14:11 Ak guwlaryñ aýdymy | |
AK GUWLARYÑ AÝDYMY / Ýandepderçedäki ýazgylardan
Sözler
Garaşylmadyk şatlyk, duýdansyz ýüze çykan hasrat köňül daglaryndan gyzyl ot bolup atylyp çykýar-da, düşen ýerlerini oýup taşlaýar. Köňülde turan ala-zenzele, gykylyk-goh, eýmenç ses gulagyňy gapýar. Sessiz-selemsiz doňup galýarsyň. Ýanaryň zarbyndan ýokary göterilen çaň-tozanlar uzak wagtlap köňül asmanyňda gara dumana öwrülip gaýyşyp ýörýär. Goý, ykbal daglarynda şatlyk ýanarlary atylyp dursun! Köňül asmanlary dumansyz bolmasyn! * * * Ýoknasyz sözler uzyn dyrnakly ýabany pişikler kysmy zat: bir çemini tapyp, köňül kamatyňy persala etmän çykmaýar, dyrnaçaklanan ýerler bolsa uzak wagtlap awuşap durýar. Şonuň üçinem ýoknasyzlykdan daş durmaga çalyşmaly. * * * Ýaşaýyş hem daş-töwerek başga dilde ýazylan çeper eserler ýaly täsin bir ahwalat. Dünýäniň bir gyrasyndan jyklap, oňa bada-bat düşünmek kyn. Şonuň üçinem men ähli zady: tebigaty, obalary, şäherleri, del ykballary, ekinzarlyklary, gonamçylyklary... ilki gözlerim bilen türkmençä terjime edip, soň görýärin. Ynha, şondan soň maňa bar zat has aýdyň hem düşnükli bolup başlaýar. Goý, kalbymyz mydama türkmen ruhunyň mährine çoýunyp dursun! * * * Hasyly ýygnalyp, sürlen topragyň kamaty şeýle bir nurana hem agrasdan buýsançly. Çünki onda çagasyny emdirip oturan enäniň ýüzüniň mähiri, kalbynyň nury bar. Şonuň üçinem «ene» bilen «toprak» sözi mydama sazlaşyp, «ene toprak» diýen bitewi düşünjäni emele getirýär. * * * Gyş. Garga ýapraklaryny düşürip ýalaňaçlanan şahada töweregine hyrsyz bakyp, mähirsiz sesi bilen tebigatyň gulagyny peteň edip, gopbamsylyk bilen ýakymsyz gagyldady — howanyň tüýsi bozulyp, gar ýagdy. Ýaz. Gyşda garganyň oturan şol şahasyna bilbil gelip gondy-da, şirin-şeýda owazy bilen birenaýy saýrady — töwerek begres geýnip, howadan gül ýagdy. Şol bir şahada oturyp, bir guş gar ýagdyrýar, bir guş-da — gül. Tebigatyň gudratyna haýran galýarsyň. * * * Ol özüni şeýle bir söýdi. Özüne aşyk bolup, teý ahyrynda-da oňa ýetip bilmejegine gözi ýetensoň, tapylmajak suduryny yzlaý-yzlaý, ýollarda heserleý-heserleý, awaralykda mähribanlaryndan daşlaşdy. Diýmek, özüňi aşa söýmekden ätiýaçly bolmak gerek. * * * Siz şeýle bir bagtly, şeýle bir bagtly. Men oňa guwanmanyň deregine, aşa bagtlylygyňyzdan juda gorkýaryn. Belki, bagt guşunyň kert gaýaly betbagtlyk dagynyň harsaň daşyny penjeläp, uçutdan aşak gaýtmajak bolup, mydama ýüregi bükgüldili halda, uçutda zordan saklanyp duranlygy üçindir?! Eýsem-de, bagt — bu elýetmez hazyna. Şonuň üçinem, her ýeten oňa elini uzadyp, hazynaly sandyga penjesini urmaz ýaly, ony mydama goragda saklamak gerek. * * * Biz biri-birimizi jan-tenden söýýäris hem-de durmuş çemenzarlygynda seýran edip, wagtyhoş aýlanyp ýörüs. Ýöne, näme üçindir, mahal-mahal bir zatdan howatyr eden ýaly, geçen ýolumyza — yza ýalt edip garanymyzy duýman galýarys. Bu ýagdaý daşky hereketlerimizde dälde, köplenç içki dünýämizde bolup geçýär. Mydama biri-birimize ynamly, hem hüşgär, hem hatyrjam bolmaly. Ine, şonda biziň bagtymyza kär edip biljek güýç bolmaz. * * * Özümi bir çete çekip, durmuşa daşyndan bir salym syn edip durdum: adamlaryň hersi bir ýana ibirtde-zibirt bolşup haýdaşyp ýörler — işe howlugyp barýany haýsy, dükana barýany haýsy! Hatda ýetginjeklerem, çagalaram eýläk-beýläk juda gyssagly ylgaşýarlar. Garaz, ulaglysy-pyýadasy ýok — adamlaryň hemmesi juda howlukmaç. Görýän welin, dünýäde şeýle bir çalt ýaşalýar. Biz bolsa: «Ömür — gysga» diýip nalaýarysam. Ömür gysga däl-de, biz ömri özümiz çalt ýaşap, tiz geçirýär ekenik. * * * Daga çykýaryn: dagyň arkasynda ýene bir dag bar, ol dagyň aňyrsynda-da başga dag bar. Şeýdip, daglaryň arkasyndan daglar çykyp dur. Diýmek, daglaram arkasyny daga diräp, dag bolýar ekeni. Eýsem, ähli belentlikleri özünde jemleýän daglarda şeýle ahwalatlar bar bolsa, adamlardana arkasyny güýçlä diräp, adam bolýandygyny geň görüp ýörmegiň hajatam ýok... * * * Men seniň üçin hiç bir zatdan geçmerin. Ýöne özüme gerek bolsa, ähli zatdan, hatda özümdenem geçerin. Eýsem, munuň näderejede dogrudygyny ýa-da ýalňyşdygyny welin häzir seljermäge wagtym ýok. Belki, ony menzilleriň özi aýyl-saýyl eder. * * * «Tebigat şol bir adama zehini, owadanlygy, baýlygy... hemme zady birden bermeýär» diýilýär welin, men munuň bilen doly ylalaşmaýaryn. Ýok. Tebigat ýalkan adamyna hemme zady birden berýär. Ýöne şol beren engamlaryny birden alyp, şol ykbaly gynandyrmasa, birbada lagar düşürmese bolýar. Döwletgeldi ANNAMYRADOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |