ALTYNAÝYŇ ARZUWY
Şol günki biologiýa dersinden mekdepden daşary guralan goşmaça sapak “Ýüpek gurçugy, onuň halk hojalygyna berýän peýdasy” atly tema bagyşlanyldy. Altynaý ýüpek gurçuklarynyň nämedigini bilýärdi, olaryň tut ýapraklary bilen iýmitlenişlerini hem synlapdy, adamlara taýýar bolan akja gozalary, pileleri çöpleşmäge onuň özem kömekleşipdi. Şonuň üçinem mugallymyň “Kim ýüpek gurçugyny gördi?” diýip soranda, öňi bilen elini galdyran hem Altynaý boldy. Soňam:
- Biziň obamyzda ýüpek gurçugyny idedýän hojalyklar kän. Gurçuklar gije-gündizläp tut ýapragyny iýýärler. Soňam bir gün daşlaryna pile sarap başlaýarlar eken. Hawa, mugallym, ynanyň, men çynymy aýdýan, olary gözüm bilen göremsoň aýdýan—diýdi.
Mugallym oňa goldaw berdi.
- Ynanýas, ynanýas. Oňa hemmämizem ynanýarys, şeýle gerek çagalar!--diýip, oturanlara ýüzlendi.-- Sebäbi seniň ýüpek gurçugy hakynda aýdanlaryň ählijesem dogry. Aslynda gurçuklar tohumyndan köpeldilýär. Şonuň üçinem öňinçä gurçuk idetjek hojalyklara onuň tohumy paýlanylýandyr. Adamlar azyndan kyrk gije gündizläp, arman-ýadaman, olary tut ýapraklary bilen iýmitlendirýärler. Ahyrynda-da taýýar bolan pileleri ýygnap, döwlete tabşyrýarlar. Soňra olardan ýörite işlenilip ýüplük alynýar, ýüplüklerden bolsa fabriklerde dürli matalar dokalýar.
- Onsoň men goňşulardan biriniň gurçuk tutýan ýerinden birnäçe gurçugy aldym-da, öýe getirdim. Olary özbaşdak idedip görmekçi boldum. Atam ony gören dessine „Gyzym, sen olary gury heläk edeniň galar, dessine nireden, kimiň hojalygyndan alan bolsaň, şolara-da eltip ber. Olary wagtly-wagtynda ýatyrmaly, oýarmaly, naharlamaly, gije diýmän, gündiz diýmän, garaz, ýörite hyzmatyndaky adamlaryň gözegçiliginde bolmaly“ diýdi. Men atamyň aýdyşy ýalam etdim. Olary eltip, alan ýerimdäki özi ýaly müňlerçe gurçugyň arasyna goşup gaýtdym.
- Berekella! Çagalar, ynha, Altynaý atasynyň aýdanyny edip, özüniň ýalňyş hereketini wagtynda düzeldipdir. Indi onuň tabşyran gurçuklaram basym pile sarar, ýogsam atasynyň aýdyşy ýaly, olaryň heläk bolmaklaram ahmal eken--diýip, Altynaýyň ýüzüne ýylgyryp seretdi.
- Ýoldaş mugallym, aslynda gurçuklaň ýüpek saramaga ukyplylygy haçan, nirede ýüze çykaryldyka?--diýip, Altynaý mugallymyň öňünde özüni gyzyklandyrýan sowalyny keserdip goýdy.
- Altynaý örän dogry sorag berdiň. Şu günki sapagymyzam şol hakynda. Häzir men size ýüpek gurçugynyň taryhyny, bu barada bar bolan rowaýaty aýdyp bereýin. Gadym zamanlarda Çyn-maçyn diýlip atlandyrylan ýurtda, häzirki Hytaý döwletinde, bir imperator aýal öz bagyndaky agajyň ýapragyny gurçuklaryň iýýändigini görüp, örän gynanypmyşyn diýýärler. Bir günem agajyň şahasynda sallanyşyp duran akja gozalara—pilelere gözi düşüp, ol gozalardan birnäçesini öýüne getiripdir. Elindäki pileleň biri bolsa tötänlikde taňňyrdaky gyzgyn suwa gaçypdyr. Şonda ol aýal gyzgyn suwa elini sokup, hälki gozany almaklçy bolupdyr welin, onuň eline sapak ilipdir. Sapagy çekdigisaýy suwdaky pile çözülip, ondan uzyn bir sapak emele gelip oturyberipdir. Ol agaçlardaky beýleki pileleri hem çöpläp getirip, gyzgyn suwa salypdyr welin, ep-esli sapak toplanylyp duruberipdir. Soňra ol aýal toplanylan şol sapaklardan mata dokapdyr. Ýüpek öndürýän gurçugyň tohumyny köpeltmegiň köpçülikleýin ugruna çykylmagy-da şol waka sebäp bolupdyr diýýärler.
Soň-soňlar Çyn-maçyndan Aziýa ýurtlaryna kerwen arkaly ýüpek hem-de ýüpekden dokalan matalaryň daşalmagy bilen bu ýoluň “ýüpek ýoly” adynyň almagyna getiripdir. Indi düşnüklimi?
Okuwçylar “düşnükli-de”, “düşnükli” boluşdylar.
Altynaý ýüpek gurçugy hakynda eşiden bu täsin hekaýatyny öýe gelen dessine enesine gürrüň berdi. Soltan eje:
- Mugallymyňyz dogry aýdypdyr, gyzym. Bu barada menem ýaş mahallarym haýsydyr bir kitapdan okapdym--diýdi.
Şo pille Altynaýyň enesiniň bilegindäki gyzyl ýüpege gözi düşdi.
- Ene, nämüçin gyzyl ýüpegi bilegiňe orapsyň?--diýdi.
Soltan eje:
- Bilegiňe gyzyl ýüpek oralanda, gan basyşynyň beýikliginden ejir çekýän adamlara gan basyşynyň kadalaşmagyna nepi degýämişin.
- Bä, onda ýüpegiň diňe bir mata üçin däl-de, eýsem adamyň saglygyna-da peýdasy bar eken-dä!
- Ýogsam näme, gyzym, ýüpekden dokalan egin-eşikleri geýmegiň adam saglygyna täsiriniň barlygyny medisina hem inkär edenok.
- Ene, onda Täze ýyl bizem gurçuk idedäýeliň. Size jigim Enaýy ikimizem kömekleşeris. Bolmazmy?
Soltan eje düşbüje agtyjagynyň tahýalyja başyny sypady-da:
- Bolar, guzym, bolmajak zat barmy näme, ähli zada yhlas gerek, oňa ataň ikimizem öňden bäri hyýal edip ýörüs. Mellekde näme kän, tut agajy kän, şükür, gurçuk saklara şertlerimiz hem bar, el güýjümiz hem ýeterlik. Ataň gelip barýandyr, ogullarym hem agşamlyk saçak başynda jemlener, olara sala salyp göreliň, bizi goldasalar, zähmetinden gaçmasalar, belki bizem indiki möwsümde daýhan birleşigine baryp tohum alarys, döwletiň ýüpek baýlygyna öz şahsy goşandymyzy goşarys--diýdi.
Enesiniň bu jogaby Altynaýyň göwnünden turarly göründi, oňa hoşallyk bilen gysmyljyrady.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty