ASTANABABA — ÖZBOLUŞLY ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMY
Häzirki wagtda Astanababa hemde beýleki ýadygärlikleriň taryhyny, binagärlik aýratynlyklaryny öwrenmeklige, olarda dikeldiş işlerini alyp barmaklyga döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär hemde ähli zerur bolan şertler döredilýär.
Astanababa ýadygärlikler toplumy birgiden binagärlik sazlaşygyny emele getirýär. Bu binagärlik toplumy ýerli ilatyň arasynda Gyzlarbibi, Zeýdaly we Zübeýdaly diýlip atlandyrylýar, ylym dünýäsinde, köplenç, Astanababa aramgähi ady bilen bellidir. Ol orta asyr şäheri Zemmiň töwereklerinde ýerleşýär.
G.Pugaçenkowanyň bellemegine görä, Astanababa barada taryhy çeşmeler az. Onuň özüniň aramgähde jaýlanandygy barada maglumat ýok. Ol ýerde dürli döwürlerde emele gelen bäş sany gubur ýerleşýär. Ýadygärligiň öwrenilmegi esasynda aramgäh bir wagtda döremän, ýuwaşýuwaşdan, dürli dö würlerde has irki özen gurluşy nazarda tutulyp, täze gurluşyklar bilen giňeldilip, umumy sazlaşykly binagärlik toplumy emele gelipdir. Astanababa binagärlik toplumyna üsti açyk däliz, howlujyk, ýerüsti ötük, dört gümmezli uly zal, metjit, Zeýdalynyň we Zübeýdalynyň guburlary, diwanhana, üsti ýapyk däliz, Gyzlarbibi gubry degişli bolup, bu gurluşyklaryň barysy birigip, birgiden üsti ýapyk şäheri ýatladýar.
Ýadygärligiň näme maksat bilen, haçan we kim üçin gurlandygy barada dürli pikirler bar. Orta asyrlarda yslam dininiň ýaýramagynyň diňe bir medeniýete däl, eýsem, Günorta-Gündogar Türkmenistanyň binagärliginede täsiri ýetipdir. Şol döwürde ähli binalar dini äheňde gurdurylypdyr. Musulmançylykda we döwlet işinde uly abraýa eýe bolan adamlary, dünýäden ötenden soň, metjitlere çalymdaş aramgählerde jaýlapdyrlar. Şol sebäplem Astanababa aramgähler toplumynyň käbir otaglarynyň metjidi ýatladýandygy üçin, onuň ilkibaşda metjit bolandygy, soňra ol ýerde bir dindaryň jaýlanandygy çak edilýär. Şu jähetden alymarheolog A.Maruşenko metjidi aramgähler toplumynyň ilkinji binasydyr diýip, onuň gurlan döwrüni IX—X asyrlara degişli edipdir. Egerde bina metjit üçin niýetlenen bolsa, onda onuň özeni kybla tarap,
has takyk aýdylanda, günortagünbatara bakdyrylardy. Emma onuň başga tarapa gönükdirilip gurulmagy aramgähdigini görkezýär.
Astanababa aramgähler toplumynyň her bir böleginiň haçan bina edilendigi häzirki wagta çenli doly anyk däl. Emma G.Pugaçenkowa Zeýdalynyň we Zübeýdalynyň gubrunyň toplumyň ilkinji bölegidigini hemde onuň XI—XII asyrlarda bina edilendigini belleýär. Sebäbi onuň gurluş usullarynyň şol döwürde seljuklaryň Merwdäki gurduran binalary bilen meňzeşligi bar. Zemm we Amul araçäkleri hemde bütin Horasan şol döwürde Beýik Seljuk imperiýasyna degişli bolanlygy üçin, ýerli binalaryň gurluş usullaryna täsirini ýetirendir diýmeklige esas döreýär. Toplumyň irki binasynyň gurluş aýratynlyklaryna seredeniňde, diwarlarynyň çig kerpiçden salynmagynyň, diwaryň iç ýüzüniň bezeginiň oýulan arka şekilinde bolmagynyň, oýma nagyşly terrakotalar bilen kaşaňlaşdyrylmagynyň, käbir jaýlaryň burçlary uzyn bolmadyk sütünler bilen örtülmeginiň, olaryň üstki sütünleriniň bolsa gezekligezegine setirleýin, dikleýin we keseleýin ýerleşdirilmeginiň XI—XII asyrlarda Horasana, esasan hem, Merwdäki ýadygärliklere mahsusdygyny görkezýär.
Mysal üçin, belli alym B.Litwinow ýerli ýaşaýjylardan aramgähiň «Hezreti Şahy meýdan» adyny eşidýär, emma şol bir wagtyň özünde binanyň gurluşygy Çarwelaýatyň (Balhda dört sany etrapdan ybarat ýer) hökümdary ibn Aly Nur oglunyň (häzirki wagtda Ubeýda diýilýär) ady bilen baglanyşyklydygy baradaky hekaýaty ýazýar. B.Litwinowyň bellemegine görä, bu hekaýaty 1948nji ýylda ýerli ilatyň türkmen aksakgallary gürrüň beripdirler. Onuň ýazan hekaýatynda häkim ibn Aly Nur oglunyň Çärjewiň hökümdaryna durmuşa çykaran ýeke gyzy Zübeýda uzak ýaşaman dünýäden ötüpdir. Gamgussa batan kakasy gyzy üçin owadan aramgähi gurmagy buýurýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maglumaty: «Hünärmenler şu rowaýatdan aramgähiň kimlere degişlidigi barada halk içindäki pikiriň esaslandyr masyny tapýarlar» diýen sözleri bilen tassyklaýar. Häkim ibn Aly Nur oglunyň özi hem merhum bolandan soň, gyzynyň ýatan ýerine ýanaşyk jaýda ýerlenipdir.
Astanababa aramgähi öz döwründe başyndan pajygaly wakalaryň ençemesinini geçiripdir. Ol dört gezek weýran edilip, dört gezek hem dikeldilipdir.
XIII — XIV asyrlaryň ahyrlarynda mongollar köp şäherleri weýran edýär, şeýlede bolsa, ýykylmaga az galan bu bina täzeden dikeldilýär. XIII asyryň birinji ýarymynyň ortalarynda ýumrulan gümmezler öýjükli stalaktitlerden dikeldilen sütünlere esaslanyp, täzeden dikeldilipdir. XIV asyryň ikinji ýarymynda Amulyň ýumrulmagyna sebäpkär bolan Teýmirleň şikes ýeten aramgähiň üstüniň öňküsi ýaly dikeldilmegine buýruk beripdir. Ýerli hanlyklar tarapyndan täzelenen binanyň gurluşyk äheňleri Hywa hany Seid Alaeddiniň, Kasandaky Soltan Seid Jelaleddiniň aramgähine meňzeş. Astanababa aramgähi XVIII asyra çenli täzeden rejelenip gelnipdir.
XIX asyryň başlarynda Kerkiniň we Astanababanyň gür ilatly oturymly ýerleri ýangyna sezewar edilipdir. Ýöne ýerli ilat, özüniň baý medeni gymmatlyklaryna sarpa goýýandyklary sebäpli, Astanababa aramgähini täzeden dikeldipdir. Üstüni dikeltmek işleri, esasan, irki döwürlerde bina edilen kerpiçleriň dürli galyndylaryndan amala aşyrylypdyr. 1910-njy ýylda B.Litwinow Orta Aziýa gelende, aramgäh şol ýagdaýynda eken. Düýpli dikeldiş işleri 1918-1920-nji ýyllarda ýerine ýetirilipdir.
Diňe bir Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda däl, eýsem, bütin Orta Aziýada orta asyrlar binagärliginiň naýbaşy eserleriniň biri hasaplanýan Astanababa aramgähler toplumy döwletiň goragy astyna alyndy. Ol döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi diýlip yglan edildi.
Güljahan BALLYÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.
Taryhy ýerler