02:12 Aýdylmadyk sözüñ manysy | |
AÝDYLMADYK SÖZÜÑ MANYSY / Rekwiýem
Hekaýalar
• Ejemiň röwşen ýadygärligine Gadym eýýamlarda ynsandan ozal bu ýagty jahanda jygalary tel-tel, ganat-peri kümüşe gaplanan bir ajaýyp guş elli müň ýyllap döwran sürüp geçipdir. Men bu geň rowaýaty eýýäm näwagtdan bäri şol öz-özüme gürrüň berip ýörün. Ony haçan, kimden eşidendigimem ýadymda däl. Ýöne hiç hyýalymdan gidenok. Aslynda-da ol unudyp bolmaýanlygy üçin şu günki güne çenli ýaşap gelen bolmaly. Diýmek, ol adamlara gerekdir. “Gerekli daşyň agramy ýok”. Ine, il onsoň ony mydama ýanynda göterip ýör. ...Bu ýagty dünýäde bir enaýy guş adam oglundan ozal elli müň ýyllap döwran sürüpdir. Dur. Bu Magtymgulyda-da bar ahyryn. “Elli müň ýyl döwran sürdi Benijan” “Ahyry ynsandyr, öňi Benijan...” Onuň aýtmadyk zady barmy diýsene? Şol bolmaly... Ol mahal bir-ä göm-gök Asman, birem Günüň dökülip duran altyn şöhlesine boýalan sap-sary Ýer bar eken. Ýer-gögüň arasynda-da şol ullakan owadan guş ganatyny ýaýyp, howalanyp ýörüpdir. Bu guşuň ýeke-täk iýmiti dary bolupdyr. Olam ýeriň ortarasynda dagyň gabarasy ýaly bolup, gümmezlenip, altyn öwsüp durupdyr. Harman özüniňki - dünýä özüniňki, han özi, soltan özi dünýäniň hezilini görüp ýaşap ýörüpdir. Göm-gök asman. Owadan guş. Sary Ýer. Dünýä sary. Sary... Sary... Sary dary. Sary dary... Sary dary. Döwür ötüpdir, döwranlar aýlanypdyr. Dary gün-günden, gün-günden azalypdyr. Dary gün-günden, gün-günden azalypdyr. “Taňrynyň güni darydan köp”. Bäş däne galypdyr. Üç däne galypdyr. Ahyryn bu guşuň güni ýeke dänä diklenip galypdyr. Iň soňky däne... Ine, onsoň ýaňky janawer özüniň iň soňkuja dänesini diliniň astynda goýup, dik asmana göterilipdir... * * * Ejemiň haly birden agyrlaşdy. Ol dilden galdy. Ine, indem men onuň başujunda nury az-kem öçüşen goýun gözlerine gözümi dikip otyryn. Dilinde sandywaç senasy bardy, eje, gürlesene. Sen bir zad-a diýjek bolýaň, aýt, aýt, eje. Näme diýjek bolduka diýip örtenip ýörmeli bolmaýyn. Gürlesene, eje. Meniň öňde-soňda eşitjek iň gowy sözüm, megerem seniň şu aýtjak bolup, aýdyp bilmän duran sözüňdir. Aýt, eje... Bagymyz öz-özünden şemal tapyp, şagg-gg edip, içini çekýär-de, uludan bir dem alýar. Gamhorum meniň... Göýä gök ummanyň düýbüne çümüp, gözläp-gözläp merjen tapýan guwwas kimin men onuň gözlerine siňip gidýärin-de, öz göwherimi-känimi (eje, seniň sözleriňi) tapýaryn. Seniň hüwdüleriň gulagymdan gidenok. Agtygyňy hüwdüläp başlasaň, meniňem gözlerim süzülibererdi... ...Meniň balam ýatypdyr. Gül uky-ýa batypdyr, Gyzyl gülüň tikeni Gül aýagna batypdyr-eý. Huwwa-huwwasy geler. Ýatsa ukusy geler. Ukudan oýananda Gülleriň ysy geler. Allan-allan edeýin, Baga sallan edeýin Bagyň gyzyl gülüni Saňa gurban edeýin-eý. Huwwa-huwwa huwlandy, Suwda balyk köwlendi, Balyk diýip tutanym Ýylan boldy, towlandy. Huwwa-huwwa, hüw guşlar, Guşlar gaýada gyşlar-eý, Ak guşlar owazyny Balam, saňa bagyşlar-eý. Meniň balam ap-akdyr, Hem güldür, hem ýaprakdyr... ...Yzy nämäkä? Hiç hakydama gelenok. Diňe garamtyl goýy bulutlaryň içinden parran geçýän göz gamaşdyryjy ak şöhle... Owaz... Owaz. Gülden ýumşak, Günden ýagty sözi - hak sözi - adam başga hiç kimden däl-de, diňe ak süýt beren enesinden eşidýän bolmaly. ...Näme diýjek bolýanyňy aňşyryp bilemok, hiç aňşyryp bilemok. Ýüregiňde bir ýagty pikiriň, bir eziz sözüň-ä bar seniň, arman, diliň ýok. Ol sözüň owazy gözleriňden uçup gelýär-de, meniň gursagyma dolýar, eje. Men seniň bu aýdylmadyk sözüňe irde-giçde düşünerin. Düşünerinem ýalkanaryn... Ýadyňdamy? Men uzak ýola giderdim, köp wagtlap gara bermezdim. Sen meni müň dil bilen ýola salardyň. “Şuny al ýanyň bilen, çörek ýoldaşdyr adama. Sag git-de, aman gel, oglum. Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň - hak. Menden daş - müň bir beladanam daş bol” diýerdiň. Gaýdyp gelen çaglarym: “Gara, gözüm yşygy, Öýümiň ýaraşygy” diýip garşylardyň. Çörek bişirseň tamdyrdan çykaran bir tegelek gyzgyn nanyňy ilki bilen goňşymyzyň çagalaryna eltip bererdik. Olar ýetim galypdy. Seniň aýdanyňy ederdik, olary hiç ynjytmazdyk. Seniň tapýan sözleriň jadysy bar ýaly ahyryn. “Ýerde ýetim aglasa, gökde melek aglarmyş” diýerdiň. Şol çagalaryň biri aglasa, men asmana seretmäge gorkardym... Göwnüm hazyna, men ony seniň dürdäne sözleriň bilen dolduraryn. Ömürboýy seniň sözleriňi agtaryp gezerin. Men ony özümden gözlemeli. Bir gezek toýamy ýa patamy, ýadyma düşenok, bir ýaňa-ha gitdiň, maňa-da sygrymyza ot-suw bermegi tabşyrdyň. O-da meniň ýadymdan çykypdyr, elbet, oýna gyzandyryn-da. Gelip soradyň, menem dogrymdan geldim. Ýadymdan çykypdyr. Onsoň ylgap baryp bedrä ýapyşdym-da, sygrymyza suw bermekçi boldum, emma sen meni sakladyň-da, suwly bedräni elimden aldyň. “Gün uzakly gün aç-suwsuz saklabam utanman onuň ýanyna barjak bolýarmyň? Bolmaz, oglum. Nädip sen onuň gözüne seretjek?! Dili-agzy bolmasa-da gözi bardyr. Aýyp bor, beýtmegin...” diýdiň-de, mal ýataga baka gitdiň. Şeýdip sen maňa dilsiz-agyzsyz haýwanyň ejizdigini, oňa ynsanyň hossardygyny düşündiripdiň. ...San berip duran sary kirpikli günebakarlarymyz ese-boýa galypdyr. Ony görüp bir zat ýadyma düşdi. Her ýyl ýaz, nädeýin ýalan sözläp, adyny bilemok, birhili bilbil ýaly owadanja saýrak guşlaryň bir maşgalasy gelýär-de, biziň armydymyzda höwürtgeleýär. “Guşlarymyz ýene geläýipdir” diýeniňden soň, men olaryň hut öz guşumyzdygyny, her ýyl ýaz olaryň gaýdyp gelýändiklerini bilip galypdym. Guşlarymyz bu ýylam gaýdyp geldiler, eje. Günebakarlaram ýetişip barýar. Basym olar kürteli gelin ýaly aşak-aşak bakyp başlarlar. Onsoň seniň edähediňe görä, men olaryň üç sanysynyň başyny bogman goýaryn, hasa oramaryn. Miwe bişer, hasyl ýetişer diýip guşlaram garaşýar ahyryn. Olar näumyt bolmasyn. Paýyny goýaryn olaryň. Uruş ýyllarynda, açlyk döwri sen nädipsiň-ä?! Meniňkem eşitmiş, ýöne men oňa ynanýaryn. Şol ýyl adamlar ilerde, dag eteginde ak ekin ekipdirler. Düme ekilen bugdaý bitginli bolupdyr. Döwekçilere senem kömekleşýän ekeniň. Şonda döwek gutarypdyr welin, çäçden uşakgöz elegi dolduryp alypsyň-da, guşlaryň paýy diýip, meýdana döküp goýberipsiň...Bugdaý. Uly iliň rysgy. Onuň her dänesi gyzyla barabar ahyryn... Şonda-da döwekçilerden hiç kim saňa hiç zat diýip bilmändir. Diňe goja Annaseýit üstünden agyr ýük aýrylan ýaly bolup dikelipdir-de: “Şir balasydygyňy bildim, gyzym. Ata-baba gelýän ýoldur bi...” diýipdir. Men sen hakda köp bilýärin, belki bilmeýän zatlarym ondanam köpdür. ...Sen maňa bir zad-a aýtjak bolup jan edýärsiň. Özüňi beýdip horlama, käbäm. Men düşünjek bolaryn, düşünerin... Seniň gözleriňde söze sygmajak, söz götermejek bir many-ha bar... Birden onuň dodaklary gymyldady. Göwnüme ol bir zatlar pyşyrdaýan ýaly boldy. Men ony eşitmek üçin aşak egildim. Gaty egildim. Şonda bary aýan boldy... Ol meni - gara saçy agaryp başlan perzendini ogşady... ...Meniň balam ap-akdyr, Hem güldür, hem ýaprakdyr... ...Ukudan oýananda Gülleriň ysy geler... * * * Göm-gök asman Owadan guş. Sary Ýer. Göm-gök asman. Owadan guş. Sary Ýer. Dünýä sary. Sary... Sary... Iň soňky dary: Iň soňky dary... Şol äpet owadan guş iň soňkuja darysyny diliniň astynda goýup, al-asmana göterilipdir. Ýedi gat asmana çykandan soň dänesini aşak oklapdyr. Şeýdip ömrüniň bir gününi uzaldypdyr. Soň ol gözläp-gözläp şol dänejigini tapypdyr. Ýene asmana göterilipdir, ýene ýere oklapdyr. Soň ýene tapypdyr. Iň soňunda bolmajagyny bilip, owadan uzyn ganatlaryny ýaýyp ýatypdyr. Şeýdip kän ýatypdyr, janawer, ýuwutmandyr. Iň soňky däne guşuň agzynda şineläp, tümmül bolup gögeripdir. Sary dünýäde ýaşyl reňk peýda bolupdyr. Durnam, düzül Meýdan melewşe şöhläniň düýbünde. Kamaty ýagty sähralyk. Asmanda göçi bölek-bölek bölünen guşlar... Meniňem dünýämden nämedir bir zat bölünip gidýär-de, şol guşlaryň hataryna goşulýar. Ynsan diňe biri-birinden däl, özi özündenem aýra düşýän ekeni. Ozallar biziň ýanlarymyzda gowaçany gaýradan geçýän kanalyň aňyrsynda ekerdiler. Kanala çenlem obadan on bäş kilometr gitmeli. Kolhozçylar ekiniň üstüne göçüp gidenlerinden soň, köp wagt geçmänkä, bizi-de mekdepden ýörite maşyn bilen meýdana gatnadyp başladylar. Kiçi klasdakylar okaýarlar, biz ululara kömekleşmeli. Posýolokda ýaşasagam, golaý bolany üçin men kolhozyň mekdebine giripdim. Şonuň üçin jigilerimiň arasynda-da meniň ýörgünli adym “kolhoznik”. Diýse diýibersinler, olar obadaky hezilliklerden, meniň syrlarymdan bihabar. Pagta gidilýän günler meýdan düşelgede men Merdanlaryň öýünden girip-çykýardym, dagy näme, ol meniň klasdaşym. Gatnaýmagam aňsat däl. Biziňki hezil. Merdan ikimiz-ä eşege atlanýarys. Jumaşam welosipedine. (Jumaş Merdanyň inisi, altynjy klasda okaýar, biz eýýäm sekizinjä geçipdik). Iň çetki, gawunlyga golaý karta düşerdik welin, günüň nähili geçenini bilip bolanok. Ine, bu günem ozalkyja düşýän ýerimize gelip, Merdanyň aýdyşy ýaly, “ýük ýazdyrdyk”. Eşegem örkledik... - Ýakup, şu gije bizde galýaň gerek? - Hawwa. - Onda ertir irden turup, gawun iýeli, edil morožnyý ýaly bolýar-eý. - Aý, irdenem bir gawun bor-maý? - E-eý, gaýtam, gyşda-da ýoňlasaň, sowuk gawun iýdirýärler. Derrew açylaýýaň. Merdan geldi. Onuň şol bolşy, uly adam ýaly gülmäni oňat görýär-dä. Jumaşyňam işi-pişesi oňa azar bermek. - Jumaş, hany, lakgyldamaňy bes et. Bar, sen aýratyn ýyg, ýogsam, bizem ýygmaga goýmarsyň. - Ýygybersen-aý, saňa zat diýýän bamy... Petiş howada şol eglip, hasyrdap ýörmek tiz ýürege düşdi. Merdan-a kän geplänogam. Hernä, Jumaş geläýdi. Töweregimizde köw-söw eden bolup ýör. Ol birdenkä ikimiziň aramyzdan ylgap geçdi-de, ýapyrylyp, keşiň içi bilen ep-esli ýere ylgap gitdi. Ho-ol, aňyrda haha-haýlap gülýär. - Näm bold-aý oňa?... Eý, näm boldy?! Ol jak-jaklap gülüp, aňryk gitdi, gaýtam: - Aý, deýýus, bir oýun-a çykarjak bolýar... - diýip, Merdan hüňürdedi. Şu ikarada bir ýerden-ä hozanak peýda boldy. Näçe kowaý, eger-eger. Gulagyň düýbüne gelip, hyzzyldap dur, ýürege-bagra düşdi. Fartugymyzy dolduryp, goşa gelenimizde Jumaş bizi görüp, ýene güldi: - Eý, hozanaklary size goýup, gaçdym-aý. Hezil berendirler, hä? - diýdi-de, gülüp-gülüp, heziller edindi. ...Atyzyň gyrasyndaky pazyllardan terne çöpläp, ýene-de kartanyň içine girip gitdik. Gowaçanyň gür ýerinde geçen gezek galdyryp giden belligimiz agaryp göründi. Üçimizem şol bir penje ak pagtaň görünýän ýerine ýöneldik. Übtük uly. Oňa barha golaýladyk. Jumaş maňa gözüniň gyýtagyny aýlady-da, öňe okduryldy. Menem eňdim. Şol bir penje pagtany her kim öň aljak, alahasyrdy. Merdan welin, näme üçindir, ters ugra ylgap gitdi. Jumaş ikimiz übtügi ýolmalaşdyryp, paýlaşdyk. Töwerege seretsek, Merdan ho-ol, birýan çetde somalyp dur. - Näm boldaý-eý - diýip gygyrýar. Asyl, ol nämäniň nämedigine düşünmän gaçmalydyr öýdüpdir. Ol biziň masgaralaýjy gülkimize çydaman öýkeläp gitdi... Gün ýaşar uçurlary. Uzyn-uzyn ýaşyl gamyşlaryň ýokarsynda durna hatary göründi. Dünýä owazly. Jumaşam asmana garap, yzyny üzmän gygyrýar: - Durnam, düzül, gökde üzül... Durnam, düzül!... Meniň ýüregim ýylap, göwnüm küýlendi. Ýyllar geçer, onsoň bizem bu ýerlerden gideris... Biz ozallaram şu ülkede ýaşandyrys. Gitsegem ahyr bir gün ýene geleris. Ýylgynyň gülüniň owadanlygyny. Gülgüne. Jahanyň ýaglygy ýaly... Siz Jahany tanaýan dälsiňiz. Ol onunjyny gutardy. Ýekeje sapar onuň gözlerine seredip gördüm... Men näme üçin goşgy ýazamokkam? Şu gije hökman ýazaryn. Tizräk garaňky düşsedi. Oglanlar görse güler. Göwnüme, nur ýagyp duran ýaly. Ruhum joşly. Men özümiň özgerýändigimi çala aňlaýardym. ...Ahyry bary gutardy. Hiç kime görkezmän, depder-galamymy ýakamdan saldym. Merdanyň ejesine ýalbaryp-ýalbaryp, tamyň üstünde ýatmaga zordan rugsat aldyk. Aýakçydan goranmak üçin aşakdaky köne gap-gaçlarda-da tüsse etdik. Irgözinden ýorgana sümüldik, ýogsam, Merdanyň kakasynyň gelip, düşüräýmegi ahmal. Giç geldi, hernä, zat diýmedi. Merdan “Tom Soýeriň başdan geçirenleriniň” yzyny gürrüň bermäge başlady. Jumaş ýene onuň gaharyny getirdi-dä, tersine tutup. Men Ýedigene seredip ýatyryn. Oglanlar uklady... Arş-asmanyň göýä perdesi syryldy. Baglyk ýeriň suraty göründi meniň gözlerime. Bu zatlar çynmyka!... Ak guşlar uçup-gonýar... Jahan... Ol bir agajyň şahajygyndan tutup, başga bir ýana seredip dur. Aşak oturýar. Indi ony tanar ýaly däl, gözleri şol gözler... Saçlary zire-zire. Wiý! Taryh kitabymyzdaky gelniň - madonnanyň keşbinde bäbek emdirip otyr, ol... Men utanjyma ýorgany ýüzüme çekdim. Beýläme öwrüldim, kagyz-galam öňümde. Galamymy çeýnäp ýatyryn, hiç zat ýazyp bilemok. Bolanok... Düşelge. Garşyma-garşy gurlan iki hatar jaýlaryň hemmesi bu ýerden oňat görünýär, sebäbi biziň bolýan jaýymyz olaryň iň çetkisi. Ymykly uklamakçy bolup, ýerime girenimem şoldy welin, jaýlaryň biriniň gapysy açyldy. Daşary çykan gyzyň elinde onluk çyra. Şol jaýdan ýene bir gyz çykdy. Başga bir jaýyň gapysy açylyp, ondanam... Garaz, alty gyz tegelenip otyr, ortada iki çyra. Men döşümi ýassyga berip, olary synlamaga durdum. Jahanam geldi... Bir zatlar diýip gülüşýärler. Merdanyň böwrüne dürtdüm, tursun, ýogsam, ertir gürrüň bersem, ynanjak gümany barmy? Oýanmady. Oýanmanam gowy bolupdyr. Gyzlaryň biri läle aýtmaga başlady, beýlekilerem alyp göterdi. Olaryň owazy meniň ýaňky synlan arş-asmandaky dünýämden gelýän ýaly... ...Gaýra-gaýraly göwnüm-ä, Peýkam ýaraly göwnüm-ä. Gülüp-oýnap, şat bolmaz-a Ýardan aýraly göwnüm-ä. Degirmen ýoly kötel-ä, Gaçdy, ýaglygym göter-ä... Haýranlar galyp, seredip ýatyryn. Merdany ýene dürtdüm, oýanmady. Garry enemiň aýdan sözleri ýadyma düşýär, şol wagt: “Aý aýdyňdyr, süýt ýaly, gyzlar oýnar, gurt ýaly”. Olar cyranyň birini alyp, düşelgäniň ilersindäki uly ýaba ugraberdiler. Suwa düşjeklermikä? Biraz oýlanyp, karara geldim: “Synlaýyn”. Topbak gamşyň gapdalynda şol ýana giden dört gyzyň sudury. Olaryň pyşyrdysy suwuň şelpe-şelpe şabyrdysyna, gamyşlaryň ygşyldysyna garyşyp gidýär. Aýyň zolagyna olaryň diňe kelleleri garalyp görünýär, bir bölek ördek-gaz suwda ýüzüp ýören ýaly... Süýşenekläp ýorgana girdim-de, mäkäm dolandym. Ertir men nädip olaryň ýüzüne serederin?! Gyzlar öýli-öýlerine girip gitdiler. Meniň ýüregim gürsüldedi durdy: “Bu nähili agşam?! Düýşümmikä?” Ýene asuda gijä, hatar jaýlara göz aýladym. Tötänden görüp galaýdym, Jahan öz tamlarynyň gapysynyň agzynda dur. Aňyrrakdanam bir gara göründi. Meniň ýüregim sarsyp gitdi. Ol Baýram bolmaly. Edil özi, klasdaşy, traktorçy... Basym toý etjeklermiş diýip eşidenim ýadyma düşdi. Çyn ekeni... Ol Jahanyň elinden tutdy. Men ýatan ýerimden öňe omzadym. Gürlänoklar. Gujaklaşdylar... Men ýene-de öňe omzan ekenim. Elim bir boşluga giden ýaly boldy, zordan “A-a-a...” diýmäge ýetişdim. Ýere güpläp düşdüm, agzym-burnum gumdan doldy... Gülkünç, nätjek-dä! Daşary ylgap çykdylar. Oglanlaram oýanypdyrlar. (Olar ýatyp turýança, meniň dünýämde, gör, nähili üýtgeşiklikler bolup geçipdir). Elim döwüldi. Gipsli gezdim ýördüm. Baýram bilen Jahanam ýörite gelip, halymy sorap gitdi. “...Ýakup tamdan ýykylypdyr, düýşürgän bolmaga çemeli. Çaganyň eli döwüldi-dä...” diýip gürrüň edýärler. Ýok, ýok! Şol gözel agşam meniň elim däl-de, başga birzat, ine, şu ýerimde - kükregimiň içinde başga bir zat döwüldi... Şondan soň men başga bir adam bolup gitmedimmi näme?! Wagt geçýär. Bu gün ýene üstüňden ýolum düşüpdir, dolanyp geldim, tämiz düzlerim. Ho-ol, symgylt gözýetimde Jahanam, Merdanam, özümem bar. Göçegçi guşlaram geçip barýar, ýaý kakyşyp asmanda. Bir ýerlerden Jumaşyňam sesi gelýär: “Durnam, düzül, gökde üzül... Durnam, düzül!” Ahmet Halmyrat. | |
|
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |