16:00 Arka plan | |
ARKA PLAN
Publisistika
Diñe soñky hepdede bolup geçenler: - Halk deputatynyñ eldegrilmesizliginiñ ýatyrylmagy... - Partiýa ýatyrma dawasy... - "Stambul sözleşmesiniñ" ret edilmegi... - Merkezi bankyñ başlygynyñ wezipeden boşadylmagy... Bularyñ hemmesi şobir netijä gelip direýär: Häkimiýet ýurdy Günbatar dünýäsinden daşlaşdyrýar, globallaşma tarapdarlaryna garşy şeýdip göreşende gowy boljakdygyna ynanýar... Bu aýry bir syýasy pozisiýadyr, "dogrumy" ýa "ýalñyş", üstünde jedelleşse bolar... Emma bir zat anyk: häkimiýetiñ kellesi bulaşyk. Meselem... dört ýarym aý mundan öñ näm boldu-da Gazna we maliýe ministri bilen Merkezi bankyñ başlygyny çalyşdy? Merkezi bankyñ täze bellenen başlygyny nämüçin gaýtadan wezipeden boşatdy? Häkimiýet nämüçin sanlyja aý mundan öñ bellän ýolbaşçylaryny çalyşýar? Düýn-ä ýygjam pul syýasatyna-göterim syýasatyna garşydylar... Dört aý öñ ýygjam pul syýasatyna-göterim syýasatyna gujak gerdi... Häzir ýygjam pul syýasatyna-göterim syýasatyna ýene garşy çykýar... Häkimiýet bazarlara arkaýynlyk bermeýär, bazar gatnaşyklarynda şübheleri döredip biljek kararlary kabul edýär. Biz bütin bularyñ üstünde ýazmakdan, gepleşmekden ýaña hakyky üns bermeli zatlara üns beribilemzok. Häkimiýetiñ alyp barýan syýasy ugurlary şeýle bir buýr-bulaşyk welin, kellämizi galdyrybilemzok! Mysal üçin... MRU-nyñ täze başlygy Uilýam Jozef Býornsdan söz açamzok. Onuñ wezipä bellenşiniñ Russiýa bilen ilteşiginden söz açamzok. Şeýle-de... onuñ 2019-njy ýylda neşir edilen “The Back Channel: A Memoir of American Diplomacy and the Case for its Renewal” kitabyndan söz açamzok. Şondan öñki işlän ýeri bolan "Carnegie" daşary syýasat düşünjesi boýunça guramanyñ başlygy wezipesiniñ nämeleri añladandygynyñ üstünde jedelleşemzok. Bulary analizlämzok... Osmanlynyñ soñky iki ýüz ýylynda bolşy ýaly AKP häkimiýeti-de güýjümizi-energiýamyzy içerki syýasata sarp etdirýän buýr-bulaşyk işleri durmuşa geçirýär... ■ "TIME" ŽURNALY "TIME" žurnalynyñ "kyrk ýaşdan aşakky gelejegine bil baglanýan 100 global lider" sanawynda Uilýam Jozef Býornsyñ adyna duş gelýäris. Özem 1982-nji ýylda daşary işler ministrliginde işe başlan Býorns o diýen möhüm wezipede-de däldi, şol ýyl ol Moskwada işleýärdi... 1996-njy ýylda "Ak tam" ony Döwlet howpsuzlyk geñeşiniñ we beýleki ministrlikleriñ arasyndaky deñagramlylygy sazlaýan "ýerine ýetiriji sekretary" wezipesine belledi. Soñra ABŞ-nyñ Iordaniýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (1998-2001)… Soñra Orta Gündogar işleri boýunça daşary işler ministriniñ kömekçisi (2001-2005)… Soñra ABŞ-nyñ Russiiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (2005-2008)… Soñra Daşary işler ministrliginiñ syýasy işler boýunça orunbasary (2008- 2011)… Soñra daşary işler ministriniñ kömekçisi (2011-2014)… Soñra nepagada... Soñra ABŞ-nyñ daşary syýasatyny kesgitleýän guramalardan "Carnegie" fondunyñ başlygy (2015-2021)… Häzir MRU-nyñ (CIA) başlygy… "TIME" žurnalyny ýatlatmagyñ hajaty barmy? Nähili öñdengörüjilik? Hillari Klintonyñ Býornsa "amerikan diplomatiýasynyñ baýlygy" diýmegi ýöne ýere däl. Arap we rus dillerini suwara bilýän, Russiýa Orta Gündogar ugry boýunça ýörite hünärmen Býornsyñ MRU-nyñ başlygy bolmagyna nähili garasa bolar? ■ GARAÝYŞLARY NÄHILIDI? Onuñ kakasy Uilýam F.Býorns otstawkadaky goşun generaly. Prezident Reýganyñ ýolbaşçylygynda 1981-1986-njy ýyllarda SSSR bilen bilelikde alnyp barylan "ýaragsyzlandyrma maksatnamasy" gepleşiklerine gatnaşdy… Ogly Jozef hem Russiýa bilen baglanyşyklydy. 1994-96-njy ýyllarda Ýelsiniñ ýykgynçylykly bulam-bujarlygynyñ şaýady boldy. Emma... 2005-nji ýylda baş ilçi bolup Kremle gelende, Putin ony bir gyra çekip: "Siz amerikanlar, hemme zada özüñizçe emel ulanyp eýe çykybilmersiñiz. Täsirli özara gatnaşygymyz bolubiler, emma diñe siziñ şertleriñize görä bolar öýtmäñ." Býorns bu sözleri ýazan habarnamasyna şulary-da ýazdy: "Umuman alanda köp babatda göz ýumup bolmajak derejede uly oýunlary oýnap bilýän Russiýa garşymyzda dur..." Býorns ABŞ-nyñ aýgytlaýjy syýasy çözgütleriniñ jümmüşinde ýer aldy. NATO-nyñ aşa agressiw häsiýetli giñelmegine, Russiýanyñ töwereginiñ aşa gysylmagyna garşy çykdy. Eýran bilen ýadro boýunça gizlin duşuşyklary geçirdi, Kaddafi bilen gepleşikleri geçirdi. Onuñ ABŞ-nyñ agressiw ýüzüniñ tarapyny tutýan "bürgütleriñ" däl-de, "kepderileriñ" tarapyny tutýandygy aýdylýar. Galyberse-de, ol Saddam Hüseýini agdarmagyñ Yrakdaky we Orta Gündogardaky syýasy durnuklylygy bozup biljekdigini "Ajaýyp tupan" habarnamasynda öñdengörüjilik bilen aýdypdy. Hüsni Mübäregiñ agdarylmagynyñ Müsürde haos döretjegini aýdypdy. Siriýa boýunça açyk gürledi: "Siriýanyñ güzabyny amerikan syýasatynyñ şowsuzlygy hökmünde görmezlik kyn." Şeýle-de... mekir we manipulýatiw häsiýetli ABŞ-nyñ daşary işler ministri Jeýms Bakeri-de gowy görýär... Netijede: ABŞ-nyñ ýumşap başlan ýyllarynda diplomatlyk etdi. Indi MRU-nyñ başlygy bolup ABŞ-nyñ çöküşligini togtadyp bilermikä? A biz bolsa özara goh-galmagaldan ýaña kellämiz galdyryp, bu zatlar barada pikir öwreýinem diýemzok. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.03.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |