18:57

Dag çeşmesi

DAG ÇEŞMESI

Ynha, bu gün gaýdyp geldim ýene men,
Bolup täsin mukamlaryñ teşnesi.
Kalbymyñ taryny çal sen gulaçlap,
Beýik dagyñ hüwdi sesli çeşmesi.

Bir owurt ber, keýik suwlan suwuñdan,
Damarymda tolkun atsyn melhemiñ.
Jomartlygña alkyş aýdyp göwünden,
Señ şanyña gazal aýtsyn ylhamym.

Göreçlerim görmez bolar, görmesem,
Kenarjygñy,
tolkunjygñy,
germiñi.
Meniñ üçin ýat ýurtlaryñ derýasam,
Tutup bilmez seniñ kiçjik ornuñy.

Päkize suwuña geldim salama,
Çar ýanyñda ýañlanyp dur guş sesi.
Seniñ kimin ýüreklere siñsedim,
Öz daglarmyñ şahyr göwün çeşmesi!

Amangeldi AMANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 414 | Добавил: Nurdan | Теги: Amangeldi Amanow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Ýedi ýassyn / Goşgular - 17.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Podýumda / Goşgular - 28.01.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garaýolly  
27
Oran tasirli goshgy

0
2 Garaýolly  
27
Shahyr bu goshgysynda watancylyk duygysynyñ guyjuni mahir merdiwany arkaly arshy-agla goterip bilipdir. ,,Goreclerim gormez bolar gormesem,, diyyan liriki gahryman shygryñ mazmun ,,aytymynda,, okyjynyñ dykgatly nazarlaryny ozune cekip dur. ,,Meniñ ucin yat yurtlaryñ deryasam tutup bilmez seniñ kicijik ornuñ,, diyip ol ,,melhem boljak keyik suwlan suwundan bir owurt dileyar. Bu detal

0
3 Garaýolly  
27
elbetde,tebigatyñ howandarlygyna ynsanyñ (janly jandaryñ ) hemishe mataclik cekyandigini añladyar. Watan ya watan topragy gowunden alkysh aytdyryan jomartlygy bilen, oz perzendiniñ mahrine jogap edip, onuñ ( adamyñ ) kalbyna guwanc,buysanc, mayyllyk joshgunyny ecilyanligi bilen, tebigat tarapyndan tebigi yugrumy'yetirilen gozel peyzajy bilen liriki gahrymanyñ ,,kalbynyñ taryny gulaclap calyar.

0
4 Garaýolly  
27
Alla yalkasyn

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]