11:15 Bergi / hekaýa | |
BERGI
Hekaýalar
Geçen çärýek asyrda öñ berk gysyşa we sowet zarbasyna duçar bolan türkmençilik kada-kanunlary, däp-dessurlary täzeden dikelip, örboýuna galdy. Bu muny kemala gelen milli edebiýatyñ erkana ösüşine ser salanymyzda hem aýdyñ duýýarys. Täze türkmen edebiýatynda bize ýat bolan hüý-häsiýetler däl-de, öz ruhumyza, Garaşsyzlygyñ ruhuna bap gelýän türkmen häsiýeti buýsanç we söýgi bilen beýan edilýär. Sahypamyzyñ şu günki sanynda siz, ussat ýazyjy Gurbandurdy Nazarowyñ millilikden, türkmenlikden, onuñ mukaddes kada-kanunlaryndan söhbet açýan hekaýalarynyñ biri bilen tanyş bolup bilersiñiz. * * * - Sähet, aý Sähet! Barmysyñ how? Öýe girmän, daşardan gykylyklaýan goñşusy Taññy aganyñ sesi Sähedi ukudan oýardy. Örä gidip, yzyna köwlenmedik göleli sygryny gözläp, daña golaý kellesini ýassyga goýan, Sähediñ haly teñdi. Ýadaw göwrä toýun läbige çümen töññe ýaly, ýorgana siñip gitdi. Howp abanan kirpä meñzäp, Sähet kellesini goşa ýassygyñ arasyna saldy. - Sähet! Sähet how! Turbadan çykýan ýaly ýognas ses ýorganyñ içinde hasda ýakymsyz eşidildi. "Bäş-üç ýola gygyrylanda hä berilmese gaýdybermeli ahyry. Juda zerur bolmasa oglan-uşaga, aýal-ebtada aýt-da süzüliber-dä. Sesi dagy nähili-aýt. Ýaşy gaýdyşan adamyñka meñzänok. Şindi çaga wagty ejesiniñ ýogalanynyñ sebäbi düşnükli indi bendäniñ. Emma sorap her çyrşalanda ejesi görgüliniñ zähresi ýarylandyr. Ýüzi-gözem bir yşnaksyz how, üstesine. Şüdügär kesegiñ arasynda ýetişen kädi ýaly eplem-büklem-dä. Ejesi gorkman nädip emdirdikä diýäýmeli. Bir günem emdirmezdi weli, gara bagyr-da nätse görgüli çyrlap ýatsa. Ejeñ başyna salan oýunlañ azmy. Ýeri, o wagt çagadym diýjekdiñ, indi segsen ýaşadyñ-a. Indikiñ artykmaç how!" Sesi galdy weli, gitdi öýdýän. - Goñşy, aý Sähet, goñşy? "Habaryny alaýmasañ gidesi ýok-la". Sähet eli ýasssyklydygyndan bihabar ýüzüni-gözüni eñşedip daş çykdy. Göwünli-göwünsiz salam berdi: - Salaw... - Waleýkim. Sag-aman ördüñmi, goñşy! -diýip, Taññy öýe girmek isleýän ýaly hasasyny gapdaldaky agaç-sekä söýedi. "Bu lorro sesiñe üç gün mundan öñ amanadyny tabşyranam bir tirsegine daýanyp, soñ ymykly ölerdi". Bu Sähediñ kellesine gelen pikir. Arman, ýüregiñdäkini mydama daşyna çykaryp bolanok. Şonuñ üçin Sähet pikir ýumagyny soñuna çenli çöşlemän, kiçi dilden bärde mürähet etdi. - Gel, goñşy, çaý... Sypaýyçylyk üçin aýdylan sözüñ soñy çöpe-çalama urdy. - Çaý meýlim ýok. Tiz dohodyñy alyp gaýt. Şu wagt berip durlar - diýip, Taññy aga zerurlygyny duýman, göz üçin göterýän, hasasyny sekä tarkyldatdy-da, gidermen boldy. - Dañ bilenmi? - diýip, Sähet geñ galyp sorady. Soñam puşman etdi. Ýeri, bu yzyna dolanaýsa nätjek?! Sähediñ pikir edişi ýaly boldy. Bäş-alty ädim äden Taññy aga yzyna öwrüldi. - Sagat dokuz boldy, how! Kassa sekizde açylýar-a! Ýaşuly diýip binobat goýberdiler men-ä. Aý, il-gün gowy, how! Ýogsam, Hudaýa şükür, günortana aýak üstünde durmalam bolaa ejizlejek däl. Çommalyp otur diýmeseler bolýar. Niçiksi çommalaýsam aýagym gurşaýýar. Şu nämedenkän-aý, goñşy? Ýa segseniñ oýnumyka!? Sähediñ: "Segseniñ oýny däldir-le, çynydyr" diýesi geldi. Soñam ýene öz-özüne käýindi. "Ýeri azajyk sesiñi çykarman tagapyl etseñ-ä gidýädi. Dur indi irikgä bol-da. Indi bir gepläýme, bolmasa, diliñi dişle weli". Taññy aga, barybir gidermen däldi. Gyssanar ýaly öñ galyp ýatan işi barmy diýsene. - Wah, munuñ sebäbi özüme aýan-la. Daýzañ irräk dünýäsini täzeledi-dä. Namartlady. Aýny gerek wagty gitdi. Ýogsam, çommalyp oturanyñ bilen aýak guruşmaly däl-ä. Pil depemde, galtakly hendege gum çekemde guruşmadyk aýak çommalyp oturmaga ýaranok diýseñ kim ynanar. Şu hasanam tekepbirlik edýär diýmesinler diýip göterýän. Aýalsyzyñ dyzyna daýanmak aladasy ýok diýdi öýdýän, Ýaradan. Estagpurylla, biz bilen deñ bolmawersin, küpürem geplenilýär aýalsyz bolsañ. Sähet ýagşydan-ýamandan hä bermedi. Özüniñ göwünjeñ diñlenilmeýänini añan Taññy aga gaýdarman boldy. Şoh, degişgen adamlar az ýaşaýarmyşyn diýip, Sähet kimdendir birinden eşiden ýa-da bir ýerde okan pelsepesini ýadyna saldy. Sebäbi şoh adamlar ähli şatlygyny ile paýlap, gussasyny içine salýarmyş. Gussa içde toplanyp-toplanyp ömri kertermiş. Aý, her bir aýdylan zada ynanybam ýörmeli däl. Şoh adamlar az ýaşaýan bolsa Taññy bir wagt ölüp gitmeli-ä. Ýañky aýdýanyna sered-ä onuñ. Aýalsyzyñ dyzyna daýanmak aladasy ýok diýdimi!? Beýle gep nireden kelläñe, diliñe geldi diýsene. Heý, segsen ýylyñ garyny depgilän adamyñ diline aljak sözümi şu. "Bir täret suwy ýylydar ýaly sary diş aýal tapdyraýsa boljak weli..." diýip, goñşusynyñ uly märekede telim öwre aýdanyny Sähet öz gulagy bilen az eşitmedi. Özem "Hordam-hopuragam bolsa, galoşynyñ apgyrdyny basyp ýörenem bolsa bes maña" diýenem bolýar-a. Aýnañ öñüne baryp, ýüzüni-gözüni, heý bolmanda bir sapar synlan bolsa, bu gepi diline çolamaly däl-ä. Ýüz keşbiniñ eşek ürküzmäge golaýdygyny özem gizläp duranok beý diýseñem. Taññy aganyñ ol günki gürrüñi ýadyna düşende Sähet özünden biygtyýar ýylgyranyny hem duýmady. Bazarlap gelýän Taññy aga ýük maşyndan düşdi-de, öýüne barman, çagalary bilen mellek ýerini agdaryp duran Sähediñ ýanyna sowuldy. Gele-gelmäne-de gürrüñe başlady. - Ilde okumyş adamlar köp-ow, goñşy. Bazarlap bolup duralga tarap barýardym weli, ýañky ýük maşyn gabadymda durdy. Dessine gondum şopuryñ ýanyna. - Taññy aga, salawmaleýkim! - diýip, münenimden şopur iki elini uzadyp görüşdi. Hut göbegimi kesen ýaly, belet maña ol. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Ýüzüne şunça çiññerilýän weli, teý, tanap bilemok. Diñe dyzym däl, huşumam könelişýär öýdýän diýýän içimdenem. Tanamaýanymu bildirmejek bolubam galdym azara. Sepini açmaly däl-dä, añrujy ýagdaýyñ bolsa. Ýöne başardanok. Ýogsam bir görenimi sypdyrman bolmazdy. Ýaş-ýeleñleñ bir toparynu kakasyna ýa daýy ugruna çeken damaryndanam çen tutup tanardym. O bir müşgil zadam däl-le, synçy bolsañ. Haýsam bolsa bir kakuwy gabat gelip durandyr. Şopury bolsa tanamadym-aýt. Kädime şunça agram salsamam bolmady. - Seni tanamadym - diýdim. - Tanamarsyñam, ýaşuly. Men bu taýlarynyñ çöpi däl. Ýüke geldim, içim gysyp gürrüñleşere höwür bolsun diýip alaýdym - diýdi. - Sen-ä meni tanadyñ onda-da - diýdim. - Tanamok - diýdi. - Onda näme "Salawmaleýkim, Taññy aga" diýip, özüñ göbegimi kesen ýaly-la. Tanamasañ adymy nireden bilýäñ? - diýdim. - Ýak, ýaşuly ony soramak nämä gerek. Şeýle keşpdäki adamyñ ady ýa Taññy bor, ýa-fa Tüññi - diýip, göwni bir ýaly köpeý ogly. Gaýta beterinden beterini tapýar: - Ilki Mürşik aga-da diýjek boldum. Ýöne gaşyñyzyñ arasy ýaýrawlyrak bolansoñ Taññy ýa Tüññi bolaýmaly diýdim -diýýär. Şunça çaý sowjak boldum weli, gyssanýan diýip etmedi. Köpeý oglunda gürrüñ-ä köpdür weli, gitdi-dä. Hezil bererdi ýogsam. Taññy aga ýolda bolan wakadan alan lezzetine hezil edinip, keýpi kök halda Sähediñ ýanyndan gaýtdy. Başga biri Taññy agañ ýerine bolsa öýkelär. Heý bolmanda iliñ ýanynda aýtmaz. Goñşusynyñ bolsa göhi gelýär. Aý, ýok bu adama düşünmek kyn. Ýa-da adamyñ ömrüni uzaldaýan zat häsiýetimikä!? Goñşusynyñ yzyndan garap durşuna Sähet ukudan ymykly açylanyny duýdy. Döwlete tabşyran pagtasynyń puluny almak üçin kassa gitmek aladasy ýok. Sebäbi ol üç gün mundan öñ doly hasaplaşdy. Pul alanyny Taññy aga duýdurmajagam boldy şonda. Ýöne goñşusynyñka sowlasy gelmedi. Munuñam özüne ýetik sebäbi bardy. Üç-dört aý mundan ozal Taññy aga goñşy etrapdaky keramatly öwlüýäleriñ birine zyýarata gitdi. Zyýaratdan Sähediñ ýadyna-oýuna düşmejek gep tapyp geldi. - Sähet, kakañ dostuna duşaýdym. Sadagasy gitdigim, Ymam Kasym janyñ golaýyndaky obada ýaşaýan eken. Zyýarata barypdyr men ýaly. Uzak gije könäni agtaryp geçdik. Gaýtjal wagtym şol obaly bolsañ pylanylardan kim bar diýip, kakañ pahyryñ adyny tutdy. Ogly bar diýdim. Köp dogaý salam diýdi. - Salam iberenem, salam getirenem sag bolsun - diýip, Sähet aga ata-baba edähede eýerdi. - Gün-güzerany nähili? - diýibem sorady. Menem: "Tüweleme, höwes edäýmeli güni bar. Şu ýylky girdejis-ä bir maşynyñ bahasyna ýetjek" diýdim. Adatça gürrüñ gozgamagyñ ebeteýini tapman kösenmäni bilmeýän Taññy aga nämedendir dymdy. Kynlyk bilen sözüni dowam etdi. - Kakañ bergisi bar eken oña. "Şol yzarlanýanyny bilip Owgana geçende üç gün meniñkide boldy. Işikdäki alaşany alyp gitdi" diýýä çemesi bilen getirin diýip. Kakasynyñ German urşuna gidenini, ýesir düşenini, saý-sebäp bilen ýesirlikden gaçyp özüniñkilere gowşanynda, sözüne ynam edilmän basylanyny, türmede oturyp aklanyp gelenini, soñ ýene yzarlananyny, ejesinden telim öwre eşideni Sähediñ ýadynda. "Zamana gowulaşsa gelerin" diýip hoşlaşyp ýitirim bolanyny-da soñ-soñlar gürrüñ beripdiler. Sähet kakasy ýat ýurda aşandan dört aý soñ dünýä inipdir. Diñe kakasynyñ arzuw edişi ýaly, dünýäler düzelensoñ, türkmen deñli-derejeli döwletli bolansoñ, kakasynyñ Owgana geçenini, soñ keselläp aradan çykanyny Sähet bilip galdy. Owganystana gidip, kakasynyñ garyp mazaryna bir gysym gum atybam geldi. Aşyny-suwuny berdi. - Indi bir çemesi bilen ýaşulyny razy edip gaýt - diýip, Taññy aga şonda maslahat berip turarman boldy. - Razy etmeli bolar - diýip, Sähet ynamly geplese-de, dessine dymdy. Özüni ynjalykdan gaçyrýan zadyñ nämedigini mälim etdi. - Taññy aga şu wagt bazarda alaşa nädenkä? - On-a biljek däl-aýt men-ä. Dogrusy, şu nähili ata alaşa diýilýär-aýt diýselerem ýüzüm garadyr - diýip, Taññy aga müýnli ýaly başyny aşak saldy. Onuñ häzirki keşbi ogurlykda tutulan çaganyñkydan enaýy däldi. Soñra ýaşuly burnuna salyp hümürdedi: "A-how, türkmeniñ gazygyndaky aty tazykdyryp goýberenine ýoñsuz wagt geçdi. O döwürde ekilen tallar çanak ýasalyp gutardy ahyry. - Men düýäñ bahasy ýalymy ýa-da göleli sygryñky ýalymy diýip soran bolşum - diýip, Sähedem oñaýsyz sorag berendirin öýdüp, naýynjar keşbe girdi. - Pylan diýsem ýalñyş bolar. Ýöne oglan wagtym "Ýüzden ýüwrük çykar, müñden alaşa" diýýänleri-hä ýadymda. Diýmek, alaşa gaty bir gadyrsyz mal-a bolmaly däl - diýip, Taññy aga ýene-de dymdy. Sähedem şondan soñ geplemedi. Taññy aga tutup gaýtdy. Şol günden soñ alaşaly gürrüñ Sähede ynjalyk bermedi. Ölçerdi-dökdi, dökdi-ölçerdi, janyna rahat, kalbyna kanagat tapmady. Ertesi Taññy aga ýene alaşaly gürrüñi ýatlatdy. - O ýaşuly men bilen deñ-duş. Ýaşy uly bolmasa kiçi däl. Garry adamam näme bişen gawun ýaly bir zat-da. Dikgirdäp ýörenimize osma biziñ. Haçan tänsek tänäýmeli. Bir aýagymyz görde biziñ. Birden razy etmäge ýetişmän durmaly. Sähet neden bir aýagy gördäki adama alaşa ne derkar diýipdi. Hernä, dilini dişläp ýetişdi. Pullandygy bu işoñ ugruna çykjakdygyny aýtdy. Şeýle oý-pikirlere kösseklenen Sähet goñşusynu ugradansoñam, esli wagt äm-säm bolup durdy. Içini gepletdi. Bu sapar algy-bergiñ gürrüñini gozgamady weli, sebäbi bolaýmaly munuñ. Pul alanymy bilýärmikä ýa garry köpek. Hany, indi näme gürrüñ tapýarka diýip gelen bolmagy-da mümkin. Sähet el-ýüzüni ýuwup törki jaýlara aýlanyp çykdy. Jaýda özünden özge janly-jemende galmandyr. Aýaly işe, çagalary mekdebe giden bolmaly. Ol çaý içdi, garbandy. Tördäki sandygy açyp, üç gün mundan öñ öýe getiren puluny eline alyp agramyny ölçeýän daly saldarlady. Ilki üçden birini aldy. Soñ ýarysyny aldy. Daşary çykansoñ, yzyna dolanyp galan pullary-da alyp ählisimi bir düwünçege düwüp goltugyna saldy. Goñşularyna tarap ýöneldi. Taññy aga öýünde eken. - Taññy aga, kyn görmeseñ şo ýaşulyñ ýanyna baryp gaýdaly. Ýoldaş bol maña. Garry adam bolsa ertirki gün hasaplaşanymy-hasaplaşmanymy unudaýmasyn - diýip Sähet niýetini mälim etdi. - Be-ýeý, Sähet jan, eýýäm kassa-da ýetip gaýdaýdyñmy? - diýip, Taññy aga geýnip durşuna gepledi: - Beýle sogap işiñ kyn görülmesi bolmaz. Iki goñşy öýlänara barmaly ýerine ýetdi. Mazaly, ýaşuly öýünde eken. Ak guş ýaly päkize ýaşula Sähediñ syny oturdy. Onuñ kaşañ sünnälenip salnan jaýy bolsa sussuny basdy. Dessine çaý, nahar getirildi. - Ine, şol diýýän ýigidim bolmaly şu - diýip, Taññy aga saçak ýygnalyp, töwir galdyrylandan soñ Sähedi tanyşdyrdy. - Heýlemi, başdan aýtsañ bolmadymy. Hany, oglum, täzeden görüşeli -diýip, ýaşuly iki eline daýanyp ör turdy. Görüşmek üçin iki elini uzadan Sähedi bagryna basdy. Wagty bilen goýbermedi. Asyl, ol gözüniñ owasynyñ ýaşdan dolanyny gizlemek islän eken. - Oglum-gyzym ýok diýensoñ sorag-idegem etjek bolmadym. Şol wagt gelnim toýly diýen bolsa bolaýjak eken. Aý, bular ýaly gidişim-gidiş bolar öýdenem däldir. Kakañy ýola ataranymdan iki gün soñ ýaşyl papaklylar, gara äýnekliler öýüme dökülip, meni alyp gitdiler. Üç günläp boýun almadym. Şol üç günde ýekeje minut kellämi ýere goýdurmadylar. Asyl, adamy uklatman sañsar edäýýän ekenler. Aç-suwsuzlygam-a ýaman zat weli, ukusyzlyk şondanam betermikä diýdim men-ä şonda. Aý, adamy itçe-de görenok ekenler ellerine düşseñ. On ýyly boýnuma doñdurdylar. Soñam maşgala ýagdaýyny, gün-güzerany ýola salaýyn diýip, aý-günüñ nähili geçenini-de duýmandyrys. Gözümiñ açyklygynda büý-ä bolaýdy. Kakañ pahyram: "Bergili men" diýip birahatdyr. Razy edeli bendäni. Indi bir rahat ýatsyn - diýip, ýaşuly dymdy. Taññy aga Sähediñ ýüzüne seretdi. Sähet düşündi. Goltugyndaky düwünçegi lokgalygy bilen ýaşulynyñ öñünde goýdy. Ýaşuly düwünçegi eline aldy-da, Sähede tarap süýşürdi. - Agam, häzirlikçe barym şol. Şony bir alyñ. Galanynam aşagyndan çykaryn. Men bergili siz algyly - diýip, ýaşuly az görýändir öýden Sähet howul-hara diline gelen sözi suñşurdy. - Maña pul gerek däl - diýende ýaşulynyñ sesi ysgynsyz çykdy. - Agam, men alaşany nirden tapjagymam bilemok. Özüñiz tapyñ-da bahasyny aýdyñ. Şol düwünçekde meniñ bir ýylky gazanjym ýatyr. Ýetmese getirerin. Başga birinden karz-kowal alaryn weli, sizi nadyl etmen - diýip, Sähet janykdy. Ýaşuly myssa ýylgyrdy. - Maña ynanmadyk bolýañyz-ow - diýip, Sähet ýuwdundy. Ak guşa deñäp oturan adam kem-kemden garalyp, gara garga dönüp ugrady. "Gelmesem gowy boljak eken. Bary Taññy agadan. Getirdiñ tañ etdiñ, töwella-tagsyr bir eden bol-a". - Maña pulam gerek däl, alaşa-da. Ýöne algy-bergili bolmagyñ, ony üzmegiñ öz kada-kanuny bar. Birinden alty aýdan bereýin diýip karz pul alsañ, alty aýda-da berip bilmeseñ, gelmeli-de ötünç soramaly. Indiki berjek möhletiñi bellemeli. Bolmasa, lebziñi ýuwutdygyñ bolýar. Men kakaña beren alaşam üçin algymy bir wagt geçdim. Ýöne geçdim diýeniñ bilen şol algy-bergi halallananok eken. Muña algyly tarapam, bergili tarapam gatnaşyp razylaşmaly eken. Ine, indi kakañ pahyr rahat ýatyp biler. Men-ä razy, senem razy bol - diýip, ýaşuly Sähediñ hiç wagt ýadyna-oýuna getirmedik göçümini etdi oturyberdi. - Sakgaldaş, türkmençiligi bizem az-owlak bilýäs. Hany, indi senem halallyk üçin şol puldan al - diýip, Taññy aga şu ýerde gürrüñe goşuldy. Ýaşuly howlukman düwünçegi çözdi. Ýüz-ýüzden rejelenen pullaryñ iñ maýdasynyñ dañysyny ýyrtyp, birini aldy-da, düwünçegi ozalkysy ýaly dañyp Sähede tarap uzatdy. Gurbandurdy NAZAROW. | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |