GOÝUNÇY
Türkmen alabaý itleriniň asylly häsiýeti, onuň wepalydygy, ugurtapyjydygy barada kän ýazyldy, köp gürrüňler eşidensiňizem. Meniň gürrüň berjek bolýan wakam hem it wepasy hakynda.
Geçen asyryň başlarynda biziň eždatlarymyzdan Kakajyk (Sähetgeldi – ýatan ýeri ýagty bolsun) atamyzyň Goýunçy atly iti bolupdyr. Ol batyr, özem göwresi iki ýaşar öküzçe ýaly daýaw eken. Kakajyk atamyz bu iti örän gowy görüpdir. Hatda nahar taýýar bolandan soň, ilki itini naharlap, soň özi iýip-içer eken.
Bir gezek ol goýunlary sürüp, goşa gelende, onuň ýanyna atly- ýaragly dört adam barýar. Egri taýagyndan başga ýaragy bolmadyk garry adamdan garaw görmedik päli bozuklar Kakajyk atamyzyň elini arkasyna daňyp goýýarlar. Özlerem sürüden saýlap semizje öweji öldürýärler, gazan ataryp nahar bişirýärler. Hüşgär it Goýunçy daňylgy duran eýesiniň ýanyna bagry bilen süýşüp barýar. Atamyz oňa "ýuwaş diýip” yşarat edýär. Galtamanlar oňa üns bermän, hiç bir zatdan howatyr etmän atarylgy gazandan 5-6 ädim uzaklykda ýaraglaryny biri birine söýäp goýýarlar. Öweç etinden garnyny doýuran galtamanlaryň biri "Bu garryny näderis?” diýip ýoldaşlaryna sala salýar. Olardan biri “Näder öýdýäňiz? It atan ýaly atarys. Dowarlaram sürüp äkideris” diýip söýelgi duran ýaraglara tarap ýönelýär. Pursat arap ýatan Goýunça atamyz ,,Ýet, bas Goýunçy!” diýýär. Goýunçy çakgan turup şol galtaman bilen garpyşýar. Göwresi juda daýaw it onuň bilen dikleşende agzy galtamanyň boýnuna ýetýär. Ol galtamanyň boýnundan dişini salyp, bir silkende boýnuny ýazdyrýar, galtaman gaýa gaýdan ýaly gürpüldäp gaýdýar. Goýunçy galtamanyň göwresine özüni oklap, hyrlap gözüni beýleki üç galtamana dikýär duruberýär. Goýunçynyň göz açyp ýumasy salymda eden işini gören galtamanlar aljyraýarlar. Kim ýaraglara ýönelse, arkasyna it hopba boljak. Onýança bir ýerden çopanyň çolugy gelip ýetişýär. Atamyzyň elini çoluk çözýär. Atamyz eli çözülenden soň ýaraglary goşa ýygnap, bäş atary galtamanlara çenäp "Hany, şu ýerden garaňyzy saýlaň!” diýýär.
Tohum it Goýunçy şeýdip Kakajyk atamyzy ölümden halas edýär.
Amanberdi ALLABERDIÝEW.
Hekaýalar