07:11 Bakma | |
BAKMA
Goşgular
Çyn aşyklar ah çekmäge ýaramaz, «Aşyk men» diýeniň ahyna bakma. Dünýäde ýürege höküm ýöremez, Özgeleriň ýürek şasyna bakma. Demir bolsaň, magnit bolup çekýän bar, Jenneti näm etjek—seniň sähraň bar! Gojalsaňam söýüp ýören Zöhräň bar, Şonuň göwnün ýykyp, Mahyma bakma. Bir gataltsa gopar ýigit hamyny, Başgalardan belent galdyr tamyny. Şagaly gör, uwlap iýer şamyny, Awy alakadyr, gohuna bakma. Gözeliň görküni gözünden aňla, Gazalyň hörpüni sözünden aňla, Aňlasaň her kimi özünden aňla, Daşyndan edilýäin şowhuna bakma. Dawaň bolmasa-da ýeke-täklige, Arzuw edişiň dek ýetiş päklige, Ökünersiň, ömür juda çäklidir, Bir bozuk perişdäň agzyna bakma. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |