Döredijilikde üýtgeşik usullar
Gazet-žurnal okamagy köpimiz halaýan bolsak gerek. Sebäbi, olarda her kim özüne gyzykly bolan habarlary okap bilýär. Şonuň üçin köp adam öz söýgüli gazetiniň her täze sanyna uly höwes bilen garaşýar. Edil şonuň ýaly, Fransiýanyň «La Bougie du Sapeur» gazetiniň okyjylary hem onuň täze sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Sebäbi, bu gazet her dört ýyldan bir gezek çap edilýär. Onuň çykýan senesi 29-njy fewraldyr. Häzirki güne çenli bu gazetiň bary-ýogy dokuz sany goýberilişi boldy.
Gazetiň her sanynda, onuň indiki goýberilişinde çap ediljek krosswordyň jogaplarynyň berilmegi okyjylary has-da gyzyklandyrýar. 2004-nji ýylyň 29-njy fewralynda bu gazetiň ýörite ýekşenbe nusgasy çap edildi. Indiki nusgasy bolsa 2032-nji ýylda çap ediler.
* * *
Fransiýaly şahyr Tristan Tsra kagyzdan kesilip alnan harplar arkaly hat ýazmakda dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Ol çap edilen gazetdir žurnallardan, kitaplardan owadanlanyp ýazylan harplary kesip alyp, olaryň kömegi bilen başga bir sözi ýazypdyr. Ýagny, her dürli kesilen harplary birikdirip, täsin, üýtgeşik şekilli sözleri döretmegi başarypdyr. Ilki başda onuň şeýle usulda döreden sözleri hiç kimde gyzyklanma döretmändir. Emma, ol ajaýypdan ajaýyp hatlary yzygiderli döretmek işine ýaltanmandyr. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen bu işe höwes köp adamlarda döreýär. Esasan-da, meşhur ýazyjy Uilýam Berrouz ajaýyp hatlary döretmeklik bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Şondan soň ol özüniň birnäçe romanyny şu şekilde ýazyp, uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu iş bilen aýdymçylar hem gyzyklanyp başlaýar. Mysal üçin, Dewid Buui atly aýdymçynyň birnäçe toplumlarynyň daşy şunuň ýaly hat bilen bezelipdir.
01.02.2019.
Edebiýat täzelikleri