23:33 Döwrüñ hem edebiýatyñ gahrymany | |
DÖWRÜŇ HEM EDEBIÝATYŇ GAHRYMANY
Edebi makalalar
Beýik Watançylyk urşunyň gazaply meýdany sowet adamlary üçin ägirt uly synag meýdany boldy. Ol meýdan mertligiň, gahrymançylygyň, päkize sowet watançylygynyň ajaýyp nusgalaryny ýüze çykardy. Watançylyk urşunyň söweşlerinde taýsyz gahrymançylyk görkezen Zoýa Kosmodemýanskaýanyň, Aleksandr Matrosowyň, Alekseý Maresewiň, ýaş gwardiýaçylaryň, 28 panfilowçylaryň, türkmen halkynyň şöhratly ogly Gurban Durdynyň, komissar Aýytguly Geldiýewiň we ýüzlerçe beýleki gahrymanlaryň ady edermenligiň beýik nusgasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň şöhratly ogly Gurban Durdynyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen beýik ada mynasyp bolanyna şu ýylyň 9-njy noýabrynda 40 ýyl doldy. Kyrk ýyl göräýmäge az wagt däl. Bu döwürde ýatlara zat kän. Aýratyn hem, gahryman hakynda döredilen çeper eserler barada ýatlap geçmegimiz gerek. TASS-yň şol wagtky gazetlerde çap edilen «Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy» diýen habarynda gahrymanyň edermenligi hakda takyk maglumat berilýär. Ol habarda Gurban Durdynyň goşun gullugyna çagyrylyşy, soňra onuň söweşde görkezen gahrymançylygy hakda durlup geçilýär. Habaryň dowamynda Gurban Durdynyň soňky gahrymançylygy hakda şeýle diýilýär: «Biziň bölümimize M. raýonyna abanyp duran beýikligi eýelemek buýrulypdy. Öz bölümi bilen Gurban Durdy eýýäm iki gezek hüjüme gidipdi. Biziň çozuşumyzy duruzjak bolup, faşistler güýçli artilleriýadýan ot açýardy. Duşmana hemmeden has golaý ýerleşen kiçi seržant aýgytly hereket etmek isledi. – Bölüm, meniň yzym bilen! Şol wagt hem snarýadlaryň biri edil Gurban Durdynyň ýanynda ýaryldy. Agyr ýara, çydatmaýan agyra döz gelip, aýak üstüne galyp, ol üçünji gezek esgerleri yzyna tirkäp hüjüme gitdi. Aýgytly hüjümiň, öňünde durup bilmän, duşman yza gaçdy. Biziň bütin halkymyz, mähirban Türkmenistan, Gurban Durdynyň önüp-ösen ýeri bolan Woroşilow adyndaky kolhoz wepaly ogluna, edermen kiçi seržantyna guwanýar». Sada daýhan oglunyň, Lenin komsomolynyň terbiýeläp ýetişdiren hakyky watançysynyň gahrymançylygy ýurdumyza aýan bolýar. Onuň şol gahrymançylygy SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1941-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Ukazy bilen resmileşdirilip, oňa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at dakylýar. Gahrymana heniz bu beýik at dakylmanka, ukrain şahyry Iwan Nihoda 1941-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda «Günbatar front» gazetinde ol hakda uly göwrümli goşgy çap etdiripdir. Goşguda türkmen doganynyň deňsiz-taýsyz edermenligini, gaýduwsyzlygyny guwanç hem söýgi bilen wasp edýär. Soňra türkmen ýazyjy-şahyrlary gahryman hakda ençeme eser döredýärler. Hemme wagtda bolşy ýaly, poeziýa aktiwlik, işeňňirlik görkezýär. Urşuň ilkinji günlerinden başlap, haýyn duşmana möçbersiz ýigrenç bilen nälet okaýan, sowet halkynyň adalatly işiniň dabaralanjakdygyny aýan edip, gowy goşgular ýazan şahyrlara Gurban Durdynyň gahrymançylygy aýratyn joşgun hem ylham berýär. Durdy Gylyjyň «Gurban Durdy», Ata Salyhyň «Kabul et menden», Ata Köpek Mergeniň «Gahrymana», Nury Annagylyjyň «Gahrymanymyz» ýaly waspnamalary, Gara Seýitliýewiň «Gahrymana ýadygär», Şaly Kekilowyň «Şöhrat», Rehmet Seýidowyň «Gahryman ýigit», N.Pommanyň «Şiri sen», Towşan Esenowanyň «Gahrymana», Akmyrat Çarygulyýewiň «Batyr ýigide», Ahmet Ahundow Gürgenliniň «Geldi», «At eýlediň» ýaly göçgünli odalary, Ýakup Nasyrlynyň «Gurban Durdy», Berdi Soltannyýazowyň «Beýik halkyň guwanjydyr», Kemal Işanowyň «Gutly bolsun» ýaly balladalary, Aman Kekilowyň «Ölüm penjesinden», Beki Seýtäkowyň «Täze Görogly» diýen uly bolmadyk poemalary we birnäçe beýleki şahyrana eserler bütin halkyň adyndan gahrymana watançylyk söýgüsi hem gutlagy bolup ýaňlanýar. Diňe bir türkmen şahyrlary bolman, ukrain şahyry Agata Turçinskaýa «Gurban Durdy», rus şahyry Boris Şuwalow «Gurban Durdy hakynda» diýen minnetdarlyga ýugrulan goşgularyny ýazýarlar. Şol şahyrana eserleriň uly topary şol wagt – 1942-nji ýylda «Biziň gahrymanymyz» at bilen özbaşdak kitap edilip çykaryldy. Olary Beki Seýtäkow ýygnap, çapa taýýarlaýar. Kitaba otuz awtoryň eseri girizilipdir. Şol sanda Gara Seýitliýewiň terjimesinde A.Turçinskaýanyň, B.Seýtäkowyň terjimesinde B.Şuwalowyň eserleri-de şol kitaba ýerleşdirilipdir. «Biziň gahrymanymyz» kitaby ordenli halk şahyry Ata Salyhyň goşgusy bilen açylýar. Şahyr mesnewi formasynda ýazylan uly bolmadyk goşgusynda «Türkmenden ýetişen mertleriň merdini» gyzgyn mübärekläp şeýle diýýär: Sowet Soýuzynyň Gahrymany sen, Watan üçin gaýgyrmadyň jany sen Halkymyň içinde artdy şöhratyň, Taryh depderine ýazyldy adyň Ata Salyh diýer haýyşym senden Bolşewik salamyn kabul et men! Ata Salyhyň goşgusyndaky şirin labyzly gutlag, ordenli halk şahyry Durdy Gylyjyňgoşgusynyň hem esasy özenidir. Başga bir goşgusynda «Duşmana gülledir sakgalym-murtum» diýip, watançylygyny janyndan syzdyran goja şahyr gahrymanyň edermenligine begenip, iki bolup bilenok. Goşgynyň ilkinji setirlerinden başlap, guwançly gutlag ahyryna çenli möwç alýar. Ine, onuň aýry-aýry setirleri: Döräp Türkmenistandan Ýetişen Gurban Durdy. Geýnip demir donun Atyşan Gurban Durdy. Durdy Gylyç aýdar ösdüň, Duşmany ýere basdyň, Belentdir seniň dessiň Salam, Gahryman dostum, Ýoldaşym Gurban Durdy. Duşmana bolan ýigrenç, ýeňşe bolan beýik ynam ruhubelentlik hem şähdaçyklyk goşgynyň süňňüne ornapdyr. Bu bolsa şol döwür edebiýatynyň esasy alamatlarydy. Watançy şahyrlar döwrüň ruhuna hem talabyna turuwdan wepaly boldular. Gurban Durdy barada ýazylan eserlerde göçgünliligiň agdyklyk edýänligi kanunydyr. Munuň özi halkynyň, Watanyň islegine laýyk iş bitiren gerçegiň üstünligine şatlanmakdan gelip çykýardy. Şol guwanç esgerlerde batyrlyk, watançylyk duýgusyny oýarmaga hyzmat etmelidi. Gara Seýitliýewiň «Gahrymana ýadygär», Şaly Kekilowyň «Şöhrat» eserlerinden hem şol hakykat eşidilýärdi. Uly göwrümli odanyň soňky bentlerinde G.Seýitliýew şeýle ýazýar: Duman bolup gatyşanda iki serhet arasy, Dagy-daşy titredipdir gahrymanyň nagrasy. Taryp etse bu gün ony öz iliniň Garasy, Bökdemändir bu ýigidi ýedi gülläň ýarasy Şeýle ynsan mert dogupdyr, merdana gaýrat bilen. Oýna ylham, oýnadykça eşitsin älem-jahan Göroglynyň topragyndan döredi bir gahryman. Hem Watana wepaly ol, hem halkyna mähriban Şa eser dek şöhrat tapyp, ýaşajakdyr her zaman, Millionlaryň ýüreginde söýgüli hormat bilen. Gahryman Gurban Durdy barada ýazylan şol goşgularyň içindeň eriş-argaç bolup geçýän mazmun sowet watançylygyna eýlenendir. Milli goşgy düzülişiniň dürli formalarynda ýazylan şol eserler milli reňkler, milli aňlatmalar bilen bezelip, sowet watançysynyň bitiren işiniň internasional häsiýetini, maksadyny aýdyňlygy bilei okyja ýetirmäge hyzmat edýärdi. Goşgularyň köpüsiňde gahrymanyň, halkyň geçmiş taryhynda edenli işler bitiren edermenlere, batyr ärlere deňelmegi hem ýöne ýerden bolman, döwrüň öňe süren syýasatyna laýykdy. Bu diňe bir türkmen edebiýatynda bolman, bütin sowet edebiýatynda şeýledi. Doganlyk halklaryň her biri öz ogul-gyzlaryny söýgüli ideallaryna deňeşdirmäge, şolaryň watançylygy bilen terbiýelemäge çalyşdylar. Goşgularda Gurban Durdynyň Görogla, Keýmir köre, Ýusuba, Ahmede, Döwletýar bege we beýlekilere deňeşdirilmegi hem şonuň üçindir. Muňa köp mysallary getirse bolar. Türkmen edebiýatyny toplamakda, öwrenmekde taýsyz hyzmatlar bitiren edebiýatçy alym, frontçy şahyr Ahmet Ahundow Gürgenli gahryman hakda iki goşgy ýazypdyr. Olaryň biri murapbag, biri gazal formasynda. Şahyryň gazaly dolulygyna biziň ýokarky pikirimize kepildir: Merhaba, eý türkmen ogly, sen ajap at eýlediň, Gylyjyň syryp bu gün köňlüm meniň şat eýlediň, Zalymyň zarbasyndan köňlümde ýygnalmyşdy düwün Sen ony weýraň edip, derdimi berbat eýlediň, Sen Görogly neslisiň – aslyňa dil ýetmez seniň Göýäki Keýmir kimiň ganyma perýat eýlediň. Ýusup –Ahmet, Bamsy– Böwrek, Depegözüm senmisiň, Şol goçaklar zoruny bu günkigün ýat eýlediň. Gan döken, ülke ýykan Hysrawy – Perwiz Gitlere, Ol şirin Watan üçin özüňi Perhat eýlediň. Görşümiz ýaly, şahyr taryh boýy halkyň uly söýgüsi bilen ýaşaýan gahrymanlary ýatlap, halk söýgüsi bilen öz gahrymanyny mübärekläp, şol bir wagtyň özünde-de «gan döken, ülke ýykan» zalymlaryň mysalynda-da faşizmiň ganhor serkerdesine tükeniksiz nälet okaýar. Şonuň üsti bilen hem wagşylaryň, adalatsyz zalymlaryň hemişe nälete laýykdygny düşündirýär. Gurban Durdynyň obrazy şol wagtlar frontuňam tälim beriji gahrymançylykly obrazyna öwrüldi. Şeýle bolansoň. «Türkmen frontçularyna türkmen halkynyň hatynda» hem şeýle sargyt jümleleri ýazylypdyr: «Gyzyl esger! Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy ýaly söweş!.. Goý, seniň bir okuň-da hata gitmesin...» Frontçy žurnalist şahyr Annaguly Mämmetgulyýew tarapyndan ýazylan «Frontçy türkmenleriň türkmen halkynyň hatyna jogabynda» şeýle setirler bar: Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary Gurban Durdy, Ataýew dek zorlar bar. Ot içinde önüp-ösen gahryman Tahyrow dek çyn gaýduwsyz şirler bar. Şunuň özi hem onuň obrazynyň döwrüň legendarlygyna öwrülendigini alamatlandyrýar. 1942-nji ýylda «Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy» diýen listok çykarylyp, söweşýän goşun bölümlerine ýaýradylýar. Bütinsoýuz ýaşulusy M.I.Kalinin edermen komsomollaryň şahsy göreldesi hakda söz açýan işleriniň birinde Gurban Durdynyň edermenligi hakynda ýatlap geçýär. Gahrymanyň bitiren işiniň terbiýeleýjilik ähmiýeti, mazmuny barada ol baradaky eserleriň köpüsinde nygtalýar. Gurban Durdynyň gahrymançylygyny şahyrana detallar bilen, watançylyk mazmun bilen wesýet etmek Hoja Şükürowyň, Ata KöpekMergeniň, Çary Gurbangylyjowyň, Durdy Agamämmedowyň, Kemal Işanowyň, Anna Kowusowyň we beýlekileriň goşgularyna-da häsiýetlidir. Beki Seýtäkowyň uly bolmadyk «Täze Görogly» atly sýužetli eseri iki bölümden ybarat bolup, şahyr birinji bölümde Gurban Durdynyň urşa çenli durmuşyny, Çöňür obasynyň adamlarynyň onyuly ynam bilen goşun gullugyna iberişini gürrüň berýär. Ikinji bölümde bolsa gahrymanyň söweş meýdanyndaky edermenlikleri suratlandyrylýar. Poemada şahyryň watançylyk duýgusy bilen gahrymanyň edermenliginiň beýany utgaşyp gidýär. Şeýle mazmunly häsiýetnamany eseriň ençeme setirlerinden okaýarys: Ähti ýalan duşman çozan gününde, Ol bürgüt parlady asmana galdy. Ötgür dyrnaklaryn, polat penjesin, Duşmanyň eýmenji başyndan saldy. Ganly söweşlerde gatnaşdy Gurban, Şir ýaly topuldy duşman üstüne, – Watan üçin – diýip, ol öňe sürdi Ganhorlary sokup ýeriň astyna. Aman Kekilowyň «Ölüm penjesinden» atly poemasy beýleki poetik eserlerden tapawutlyrak bolup, onda şahyr gahrymanyň esgerlik hem söweş ýoly hakda giňräk gürrüň bermäge çalyşýar. Poema tutuşlygyna dartgynly pursatlaryň beýany bolup çykypdyr. Leýtanant Olisaşwiliniň ilki tabşyryklaryndan başlap, Gahrymanyň öz ýoldaşlary Weliýew hem Boçarýew bilen razwedka gidişleri, duşmana talaň salyşlary, olaryň wagtlaýynça duşman eline düşüşleri, duşmanyň gabawyndan sypyp, dil getirişleri, soňky gahrymançylykly söweşleri poemada gürrüň berilýär. Poema boýdan başa gahrymançylykly äheň bilen beýan edilýär. Gahrymanyň edermenligi bilen birlikde, mährem sowet Watançylygy, sowet adamlarynyň ähli ýeňişleriniň daýanjy bolan bozulmaz doganlyk-dostluk eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär; Şahyr Gurban Durdynyň durmuşda bolşy ýaly, belent adamkärçiligini, adamlara mähirli dünýä garaýşyny uly höwes bilen ýazýar. Onuň gaýduwsyz watançylygyny bolsa duşman ofiserlerine beren sözleri bilen delillendirýär: Soragyňa jogap, eşit, kapitan, San ýeterden kändir Sowetde goşun. Berkitmesi hem ýaragy güýçlüdir Halka gurap alar duşmanyň daşyn. Biri barabardyr barça faşiste Söweşe girende şirleriň şiri. Topulanda meňzär algyr guşlara Ganym duşmanyny sypdyrmaz diri. Sowet Soýuzynyň marşaly R.Ýa.Malinowskiý Beýik Ýeňşiň 20 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde Gurban Durdynyň gahrymançylyklary hakda: «Dünýä kiçi seržant Gurban Durdy hakynda bilmelidir. Top okunyň bölegi onuň eline agyr ýara salyndy – eli ysgynsyz ýagdaýda, diňe damarlardan asylgy durdy. Agyr ýaraly elini bedenine gysyp, Gurban Durdy öz bölümini hüjüme alyp gitdi we diňe söweşden soň sançasa ugrady» (žur. «Molodoý kommunist» № 4, 1965) diýip ýazypdy. «Gyzyl Goşunyň Stalingrady goraýan türkmen esgerlerine Türkmenistanyň zähmetkeşleriniň ýüzlenmesinde» şeýle ýazylypdyr: «Nemes faşistlerini gün saýyn barha köp ýok edip, bir ädim-de yza çekilmän, faşistik ýezitleriň garşysyna jan aýaman, türkmen halkynyň şöhratly ogly, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy ýaly dogumly we başarjaň söweşiň!» Öz gezeginde Stalingrady goraýjylar hem ýüzlenmä jogaplarynda «Türkmen halkynyň şöhratly ogly, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durda biz ähli türkmen halky bilen birlikde guwanýarys. Onuň edermenligi bizi gitlerçilere garşy söweşlerde ruhlandyrýar» diýip, guwançly sözlerini ýazdylar. Gahrymançylygy sosialistik Watanymyzyň ähli ýerinde aýan bolap Gurban Durdy barada gyrgyz şahyry Guwançbek Mälikow hem uly göwrümli goşgy ýazypdyr. Şahyr türkmen halkynyň geçmişi, gahrymançylykly işler eden ata-babalary hakda beletlik bilen gürrüň berip, ol halkyň göwsünden ähli halk işinde uly goşant goşan gerçek ýigidiň dörändigine çäksiz guwanýar. Eseriň bir ýerinde: Tolgunýan, tolgunýan, begençden ýaňa Kalbymdaky mähir alaw ýalydyr. Mähribanym Gurban Durdy barada Meň ýüregim aýdymlardan doludyr – diýip, guwanjyny äşgär edýär. Bular hem hemmesi däl. Gahryman baradaky şahyrana eserleriň köp dörendigini aýdypdyk. Gurban Durdy barada ençeme proza, drama eserleri-de döredildi. Şol döwürde ilki bolup ýazyjy Berdi Kerbabaýew «Düýnki kolhozçy, bu günki Gahryman» oçerkini ýazýar. Soň şonuň esasynda ýazyjy «Gurban Durdy» powestini döredýär. Şeýle-de şol at bilen gahrymançylykly pesa ýazyp, onuň obrazyny sahnada janlandyrýar. Ýazyjy Agahan Durdyýewiň «Watan Gahrymany» hekaýasy-da, Beki Seýtäkowyň «Gahryman» oçerki-de Gurban Durdynyň söweş ýoly hakda söbhet açyp, öz döwründe uly ähmiýete eýe boldy. Gahrymanyň söweş ýoly, soňky durmuşy-da döredijilik adamlarynyň ünsüni çekip durdy. Bu barada söweş ýollaryny geçen frontçy žurnalist hem ýazyjy, respublikanyň at gazanan medeniýet işgäri Aşyr Nazarowyň hyzmatyny ýörite belläsimiz gelýär. Aşyr aga ilki gahryman hakda «Esger hakda kyssa» atly kiçeňräk oçerk ýazdy. Soňra ony dürli taraplaýyn giňeldip, «Edermenlik» eserini döretdi. Özbaşdak kitap edip, okyjylara ýetirdi. Ýazyjy Mihail Gorbaçýewin «Dost tutunyp gatnaşsam-daköp bilen» atly baý materially ýatlama-oçerkinde-de gahrymanyň şu günüň talaplaryna laýyk gelýän edebi obrazy döredildi. Şahyr Italmaz Nuryýewiň «Rowaýatdan rowaýata» ballada-goşgusy-da gahrymanyň waspyna bagyşlanan şowly eserleriň biri boldy. Gahrymançylykly keşbi rowaýat-legendalaryň gahrymanlary ýaly zamandaşlarynyň aňyna ornan Gurban Durdy gahrymançylygyna mynasyp, abraýly, şöhratly durmuş ýoluny geçdi. Ol uruşdan soň instituty, soňra aspiranturany tamamlap, tä ömrüniň ahyryna çenli respublikanyň Döwlet taryh muzeýiniň direktory bolup işledi. Medeni frontuň işeňňir esgeri bolup, göreldeli durmuş ýoluny geçdi. Respublikamyzyň hökümeti gahrymana «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakdy. Halkymyzyň söwer ogly şeýle hormatlara hemişe mynasypdy. Arman ol biziň aramyzdan juda ir gitdi. Ýöne gahrymanlar ölmeýärler. Halkyň eziz ogullary hemişe onuň göreşlerinde, beýik ýeňişlerinde ýaşaýar. Döwrüň hem edebiýatyň söweşjeň gahrymany bolan Gurban Durdy hem şol ogullaryň hataryndadyr. 1981 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |