DINI DUŞMANÇYLYGY DÖREDÝÄN ÝAZYJY GARŞYLYGA UÇRADY
Yslam dini hakyndaky gyzgyn jedellere sebäp bolan bäş kitabyñ awtory Stiwen Kirbi çykyş edýän bir toplanşygynda garşylyklaýyn tankyda uçrandygy sebäpli, nutugynyñ temasyny üýtgetmäge mejbur boldy.
ABŞ-nyñ Aýowa ştatynda ýaşaýan ýazyjy Stiwen Kirbi yslam dini hakynda ýazýan kitaplary bilen özüne ünsi çekmegi başarýar. Emma ony tanymallaşdyrýan ýazýan kitaplary däl-de, şol kitaplaryñ içindäki yslam dinine ýöñkelýän töhmet ýokundyly myjabatlary.
Kirbi ýazan bäş kitabynda-da yslam dinini we musulmanlary garalamak üçin her dürli ýola baş urýar. Bu bolsa ony gyzgyn jedelleriñ merkezine oturdýar.
Şeýle-de bolsa, ýazyjy golaýda garaşmaýan garşylygyna duçar boldy. Aýowanyñ Siouks Merkezi halk kitaphanasynda geçirilen medeni çärede çykyş etmäge çagyrylan Kirbi nutuk sözläp durka zalda oturan ýüz ýigrimi adamyñ gulaklaryna barmak dykyp we garşylyklaýyn ýañsylaýjy sözler bilen beren jogaplaryna haýran galdy. Protestçiler munuñ bilenem çäklenmedi. Olar Kirbini diñlemegiñ ýerine bu hereketleriniñ yzyndan ellerine gazet alyp, gazet okap başladylar.
Protestçiler Kirbiniñ kitaplarynda bir dine ýöñkelýän töhmetlere we ýalan-ýaşryk myjabatlara şeýdip garşylyk berendiklerini aýtdylar. Olaryñ aýtmaklaryna görä, Kirbi adamlaryñ mukaddesligine, dini duýgularyna hüjüm etmek arkaly meşhur bolmak isleýär.
Köpçülikleýin protesti gurnaýjy Glenn Hurst: "Bular ýaly adamyñ zyýanly pikirlerini asla diñlämzogam, ara alyp maslahatlaşamzogam" diýdi.
ABŞ-nyñ Yslam gatnaşyklary guramasynyñ (CAIR) Aýowa ştaty boýunça wekili guramadan özbaşdak ýüze çykan bu garşylyk üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Ýazyjyny "dogmat" diýip atlandyran wekil aýowalylara hoşallyk bildirdi.
Çykyşda Kirbi emele gelen ýagdaýy görüp göz-görtele ýöwselledi. Ol köpçülige garap: "Men yslamyýete myjabat atamok. Meniñ yslam dinine bolan duşmançylygym ýok" diýenem bolsa, çykyşyñ soñunda "Meñ yslama duşmançylygym ýok diýip biljek däl. Çünki men yslam dininden endişelenýärin. Bu diniñ meni howsala düşürýän doktrinalary bar" diýip, ikisözlülik görkezdi.
"GLOBE" gazetiniñ habar bermegine görä, protestçileriñ başyny çekiji aktiwist Glenn Hurst öñem bir gezek Kirbiniñ çykyşyna protest bildiripdir. Hurst özi musulman dälem bolsa, musulmanlaryñ hak-hukugynyñ kemsidilmegine garşy bar güýji bilen göreşjekdigini aýdýar.
# Globe
Edebiýat täzelikleri