ATASYNYŇ OGLY
Tomsuň jöwzaly gününde ýagşyň jybarlap ýagmagy geň görülmedi. Ýöne onuň soňunyň sil-suwa ýazmagy welin köpleri haýran galdyrdy. Şammy ýagyş suwuna mazaly ezilipdi, üst-başy öl-myžžykdy. Ylgap gelşi-de howsalalydy. Oňa ilki pete-pet gabat gelenem Döwlet boldy.
--Şammy, nirä haýdap barýaň, göreňokmy, ýagyş guýup dur-a!
--Durdyhan aga sürini Gündogda galdyryp gaýdan eken. Hemmeler aýaga galdy. Süri-de ýok diýýä, Gündogdy-da!
--Haçandan bäri?
--Daňdandan.
--Daňdandan?!—Döwlet ýüzünden sarkyp barýan suwy eliniň tersi bilen sylyp goýberdi-de, ol hem Şammynyň yzyna düşdi.
Ýagyş birneme kiparlapdy. Ýöne ýaplaryň suwy heniz-henizler egsiler ýaly däldi. Adamlar obany ikä bölüp geçýän ene ýabyň boýuna ýygnandy. Olar ýabyň iki gyrasyny beýgeltmäge synanyşdy. Ýapdan suw daşsa, jaýlary sil almagy, ekinleriň zaýalanmagy ahmaldy.
Döwlet bilen Şammy hem adamlara kömege geldi. Adamlar birbada olary özlerinden daşlaşdyrmak islediler. Her niçik-de bolsa iki dost uzak wagtlap adamlaryň ýanynda boldy. Emma şaglap gelýän sil suwy raýyşdan aşdy. Ol iki-ýeke mellekdir agyly hem ýüzugra basyp geçdi.
Töwerekden kömege gelýärdiler. Siliň ýetiren zyýany dura-bara äşgär bolup başlady. Hoja aganyň öýüne suw giripdi. Adamlar eýýäm onuň öý goşuny-da başga ýerik daşap ýetişipdi. Şemşat daýzanyň ýagdaýy hasam gözgynydy. Onuň jaýynyň golaýyna baryp boljak hem däldi, suw ony mazaly basypdy.
Durdyhan aga öz jaýynyň jaýryk atyp başlanyny görse-de, görmezlige saldy. Bar aladasy agtygy, sürüsidi. Ýöne olary tapman, gaýdyp gelipdi. “Sürüden hiç hili nyşan ýok. Dowarlaryň yzlarynam suw basypdyr” diýip, adamlara habar getirenem onuň özüdi.”Agyr süri nirä gidip biler?” Durdyhan aga kän oýlandy. Ýaşululara geňeş saldy. Ahyry ýola düşdi. Ol bu gezek eşegini almady. Başlygyň beren atyny eýerläp mündi. Obadan saýlanyp-sýlanmanka-da, oňa iki dost Şammy bilen Döwlet gabat geldi.Olaryň ýüzi hem aladalydy. Durdyhan aga ony bada-bat duýdy-da, göwünlerini götermek isledi.
--Ogullarym, men häzir sürinem, Gündogdynam tapyp getirerin.Oňa siziň hakyky dostdugyňyz hakda gürrüň hem bererin.
Oglanlaryň ekabrragy Döwlet onuň sözüni böldi.
--Durdyhan aga, bizem ýanyňyz bilen äkitseňizläň, kömegimiz deger.
--Ýok, köşeklerim. Siz azara galmaň, baryň, öýe gaýdyň. Seýitgül gelnejeňize-de kömek ediň.—Durdyhan aga şeýle diýdi-de, haýdap ýola düşdi.
Töwerek-daşy ümür-duman büredi. Durdyhan aga özünden birneme daşlaşan oglanlaryň çirkin sesine ýabysynyň jylawuny yzyna öwürdi. Ses birnäçe gezek gaýtalandy.
--Durdyhan aga, Durdyhan aga! Hanha, gaýradan bir gara görünýä—diýşip, oglanlar ýerli-ýerden gygyryşyp başladyalr.
Gara näçe golaýlaşdygyça, şonça-da ulalmak bilen boldy. Az sanly dowar ýetip geldi. Soň ýene, ýene... Iki dost süriniň öňünden çykyp, ony oba golaý ýerleşýän ýataklaryna bakan sürüp ugrady.
Durdyhan aga süriniň abatdygyny görüp, çaga ýaly begendi. Soňam ümürden duýdansyz ýaňlanyp ugran owaza diňşirgendi. Birsalymdan soň dowaryň yzy bilen gelýän agtygynyň ýanyna ylgady. Ony gujagyna gysyp durşuna:
--Geldiňmi köşegim, ol hökman geler, atasynyň ogludyr diýdim-ä!—diýdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty