09:01 Beýik Ýüpek ýoly -10: Samarkant | |
SAMARKANT
Taryhy ýerler
Samarkant – dünýäniň ýaşamagyny dowam etdirip gelýän iň gadymy şäherleriniň biridir. Ol b.e. öňki VIII asyrda esaslandyrylypdyr. Samarkant Rim bilen ýaşyt şäherdir. Şäheriň häzirki Samarkant ady sogdy dili bilen baglanyşyklydyr. Antiki döwürde şäher sogdy dilinde “Sogdiana”, grek dilinde bolsa “Marakanda” diýlip atlandyrylypdyr. XV asyrda ýaşap geçen hyratly alym Hafizi Abru şäheriň adyny “Şamarkand” (Şamaryň obasy) sözi bilen baglnyşdyrypdyr. Alymlaryň arasynda Samarkandyň adynyň “asmara” (daş) we “kand” (oba, kent) sözlerinden gelip çykandygyny belleýänleri hem bar. Geçmişde Samarkant adyny türki diliniň “Semiz kent” (ýagny semiz, gurat, baý oba manysynda) sözi bilen baglanyşdyran alymlar hem bolupdyr. Sebäbi orta asyr hytaý çeşmelerinde Samarkand “Si-me-se-kan” (ýagny “semiz şäher”) diýlip atlandyrylypdyr. Abu Reýhan al-Biruni bilen XIII asyryň ermeni taryhçysy Smbat hem Samarkant adynyň “semiz şäher” diýen many aňladýandygyny belläpdirler. Teýmirleňiň paýtagty Samarkanda ilçi edilip iberilen Rýui Gonzales de Klawiho hem şäheri Samarkant diýip atlandyrypdyr, ýöne onuň hakyky ady “Simeskint” (ýagny “baý oba”) bolmaly diýip ýazypdyr. Antiki döwürde Samarkant gadymy Sogdiana döwletiniň paýtagty hökmünde tanalypdyr. Ol barada VI asyrda otparazçylygyň mukaddes kitaby “Awestada” aýdylypdyr. Şäheriň Marakanda ady Aleksandr Makedonskiniň (Isgender Zülkernaýn) ömürbeýanyny ýazan grek awtorlarynyň eserlerinde agzalyp geçilýär. Mälim bolşy ýaly, Isgender bu şäheri b.e.öňki 329-njy ýylda basyp alypdyr. IV-V asyrlarda Samarkant hionitleriň we kidaritleriň golastynda bolan bolsa, 567-658-nji ýylda şäher Sogdiananyň merkezi hökmünde gök türkleriň döwletiň düzümine giripdir. Emma 712-nji ýylda şäher arap serkerdesi Kuteýba ibn Muslim tarapyndan basylyp alnypdyr. 875-999-njy ýyllarda Samarkant Samanylar döwletiniň iň uly syýasy hem-de medeni merkezi bolupdyr, 875-892-nji ýyllarda bolsa döwletiň paýtagtynyň wezipesini ýerine ýetiripdir. IX-X asyrlarda Samarkant Beýik Ýüpek ýolunda ýerleşýän şäher hökmünde çalt depginler bilen ösüpdir. Şäher hojalygynda senetçilik önümçiliginiň onlarça ugurlary özleşdirilipdir. Şäherden içerki hem-de halkara bazarlaryna harytlaryň köp mukdary çykarylypdyr. Garahanlylaryň hökümdarlyk eden döwründe Samarkantda ilkinji medreseler gurlupdyr. Olardan iň ulylarynyň biri Ybraýym Tamgaç hanyň (1040-1068) medresesi hasap edilipdir. XIII asyryň başlarynda Samarkant Horezmşalaryň döwletiniň düzümine girizilýär. Mongol basybalyşlary döwründe Orta Aziýanyň bu ajaýyp şäheri bütinleý diýen ýaly tozdurylýar. Şäher juda kynlyk bilen dikeldilipdir. Teýmirleňiň we onuň nesilleriniň hökümdarlyk eden ýyllarynda (1370-1499) Samarkant ägirt uly imperiýanyň paýtagtyna öwrülýär. Şäheriň dünýä belli ajaýyp binalarynyň ählisi diýen ýaly hut şol ýyllarda gurulýar. Munuň özi Samarkandyň gülläp ösen döwri bolupdyr. Teýmirleň öz paýtagtynyň gülläp ösmegi üçin güýç-kuwwatyny, maliýe serişdelerini gaýgyrmandyr; ol ony dünýäniň paýtagtyna öwürmegi maksat edinipdir. Basylyp alnan ýurtlardan senetçiligiň ähli ugurlarynyň wekillerini, birinji nobatda bolsa, gurluşykçylary Samarkanda köpçülikleýin sürüp getiripdir. Şäherde köşkler, metjitler, medreseler, aramgähler gurlupdyr. Öz paýtagtyny şöhratlandyrmak üçin, Teýmirleň Samarkandyň töweregindäki obalara Gündogaryň meşhur şäherleri Bagdadyň, Damaskyň, Şirazyň atlaryny dakypdyr. Ol öz şäherinde şahyrlary, sazandalary, alymlary ýygnapdyr. Teýmirleňiň agtygy Mürze Ulugbegiň döwründe Samarkant dünýäniň ylmy merkezleriniň birine öwrülýär. Bu ýerde öz döwrüniň ýokary okuw mekdepleri bolan medreseler we obserwatoriýalar gurlupdyr. Musulman Gündogarynyň meşhur alymlary şäheriň ylym-bilim merkezlerinde döredijilikli işläpdirler. Orta Aziýada Şeýbanylaryň häkimiýetiniň esaslandyrylmagy bilen Samarkandyň ähmiýeti kem-kemden pese gaçyp ugraýar. Döwleti Şeýbany hanyň we Kuçkunji hanyň dolandyran ýyllarynda Samarkant paýtagt bolmagynda galypdyr. Şol ýyllar Samarkantda gurluşyk işleri dowam etdirilipdir. Şäherde Şeýbany hanyň we we onuň gelni Mähri Soltan hanymyň medreseleri bina edilipdir. Özbegistan Russiýa imperiýasynyň düzüminde wagty medreseleriň ikisi hem doly ýumrulypdyr. Şeýbanylardan bolan Ubeýdulla han (1533-1540) döwletiň paýtagtyny Samarkantdan Buhara geçirýär. Buhara hanlygynyň döwründe Samarkant tä XIX asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrlaryna çenli kiçijik begligiň dolandyryş merkezi bolup galypdyr. 1868-nji ýylda Buhara emirligi Russiýa imperiýasy tarapyndan basylyp alnandan soň, şäher ilki Zeröwşen okrugynyň, 1887-nji ýyldan bolsa Samarkant welaýatynyň dolandyryş merkezi bolýar. 1917-nji ýyldan soň Samarkant Türkistan ASSR-niň düzümine goşulýar, 1925-1930-njy ýyllarda bolsa Özbegistan SSR-niň paýtagty bolýar. Häzirki döwürde Samarkant Özbegistan Respublikasynyň çalt depginler bilen ösýän senagat hem-de medeniýet merkezleriniň biri bolup durýar. Ol Özbegistanyň Daşkentden soň ikinji iri şäheri bolup, onda 400 müňe golaý ilat ýaşaýar. Iki ýarym müň ýyldan-da köp taryhy bolan Samarkantda ýüzlerçe taryhy ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Olaryň ählisi döwlet tarapyndan goraga alyndy. Indi köp ýyllaryň dowamynda Özbegistanyň beýleki gadymy şäherleriniň ýadygärliklerinde bolşy ýaly, Samarkandyň köne binalarynda hem döwlet tarapyndan ýörite goýberilýän maliýe serişdeleriniň hasabyna yzygider dikeldiş-rejeleýiş işleri geçirilip gelýär. 2001-nji ýylda Samarkant Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, medeniýetleri birleşdiren şäher hökmünde özüniň ähli ýadygärlikleri bilen bilelikde UNESKO-nyň adamzat mirasynyň sanawuna girizildi. Samarkandyň ýadygärliklerini ähmiýeti boýunça birnäçe toparlara bölmek bolar. Olardan has giň ýaýranlary aramgäg, ybadat we ylym-bilim maksatly binalardyr. Abdal Mazeddin we Abdy Birun toplumlary aramgäh maksatly binalar bolup, olar baryp IX-X asyrlarda gurlupdyr, emma Abdy Birun toplumynyň häzirki durky XVII-XX asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir. Bu ýerde aramgähden başga-da, hanaka hem gurlupdyr. Samarkantda şeýle maksatly binalar başga-da örän kän. Olardan Hoja Ahrar, Şahi Zinda, Bibi Hanym, Gur Emir, Ymam Ysmaýyl al-Buhary, Işrathana, Ruhabat, Hoja Daniýar aramgäh toplumlaryny we başgalary görkezmek bolar. Samarkantda ybadat maksatly binalar hem köpdir. Olaryň hatarynda Bibi Hanym, Hezreti Hydyr metjitlerini we başgalary görkezmek bolar. Şäherde ylym-bilim maksatly ýadygärlikler has hem köp saklanyp galypdyr. Olardan Ulugbegiň obserwatoriýasyny, onuň gurduran medresesini, Tylla Kary, Şerdor medreselerini we başgalary mysal edip görkezmek bolar. Geçmişde Samarkant Rudaky, Alyşir Nowaýy, Jamy ýaly dünýä belli şähyrlary, Ulugbek, Kyýaseddin Jemjit Kaşy, Muyneddin Kazyzada Rumy, Aly Guşçy, Sirajeddin Samarkandy, Hafizi Abru, Sakkaky, Badahşy, Lütfi kimin şöhrat gazanan alymlary bilen hem giň meşhurlyk gazanypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |