23:56 Baş pitre, hüşür-zekat | |
BAŞ PITRE, HÜŞÜR-ZEKAT
Edebi makalalar
Ýaş wagtymyzda ahun-molladan tä çopana çenli baş pitre, hüşür-zekat sadakalaryny bermekligiñ düzgünlerini bilerdiler. Öñki baýlar, barjamly adamlar ýokarda agzalan sadakalary birkemsiz bererdiler. Baş piträni oraza aýynyñ ahyrynda bererdiler. Şeýle sadaka agyz beklän aýynda orazasynyñ kabul bolmagyny, tutuş maşgala agzasynyñ başynyñ sag-salamat bolmagyny arzuwlap, Hudaý ýoluna berilýär. Baş piträniñ berilmedik wagty ýokdur. Baş piträni adamsynyñ zähmet hakyndan zenanlar öz dogan-garyndaşlaryndan degişli adamlara: ýetim-ýesirlerine, mätäçlere berýärler. Zekat (päklik) sadakasy barasynda söhbet açjak bolsak, bir rowaýaty ýatlamaly bolýarys. Ýagşyzadalar - erenleriñ arasynda bir garyp pygamber bolupdyr. Pygamberler Hudaýyñ ýerdäki öýi bolan ertir namazyny okap, Allatagala bilen baglanyşykly wagyz-nesihatlar edýän ekenler. Garyp pygamber namazdan soñky pähimlere garaşman, etek alty, ýeñ ýedi bolup, ýetişibildiginden öýüne yñdaranmyş. Günleriñ bir güni munuñ sebäbini sorapdyrlar. Onda garyp pygamber özüniñ keýwanysy bilen bary-ýogy bir donunyñ bardygyny ýañzydypdyr. Wagyz-nesihata garaşsa, maşgalasynyñ namaz wagtyny geçirjekdigini duýdurypdyr. Ýagşyzadalar Jebraýyl perişdäniñ üsti bilen özleriniñ isleglerini Ýaradan eşitdiripdirler. Ýaradan pygamberleriñ dilegini kabul edipdir. Garyp pygambere mal-gara joşupdyr. Onuñ maly barha köpelýär. Soñra ol metjitde okalýan namazyñ hiç haýsyna-da barmandyr. Pygamberler ony ýanyna çagyryp: "Ýaradan biziñ isleglerimizi kabul etdi. Sen aşa baýadyñ. Metjitde amal edilýän namazlara gelmäñi bes etdiñ. Malyñdan zekat bereñok. Munuñ sebäbi nämede?" diýip sorapdyrlar. Ol bolsa: "Baýadyk, eşik edindik, bäş wagt namazy öýde okaýarys. Maly-da maña siz bereñzok, Allatagala berdi. Şonuñ üçin maldan zekat bermeýärin" diýip jogap beripdir. Bu gürrüñ Hudaýa ýetýär. Allatagalanyñ emri bilen onuñ mal-garalary özlerinden düşdük zekadyny bermeýändigi üçin ählisinin mekruw (Ne halal, ne haram, aralyk -T.Ü.) bolýandyklary barasynda Ýaradan Biribara arzlaryny ýetirýärler. Hudaýyñ gudraty bilen, geçileriñ şahlary mañlaýlaryna gönelip, syh-syh bolýar-da, geçiler eýesini süsüp, heläk edýärler. Maldan zekat-päklik bermek, ana, şol pygamberler döwründen başlanypdyr. Barly bendeler Tañryny tanamak, emrinw kaýyl bolmak, gazabyndan gorkmak, mal-garanyñ, baýlygyñ Hudaý tarapyndan berlendigini bilmeklihi parz hasaplapdyrlar. Tañry bendesi barly adam öz mallaryny kir-kimirden arassalamak üçin, öz geljeginiñ aýdyñ bolmagy üçin, päklik zekat sadakasyny berýär. Allatagala ol bendeden razy bolýar. Bu razylyk bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Dünýä inen adam berlen ömri ýaşap, bir gün bu dünýeden ötmeli-de bolýar. Baky dünýede adamyñ ruhy ömüraky durmaly bolýar. Pany dünýe wagtlaýyn bolany üçin, bu dünýede abraý, o dünýede iman dilenýär. Gadymy döwürlerden bäri: "Sogap iş et, o dünýäñi gazan! Bu bir däli dünýedir. Ýalançy dünýede baky ýaşajak ýok. Başarsañ adamlara ýagşylyk et. Ýetim-ýesire rehimdar bol. Olar mätäç bolmasyn" diýen ýaly düşünjeler türkmeniñ añynda, ýüreginde mäkäm ornaşypdyr. Süññi halal halkymyz ol päkligi hiç wagt, hiç bir zaman-da unutmaz! Sowetler döwründe işçi-gullukça bäş, kolhozça ýigrimi bäş ownuk mal, birem uly mal saklamaga ygtyýar edilerdi. Şol saklaýan mallaryñ üçin ýylba-ýyl salgyt tölemelidi. Ol saklanýan mallardan zekat düşmezdi. Şeýlelikde, ýetmiş ýylyñ dowamynda zekat bermeklik öz-özünden aradan aýryldy. Ýaradan Biribaryñ emri bilen Garaşsyzlygymyzy alandan soñ maldan salgyt almaklyk ýatyryldy. Mal-garany näçe saklasuñ gelse, saklabermeli boldy. Az wagtyñ içinde ilatymyz baýady. Köp adamlaryñ mal-garasy yñdarma sürä ýetdi. Puldan-maldan hüşür-zekat sadakasyny bermek isleýänler, elbetde, okyjylarymyzyñ arasynda-da bardyr diýen ynam bilen aşakdakylary ýatlamagy ýerlikli hasaplaýarys. Zekat-päklik sadakasy ownuk malyñ kyrkysyndan bir goýun (uly goýun) berilýär. Şol kyrkdan bjr goýun dowarlaryñ sany 120-ä ýetýänçä dowam etdirilýär. 120 dowardan iki janlyny zekat sadakasy bermeli bolýar. Goýun-geçiniñ sany 121-e ýetse, iki uly goýun berilýär we 200 goýna tetärik edýär. 201-den 400 goýna çenli üç goýun berilýär. Soñra 400 goýnuñ her ýüzüsinden bir uly goýun berilýär. Ownuk mal köpeldigiçe, ýeñillik bar. Düýeleriñ sany 25-e ýetse, bir ogşuk, 36 düýeden 46-a çenli ikiýaşar bir keşer, 46-dan 61-e çenli düýeden bäşýaşar bir düýe berilýär. 150-den geçensoñ her bäş düýeden bir goýun bermeli bolýar. Otuz sygyrdan bir ýaşly göle berilýär. Kyrk sygyrdsb iki ýaşyny dolduran bir göle. Sygyrlaryñ sany 60-a ýetse, iki sany bir ýaşly göle berilýär. Münülýän ulagdan (maşyn, motor, düýe, at, ýaby, eşek) zekat sadakasy düşmeýär (berilmeýär). Ýerden önýän zadyñ ondan birine zekat berilýär, özi hem ony ekin ýagşy sowulandan soñ berilýär. Puldan zekat bermegiñ öz şerti bar. Owal-a puluñ 200 manat bolmaly. Şol 200 manadyñ üstünden doly bir ýyl geçen bolmaly. Meselem, şu ýylyñ 1-nji sentýabrynda 200 manadyñ bar bolsa, indiki ýylyñ 1-nji sentýabrynda şol 200 manadyñ her ýüz manadyna iki ýarym manat, umumylykda, bäş manat berilýär. Eger-de şol 200 manat bir ýylda köpelip, 1000 manada ýeten bolsa, onuñ her 200 manadyna bäş manatdan hasaplamaly, ýagny 25 manat bermeli. Eger öýüñde gymmat bahaly zatlar (haly we ş.m.) ýygnap, özi hem ulanylmaýan bolsa, onda şol düşeklerden zekat berilmelidir. Munuñ üçin şol zatlaryñ bahasy çykarylyp, ýagny pula öwrülip, şoña laýyklykda zekat berilýär. Täze edinilen gelniñ gyzyl-kümüş şaý-seplerinden-de zekat bermelidir. Zekat-päklik sadakasy, ilki bilen, öz garyndaşlaryñ bergilisine (bergini üzüşmäge gurby çatmasa), garry-gurtularyna, ýetimlerine, dul ýeññelerine berilmelidir. Eger öz garyndaşlarynyñ horluk çekýänini görmezlige salyp, başgalara berilse, onda Allatagalanyñ hökümine laýyk gelmeýär. Gurply adam garyp garyndaşlaryna ýardam etmese, ol kişiniñ okan namazy kabul bolmaýar. Allatagalanyñ hökümi, Kuran-şerifiñ öwredişi ýaly, ynsana biri-biri bilen arkalaşmak, agzybir ýaşamak parz hasaplanýar. Adamzat, ýagny musulman ymmatynyñ ýagty jahanda hiç biri hor ýaşamaly däl diýen many añladylýar. XX asyryñ başlarynda türkmen topragynda baýlar az bolmandyrlar. Olar hüşür-zekat, baş pitrelerini oraz aýynyñ ahyrynda beripdirler. Bu ata-babalarymyzyñ ýörelgesi. Zekat-päklik sadakasy mätäçlere Nowruzda berleni üçin şowhunly, begençli baýram hasap edilýär. Baýlar-a sag-aman Nowruz baýramyna ýetdik, zekat-päklik sadakasyny öz mätäç garyndaşlarymyza berdik diýip begenseler, mätäçler baýlaryñ beren kömegine begenýärler. Netijede, gyş aýlarynyñ aldajy sowugyndan synasy eze-beze bolan, darka-darka ýarylan, ene topragyñ Nowruza garaşyşy ýaly musulman ymmaty-da Nowruza garaşypdyrlar. Şonuñ üçin Nowruz baýramy iñ beýik baýramlaryñ biri hasap edilýär. Zekat-päklik sadakasynyñ Nowruz baýramynda berilmegi ýöne ýerden däldir. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |