BIZ NÄMEDEN GORKDUK?
Eşek münüp daga gezelenje gitmegiň hem, açyk sährada dynç almagyň hem hezili bardy. Ýöne ol gaty bir kakamyň aýdyşy ýaly däldi. Gaýdyşyn eşekler hökman “ýüklüje” gelmelidi. Odun-jagrama çöpläp örän uzaklara gitmeli bolýardy.
Daňdanlar sen eýýäm ýol şaýyny tutmalysyň. Paltadyr ýüpleri eşegiň gaňňasyna mäkäm berkidersiň. Azda-kände iýmek-içmegem götermelisiň. Men-ä bir kesemen nany hemişe ýeltyrtan ýaglyga dolardym-da, ony-da eşegiň gaňňasyndan asardym. Ahmet welin beýtmezdi. Onuň özünden ullakan paltosy bardy. Ol her sapar şol paltonyň jübülerini çörekden doldurardy. Onsoň eşegiň üstündekä-de gäwüşäp barýandyr.
Ol sapar şeýle boldy. Adama iki eşek alyp ugradyk. Ertiriň sowugy özüňe belli, ýüzüňi ýalap-ýalap gidýärdi. Eşekler haýalladygy debsilärdik ýa bolmasa, olaryň gerşine elimizdäki çybyk bilen dürterdik. Hataryň öňüni paýgulak eşek çekip barýardy. Hä diýmän, odun ýygjak ýerimize baryp ýetdik.
Gün öýlä ýazyberende men ajygyp ugradym.Şular ýaly wagtlarda akyp gelýän buz ýalyjak çeşme suwuna çörek batyrnyp iýmegiňem hezili bardy. Baryp çörekli ýaglygy galdyrdym, onda ýere gaçan iki-ýeke çörek owuntyklaryny diýmeseň, çörege gözüm düşmedi. Men birbada hiç zada düşünmedim. Ýelýyrtan ýaglyk oýtum-oýtum edilip taşlanylypdyr. Bi eşekleň işi bolmaly. Meniň eşegimiň beýle häsiýeti ýokdy. Diýseňem belaň körügi goňşymyz Guwa daýzadan getiren eşegimdir.
Biz eşekleri mas ýükleýänçäk, gün öýleden ep-esli agypdy. Ozallar beýle gijä galan gezegimiz bolmandy. Biz gijä galsak, öýdäkiler hem alada galardy. Ahyry ýola düşdük. Öňden barýan paýgulak eşek soňabaka bize eýgertmedi. Sähel salymda ol bizden esli arany açdy. Töwerek garalyp ugrady. Meni başly-baratly pikirler gozgalaňa saldy: ”Ol-a üstüniň ýüki bilen eýesiniň gapysyna barar. Guwa daýza-da onuň ýüküni görüp:”Heý-de eşek janawara munça ýük ýüklenermi?” diýer-de, goh turuzar.
Bu mahal Ahmet hem eşeginiň bir gapdala gyşaryp barýan ýükünden tutup barýardy. Dogry edýär, ätiýajy elden bermeli däldi. Ýük agdygy biziň işimiziň kynaljagy görnüp durdy.
Eşekleriň paýgulakdan öňňesi biziň öňümizden barýardy. Gözýetim garaňkylykdy. Biz egrije ýodalary külterläp, köne gala diýlen ýere ýeteňkirläpdik. Men mahal-mahal “Ahmet, gelýäňmi?” diýýärdim. Eýdip-beýdip ony gepledesim gelýärdi. Sebäp garaňkyda ümsüm gidip barmak hem içgysgynçdy, hem gorkunçdy. Ol welin, ýeke agyz “Gelýän” diýerdi-de, oňaýardy.
Ine-de biz köne galaň deňine ýetdik. Dogrusy, men ol ýerden geçen mahalym birneme gorkmanam duramokdym. Gündiziň günortany-da bu ýerden ýeke geçmäge çekinerdim. Häzir-ä tüm garaňkylyk. O gürrüňden Ahmediň habary barmyka? Eger habarly bolsa, gorksa gerek.
Aždarhaly gala hakynda oýlanyp barşyma edil gabadymyzdan bir arrylda allaniçigsi boldum. Tas wägiripdim. Ol birküç öwre gaýtalanan ýaly boldy. Arryldyny Ahmet hem eşitdi, menem.Ol menden öňürtdi?
- Bu nämäň sesikän-aý, Bally?
- Men-ä bilmedim. Sür gatyrak eşegiňi, bu ýerden tizräjik arany açaly.
Men oňa bu sesiň aždarhaňkydygyny aýtmaga bognum ysmady. Kim bilýä, ol möňňürip ugrasa näderis. Eýse, men ondan batyrmy? Soňky arrylda ýaňadan diň saldym, inim jümşüldäp gitdi. Birdenem çaga bilesigelijiligi üstün çykdy.
- Dogrudanam o nämekä? Belki aždarhadyr.
Eşekleri öňe sürüp, biri-birimiziň elimizden tutduk-da, pişik basyşyny edip ýöräp ugradyk.Galanyň alkymyna bardyk. Şo barmana etegi ak, ýokarsy garalyp duran äpet bir göwre göründi. Näçe synlasak-da, barybir, biz onuň kellesiniň haýsy tarapdadygyny, neneň zatdygyny bilip bilmedik.Men indi näçe gorksam-da, bu zadyň anygyna ýetmän gaýdyp biljek däldim. Ahmediň hem bilesigelijiligi meniňkiden kem däl ýaly, ol elimden tutup durşuna öňe bakan omzaberdi.
Şol dem meni sowuk der basdy. Basym nämäniň-nämedigine düşündim. Dilim tutulan ýaly açyk-aýdyň gepläp bilmedim. Ol Guwa daýzadan alan eşegimiz bolup çykdy. Janawar adam boýy çukura gaçypdyr, üstünde-de ýüki. Derrew işe girişdik, öňinçä üstündäki ýüküni aýyrmaly bolduk. Soňam zordan diýen ýaly çekip, çukurdan çykardyk. Ol hem aýaga galdy. Ýüküni birneme azaldybam derhal ýola düşdük.
Öýe gelip, biz bu wakany hiç kese aýtmadyk. Ýeri iki bolup eşekden gorkduk diýelimi? Bu Ahmet ikimiziň syrymyza öwrüldi. Şindi-şindilerem o waka ýada düşen mahaly birek-biregiň ýüzüne bakyp ýylgyraýýas.
Men muny diňe size aýdýan. Ýöne siz bir diliňize berkje bolaweriň.
Goçy Annasähedow.
Çagalar edebiýaty