21:50 Edepden bir nyşan | |
EDEPDEN BIR NYŞAN
Pedagogika we edep-terbiýe
• Jemgyýetçilik ýerlerinde gygyryp gürlenmese ýagşy. • Karz alan zadyñy uzak garaşdyrmak gowy däl. • Eger myhman ýatymlyk gelen bolsa, oña özbaşyna otag bölüp bermeli. • Erkek ýok öýe erkek kişiniñ barmany ýagşy. • Gürrüñiñ arasyna düşmek ýa-da gürrüñi uzaltmak ýagşy däl. • Myhmany nahara garaşdyrmaly däl. • Asgyranyñyzda agzyñyzy elýaglyk ýa-da aýañyz bilen saklañ. • Kimdir birini oýnamak ýa-da ýañsylamak gelşiksizdir. • Erniñ çilimli haýsydyr bir ýere barmak gowy däl. • Özüñi ýagşy görmek diñe çagalara mahsusdyr. • Köpçülik ýerinde sakgyç çeýnemek medeniýetsizlikden nyşan. • Kimdir biriniñ aýbyny ýüzüne aýtmak hem halanylmaýar. • Haýsydyr birini telefon ýa internet boýunça oýnamak örän ýaramaz gylykdyr. • Bir ýerik tol kakylanda, ilkinji nobatda özüñiñ kimdigiñ aýdylýar. • Jemgyýetçilik telefonyny uzak saklamak gowy häsiýet däl. • Edepli kişiler arassaçylygy diñe bir öýlerinde däl, başga ýerlerde-de saklaýandyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |