01:16 Çöplemeler | |
ÇÖPLEMELER
Sözler
● Bir guş dirikä garynjalary iýýär. Ölenden soñ bolsa, garynjalar guşy iýýär. Wagtyñ geçmegi bilen ýagdaý her pursatda üýtgäp bilýär. Durmuşda hiç kimi awundyrmañ, hiç kimi äsgermezlik etmäñ. Edil şu wagt güýçlüsiñizem, emma bir zady unutmañ: wagt sizden has güýçlüdir! Bir agaçdan bir million sany otluçöp çykýar. Bir million agajy ýakmak üçinem ýekeje otluçöp ýeterlikdir... Gowy adam boljak boluñ, gowy işler etjek boluñ. ● Bak ogul, "Çüw" diýende gitse bedew at, Bir käse suw berýän bolsa arwat, Hemem gowy bolup ýetişse zürýat, Toýa gidip ýörmä näme hajat bar? Toý seniñ öz öýüñde, Gireñde oýna, çykañda oýna-aa.. Emma!.. "Çüw" diýende gitmese bedew at, Bir käse suw diýseñ bermese arwat, Hemem gowy bolup çykmasa zürýat, Ýasa gidip ýörmä näme hajat bar? Ýas seniñ öýüñde, Gireñde agla, çykañda agla-aa... ● Umytsyzlyk iki ýoklukdan biridir. Ikinji ýokluk bolsa ölümdir. Ölüm bu ikisinden iñ añsadydyr. ● Şeýle bir doganyñ bolar, öz eneñem dogurmaz. Şeýle bir duşmanyñ bolar, öz eneñden dogulan... ● Altyn azlygy üçin gymmatlydyr. ● Sabyr boýun egmek däl, sabyr - göreşmekdir. ● Durmuş şeýle bir özünden irizýär welin, ynanyñ, gözleriñi bir ýumsañ, soñ açasyñ gelenok. ● Polisiýa soraýar: - Nirede ýaşaýarsyñ? Raýat jogap berýär: - Maşgalam bilen. - Maşgalañ nirede ýaşaýar? - Meniñ bilen. - Siziñ hemmäñiz nirede ýaşaýarsyñyz? - Öýmüzde. - Doganjygym, öýñüz nirede? - Goñşymyzyñ öýüniñ ýanynda. Toplan: H.Türkmen. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |