11:16 Baba Annanow - türkmen kinoýyldyzy | |
BABA ANNANOW - TÜRKMEN KINOÝYLDYZY
Teatr we kino sungaty
Biz, türkmen kino sungatynyň ikinji döredijilik tapgyryna girýänler Kerim Annanow, Saparmuhammet Jallyýew, Şyhmyrat Annamyradow, Muhammet Karakişi, Bilbil Mämmedow, Ýazmyrat Şadurdyýew, Aman Jumaýew, Baýram Ataýew dagymyz Moskwanyň kinematografiýa institutynda okap ýörkäk, günleriň bir güni talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyna Aşgabatdan Baba Annanow gelipdir diýip eşitdik. Kerim şol döwür kinematografiýa institutynyň režissýorlyk bölüminde okaýardy. Biz topar tutup bardyk. Baba aga bilen salamlaşdyk. Men Baba agany ilkinji gezek görýärdim. Oglanlar hal - ahwal soraşdylar. Türkmenistan hakynda, “Türkmenfilm” kinostudiýasyndaky täzelikler hakynda habar soradyk. Baba Annanow Türkmenistandan gelip kino institutynda okaýan ähli oglanlary tanaýar ekeni. Sebäbi olar kino institutyna okuwa girmänkä kinostudiýada dürli kärlerde işläp baran ekenler. Men bolsa obadan baryp okuwa girenleriň hataryna girýändigim sebäpli Baba aga meni tanamady. Ol: — Kerimjan, men bu saryýagyz ýigidi tanamadym-la? – diýip sorady. Uly çäýnege çaý demläp oturan Kerim: - Hä, bu ýigit hakda diýýäňmi? – diýip biraz sägindi. Aktýoryň keşbine girip: — Bu ýigidiň ýoguna şu wagtdan ýanmaly. Ol institutyň kinotankytçylyk bölüminde okaýar. Okuwyny tamamlap baranyndan soň, biziň döreden filmlerimizi tankytlap masgara eder – diýdi. Baba aga Kerimiň oýun edýändigine düşünýän-de bolsa gaty çyny bilen jogap berdi: – Ýok, oglum, bize sowatly, adalatly tankytçylaram gerek. Tankydyň kino sungatynyň mydama kämil ösmekde, dogry döredijilik ýoly saýlap almakda uly ähmiýeti bardyr – diýip, garaçyny bilen aýtdy. Men Baba agadan arka tapynyp ýylgyrdym. 1986-njy ýylda instituty tamamlandygymyz barada diplom alyp kinostudiýa dolandyk. Okuwy tamamlap oglanlaryň hersi alan bilimi boýunça kino önümçilikde işlemäge başlady. Men filmleriň redaktory bolup, işläp ýörkäm günleriň bir güni Kerim maňa pete-pet gabat gelip: — Her gezek ýadymdan çykýar. Kakam saňa teatra gelip gitmegi haýyş etdi- diýdi. Men: — Näme üçin? – diýip geň galdym. Kerim: — Aý, bilemok, ýanyna barsaň bilersiň-dä - diýdi. Men dürli pikirlere duwlanyp: — Bee, men Baba aga näme üçin gerek boldumkam?- diýip geň gördüm. Baba Annanow şol döwürde owalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň başlygy wezipesinde işleýärdi. Men Baba aganyň iş otagynyň gapysyny kakyp girdim, ol meni gadyrly garşylady. Stoluň başyna geçenimizden soň Baba aga näme üçin çagyrandygyny çöp döwlen ýaly etdi: — Gapbarjan, sen maňa kino institutynda okap ýörkäň ýaradyň. Seni çagyrmagymyň sebäbi, teatryň garamagynda biz iki ýyllyk aktýorlyk studiýany açdyk. Senden şol talyp ýaşlara kinonyň taryhyndan sapak bermegiňi haýyş edýärin. Barybir teatr artistleri kinoda-da keşp çekýärler. Kino sungatynyň taryhyny bilmek olara gaty peýdaly bolar. Men ör gökden geldim. Ýöne gaty sypaýylyk bilen: — Baba Annanowiç, ýok, ýok, men başarman. Özüm bilen ýaşymdaş oglanlary okadyp bilmen. Mende mugallymçylyk kärinden tejribe-de ýok. Meniň üstümden talyplar güler, masgara bolaryn – diýip ýalbardym. Baba aganyň hiç hili delil eşidesi gelmedi. Yzyna düşürip teatryň dördünji gatyna alyp bardy. Şol ýerde studiýanyň talyplary okuw geçýär ekeni. Baba Annanowiç meni dabaraly ýagdaýda talyplar bilen tanyşdyrdy. Ol şeýle bir ýakymly, öwgüli sözleri aýtdy meň adyma. Birhili ekabyrlanan ýaly boldum. Soň ol: — Men şu mugallymyň kino sungatynyň taryhyndan berjek sapaklaryny üns berip diňlärsiňiz, gymmatly maglumatlary alarsyňyz diýip umyt edýärin- diýdi. — Ýöne ýaş görüp hasap etmezçilik etseňiz men size gaty käýýärin- diýip sözüni soňlady. Şeýle beýik adamyň milli kino sungatymyzyň gelejegi barada edýän aladasyna goşulyp maňa mugallymçylyk edäýmek galdy. Şol döwür okadan talyplarym bu gün atly-abraýly adamlar bolup ýiti zehinleri bilen ülkämiziň dürli teatrlarynda işläp ýörler. Olar maňa ýolda-yzda duşup “ Salam, mugallym” diýip ýüzlenenlerinde ýadyma dessine Baba aga düşýär. Şonuň aladasy netijesinde men şeýle hormata mynasyp boldum. Baba Annanowyň türkmen medeniýetine, sungatyna goşan goşandy bimöçberdir. Ol köptaraply döredijilik adamydy. Ol hem teatr, hem kinorežissýorydy, hem zehinli kino artistidi, üýtgeşik dünýäni açyp bilýän ýazyjydy. Baba aga, gynansagam, ir dünýäden ötdi. 57 ýaş ýaşmydyr. Edil dörediji adamyň aklynyň goýalyşýan döwri. Eger-de şu wagt aramyzda ýaşap ýören bolsa, biz onuň 75 ýyllyk ýaş toýuny uly il bolup dabaraly belläp geçerdik. Men Baba Annanowyň kinodaky ilkinji keşbini mekdebiň 3-nji synpynda okap ýörkäm obamyzyň klubynda “ Ilkinji ekzamen” atly çeper filmde görüpdim. Filmde Oraz atly ýetginjegiň durmuşynda ilkinji synagdan geçişi hakynda gürrüň edilýär. Ol galp sungatdan hakyky sungatyň tapawudyna düşünýänçä, köp külpetleri başyndan geçirmeli bolýar. Şol filimiň ýene bir gahrymany meniň aňyma berk ornap galypdy. Ol kelebiň ujuny ýitiren suratkeş Kulmanowyň keşbidi. Ony ýaş artist Baba Annanow janlandyrýardy. Men filme tomaşa edenimden soň esasy öňe sürülýän pikiriň Orazyň keşbiniň üsti bilen berilýändigine akyl ýetirip, Kulmanowyňam bir wagtlar döredijilik ýolunda ýalňyşlyk goýberip ejir çekýändigine düşündim. Baba Annanow “Ilkinji ekzamendäki” şol ilkinji ýerine ýetiren keşbi bilen türkmen kino sungatyna zehinli artistiň gelendigini subut etdi. Kulmanowyň keşbinden soň Baba Annanowy kinorežissýor Alty Garlyýew özüniň meşhur “Aýgytly ädimine” surata düşmäge çagyrýar. Alty Garlyýew kinostudiýada oňa duşup “Aýgytly ädimiň” ssenarisini gowşuryp: — Babam, şuny okap gör. Içinde saňa-da rol bar- diýýär. Baba aga ssenarini okap, ertesi Alty aga gaýtaryp berýär. Alty aga: — Hawa, Babam, okadyňmy? — Hawa okadym – diýip, ol sypaýyçylyk edip durupdyr. Alty Garlyýew: — Haýsy roly ýerine ýetirsem diýýäň? — Aşyryň, Mawynyň keşbi erbet görkezilmändir – diýip, Baba aga Alty Garlyýewden ýatsa-tursa özüne Artygyň roluny berer diýip garaşmandyr. — Päheý-de walla, hany ýene-de bir sapar ünslüje oka. Ertir duşuşarys - diýip halypa režissýor aýdýar. Ertesi Baba aga begenjini içine sygdyryp bilmän “Dogrudanam, Artygyň rolumy”? diýip soraýar. — Ana, indi ünsli okansyň, Babam-diýýär. Alty Garlyýew onuň arkasyna kakýar. Elbetde Artyk Babalynyň keşbi Baba Annanowy uly iliň hormatyna mynasyp etdi. Ol bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ýöne bu üstünlikler, hormat ýeňillik bilen gazanylmady. Ol beýik artistiň irginsiz zähmetiniň, tebigy zehininiň netijesinde mümkin boldy. Artygyň keşbi Baba Annanowyň döredijiliginde esasy orny eýelemekliginde galýar. Şol şowly keşpden soň B. Annanowy goňşy döwletleriňem kinostudiýalary surata düşmage çagyryp başlaýarlar. Ol Ž. Smelýanskaýa bilen bilelikde 1967-nji ýylda belli özbek režissýory Kamil Ýarmatowyň “Iki ýüregiň poemasy” atly rowaýat filminde surata düşýär. Öz döwründe bu film özbek kino sungatyna uly abraý getirýär. Elbetde bir makalanyň çäginde zehinli artistimiziň döreden ähli kino keşplerine baha bermek mümkin däl. Olar gaty köp. Tomaşaçylar ol keşpleri gowy bilýär. B. Annanow mydama mertebesi beýik, ahlak päkligi ugrunda göreşýän ynsanlaryň keşbinde çykyş etdi. Ol keşpleriň sany bolsa az däl: “Gämiçiniň jany bir” filminde (1969 ý.) Oraz, “Keçpelekde” (1970 ý.) Berdimyrat bagşy, “Tüssesiz ot bolmazda” (1972 ý.) Batmanow, “Ak tümlükde” (1977 ý.) Baýramow, “Köýten nalasynda” (1979 ý.) Zakir aga, “Laçynyň ogurlanmagynda” (1979 ý.) Gurban seýis, “Säherdäki atlylarda” (1981ý.) adalatly Meret arçyn, “Bagtyndan jyda düşen Pyragyda” (1983 ý.) Döwletmämmet Azady, “Ýaşlygymyň dessanynda” (1992 ý.) Maksat. B. Annanow Türkmen kino sungatynyň aktýorçylyk mekdebine özüniň ýerine ýetiren keşpleri bilen bimöçber uly tejribe getirdi. Onuň döreden köpsanly keşpleri ýaş türkmen artistleri üçin nusgawy tejribedir. Baba Annanow kinorežissýor hökmünde-de 5 sany çeper film döretdi. Ol filmlerden “ Kärizgenler” atly çeper filmi bolsa, meniň pikirimçe, iň şowlusy bolsa gerek. Baba Annanow bu filmiň esasy pikirini inçelik bilen tomaşaça ýetirmegi, keşplere örän ussatlyk bilen artistleri saýlamagy başarypdyr. Film uruş döwrüniň wakalaryny ýokary ussatlyk bilen suratlandyryp bilendigi üçin täsirli kino eseri bolup çykýar. Film 1980-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçen 13-nji Bütin soýuz kinofestiwalynda esasy baýraklaryň birine eýe bolýar. Baba Annanowyň 1984-nji ýylda surata düşüren “Agyr ýük” atly filminde şeýle waka gürrüň berilýär: Köp ýyllaryň dowamynda kolhozy dolandyrýan başlyk aradan çykanyndan soň, onuň ýerine ogly bellenýär. Täze başlygyň gerdenine kakasynyň goýberen agyr ýüki ýüklenýär. Filmde oba hojalyk, oba daýhanlarynyň zähmetsöýer keşbi ussatlyk bilen çekilýär. 1986-njyýylda Baba Annanow uly kärhanada bolup geçýän önümçilik meselelerine bagyşlanan, temasy gaty çylşyrymly bolan filmi döredýär. Kärhanada işleýän işgärleriň ahlak gatnaşyklary hakynda çekeleşikli wakalaryň üsti bilen beýan edýän bu film öz döwründe uly seslenme döredýär. Baba Annanowyň režissýor hokmünde döreden ýene bir filmi “ Zöhre we Tahyr” filmidir (1991 ý.). Baba aga bu filmde aktýor hökmünde hem surata düşüp, Babahan şanyň keşbini ýerine ýetirýär. Şol döwür agyr hassalygyna seretmezden, halkyň söýüp okaýan dessanyny ekranlaşdyrmaga gaýrat edýär. Baba Annanow dokumental filmleriň hem ençemesini döredipdi. Atlaryndan belli bolşy ýaly, onuň “Mährem toprak” , “Zergär”, “Ussatlar”, “Pöwrize”, “Mukam daragty” we “ Magtymguly Pyragy” atly dokumental filmlerinde türkmen topragyna, milli däp-dessurlarymyza, beýik şahsyýetlerimize buýsanç-söýgi beýan edilýär. Türkmen poeziýasynyň ussady Magtymguly Pragy barada döreden dokumental filmi üçin Baba Annanow döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Filmde beýik akyldaryň goşgularyny Baba Annanowyň özi okap, bu dokumental filme mähir, duýgy siňdiripdir. Ýokarda sanalyp geçilen kino işleriniň içinde Baba Annanowyň “Ýaşlygymyň dessany” atly filmde ýerine ýetiren Maksat atly gahrymany ýatda galyjy keşpleriň biridir. Maksat - söýgülisini ýitirip, akly çaşan adam. Ol täsinligi bilen tapawutlanýar. Maksat - Baba Annanowyň kinodaky iň soňky işi. Ussat aktýor agyr syrkawdygyna seretmezden bu çylşyrymly keşbi ýerine ýetirýär. Baba Annanowa “Ýaşlyk dessany” atly filmini görmek miýesser etmeýär. Film Baba Annanow aradan çykan soň ekrana çykýar. Filmi döreden topar bu işi beýik artistiň ýagty ýadygärligine bagyşlaýar. Baba Annanow ussat ýazyjy hökmünde hem giňden tanalýar. Golaýda režissýor Kerim Annanow kakasy Baba Annanowyň “Göwün” atly hekaýasy esasynda göwrümli çeper filmi döretdi. Kerim Annanow kakasynyň hekaýada öňe süren ajaýyp duýgusyny, mährini ekran sungatynyň üsti bilen janlandyrmagy ussatlarça başaryp bilipdir. Diýmek, Baba aganyň döredijiligi dowam edýär. Kerim Annanow kakasynyň dürli ýyllarda ýazan “Süýt” we “Joralar” atly hekaýalary boýunça triptih filmi döretmegi niýet edinýär. Bir söz bilen aýdanyňda, halypa Baba Annanowyň goýup giden baý mirasy şu günler hem döredijilikli ulanylýar. Gapbarguly HÜMMEDOW, kino sungatyny öwreniji. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |