DOST WASPY
Uzyn gije uly öýüň iç-daşy,
Ýüregiňi gyýyp barýan agydy.
Ertesi gün, gün guşluga galanda,
Mazarlyga äkitdiler tabydy.
Dört gerçegiň gerdeninde şo tabyt,
Dört tigir üstünde barýan ýalydy.
Ne bir ynjaýardy, ne bir sarsýardy,
0l howada uçup barýan ýalydy.
Ýöne nämüçindir şol dört gerçegiň,
Birine bu tabyt düşýärdi agyr.
Gözüne der girip, haşlaýardy ol,
Äpet egin bolsa, bolupdyr ýagyr.
Kömege gelene ýaýkaýar başyn,
Guran goluna hem berenok dynjy.
Gussa-ünji hemmeleri maýyrdy,
Ony hasam maýyrypdy şol ünji.
Ýadanlaň ýerini yzkylar tutýar,
Ýadan bedenlere güýz ýeli urýar.
Ses eşdildi: “Wah, bu gerçek iň söwer
Dostun mazarlyga äkidip barýar”.
... Her näme diýsegem, ölýär adamlar,
Yzda eser galýar. Galýar saz, mukam.
Ýöne bizi şeýle ünji-gam bilen
Gerdeninde göterjekler barmykan?
Gurbannazar Ezizow.
Goşgular