DOGLAN GÜNÜÑ
Bu güniň säheri öňküler ýaly,
Mymyjak şemally owadan säher.
Adaty bolmadyk duýgulam bilen,
Bazara gidemok sowgatlyk üçin,
Atyrlaň ysyna başymy aýlap,
Galamam gözlämok göwnüňden turjak.
Petir çörek ýuguramok howlugyp,
Halaýan tagamyň, söýýän çakyryň,
Boş dur goýulmaly ýerleri ynha,
Myhmanlaryň üçin ýazlanok saçak.
Sen geň galyp gaharlanyp bolşuma,
Ýüzuňi sallaýaň gaşlaryň ýygryp,
Düwülen ýumrugyň aýdyp dur maňa,
Çagalygňy, ejeň jany ýatlaýaň...
Şu gün öňkülerden üýtgeşigräk men,
Iş etmäge ýaltanyp dur ellerim.
Gyýylma ezizim unutdy diýip,
Ruhdan düşüp, gaýgy-gama berilme.
Gelibersin çagyrylan myhmanyň,
Ynha, täze jaýymyzyň açary.
Sen ugraber,
ine, menem bararyn,
Unudan zatlaryň gursagma gysyp.
Ýetişerin gamlanmagyn ezizim,
Onsuzam howlugyp seniň ýaşyňa,
Ýatdan çykyp çagyrmadyk myhmanyň,
Ýola çykdy, ine, tizden gelmeli,
Sen-ä kaka,
menem eje bolmaly.
Bagtygül TEKÄÝEWA.
Goşgular