17:23 Bir dürli adamlar | |
BIR DÜRLI ADAMLAR
Goşgular
Adamlaryň şeýle aladasy bar, Ähli gowy zatlar tiz gutarýar diýp. Oýlanýarlar hiç wagt tapman bir karar, Wagt şatlygy juda az getirýär diýp. Tekrar aýdyp gelýär käbir adamlar, Şatlygyň kemligin, bagtyň azdygyn, Olar subut etjek bolýar älemde, Durmuşyň gaýgyly aýdym-sazdygyn. Şeýle eken bagtly gün şat bolmadyk, Begenjinden aglamadyk adamlar, Bagtly wagty bagtlydygyn bilmedik, Düşünmedik, aňlamadyk adamlar. 2012, 27 maý. *** "Kanun- kerep. Ejiz jandarlar oňa düşüp heläk bolýarlar. Kerepden ulurak jandarlar ony deşip geçip gidýärler". Salon. Büdräp ýykylaýsa köçeden barýan Oýlanyp oturman, pikirem etmän, Ýykylan adamyň ýagdaýy hakda, Tomaşaçy gözläp ýaltaklap her ýan, Garnyňy gujaklap gülersiň hökman, Ýa gizlinje şatlyk dörär ýürekde. Belki-de şol büdrän adamyň ýerne, Ilki-de özüňi goýup görersiň. Hiç bolmanda hyýalyňda ýer sermäp, Dyzyň agyrsyny duýup görersiň. Arkaňdan eşdilýän gülki seslernem, Gaharlanyp, gaty aýyp görersiň. Ýa-da büdrän adam büdränligini, Ýuwmarlap ýylgyrsa, ýa kemsiz gülse, Bu onuň öz-özne gülýänligidir, Ýa, seniň gülküňden gorkýandyr ýogsa. Gülme! Seniň günäň iňňän ulydyr, Büdrän gorkup gülse gowumy eýse?! 2011. * * * Men Gün bilen dost bolamok, Ýok, kyýam wagty depämi gaýnadýar diýip gaçamok ondan, Diňe kölgämi ulaldyp üstümden gülýän ýaly ol, Iň beterem gün giçlän çagy. 2013 ý. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |