01:53 Çendir topragynyñ syrly şekilleri | |
ÇENDIR TOPRAGYNYÑ SYRLY ŞEKILLERI
Ýol ýazgylary
Balkan welaýaty türkmeniñ hazyna baý künjekleriniñ biri. Olar bir demiñde sanap soñuna çykardan köpdür. Hydyr gören toprakda aýagyñy basan ýeriñ hazyna, gözüñi aýlan künjegiñ gudrat bolup dur. Ol gözbaşyny gadymyýetiñ çuñluklaryndan alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýeti, şemalganat aty, älemgoşar öwüşginli halysy, tebigy şypahanalar - Mollagara melhemi, goýny şypaly Hazar deñzi, keremli-dünýäli daglary bilen meşhurlyk gazanan ülkedir. Biziñ nobatdaky söhbedimiz ruhy atamyz Magtymgulynyñ şahyrana setirlerinde waspy ýetirilen keremli daglar hakda däl-de, onuñ jülgelerindw gabat gelýän daşlardaky gudratly şekiller dogrusynda bolar. "Gudraty görjek bolsañ, daglara bar, daglara" diýleniniñ çyndygyna sözüm ýok. Daglaram, onuñ jülgelerem - syrly umman. Muny dag dünýäsine belet adamlaryñ dilinden her ädimde eşitse bolýar. Olaryñ ählisiniñ añyrsynda dagyñ täsin tebigaty bilen baglanyşykly durmuş hakykaty ýatyr. Garrygala myhman barsañ, Gujagyny geren daglar. Soñudagy, Çendir, Hasar, Müñ hasraty gören daglar. Näme üçindigini bilemok, her gezek Garrygala topragyna gadam basanymda, şahyr Kerim Gurbannepesowyñ her bir türkmeniñ diliniñ senasyna öwrülen goşgusy ýadyma düşýär. Görüp otursam, Garrygala barsañ, goýny jenneti küýsetmeýän jülgelerden, ynsan eli bilen döredilen erem bagyndan, haýwanat we guşlar dünýäsinden başga gyzyklanmaga, öwrenmäge mynasyp zatlar zat däl eken. Meniñ Çendir topragyna öñem telim sapar ýolum düşüpdi. Onuñ täsin tebigaty bilen tanyşmagyñ özboluşly lezzeti bardy. Sanlyja gezek düşläp geçeniñ bilen dag dünýäsi bilen baglanyşykly ähli zada belet bolup bolýarmy diýsene! Bu gezek meni Çendiriñ Bezegli we Gargylyk derelerine alyp gelen zat henize bu güne çenli saklanyp galan, daşyñ ýüzüne çekilen täsin şekillerdi. Gargylykdaky tekiz daşyñ ýüzüne çekilen näçe ömri başdan geçirendigi barada kesgitli bir zat aýtmak añsat däl. Symgylt goñur reñkdäki suratyñ möçberi on-on bäş santimetrden uly däl. Bir topar atlylary ýada salýan surat ilkidurmuş zamanynyñ şekillerini göz öñünde janlandyrman duranokdy. Biziñ şahsy pikirimiz taryhçy alymlaryñ kesgitli subutnamasyna garaşýar. Biz Bezegli deresinde gadymyýetden gür berýän şekilleriñ uly toplumyna gabat geldik. Daşyñ ýüzüne çekilen suratlar barmak basyp sanardan köpdi. Olaryñ irki döwürleriñ üns bererlikli medeni ýadygärlikleridigine bolsa söz ýokdy. Olaryñ köpüsinde dag tekesiniñ, gulanyñ, keýigiñ, düýäniñ we goýnuñ suratlary çekilendi. Olaryñ arasynda şertli görnüşdäki adamlaryñ şekillerine-de gabat gelse bolýar. Käbir suratlar bolsa aýaklaryny uzadyp ýatan gulanlary ýada salýar. Ýüzüne surat çekilen daşlaryñ wagtyñ geçmegi bilen owranyp, ýitip gidenleriniñ hem bardygyny ýeri gelende, belläp geçmegimiz gerek. Munuñ tersine, ýeliñ-ýagmyryñ az düşýän ýerlerindäki suratlaryñ özboluşlylygynu saklanlary-da bar. Meşhur dilçi alym Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý türkmen diliniñ ýerli gepleşiklerini öwrenmäge saldamly goşant goşanlaryñ biri. Onuñ Bezeglidäki suratlar bilen tanyşlygy baryp, 1931-nji ýyldan başlanýar. Alym bu gymmatly tapyndylar barada bize şeýle mazmunly miras galdyrypdyr: "Çendir jülgesindäki bu suratlar türkmen topragynda iñ ilkinji tapylan, daşa çekilen gadymy žiwopis bolany üçin, bularyñ ylmy ähmiýeti diýseñ uludyr. Bu ýadygärligiñ giñişleýin öwrenilmäge mynasyplygy gürrüñsizdir. Onsoñam, şu wagta çenli bize näbelli täze suratlaryñ tapylaýmagy ähtimal... Ilki bilen Çendiriñ suratlaryny öwrenijileriñ öñünde olaryñ döreýşini we haýsy döwre degişlidiklerini añryujy mümkin boldugyndan anyklamak durýar". Aslynda türkmençilik diýen añlatmanyñ türkmeni türkmen edendigine biz şu döwürde aýdyñ göz ýetirdik. Türkmen aga bu gün aslyna, halky halk edýän taryhyna, medeniýetine, milli däp-dessuryna gowuşdy. Şeýle ajaýyp döwürde gadymy medeni mirasymyzy iş edinip öwrenjek alymlaryñ tapyljakdygyna ynamymyz uly. Amanmämmet DURDYÝEW. # watan_2002 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |