20:09 Edebi pikirlenmeler | |
EDEBI PIKIRLENMELER
Sözler
- Biziň döwrümizde adamlar ähli zada baha kesip bilýärler, ýöne hiç zadyň gadryna ýetenoklar. - Oñat bolmaklyk ~ bu öz-özüň bilen ylalaşykda ýaşamaklygy aňladýar. Adam öz göwnüni hem ýok etmäni başarýar. Kä wagt biziň ölen diýip hasaplaýan zadymyz, entek köp wagt ölmegi islemeýär. Her kim öz isleýşi ýaly ýaşaýar we munuň üçin özi-de jogap berýär. - Garrylyk belasy adamyň garraýanlygynda däl-de, onuň öz göwnünde entegem ýaşlygynda galmagyndadyr. - Ýaşlygy yzyna dolamak üçin, onuň akylsyz işlerini gaýtalamagyň özi-de ýeterlik. Aýallar bizi beýik işlere ruhlandyrýarlar, ýöne olary döretmäge hemişe päsgelçilik berýärler. - Aýal entek oňa üns berilýän wagty, islendik adama näz-käreşme etmäge taýyn bolýar. Aýallar ýetmezçilikleri gowy görýärler. Eger şol ýetmezçilikler has köp bolsa, olar bize hemme zady bagyşlap bilýärler, hat-da akyly-da... - Aýallar geniler bolup bilmeýärler. Olar – gelşikli jyns. Olarda dünýä aýtmaga hiç söz ýok, ýöne olar gürleýärler – we gaty ýakymly gürleýärler. Aýallar durmuşda ajaýyp aktrisalar. Oskar WAÝLD "Dorian Greýiň portreti" romany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |