|
DANALARYÑ DILINDEN
Täzä ýol açýan, könesini sarpalaýan mugallym bolup biler.
Mugallym we okuwçy birlikde kämilleşýär.
Konfusiý
Başgalara öwredenimizde özümiz hem öwrenýäris.
Seneka
Başgalara öwretmek üçin, öwrenen bilimiňden has köpi gerek.
Monten
Kim az bilýän bolsa, şol az zat hem öwreder.
Komenskiý
Terbiýelemekdäki iň uly ýalňyşlyk bu has howlukmaklykdyr.
Russo
Gowy mugallym gowy okuwçyny taýýarlaýar.
Ostrogradskiý
Çaga öwretmek üçin hem ýetginjek, hem adam bolmaly.
Odoýewskiý
Mugallym näçe ýeňil öwretse-de, okuwçy şonça kynlyk bilen öwrenýär.
Tolstoý
Gowy mugallym bolmak üçin öwredýän sapagyňy we öwredýän adamlaryňy söýmeli.
Klýuçewskiý
Ähli zady öwrenmek hökman däl, ýöne mugallym bir zat öwredip biler — ýol görkezer.
Oldington
Nirede gowy mugallym bolsa, şol ýerde hem gowy okuwçylar bardyr.
Lihaçew
Pedagogika — erkin adamy terbiýelemegiň erkin sungaty.
Soloweýçik
Terjime eden Aýjemal Altyýewa,
A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Sözler
|
Категория: Sözler |
Просмотров: 624 |
Добавил: Нawеran
| Теги: Aýjemal Altyýewa
| Рейтинг: 4.5/2 |
Awtoryň başga makalalary
Sözler bölümiň başga makalalary