AMANMYRAT BAÝMYRADOW
Amanmyrat Baýmyradowyň ýurdumyzyň dürli-dürli welaýatlarynda, etraplarynda we goňşy halklarda ylmy saparda bolup ýygnan folklora degişli dessanlary ertekileri, hekaýatdyr rowaýatlary TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň folklora degişli bölümindäki 1329,1299, 1317, 1319, 1347, 1348, 1349, 1358, 1251, 1250, 1421, 1270, 1289, 1293, 1297, 1298, 1152, 1154, 1156, 1155, 1166, 1167, 1168, 1169-njy bukjalarda saklanylýar.
1293-nji çeşme „Görogly“ şadessanynyň „Harmandäli“ şahasyny öz içine alýar. Ony mirasgär 1969-njy ýylyň dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň (öňki Lenin) „Täze durmuş“ obasynyň(Karl Marks adyndaky kolhozynyň) ýaşaýjysy, 1944-nji ýylda doglan Söýün Illiýewiň dilinden, 1250-nji çeşmede saklanylýan „Harmandälini“ A.Baýmyradow Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan etrabynyň (öňki Ýylanly, „Bolşewik“ kolhozy) ýaşaýjysy Durdy Babaýewiň dilinden ýazyp alypdyr.
A.Baýmyradow „Görogly“ şadessanynyň „Kyrk müňler“ şahasyny Akdepe etrabynyň Aşgabat kolhozynyň ýaşaýjysy Saparmyrat Garlyýew 1970-nji ýylyň awgust aýynda mirasgäre aýdyp beripdir. Bu şadessanyň „Bezirgen“ şahasyny Akýap obaly (Akdepe etraby) Öre Adamowyň dilinden 1970-nji ýylyň maý we aprel aýlarynda, 1251-nji çeşmedäki „Bezirgen“ şahasyny Öre Kakajanowyň, Narmämmet Nowruzowyň dilinden, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny 1970-nji ýylyň 20-nji fewralynda Juma bagşydan we Aşyr bagşynyň dilinden ýazyp alypdyr. Olar 1169-njy çeşmede ýerleşýär.
1289-njy çeşmedäki „Bezirgeni“ 1973-nji ýylyň awgust aýynda Jumadurdy Gurbanowyň, 1421-nji bukjadaky „Görogly“ eposynyň „Harmandäli“ şahasyny Ilaman Annaýewiň dilinden 1969-njy ýylyň dekabr aýynda, 1251-nji bukjadaky „Harmandälini“ bolsa mirasgär Durdy Babaýewiň dilinden ýazyp alypdyr. „Görogly“ şadessanynyň „Öweziň öýlenişi“ (doly däl), „Arap Reýhan“ şahalaryny 1974-nji ýylyň awgust aýynda Mejit Hudaýberdiýewiň dilinden ýazga geçiripdir. Aşyr Ýakubowyň dilinden ýazylyp alnan „Harmandäli“ 1168-nji çeşmede ýerleşýär. Aşyr Ýakubow hem akýaply.
1299-çeşme „Öweziň öýlenişi“ bilen, „Arap Reýhandan“ başga-da aýdyjynyň terjimehalyna degişli we „Oýunçy utulanyny bilse, ýagşy“, „Gämiçi han boldy, biz nöker bolduk“ ýaly rowaýatlary we 1974-nji ýylyň sentýabr aýynda ýazylyp alnan gazallary, nakyllary öz içine alýar. Şadessanyň „Öweziň halas edilişi“ atly şahasy 1298-nji bukjada ýerleşýär. Ony mirasgär 1974-nji ýylyň awgust, sentýabr aýynda Nebitdag şäherinde bolanda ýazyp alypdyr. Kimiň dilinden alnany belli däl. 1347-nji çeşmede 10-njy synp okuwçylarynyň (Begliýewa Emine, Satarowa Güljan) dilinden ýazylyp alnan goşgular, nakyllar, läleler, anekdotlar, matallar bar. Nargül Jumamyradowna Bazarowanyň aýdyp beren nakyllary, matallary, läleleri, dürli-dürli temadan ýazylan goşgularam şol çeşmede. 1251-nji bukjada „Görogly“ şadessanynyň „Harmandäli“ (Durdy Babaýew) „Bezirgen“ (Öre Kakajanow, Narmämmet Nowruzow) şahalary, Kasym Döwletowyň „Mämmet jan“, Gulmyrat Artykowyň, Saparmyrat Garlyýewiň, Joraguly Tagyýewyň, Babaguly Ergaliýewiň, Ybadylla Inatyllaýewiň, Hudaýnazar Döwletowyň dilinden ýazylyp alnan dürli-dürli temalara degişli ownuk žanrlara degişli eserler ýerleşýär. 1319-njy çeşmede bolsa Tagangurban Tanaýewiň toplan edebi-çeper eserleri saklanylýar. Ony Aman Baýmyradow 1975-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda ýazyp alypdyr. Çeşmede dürli-dürli temada ýazylan ownuk žanrlaryň ähli görnüşleri saklanylýar. 1329-nji bukjadakynakyllary, läleleri, monjugatdylary, hüwdidirmatallary mirasgär 1976-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda toplapdyr. Kimiň dilinden ýazylyp alnandygy belli däl. Mirasgäriň 1972-1975-nji ýyllaryň aralygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplan rowaýatlardyr legendalarynyň 40-a golaýy 1317-nji çeşmede saklanylýar. Olaryň agramly bölegi ýer-ýurt atlary bilen bagly.
1358-nji çeşmedäki buluç matallaryny mirasgär Nazar Salmammediň dilinden 1981-nji ýylyň ýanwar, fewral aýlarynda ýazyp alypdyr. „Maksadyna ýeten gyz“ atly ertekini we ençeme rowaýatlary (1297 çeşme) mirasgäre 1974-nji ýylyň sentýabr aýynda Çelekeniň Garagöl şäherçesiniň ýaşaýjysy Kyýas Ylýasow aýdyp beripdir. Şol çeşmedäki „Mämmetjan“, „Weziriň akylly ogly“ ertekilerini garagölli Ýegenmämmet Kakyşowyň dilinden 1974-nji ýylyň sentýabr aýynda ýazyp alypdyr.
1348-nji çeşmede saklanylýan goşgulardyr, nakyllary, lälelerdir küştdepdileri, ýaňyltmaçdyr hüwdüleri A.Baýmyradow, B.Mämmetýazow ikisi Akdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiniň dil we edebiýat mugallymy Allak Nuryýewden alyp, golýazmalar hazynamyza tabşyrypdyrlar. Ýokarky bukjadaky ýaly ownuk žanrlara degişli edebi-çeper eserleri B.Mämmetýazow bilen A.Baýmyradow Akdepe (öňki Lenin) etrabynda ýerleşýän 16-njy orta mekdebiniň dil we edebiýat mugallymy S.Illiýewden alypdyrlar. Olar hazynamyzyň 1349-njy bukjasynda ýerleşýär. 1297-nji çeşmedäki „Her kim öz pälinden tapar“, „Patyşanyň hünäri“ ýaly ertekileri we ownuk žanrlara degişli eserleri (matallar, nakyllar, monjugatdylar, küştdepdiler, sanawaçlar, hüwdüler, läleler) mirasgärler Çeleken şäherindäki 5-nji sekizýyllyk mekdebiniň 7-8-nji synp okuwçylarynyň kömegi bilen ýazyp alypdyrlar. Senesi 1974-nji ýylyň sentýabry.Pygy Tagana degişli rowaýatlary, maglumatlary, şorta sözleri we ş.m. mirasgär 1974-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda ýazyp alypdyr. Çeşmesi 1298. Göçürlip alnan ýeri Balkanabat (öňki Nebitdag) şäheri. Başga-da bu çeşmede Atamämmet Garlyýewiň dilinden ýazylyp alnan „Almanyň haky“, „Kyn mesele“ ýaly rowaýatlar we Tagangeldi Atamämmedowyň dilinden ýazylyp alnan: „Sen atalardan däl-de enelerden ýaly-la“ diýen şorta sözi, mirasgär 1974-nji ýylyň awgust aýynda Nebitdag şäherinde ýazyp alypdyr. 1403-nji bukjada „Kempiriň ýoly“, „Ýetim oglan, bir gün görseň bitin oglan“, „Abdylla baý“, „Gurjak gyz“, „Bilgir garyp“, „Hally“, „Aldanan möjek“, „Dürs-dürs“, „Bagtly kel“, „Abdylla baý“ ýaly ertekiler saklanylýar. Olary mirasgär 1986-njy ýylyň 5-nji awgustynda belli ertekiçi Mämmet Gadamowyň dilinden ýazyp alypdyr. Ol Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan, 1903-nji ýylda doglan. 1154-nji bukjadaky „Salyh baý“, „Senemjan“, „Şüdügärde balyk neýlesin“, „Saglyk çeşmesi“ ýaly ertekileri A.Baýmyradow Juma bagşynyň, gyjakçysy Garabekow Hudaýnazardan (Akdepe etrabynyň öňki „Kommunizm” kolhozy.) 1969-njy ýylyň dekabrynda ýazyp alypdyr. „Nämäniň eti süýji“, „Garynja gara günde, gurbaga saz-söhbetde“, „Adamyň şeýtandan aldanyşy“ we ş.m. ýaly eserleri A.Baýmyradowa Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Annaberdi Aýjanow 1974-nji ýylyň awgust aýynda aýdyp beripdir. Bu folklor maglumatlary 1298-nji bukjada saklanylýar. 1155-nji çeşmede bolsa mirasgäriň Allak Nuryýewiň dilinden 1969-njy ýylyň noýabr, dekabr aýlarynda ýazyp alan nakyllary, hüwdüleri, aýdymdyr läleleri, ençeme ertekileri ýerleşýär. Aýdyjy Akdepe etrabynyň Çapaýew kolhozyndaky 24-nji orta mekdebiň Dil we edebiýat mugallymy.
Golazmalar hazynamyzdaky 1156-njy çeşmede şahyr belli ertekiçi Mämmet Gadamowyň A.Baýmyradowa aýdyp beren ertekileri saklanylýar. Olary mirasgär 1981-nji ýylda ýazyp alypdyr. Olar „Ýagşylyga ýagşylyk“, „Gülýaka“, „Ogulsyz patyşa“, „Dükançynyň ogly“, „Tilkiniň et paýlaýşy“ ýaly ertekilerden „Hüýrgenç“, „Ussa guşuň minarasy“ ýaly rowaýatlardan, dürli nakyllardan, we M.Gadamowyň ogly Ahmet Mämmedowyň aýdan iki sany ertekisinden ybarat. 1274-nji bukjada okuwçylaryň kömegi bilen toplanan küştdepdiler saklanylýar. 1153-nji çeşmede mirasgäriň 66 sahypadan ybarat iki sany şorta sözi we „Harmandäli“ dessanyny öz içine alýan golýazmasy saklanylýar. Ony mirasgär akdepeli mugallym Söýün Illiýewiň dilinden ýazyp alypdyr. Senesi görkezilmändir. 1162-nji çeşmede ýene mirasgäriň gubadagly meşhur bagşy Ilaman Annaýewiň dilinden ýazyp alan 62 sahypalyk „Harmandäli“ dessany saklanylýar. Ol „Bezirgen“ dessanynyň ikinji bölegini (77 sahypa) akdepeli bagşy Saparmyrat Garlyýewden ýazyp alypdyr. Golýazma 1166-njy çeşmede. 1169-njy bukjadaky „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny üç sany ertekini (jemi 95 sahypa) mirasgäre Gurbansoltan etrabynda ýaşaýan Aşyr Ýazmämmedow, şu bukjadaky „Bezirgen“ dessanyny A.Baýmyradowagubadagly bagşy Ilaman Annaýew aýdyp beripdir.
Mirasgäriň Dörtgül (Garagalpagystan) etrabyndan getirilen 150 sahypalyk folklor mirasy 1182-nji bukjada saklanylýar. Hazyna toplaýjynyň 1971-nji ýylyň maý we iýun aýlarynda toplan folklor mirasy aşakdaky çeşmelerde saklanylýar. Akdepeli Saparmyrat Garlyýewden ýazyp alan „Bezirgeni“ (77 sah) 1211-nji çeşmede, Mirasgäriň 1971-nji ýylyň maý we iýun aýlarynda dürli-dürli aýdyjylaryň dilinden ýazyp alan folklor mirasy aşakdaky çeşmelerde ýerleşýär: Tirme aýdymlaryny, şorta sözleri, mirasgär gurbansoltanly bagşy Durdy Babaýewiň dilinden ýazyp alypdyr. Magnit ýazgysy 200 metr. 1194-njy,1195-nji bukjalardaky „Harmandäli“ dessanyny-da (162 sahypa), gurbansoltanly Durdy Babaýewiň dilinden ýazylyp alnypdyr. El ýazgysy 1250-nji bukjada, magnit ýazgysy500 metr1190-njy, 1192-nji, 1193-nji bukjalarda„Kyrk müňler“ (113 s.) aýdan bagşy Hudaýberdi Çiştelpekow1212-nji bukjada. El ýazgysy 1213-nji bukjada. „Öwez getiren“ dessany (83 s.) göçüren A.Durdyýewa. 1213-F bukjada. Magnit ýazgysy 1184-nji, 1185-F bukjalarda,„Arap daňan“ dessany (101 s. aýdan köneürgençli bagşy Täçnazar Mätjanow). 1210-njy bukjada saklanylýar.
Mirasgäriň 1971-nji ýylyň dekabr aýynda toplan mirasy:„Keýmir“ (82 s.), „Öwez öýlenen“ (37 s.), „Öwez getiren“ (71 s.) dessanlary. Aýdan dänewli bagşy Rozumbaý Bekmyradow. Olar 1228-nji bukjada ýerleşýär. Dänewli, darganataly bagşylar Rozumbaý Bekmyradow, Abdyrahman Ärnazarow, Hajy bagşy, Setdar bagşy, Jepbar Hojamberdiýew, Sapar Gylyjow, Kör bagşy, Anna bagşy, Hudaýberen bagşy, Meňlidir Ymambaba, Bäşim Meňliýew, Begmyrat Çaryýew, Mämmet bagşy Berdiýew, Goçgar bagşy, Mäti Ödäýew, Amanly Garjykow baradaky maglumatlar hem şol bukjada saklanylýar.
Mirasgäriň 1972-nji ýylyň ýanwarynda ýazyp alan: „Bezirgen“ dessany. (103 s.), aýdan könürgençli bagşy Öre Kakajanow. 1251-nji bukjada saklanylýar
1972-nji ýylyň mart aýynda mirasgär aşakdaky çeper hazynany toplapdyr:
„Bezirgen“ dessany, tirme aýdymlary, bagşy barada maglumat, ertekiler. El ýazmasy 46 sahypa. Aýdan saýatly Kasym Döwletow olar 1248-nji bukjada ýerleşýär. Magnit ýazgysy hem saklanylýar. Tirmeler we saýatly bagşylaryň aýdan şygyrlary 18 sahypadan ybarat. olary aýdan saýatly Aky Kasymow, „Bezirgen“ dessany, tirmeler, bagşy barada maglumat, el ýazgysy 55 sahypa. Aýdan Narmämmet Nowruzow. Olar 1249-njy bukjada. Üç kasetada magnit ýazgysy ýerleşýär. „Arap Reýhan“ dessany iki kassetada magnit ýazgysy. Aýdan dänewli bagşy Abdyrahman Ärnazarow. Ol1247-nji bukjada ýerleşýär. Şol sanda mirasgär Saýat etrabynda bolup, 1972-nji ýylyň maý aýynda Halk döredijiligine degişli ownuk eserleri Gulmyrat Artykowyň, garakölli bagşylar Joraguly Tagaýewiň, Babaguly Ergeşowyň, Ibadylla Inatyllaýewiň, şol sanda „Görogludan“ bölekleri „Kempir“ dessanyny dänewli bagşy Hudaýberdi Döwletowyň dilinden ýazyp alypdyr. Olar golýazmalar hazynasynyň 1245,1248-nji bukjalarynda ýerleşýär. Mirasgär 1972-nji ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda Lebap welaýatynyň Saýat, Garabekeul etraplarynda iş saparlarynda bolup, şol etrabyň ýaşaýjylary Hudaýýar Deňliýewiň, Ogulboldy Nepesowanyň, Mämmetdurdy Borjakowyň, Ýagmyr Ýazmämmedowyň, Ýakup Babaýewiň, Nazar Annaýewiň... dillerinden bir topar rowaýatlary, nakyllary, ertekileri-efsanalary “Görogly” eposynyň ençeme şahalaryny (“Göroglynyň döreýşi”, “Öwez getiren”, “Kyrk müňler”) ýazyp alypdyrlar. Olar golýazmalar hazynasynyň 1257, 1259, 1256, 1258-nji bukjalarynda saklanylýar.
A.Baýmyradowyň 1972-nji ýylyň dekabrynda toplan maglumatlary: „Şasenem-Garyp“ dessany, „Göroglynyň döreýşi“,çowdur bagşylary hakda maglumatlar, şorta sözler aýdan boldumsazly bagşy Palta Garaýew, tirme aýdymlary, rowaýatlary, boldumsazly bagşy Täjibaý Gurbanow aýdyp beripdir. Bu gymmatlyklaryň hemmesi 1271-F çeşmede ýerleşýär. Alymyň 1973-nji ýylyň mart aýynda toplan edebi eserleri bolsa 1282-nji bukjada saklanylýar.
“Görogly” eposynyň „Öwez getiren“, „Bezirgen“ şahalaryny aýdan boldumsazly Kürt bagşy Garlyýew, „Nesiýe öndüren“, „Öwez öýlenen“ şahalaryny (73 s.) aýdan bagşy Satlyk Ilekow.
Mirasgär 1973-nji ýylyň maý aýynda „Göroglynyň öýlenişi“ dessanyny, bagşy barada maglumatlary: gurbansoltanly bagşy Minewwer Kerimow, „Bezirgen“ dessanyny (111 s.) ýene şol etraply Durdy Babaýew, aýdyp beripdir. Olar 1287-nji bukjada saklanylýar.
Mirasgäriň 1973-nji ýylyň awgust aýynda ýygnan edebi-çeper eserleri:
Akdepe etrabyndan ýazyp alan halk döredijiligine degişli, eserleri: „Harmandäli“ dessany, bagşylar hakda maglumatlary (145 s.) „Öwez getiren“ dessanyny (132 s.) aýdan boldumsazly bagşy Ýoldaş Jumamyradow. Eslije sahypalary öz içine alýan bu eserler 1284, 1285-nji bukjalarda. 1979-njy ýylyň sentýabr aýynda alymyň Gubadag etrabyndan toplanan eserleri (92,52 sah.)1345-1346-njy bukjalarda saklanylýar.
1987-nji ýylyň aprel aýynda alymyň ýygnan gymmatlyklary: „Şasenem-Garyp“ dessanyny, dürli aýdymlary, “Harmandälini” (magnit ýazgysy) aýdan Baýeke bagşy Garagalpagystanyň Biruni etrabyndan, „Bezirgen“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlaryny (magnit ýazgysy) Namazbaý bagşy aýdyp beripdir.
***
A.Baýmyradow 1946-njy ýylyň 10-njy maýynda Garagalpagystan Respublikasynyň Dörtgül etrabynyň Emirabat obasynda eneden bolýar. Ol başlangyç bilimi şol etrapdaky gazak mekdebinde, orta bilimi Narymanow adyndaky türkmen mekdebinde alýar. 1967-nji ýylda Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar. Ol 1969-1991-nji ýyllaryň aralygynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň halk döredijiligi bölüminde uly ylmy işgär bolup işleýär.
1991-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan başlap, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller institutynyň edebiýat kafedrasynda uly mugallym bolup işläp başlaýar. 1995-nji ýylyň oktýabryndan2000-nji ýylyň 6-njy iýunyna çenli şol kafedranyň professoryň wezipesini ýerine ýetiriji professory, bolup işleýär. 1997-nji ýylyň 7-nji iýulyndan 2000-nji ýylyň 5-nji iýulyna çenli institutyň türkmen edebiýaty kafedrasyna müdirlik edýär. Şondan bäri şol kafedranyň uly mugallymy wezipesinde zähmet çekýär.
A.Baýmyradow 1992-nji ýylda „Haýwanlar hakynda ertekileriň genezisi we tipologiýasy“ atly temada dissertasiýa ýazyp, gorap filologiýa ylymlarynyň kandidaty, 1994-nji ýylda „Türkmen halk kyssasynyň taryhy genetik ewolýusiýasy we poetikasy“ atly temadan dessertasýa gorap, filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejäni alýar. A.Baýmyradow edebi älemde halk döredijiligini, nusgawy edebiýaty öwreniji zehinli alymdyr. Onuň ylmy we tekstologik işleriniň sanawy 104-e ýetýär, şolaryň 4-si monografiýa, 9-sy folklor ýygyndysydyr. Gazetlerde ýüzlerçe ylmy makalalary çap edilýär. Ylmy işleri daşary ýurtlaryň 10-dan gowragynda ylmy dolanyşyga girýär. Daşary ýurtlarda ylmy makalalary, toplan folklor eserleri neşir edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe A.Baýmyradowyň 11 sany kitaby çapa taýýar edilen. Ol halkara we ýurdumyzda geçirilýän ylmy maslahatlara yzygiderli gatnaşyp, halk döredijiliginiň, edebiýatyň we taryhyň möhüm meseleleri barada ylmy nutuk bilen çykyş edýär. Mirasgäriň ylmy işlerine belli türkologlar ýokary baha beripdirler. Alymyň ýurdumyzda we onuň daşynda ýaşaýan aýdyjylardan ýazyp alan halk döredijiligine we edebiýatyna degişli edebi-çeper eserleri TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň 51 sany bukjasyndadyr. Olar iki müň sahypalyk gymmatly folklor golýazmalarydyr, dessançy bagşylardan ýazlyp alan onlarça dessanyň magnit ýazgysydyr, 100-e golaýy aýdyjylar baradaky maglumatlardyr.
A.Baýmyradow türkmen halkynyň çeper gymmatlygyny daşary ýurtlarda tanatmaga önjeýli goşant goşýar. Ol Türkiýäniň, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Garagalpagystanyň, Gyrgyzystanyň, Eýrandyr Hindistanyň alymlary bilen aragatnaşyk edýär. Halkara ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýar. Ol ençeme ylmy we tekstologik işleri ýazypdyr. Filologiýa ylymlaryň doktory A.Baýmyradowyň ylmy monografiýalary ýurdumyzda we daşary ýurtlaryň ençemesinde bellidir. Onuň ylmy işleri Amerikada, Germaniýada, Latwiýada, Türkiýede, Gazagystanda, Özbegistanda, Orsýetde, Eýranda, Owganystanda we beýleki ýurtlaryň ençemesinde çap edilendir.
Mirasgäriň yssyny-sowugy duýman, ýurt dannaman, öýünden-ilinden kä halatlarda Watanyndan uzakda toplan mirasy saklanýan bukjalaryň belgilerini başda beripdik. Mirasgär aýratyn-da Daşoguz welaýatynyň ençeme etraplarynda bolup, dessançy atly bagşylar Bally Mätgeldiýewden, Magtymguly Garlydan, Sülgün Meretgeldiýewadan, Palta bagşydan, Öre Şyhdan, Atabaý Orazmet oglundan diňe bir halk dessanlaryny däl, rowaýatlary, hekaýalary, nakyllardyr atalar sözlerni ýazyp alýar. Ol segseninji ýyllarda alym Amanbaý Myradow bilen Türkmenistanyň halk bagşysy Ilaman Annaýewyň dilinden ençeme gymmatly folklor eserlerini ýazyp alýar. Ilaman Annaýew mirasgäre diňe bir halk dessanlaryny aýdyp bermän, Türkmenistanda halkyň söýgüsini gazanan bagşylar (Magtymguly Garly, Nazar Baga, Pälwan we Söýeg bagşy) barada olaryň ussatlygy barada gürrüň berýär. Alym halk mirasyna juda aýawly garaýan, olary hem aýdyma goşup, hem dilden hekaýat edip, gürrüň berýän bu bagşylaryň taýsyz hyzmatyny belleýär.
Munuň özi halkyň asyrlardan-asyrlara aşyp, şu günlere gelip ýeten gyzyldan gymmatly mirasyny birek-birekden öwrenip, birek-birekden göçürip, timarlap hem halkyň arasynda ýaýradyp ençeme nesilleri terbiýeläp gelen aýdyjylara, gürrüňçilere goýlan hormatdyr. Ýene bir bellemeli zat, mirasgäriň öz toplan baýlyklaryny seljermäge ussatlygydyr. Haýsy tarapdan alsaň-da A.Baýmyradowyň edebi mirasy toplamakda, seljermekde-de folklor ylmyna goşan goşandy juda uly. Bu ýagdaý aýratyn bellenilmelidir. Mirasgär 1982-nji ýylda folklorçy A.Durdyýewa bilen „Türkmen gelin-gyzlarynyň şahyrana döredijiligi“ diýen işi neşir etdirýär. Ol „Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar“ (1983) „Akylly gyz“ ertekiler (1988), „Ýedigenim – ýedi ýyldyz“, hüwdüler, matallar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlar 1-2 kitap (1989) ýaly ýygyndylary-da çapa taýýarlady. Onuň „Ýedigenim-ýedi ýyldyz“ kitabyny „Magaryf“ neşirýaty çap edipdir. Miräsgäriň irginsiz ýygnan, seljeren edebi-çeper eserleri hakynda filologiýa ylymlarynyň doktory A.Borjakow hakykaty beýan edip, A.Baýmyradowyň iki kitapdan ybarat „Ýedigenim-ýedi ýyldyz“, „Akylly gyz“, „Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar“ atly ýygyndylaryndan öz ylmy işleri üçin peýdalanýandygyny ýazýar. Haýsy temany işlese, şonuň änigine-şänigine ýetjek bolýan mirasgäriň monografiýalaryna türkmen ylmynyň tutumly işleri hökmünde baha berýär.
A.Baýmyradowyň diňe bir hazyna toplaýjy bolman, onuň folkloryň dürli görnüşlerini derňemekdäki ezberligini öňem nygtapdyk. Hazyna toplaýjy halky eserleriň haýsy žanrny seljerse, şol žanryň özboluşlylygyny, çeperçilik aýratynlygyny hatda olaryň milli köklerini-de seljerip biri-biri bilen deňeşdirip iňňän düýpli netijeler çykarýar. Saýlap alan temaňy düýpli derňemek üçin, elbetde diňe zehin ýeterlik däl. Alym diňe ýurdumyzyň çäklerinde ylmy saparda bolman, diňe milli kitaphanalarymyzda oturyp türkmen folklory bilen baglanyşykly ylmy- derňew işlerini alyp barman, türkmen alymlaryň işleri bilen tanyşman, ýurduň çäginden daşarda-da ylmy saparlarda bolup dünýä folkloryna degişli ençeme ylmy işleri okaýar, öwrenýär, kämilleşýär. Irginsiz işlemek üçin hem zähmetsöýerlik, hem zehin, hem jogapkärçilik duýgusy bolmaly. Aman Baýmyradow Gazagystanda, Özbegistanda, Sankt-Peterburgda, Moskwada ylmy kitaphanalarda, golýazmalar institutlarynda bolup türkmen folkloryna degişli maglumatlary ýygnady hemdünýä alymlarynyň folklora degişli işlerini okady, öwrendi, toplady. Alymyň her bir temany düýpli işlemeginiň, olardan maksada laýyk düýpli netijeler çykarmagynyň, sagdyn düýpli pikirleri orta atmagynyň, türkmen folkloryna degişli milli aýratynlyklaryny ýüze çykarmagynyň baş sebäbi-de onuň türki, hatda käbir ýagdaýlarda dünýä folklorynda gonup-göçüp ýören manydaş süžetleri deňeşdirip öwrenmegidir. Sebäbi türkmen edebiýatyny düýpli öwrenmek üçin, olary goňşy halklaryň edebiýaty bilen baglylykda öwrenmek zerurdyr. Bu hemmä belli hakykata alym has oňat akyl ýetiripdir. Žurnalist N.Annamuhammedowa „Garagum“ žurnalynda A.Baýmyradow barada ýazan makalasynda şeýle pikir ýöredipdir. Bir gezek mirasgär Babyş Mämmetýazow bilen belli alym Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewyň öýüne barýar. Ol döwürde akademik „Görogly“ eposyny rus diline terjime edýän eken. „Görogly“ eposy barada dolup-daşyp gürrüň berenden soň, halypa alym:“Görogly barada diňe epos döredilmändir. Ol hakynda halk arasynda rowaýatlar, hekaýatlar aýdylypdyr. Umuman, türkmen halky rowaýatçyl halk. Her obada bir kitaplyk kyssa aýdylýar. Ata-babalarymyz her hili temada ummasyz rowaýatlary miras galdyrypdyr. Inim, sen rowaýatlary işle. Ylmy ýolbaşçyň bolaýyn. „Gowy ylmy iş çykar“ diýip, kandidatluk dissertasiýasynyň temasyny, ylmy ýolbaşçysyny birbada çözýär.
Uly alymyň maslahaty ýüregine jüňk bolan mirasgär bu tema yhlasly ýapyşyp, folkloryň ownuk žanrlaryny özüçe toplap beýlekilerden-de öwrenip düýpli işe yhlas bilen ýapyşýar. Ol aýratynam folkloryň ownuk kyssa žanrlaryny derňemekde yhlasly çemeleşýär, hekaýatlary, rowaýatlary biri-biri bilen deňeşdirip düýpli seljerýär. Şol seljermeler bilen bagly ýazylan ylmy işe baha berip žurnalist hakykaty ýazypdyr.
Alym gadymy mifleriň, efsanalaryň, rowaýatlaryň çeper ösüş ýolunyň taryhy eýýamlaryň, ruhy ylmy galkynyşlaryň esasynda kemala gelendigini halky, edebi we ylmy çeşmeleriň esasynda ýüze çykarýar. Orta Asyr ylmynyň galkynyşyndan türkmen halk döredijiliginiň çeşmelik hyzmatynyň artandygy, olaryň köpüsiniň Farabynyň, Horezminiň, Birunynyň, Ibn Sinanyň, Rumynyň, Zamahşarynyň ylmy we çeper döredijilik işlerine çeşme bolandygyny ylmy taýdan subut edilýär.
Mirasgär alym türkmen folklory bilen baglanyşykly derňew işlerinde her taraplaýyn işlenen temalardan täzelik agtaryp kösenmändir. Ol türkmen halkynyň naýbaşy eseri“Görogly“ eposynda perzent meselesi bilen baglanyşykly döredilen dessanlary ýörite öwrenipdir. Olaryň eposyň beýleki şahalaryna degişli bolmadyk özboluşly häsiýetlerini derňäp ylmy netijeler çykarypdyr. Meselem , ol Öweziň keşbiniň çekilişinde, häsiýetinde ýüze çykan özgerişlikler hökmünde, gahrymanyň Göroglynyň täsiri bilen taplanyşyny seljerip ençeme mysallar arkaly subut edipdir. A.Baýmyradow „Görogly“ şadessany bilen baglanşykly ençeme ownuk kyssalary ýygnap, olaryň dessan derejesine ýetmegini gahrymançylykly dessanlar arkaly aýyl-saýyl edipdir. Özboluşly çözgütler çykarypdyr.
A.Baýmyradowyň türkmen folkloryna eden uly hyzmaty öz ýygnan edebi-çeper eserlerini her taraplaýyn seljermegiň hötdesinden gelmegidir. Alymyň, öňem nygtaýşymyz ýaly, türkmen folklorynyň ownuk kyssalaryny beýleki halklaryň şol kysymly göçüp-gonup ýören eserleri bilen baglylykda derňäp we bu žanryň özboluşly alamatlaryny agtarýar, olaryň köklerinden başlap, ösüş ugruny kesgitleýär, görnüşlerini ýüze çykarýar. Söz ussatlary, ýer-ýurt atlary, taryhy şahslar, aýdym-saz sungaty, milli taryhymyz bilen bagly rowaýatlaryň döreýşini, aýratynlyklaryny seljerip mysallar arkaly subut edýär. Bu rowaýatlary türkmen halkynyň taryhy, etnografiýasy, sungaty bilen-de baglaýar. Şol baglanyşygy açmagyň özem täzelik. Bu ýagdaýda A.Baýmyradow türkmen halkynyň taryhyny, däp-dessurlaryny, etnografiýasyny, sungatyny düýpli öwrenýär we olar hakda gymmatly maglumatlary berýär. Olar bolsa diňe folkloristika degişli däl, olardan köp alymlar özüne gerek gymmatly maglumatlary tapyp bilýär.
A.Baýmyradowyň „Türkmen halk rowaýatlary“ diýen işi türkmen folkloristikasynda heniz düýpli işlenilmedik temady. Ol hakykatdan-da türkmen folkloryny öwreniş ylmynyň ösmegine, baýlaşmagyna uly goşant boldy. Bu iş diňe türkmen folkloryny öwreniji alymlaryň däl, ol doganlyk halklaryň wekilleriniň ençemesiniň hem ünsüni çekýär. Ýekeje mysal. Garagalpagystanyň Näjim Döwgaraýew adyndaky Taryh, dil we edebiýat institutynyň direktory, Özbegistanyň we Garagalpagystanyň ylymda at gazanan işgäri, professor Kabyl Maksetow işe şeýle baha beripdir:
„Biz rowaýatlara bagyşlanan rus-sowet alymlarynyň işlerini bilýäris. Orta Aziýa folklor eserleriniň esasynda bu mesele henize çenli doly öwrenilmedi. A.Baýmyradowyň „Türkmen halk rowaýatlary“ atly işi türkmen folklorynyň esasynda ýazylan özboluşly ylmy barlagdyr. Ylmy dilleriniň ynandyrjylygy, pikriniň aýdyňlygy we çykarýan netijesiniň dogrulygy alymyň we onuň ylmy zähmetine mahsus aýratynlyklardyr.
A.Baýmyradow bu tutumly işinde, hakykatdan-da türkmen halkynyň durmuşynyň, taryhynyň, ahlagynyň, dünýägaraýyşlarynyň, isleg-arzuwlarynyň, milli häsiýetleriniň çeper beýany bolan halky kyssalaryň köklerini, many-mazmunlarynyň ýollaryny, türkmen folkloryndaky ornuny ony baýlaşdyrmakdaky hyzmatyny düýpli seljerýär. Bu bolsa onuň meselä juda düýpli çemeleşendiginiň alamatydyr. A.Baýmyradow rowaýatlaryň ideýa-mazmunyna, çeperçilik ähmiýetine uly üns berip, olary ilik-düwme öwrenipdir. Şeýlelik bilen, deňeşdirme arkaly ownuk žanrlaryň türkmen folkloryna mahsus milli häsiýietlerini açmagy başarypdyr".
A.Baýmyradow „Türkmen folklor prozasynyň ewolusiýasy“ (1982) atly monografiýasynyň möhüm, ýeňil bolmadyk tema bagyşlanandygyny özi-de ýazypdyr. Bu esli tejribe toplan alymyň özüniň-de türkmen folklor prozasyny işlemekde barha kämilleşendiginiň böküş, edendiginiň alamaty. Mirasgär „Rowaýatlarda taryhy şahslar“(1992) atly möhüm tema bagyşlanan ylmy-derňew işiniň-de awtorydyr.Ol „Haýwanlar hakyndaky türkmen ertekiler“ diýen işinde bu ertekileriň gelip çykyşyny, gurluşyny, aýratynlyklaryny düýpli öwrenýär. N.R.Andreýewiň halkara ulgamlaýyn görkezijileriniň esasynda türkmen ertekileriniň görnüşlerini döredipdir. Bu görkezgiç esasynda her ertekiniň dünýä halklarynda bardygyny, ýokduguny, erteki çaklamalarynyň derejelerini bilip bolýardy. Munuň özi türkmen folklorşynaslary üçin gymmatly ýörelgedi.
A.Baýmyradow 1992-nji ýylda „Haýwanlar hakynda türkmen ertekileriniň genezisi we tipologiýasy“ diýen temada kandidatlyk işini täzeden goraýar. Soň ol „Türkmen halk kyssalarynyň taryhy-genetiki ewolusiýasy we poetikasy“ diýen temadan doktorluk dissertasiýasyny ýazýar we goraýar. Ol filologiýa ylymlarynyň doktorydyr.
Amanmyrat Baýmyradowyň türkmen folkloryna degişli žanrlaryny her taraplaýyn derňeýän ýüzlerçe makalalary rus we türkmen dillerindäki žurnallarda, ýygyndylarda neşir edilýär. Olaryň käbiri: “Rowaýatlaryň taryhy köküni yzarlamagyň prinsipleri”,kitapda:“Türkmen filologiýasynyň aktual meseleleri“ TSSR ÝA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty. Aşgabat, Ylmy 1974, 59-61 sah. “Rowaýatyň we legendalaryň käbir aýratynlygy.” YA-nyň „Habarlary“ žurnaly (Jemgyýetçilik ylymlarynyň seriýasy) № 5 1974.
“Rowaýatlar bilen ýazuwly edebiýatyň arabaglanyşygy hakynda” TYA-nyň „Habarlary“ žurnaly (Jemgyýetçilik ylymlarynyň seriýasy) №1 1975.
Türkmen halk rowaýatlarynyň taryhy kökleri TYA-nyň „Habarlary“ žurnaly (Jemgyýetçilik ylymlarynyň seriýasy) № 4 1975.
Taryhy ýadigärlikler hakynda rowaýatlar. „Türkmenistanyň ýadigärlikleri“ žurnaly, № 2/26, 1978.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de öz köklerini juda uzaklardan alyp gaýdýan ýazuw ýadigärlikleriniň ylmy, halky we edebi çeşmeleriniň esasyndaolary deňeşdirip, seljerip türkmen halk eposlarynyň köklerini yzarlaýan „Türkmen eposynyň çeper taryhy kökleri“ diýen işini tamamlaýar. Bu tutumly işini alym türkmen eposynyň şejereçilik we gahrymançylykly Oguznamalardan ybaratdygyny subut edýär. Şol sanda ol Baýrammyrat Baýmyradow bilen XVI asyra çenli ýazuw ýadigärliklerindäki oguz nakyllaryny iki kitap möçberinde çapa taýýarlaýar.
Belli folklorşynas Amanmyrat Baýmyradowyň türkmen folklory bilen baglanyşykly ýazan makalalary ylmy işleri 260-dan-da gowrak. Uly alymyň näderejede öndürjilikli işleýändigini diňe ýokarda ýatlap geçen ylmy-derňew işleri hem tassyklaýar.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly