BAÝRAMMÄMMET AHUNDOW MÜDERRESI
Mirasgär Baýrammämmet Ahundow Müderresi TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynynda işlän döwürlerinde ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Tagta (häzirki Görogly) etrabyndan toplan dessanlary, dessanlardan bölekleri, ownuk žanra degişli eserleri Milli golýazmalar inttitutynyň gaznasynyň 1437b, 1437a bukjlarynda we beýleki etraplardan toplan rowaýatlary, öleňleri, “Görogly“ eposynyň birnäçe şahalary 884, 1441, 1408,1436, 1443–nji bukjalarynda saklanylýar. Meselem, hazyna toplaýjynyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň etraplaryndan toplan „Görogly“ eposynyň birnäçe: „Göroglynyň döreýşi“, „Harman däli“, „Bezirgen“ ýaly şahalary jemi 182 sahypadan ybarat edebi çeper eserleri-de şol çeşmede.
„Bezirgen“ Görogly eposynyň şu at bilen gelýän şahalarynda-da Bezirgen goç ýigitler, atly-abraýly adamlar bilen tanyşmak, dostlaşmak üçin Gürjüstandan çykyp ýola düşýär. Emma düýşünde jygasy suwa gaçan, Aýsoltan düýşüni halaman Bezirgeni göýbermejek bolup oňa ýalbarýar.
Aýsoltan gyz diýer ýekedir başym,
Hasratyňdan akar boldy gözýaşym,
Ýamandyr ahwaly şu gören düýşüm
Aýsoltan, kyýamat bolsa neýläýin.
„Görogly“ eposynyň dürli-dürli ýerlerden ýazylyp alnan birmeňzeş mazmynly şahalarynyň her näme-de bolsa, biri-biri blen tapawudy bar. Olar neşire taýýarlananda, iň kämilini saýlap almak hem deňeşdirip öwrenmek üçin dürli-dürli bagşylardan, etraplardan, welaýatlardan toplanan bölümler hersi özboluşly dürlüçe baýlyk. Şu özboluşlylyk „Göroglynyň“ „Öwez getiren“ şahasynda-da bar. Tekst doly däl, bölek-bölek. Ony mirasgär Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (häzirki Gurbansoltan eje adyndaky) etrabyndan Magtymguly Garlyýewden 1954-nji ýylyň 13-nji iýunynda ýazyp alypdyr. Tekstiň soňunda ýokarky pikirlerimizi tassyklaýan şeýle ýazgy bar.
„Magtymguly bagşy: „Görogly“ eposyndan „Harman däli“, „Bezirgen“, Öwez getiren“ diýen şahalary bilýärin“ diýip aýdýar. Üç şaha boýunça 1937-nji ýylda onuň dilinden ýazylyp alnan materiýallar Dil we edebiýat institutynyň golýazma fondunda bolany üçin, biz olaryň diňe üýtgeşigräk we ideýa taýdan oňat bolan ýerlerini ýazyp aldyk. Bu şahada Ýusup şa şikara çykanda Buldur gassapdan Öwezi öz köşgünde hyzmat etdirmek islände, ol ogluny bermeýär. Emma aýaly gassabyň bu pikiriniň ýalňyşdygyny aýdanda, gassap hakykatdanam şa bilen oýnunyň deň gelmejegine düşünýär. Öwezi eltende öýkelän şadan igenç baryny eşidýär. Şundan soň şahamçada wakalar Görogly bilen baglanşykly gidýär. Görogly ýalňyz özüni goýbermejek bolýan ýigitlerini goýup, dabarasy dag aşýan Öwezi getirmäge ýalňyz ýola düşýär. Şahamçada Göroglynyň akyl-paýhasy, ugurtapyjylygy, mertligi, gaýraty boýdan-başa dartgynly ýagdaýda täsirli açylyp görkezilýär. Ýolda-da ol özüni Görogly däl-de, Röwşen hökmünde tanadýar hem Göroglynyň Ýusup şadan Öwezi almaga gelýändigini aýtmaga gelen adam hökmünde tanadyp, onuň eşigine girýär. Gyratynam çopana tabşyryp, Weýeňňam diýip ugraýar.
„Göroglynyň döreýşini“ Baýrammämet Müderresi Daşoguz welaýatynyň häzirki Boldumsaz etrabynyň öňki Oktýabr kolhozynda ýaşan Gurbandurdy bagşynyň dilinden 1954-nji ýylyň 25-nji iýunynda eşidip ýazypdyr. B.Müderresiniň göçüren bu şahamçasynda-da beýlekiler bilen deňeşdirilende, käbir tapawutlar bar. Meselem, başda Gülendamy Arap Reýhan alyp gelýärkä, Adybeg soltan öňünden çykyp Gülendamy Arap Reýhandan alyp gaçýar-da ony akyly gelip gitmeräk doganyna berýär. Şahamçada soňky wakalar Adybeg ölenden soň, Göroglynyň dünýä inişi bilen bagly. Daşoguz welaýatynyň etraplaryndan göçürlip alnan nusgalarynyň köpüsinde bolşy ýaly „Göroglynyň döreýşinde-de“ Adybegiň aýaly çagasy bolmanka, ýurduny täzeläp, onuň mazarda ogly bolýar. Bu ýagdaý Jygalybegiň düýşüne girip, çagany tutup, etegine salyp gaýdýar. Beýleki welaýatlardan ýygnanan nusgalarda Göroglynyň alnyp gaýdylşy başgaçarak. Adyna Röwşen dakylan Görogly çagalykdan ot gorsap başlaýar. Halk „Munuň atasyndan dynmadyk, özi ondanam beter boljak“ diýşip, niýetini ýamana tutanlarynda, Jygalybeg ony gorkusyna Rum welaýatyna alyp gidýär. Şu ýerde tekst kesilip, Zulman kempiriň Gyraty ogurlaýşy bilen baglanşykly wakalar gidýär. Tekstde goşgular köp däl. Emma barynyň dokuzy düzuw.
Kowup ýetsem ganymlaryň ardyndan,
Gun görünmez toýnagynyň gerdinden
Görogly beg sepil boldum derdiňden
Çandibilde besledigim, Gyrat gel!
Mysaldan görnüşi kimin,aty alyp ýeňňesine deregem ar alyp, Bibisini alyp gelýärkä, yzyndan kowgy ýetende gaýdanda, Görogla Bibi kömek edýär. Ony atasynyň gazabyndan gutarýar. Şu ýerde Bibiniň ýekeje sözi onuň juda arly-namysly maşgaladygyny tassyklaýar. Bu häsiýet türkmen gyzyna mahsus bolan milli häsiýet. Ol Görogla: „Bir atyň syrtyna alnanymdan soň atamyň yzyna düşüp gitmage namys ederin“ diýýär.
Mirasgär bu tekst soňlanmanka, eposyň „Arapdan ar alyş“ şahasyny göçüripdir. Ony Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy Gurbandurdy Goturow aýdyp beripdir. Şu eserdäki Magtymgulynyň „Ýekäniň“, „Duş gelse“, Seýdiniň „Seretmez“, „Ýigidiň“, Şabendäniň „ Biler“ goşgulary-da mirasgäre Gurbanberdi Goturow gürrüň beripdir.
1436-njy çeşmedäki „Helalaý Garyp“ dessanyny B.Müderresi Görogly etrabynyň öňki Kalinin kolhozynyň raýaty Öre bagşydan (Kakajykow) ýazyp alypdyr.
884-nji bukja „Harmandälä“ degişli nusgany Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndan Magtymguly Garlyýew 1954-nji ýylyň iýun aýynda aýdypdyr. Arassa göçürilen, ýek-tük goşgusy bolan bu nusga-da beýlekilerden üýtgeşigräk. Munda Harman däli bilen ýaryşyp ýeňen Görogly Aşyk Aýdyňyň ýanyna soň barýar. Kerem bolsa Harmandälini göreşde-de, sözde-de ýeňýär. Görogly eposynyň „Görogly“ şahasy beýleki çeşmelerde göze kaklyşyp duranok. Onuň özboluşly mazmuny bar. Kerem Öwez ýaly ogulluk däl-de, ol Göroglynyň hakyky öz ogly. Bu şahada bir aýal patyşa Görogla, onuň at-owazasyna aşyk bolup, uzak wagtlap garaşýar. Ahyrda ondan habar bolmansoň, özi onuň ölüm ýassygynda ýatyrka, yzyndan barýar. Gowakda Göroglynyň damak ganyndan beren bir ýuwdum ganyndan gaýratly, atarman-çaparman bir goç ýigit dünýä inýär. Ol Öweziň üstüne goşun çekip baranda, şa aýaly ýigidiň Göroglynyň ogludygyny aýdýar. Öwez bilen Ärogly dostlaşýar. Görşümiz ýaly, eseriň mazmuny özboluşly. Oňa „Göroglynyň“ täze şahasy diýmäge esas berýär. Halk şu ýol bilen „Görogly“ eposynyň şahalaryny artdyryp gidip otyr. Şu ýol bilen türkmen folklory baýlaşýar. Şu bukjada Gyratyň dünýä inişi bilen baglanşykly, öň tanyş gysgajyk waka hem Göroglynyň uklap ýatan Bezirgeni atyşy bilen bagly waka-da, Jygalybegiň terjimehalyna degişli maglumatlaram saklanylýar. Olary Baýar bagşy (Nazar) aýdyp beripdir.
1434b-nji bukja Yzmykşir galasy bilen bagly bir rowaýaty öz içine alýar. Rowaýaty hazyna toplaýjy 78 ýaşly Amanow Atajykdan ýazyp alypdyr. Aýdyjy Görogly etrabyndan. Galmyklar çozanda halk onuň garşysyna Yzmykşir galasyny gurýar. Tekstde galanyň adynyň haýsy sebäbe görä, Yzmykşir adyny alandygy näbelli. Galanyň ada dahyly ýok. Halk ony diňe goranmak üçin salypdyr. Nusgada wakalar aşakdaky mazmunda beýan edilýär. Gala goralanda duşman tarapyndan syratly ýigide aşyk bolan şa gyzy atasynyň duşmana guran hilesini paş edip, iline dönüklik edýär. Gyz duşman tarapyndan jezalandyrylýar. Halk Ysmamyt ata tarap gaçyp, onuň gudraty bilen duşmandan halas bolýar.Umuman, toplanan edebi milli baýlyklarda halk köpçüligi kyn-gyssaga, agyr ýagdaýa düşende olary halas etmek üçin hökman çykalga tapýar. Olarda ýaman päline görä tapyp, ýagşy halkyň söýgüsini gazanyp ýalkanýar.
1437b-nji bukjada beýleki mirasgärler tarapyndan toplanan hekaýatlaryň arasynda-da duş gelýän „Dady - Bidat“ atly hekaýat hem bar. Hekaýatda açgözlük paş edilýär. 1950-nji ýylyň 19-njy noýabrynda ýazylyp alnan hekaýatda gürrüň bir gyzyl tapan pukara hakynda gidýär. Ol begenjine gyzylyny iki sany barly adama görkezýär. Şol baýlygy üç bolup paýlaşmaga pukara razylyk berip, durka nebsi öňüne düşen iki sany baý maslahatlaşyp pukarany ýok edýär. Pukara olaryň niýetini duýup, ölmeziniň öň ýanynda ýurdynda göwreli galan ýalňyz aýalyny ýatlap, perzentleri dünýä inäýse, onuň çagasynyň adyna Dat bilen Bidat goýmagy wesýet edýär. Ýurdyň şasy dünýä inen ekiz çaganyň (Dat bilen Bidat) adyndan, onda bir syryň bardygyny aňyp onuň üsti bilen açgöz adamlary tapyp, olaryň jezasyny berýär. Bu ýerde-de hasas kyýamata galmaýar, ýaman pälinden tapýar.
1436-njy bukjadaky „Helalaý Garyp“ dessanynyň-da (“Görogly” eposynyň bir şahasy) 1902-nji ýylda doglan Kakajykow Öreden ýazlyp alnypdyr. Dessanda Diýarbekir ýurdyndan şa Apbasyň zulumyndan gaçyp gelen Garyba Bagdat şäheriniň şasy Adyl şa dünýä taý görüp oturan gyzyny bermekçi bolýar. Nusgada Garybyň Şaseneme wepasy dartgynly wakalarda görkezilýär. Tekst özboluşly. 1443-nji çeşmede bolsa Darganata etrabyndan Abdyrahmanow Annakarynyň dilinden ýazylyp alnan „Leýli Mejnun“ dessany saklanylýar. Ol 37 sahypadan ybarat hem depdere, hem lenta ýazylypdyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly