09:09 Beýik Ýüpek ýoly -13: Amul | |
AMUL
Taryhy ýerler
Türkmenistanyň gündogarynda, Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen gadymy Amul şäheriniň taryhy gadymy geçmişiň jümmüşlerine uzalyp gidýär. Orta asyrlarda Amul atly başga bir şäher Eýranyň demirgazygynda hem bolupdyr. Arheolog-alymlaryň tassyk etmeklerine görä, Amyderýanyň boýundaky Amul şäheri baryp b.e. I-IV asyrlarynda peýda bolýar. Saklanyp galan rowaýatlar şäheriň “Amul” adyny Amula atly gyzyň ady bilen mäkäm baglanyşdyrýarlar. XV asyryň ahyrlarynda – XVI asyryň başlarynda şäher “Çärjew” (“çahar juý” – “dört akaba”) diýlip atlandyrylyp başlanýar. Şäheriň ýüze çykan ilkinji gününden başlap, onuň geçmişi Hytaýdan Orta Aziýanyň üsti bilen Orta Ýer deňziniň kenarlaryna tarap geçip giden Beýik Ýüpek ýoly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Amul – üstünden kerwen ýolunyň geçmegi bilen ýüze çykan şäherdir. Baryp gadymy döwürlerde söwda kerwenleri Amyderýadan ýüzüp geçmäge taýýarlanmak üçin, bu ýerde wagtlaýyn düşelge edinýär ekenler. Şoň şol düşelgäniň esasynda gadymy Amul şäheri ýüze çykýar. Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky örän möhüm ýerde peýda bolýar. Bu ýerde Amyderýadan üstünden geçelge ýerleşipdir. Amul kerwen ýollarynyň çatrygy hökmünde hem giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu ýerden Eýrana, Hindistana we Gündogar Ýewropa tarap ýollar aýrylyp gidipdir. Şöwda gatnaşyklary bilen bir hatarda, Amulda senetçilik işleri hem rowaç alypdyr. Şäheriň özünden we onuň töwereklerinden arheologlar Kuşan döwletiniň döwrüne we ondan soňky zamanlara degişli mis zikgeleri ýüze çykardylar. Amul Kuşan döwletiniň düzüminde bolupdyr, ol ýykylandan soň bolsa özbaşdaklyga eýe bolupdyr. VII asyrda Orta Aziýanyň beýleki ýerleri bilen bir hatarda, Amul we onuň ýerleşýän sebiti Arap halyflygynyň düzümine goşulýar. Arap awtorlary Amulyň möhüm ähmiýetli medeni merkez bolandygyny belläpdirler. Ýakut al-Hamawy “Amuldan köp alymlaryň çykandygy…” barada öz ýol depderinde ýazgy galdyrypdyr. Möhüm kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Amul şäheri IX-X asyrlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Birneme soňrak Amul sebitleri Horezm döwletiniň düzümine girizilýär. Bu zamanlar şäheriň iň gülläp ösen we şäher hökmünde giň ýerleri öz çägine alan döwri hasap edilýär. Şol döwürler Amul beýik alaňyň üstünde ýerleşýän, daşyna gorag diwarlary we içi suwly garym aýlanan iri şäher bolupdyr. Galanyň dört tarapynda derwezesi bolup, olar serbazlar tarapyndan gije-gündiz goralypdyr. Galanyň içinde şäher meýdançasy, esgerleriň ýatakhanasy, azyk ammarlary, ýerli häkimiň daş-töweregi bagly-bakjaly köşgi, häkimiň dogan-garyndaşlarynyň öýleri ýerleşipdir. Bu ýerde düýbüne kerpiç düşelen, ullakan guýa meňzäp duran zyndan hem bolupdyr. XI asyrda Seljuk türkmenleri Orta Aziýanyň ähli ýerlerini eýeläpdirler. Şondan soň Amul şäheri we onuň sebitleri türkmen hökümdary Çagry begiň tabynlygyna geçýär. Seljuklaryň döwründe Amul öz ösüşiniň çür depesine çykýar. Şol döwürler şäher Mawerannahr bilen Horasanyň arasynda ýerleşýän möhüm söwda-senetçilik merkezine öwrülýär. Şäher öz ösüşini Horezmşalaryň döwletiniň döwründe-de dowam etdirýär. Emma 1221-nji ýylda mongollara berk garşylyk görkezendigi üçin, Amul Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan doly weýran edilýär. Amul möhüm ýollaryň çatrygynda ýerleşendigi üçin tiz özüni dürsemeli bolupdyr. Şol sebäpden hem mongol basybalyşlaryndan köp wagt geçmänkä şäher gaýtadan dikeldilipdir. Galanyň daş ýüzünde, onuň günbatar hem-de gündogar taraplarynda täjirleriň we senetçileriň öýleri ýerleşipdir. Biziň günlerimize Amulyň diwarlarynyň galyndylary saklanyp galypdyr. Şol diwarlar häzirki döwürde geçmişden galan möhüm arheologik ýadygärlik hökmünde döwlet tarapyndan goralýar. 1511-nji ýylda Gündogaryň meşhur şahyry we serkerdesi Zahyreddin Muhammet Babyr goşunlary bilen Amulyň harabalyklarynyň duşundan geçip gidýär we derýanyň kenarynyň golaýynda düşleýär. Onuň düşlän ýeriniň golaýynda dört sany ýap bar eken. Şonuň üçin hem ol bu ýerleri özüniň “Baburnama” atly eserinde “Çaharjuý” (dört akaba) diýip atlandyrýar. XVI asyryň başlarynda Amul we onuň töwerekleri Şeýbanylaryň döwletiniň düzümine goşulýar. Bu döwlet soňra Buhara emirligi adyna eýe boldy. Şol döwürler şäher özüniň gadymy Amul adyny doly ýitirýär. Ol indi Çärjew diýlip atlandyrylyp ugraýar. Bu döwürde Amul özüniň “çärjewi” diýip at alan meşhur gawunlary bilen şöhratlanypdyr. Sefewiler döwletini esaslandyran türkmen hökümdary şa Ysmaýyl Hataýy“çärjewi” gawunynyň hakyky hyradary bolupdyr. Ol Amul sebitlerinden sargyt edip, “çärjewi” gawunyny paýtagty Töwrize ýörite getirdýär eken. Elbetde, gadymy Amul şäheri özüniň ajaýyp taryhy ýadygärlikleri, ilatynyň gürlügi ýa-da çäginiň ululygy bilen hiç haçan hem Türkmenistanyň we Orta Aziýanyň beýleki şäherlerinden üytgeşik tapawutlanmandyr. Emma Amul sebitiň beýleki şäherlerinden özüniň ýaşaýşa ukyplylygy, tiz galkynyp bilýändigi bilen tapawutlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, Orta Aziýanyň köp şäherleri mongol basybalyşlaryndan soň gaýtadan dikelip bilmän, harabalyklara öwrülip galypdylar. Emma Amul XIII asyryň tozgunçylygyndan tiz saplanyp bildi we soňraky asyrlarda ol ýene-de sebitiň möhüm şäherleriniň biri bolmagyny dowam etdirdi. 1868-nji ýylda Buhara emirligi Russiýa imperiýasy tarapyndan basylyp alnandan soň, gadymy Amul şäherinde gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Şäherde zawodlar, fabrikler, ýewropa üňüsinde gurlan dolandyryş, medeni we ýaşaýyş maksatly jaýlar peýda boldy. XIX asyryň ahyrlarynda bu ýerlere Aşgabat taraplardan demir ýol geldi, Amyderýanyň üstünden bolsa demir köpri guruldy. Uzynlygy 1600 metre barabar bolan Amyderýanyň üstünden gurlan köpri şol döwrüň iň kämil inženerçilik desgalarynyň biri bolup, ol Russiýa imperiýasynda iň uzyn, dünýäde bolsa üçünji köprüdi. Eýýäm mälim bolşy ýaly, asyrlaryň dowamynda şäher öz adyny birnäçe ýola üýtgedipdir. Gadymy döwürde “Amul”, giçki orta asyrlarda we soňraky döwürlerde “Çärjew” atlaryny göteren bu gadymy şäher 1999-njy ýyldan bäri Türkmenabat diýlip atlandyrylýar. Bu şäher 1924-nji ýylyň milli döwlet bölünişiginden bäri Türkmenistanyň düzüminde, özi hem Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi. Türkmenabat Garaşsyz Türkmenistanyň Aşgabatdan soňky ikinji uly şäheridir. Şäherde köp sanly zawod-fabrikler, edaralar, ylym-bilim we medeniýet merkezleri ýerleşýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |