DAÝAHATYNYÑ TÄZE KEŞBI
Türkmenabatdan bu gadymy kerwensaraýa barmak üçin ulagly üç sagada golaý wagtlap ýol ýöremeli bolýar. Seýdi şäherinden geçeniňden soňra ýoluň çep tarapynda Garagumyň aňňat-aňňat gum depeleri uzalyp gidýär. Sag gapdalyňy bolsa Amyderýanyň çep kenaryndaky toraňňy tokaýlyklary gurşap alýar. Şunlukda Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk ugrunda ýerleşen hut şu künjekde giň meýdany tutýan kerwensaraýyň ýöne ýere gurulmandygyna göz ýetirýärsiň.
Bilşimiz ýaly, kerwensaraý gurulmazdan öň IX asyryň başlarynda bu ýerde arapça «rabat» diýlip atlandyrylýan dörtburç görnüşli gala bina edilipdir. Şeýle desgalar merkezi Aziýanyň uzakda ýerleşen sebitleriniň serhetlerini duşmandan goramaga niýetlenilipdir. Bu ýerde edermen esgerler ýaşapdyrlar. Şol döwürlerde Tahyr ibn Hüseýin Arap halyflarynyň Horasandaky wekili bolupdyr. Galanyň başky adyny hem şu meşhur şahsyýetiň ady bilen baglanyşdyrýarlar.
Gala kem-käsleýin görnüşde biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Seljuklar döwründe Amul bilen Horezmiň arasynda bina edilen bu desga soňabaka Daýahatyn kerwensaraýyna öwrülipdir. Alymlar bu taryhy ýadygärlik XI-XII asyrlarda gurlandyr diýip çaklaýarlar. Sebäbi hut mongol basybalyjylarynyň çozuşlaryndan öň ýerli ussalar tarapyndan diwarlary bişen kerpiç bilen bezemek usuly ýörgünli eken.
1950-nji ýylda şu ýerde ylmy-barlag işlerini geçiren moskwaly alym Anna Pribytkowanyň bellemegine görä, şeýle binalary desgalandyrmak hut şol döwre mahsus bolupdyr. Şondan biraz soňra bu ýerde barlag işlerini geçiren akademik Galina Pugaçenkowa hem Gündogar bilen Günbataryň arasynda gurlan söwda ýolunyň ugrunda ötegçi kerwenlere düşelge bolup hyzmat eden Daýahatynyň ýokary derejedäki ähmiýetini belleýär.
Uly ýoldan bu gadymy desganyň sudury çala görünýär. Ýoldan saga sowlup, gumak ýol arkaly derýa tarapa gideniňde, biraz wagtdan gadymy desganyň haýran galdyryjy keşbi göz öňüňde janlanýar. Bu görnüşler esasynda nakgaşlar dürli ýyllarda sungat eserlerini döredipdirler we surata düşüripdirler. Russiýaly belli nakgaş we syýahatçy Lew Dmitriýew-Kawkazskiý ilkinji bolup, 1887-nji ýylda Daýahatyn kerwensaraýynyň suratyny çekipdir. Şondan 12 ýyl geçenden soňra meşhur rus ýazyjysy Nikolaý Çernyşewskiniň ogly, demir ýoluň gurluşygy boýunça ylmy ekspedisiýanyň agzasy Mihail Çernyşewskiý bu gadymy desgany surata düşürip, bize miras galdyrypdyr.
Adatça, gadymy desgalara mahsus bolşy ýaly, bu kerwensaraýyň döremegi bilen baglanyşykly hem il içinde dürli rowaýatlar ýörgünlidir. Şeýle rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, şu töwerekde ýaşan bir baý täjiriň ýanýoldaşynyň teklibi esasynda bu desga bina edilipdir. Şonuň üçin bu gadymy desga Baýhatyn kerwensaraýy diýlip hem atlandyrylýar. Haçan-da adamsy uzak ülkelere söwda etmäge gideninde, onuň tiz wagtdan gaýdyp gelmegini, sag-aman maşgalasyna gowuşmagyny dileg edip, aýaly bu binany gurdurypdyr diýlip, rowaýatda aýdylýar. Munuň aňyrsynda esas hem ýok däl. Çünki şol döwürde şeýle ägirt desgalary gurdurmak diňe gurply adamlara başardypdyr. Şeýle kerwensaraýlaryň gurulmagy hemmeler üçin bähbitli bolupdyr. Çünki argyşa giden söwdagärler şu desgada düşläp, dynç alypdyrlar, at-düýelerini ýola taýýarlapdyrlar.
Amyderýanyň kenaryndaky orta asyr binagärlik ýadygärligi we zenan wepadarlygy hakyndaky täsirli rowaýat häzirki wagtda lebaply nakgaşlary döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar. Aýnabat Nökerowa öz eserinde milli lybasdaky zenanyň dokap oturan halysy düşelen ýerden gözbaş alyp, kerwensaraýa tarap uzaýan ýoly şekillendiripdir. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýörite sergide goýlan bu özboluşly nakgaşçylyk eseri hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde Hemra Allaşükürowyň gadymy ýadygärligiň derýa tarapdaky girelgesi şekillendirilen eseri goýlupdyr. Dinara Ramazanowa-da öz gobelen eserinde şu görnüşi janlandyrypdyr. Alymjan Işankulyýew bolsa gratografiýa žanrynda döreden eserinde söwda kerweniniň düşelgä gelýän pursadyny şekillendiripdir. Onuň beýleki bir eserinde dynç alýan täjirleriň horaz urşuny synlaýan pursady öz beýanyny tapypdyr.
Daýahatyn kerwensaraýyna meňzeş taryhy desgalaryň dünýä ýüzünde ýene diňe iki ýurtda — Özbegistanda we Eýranda saklanyp galandygyny bellemek gerek. Şeýle gadymy desgany başky durkunda saklap galmak barada yzygiderli aladalaryň edilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Iki ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ABŞ-nyň ilçihanasynyň ýörite maksatnamasy esasynda bu desgada rejeleýiş işleriniň birinji tapgyry geçirildi. Häzirki wagtda rejeleýiş-abatlaýyş işleriniň ikinji tapgyry dowam edýär. Meýilnama laýyklykda işler üstümizdäki ýylyň bahar paslynda tamamlanar.
Türkmen alymlary tarapyndan bu ýerde rejeleýiş-abatlaýyş işleri doly geçirilmek bilen, gadymy kerwensaraýy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Diýmek, gadymy Daýahatyn geljekki nesillere ilki durkunda ýetiriler we döredijilik adamlaryny täze eserleri döretmäge ruhlandyrar.
Marstal BEKTASOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Taryhy ýerler