararyn. Garyp Myrrynyň sowaşýandygy barada oýlandy. «Ol näme üçin hatam ýazanok?» Habaram alanok. « – Ýok, meniň özümem tekepbirleşýän. Han-a Olýanyň göwnüne degip goýberdim. Pul näme? Ony şol adamlaryň ýanynda beýle masgaralamak nämä gerek diýsene. Köýen ýüz manat bolsun. Men gyz adamyň ýüzüni almaly däldim. Babajandan hem ötünç soraryn. Eger ol razy bolsa, öňküje otagyma göçüp bararyn. Dogrudan hem, ol maşgalaly. Meniň gara başym. Maňa otag nämä gerek. Iki-üç bolup ýaşanymda-da hiç zat bolasy ýok. Ol dogry aýdýar, eger men bolmadyk bolsam, Türkmenistandan Amerika Babajany goşardylar. Şu jaýam oňa bererdiler. Sorasa: «Size degişlisini respublikaňyzdan başga birine berdiler» diýerler. Onuň ýerine menem bolsam gaty görmegim mümkindir. Aý, ýok, men gaty görmerin-le. Bibigüle-de ýüz bermeli däl. Goý, adamsy bilen bolsa, bagtly bolar. Meni ara goşmasyn. – Ol ejesiniň «Oglum, goşulmagyn! – diýen sözlerini ýatlady. «Goşulmaly däl! Ejem dogry aýdýar. Garybyň ýüreginiň başy jyzlap gitdi. – Arzany kim ýazdyka? Kaplanmyka? Babajanmyka? Olýamyka? Ol kimem bolsa, öz tanaýanlarynyň biriniň işidigini duýýardy. – Bahyllyk bar bu ýerde. Işik kakyldy. Garyp kynlyk bilen ýerinden turup, işigi açdy. Garybyň dünýäsi ýagtylyp gitdi. – Inga! – Içeri goýberäý! Ol Ingany gollaryny gerip, gujaklady-da, ony ogşady. Soň ony ýatylýan otaga alyp gitdi. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |