11:17 Başa bela dilden geler | |
BAŞA BELA DILDEN GELER / tymsal
Hekaýalar
Bir howludaky ýatakda goýun bilen geçi ýaşapdyr. Bu arryk galan dowarlary hojaýyn sürüden getiripdir. Wagtly-wagtynda iými ýetirilen goýun we geçi tizden özüni tutupdyrlar. Ynha, günleriň birinde geçi goýna bakyp: - Bahar geldi. Sähramyz gülzarlyga bürendi. Gel, şepe, indi biz hem giň meýdana çykaly, ter otlardan çürtüp iýeli. Hojaýynyň ýok wagtyny peýläp gaçaly, erkin ýaşaly. Eýämiziň berjek ot-suwuna elgarama bolup oturmaly - diýipdir. Bu teklibe goýnuň tasdan jigeri ýarylan eken. Ol: - Aýdýanyň näme, dogan, päliňi ýagşa tut, toba et. Bu matlabyňy eýämiz duýaýsa, onda dat günümize! Janyňa haýpyň gelsin! – diýipdir. Howa, mesligi göterýän goýun janawer şunuň dek töwella edip, dagy-duwara beýle teklip bilen özüne ýüzlenmezligi geçä berk tabşyrypdyr. Ýöne geçi welin pälinden gaýdarly dälmiş. Günde-günaşa ýaňky gürrüňi öwran-öwran gozgap, goýny gününe goýmandyr. Ynha, günleriň birinde geçiniň bu pygly mallaryň eýesine mälim bolupdyr. Dowarlary bu gün-erte ýazlaga ibermekçi bolup ýören hojaýyn meýlini üýtgedip, bu gaçak mallardan dynmagy müwessa bilipdir. Ol ilki bilen geçini soýup iýipdir-de, derisinden meşik taýýarladypdyr. Soň gezek goýna hem gezek ýetipdir. Onuň derisinden hojaýyn özüne toýda geýmäge gaba telpek tikdiripdir. Hawa, bihepbäniň iki barmak ýaňra dili günälini-de ýakýar, bigünäni-de... Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |