22:16 Erbakanyñ mirasçylary | |
ERBAKANYÑ MIRASÇYLARY
Publisistika
Mehmet Şimşegiñ häkimiýetiñ ykdysady praktikasyny oñlamandygy üçin Erdoganyñ teklibini ret edendigi aýdylýar... Eýse beýleki retçi Fatih Erbakan? Mehmet Şimşegiñ ret eden ykdysady model hakda näme pikir edýär? Meseläniñ orta oklanandygyna-da şübhelenýärin... Ownukly-irili her partiýa döwrä "bize näçe ministr-halk deputaty berjek?" diýmekden başga bilýän zady ýok! Maksatnama, ideologiýa diýen zatdan nesipsiz… Eger şeýle däl bolsa, "Saadet" partiýasy Ali Babajan bilen nädip dil birikdirip bildikä? Hakykatda: "Milli Görüş" näme baradady? Adyl ykdysady düzgün nämedi? Nejmetdin Erbakanyñ mirasy näme hakdady? * * * Ykdysadyýet bilen bir hatarda yslam taryhyna degişli otuzdan gowrak kitap ýazan (22 dilde suwara gürlän), hindi geografiýasynyñ soñky döwrüniñ görnükli yslam alymlaryndan Muhammet Hamidullahy (1908-2002) ýurdumyzda kim tanaýar? Garry atasy Maulwi Muhammet Ghauth Şarful-Mülk, atasy Muhammet Sibghatullah, kakasy Ebu Muhammet Halilullah hem din alymlarydy. Kakasy Haýdarabadyñ Nyzam hökümetinde prosentsiz bank sistemasynyñ gurulmagynyñ başyny çekdi... Professor Hamidullah sosializmdir kapitalizmden daşgaryn üçünji ýoly öñe sürdi: yslamy ykdysadyýet modeli... Bu sistemanyñ gözbaşy Kurany-Kerim (zekat, fidýe, ylalaşyk, infak-meýletin kömek we ş.m.) bilen Hezreti Muhammediñ (s.a.w) hadyslary (býužet, salgyt sistemasy, meakil-ätiýaçlandyryş, musulman bazarynyñ gurulmagy ýaly) we amallarydy. Prosentsiz pul yslam fondy we yslam bankirligi şundan döredi. Onuñ ilkinji durmuşa geçirilen ýeri-de Haýdarabat şäheri boldy... Hawa, Hamidullahyñ pikiriçe, yslam dini diñe iman (imanyñ şertleri), Allanyñ eradasyna boýun sunma (yslamyñ şertleri) we ahlak düzgünleri bilen çäklenenokdy. Adamdan jemgyýete, jemgyýetden döwlete, döwletden halkara hukuk normalaryna çenli ähli meseleleri öz içine gurşap alýan identiçnostdy… - Mysal üçin, yslam sosialistleri şol sebäpli ykdysady we sosial deñlik prinsipi hasaplap, zekatyñ üstünde köp durýarlar… * * * Türkiýede yslam diñe magnawyýet bilen çäklenýär. Yslamy ykdysadyýet modelini häzir agzajak bolýanam ýok! Şol sebäpli neoliberalizme boýun egmek babatda gañryşyna gaýdýandyklaryndan döne-döne Mehmet Şimşek-Ali Babajan ikisinden medet hantama bolýarlar! Erdogan bilen Kylyçdaroglyny duşuşdyran "ykdysady model" diýsek bolmaýarmy muña? Geñ galyp durasy iş ýok: "yslam ykdysadyýeti" düşünjesini öñe süren we yslamda sosial adalatçy paýlanşyk ýaly saýlama makalalary ýazan Hamidullahy Türkiýede häzir bilýän adam az... Merhum professor Sabahatdin Zaim "yslam ykdysadyýeti" düşünjesiniñ Türkiýede birinji gezek Hamidullahyñ Parižden gelip Yslam ylmy-barlaglar institutynda beren leksiýalary bilen başlandygyny we bu ugurdaky işleriniñ "Zamanabap ykdysadyýet we yslam" ady bilen kitap görnüşinde çap edilendigini aýtdy. Gürrüñ diñe teoriýada däl. Praktika seretsek: Nejmetdin Erbakanyñ premýer-ministrlik eden döwründe Stambulda guran D-8-niñ binýady Hamidullahdan alynandy... Özem: Erbakanyñ musulman ýurtlar üçin umumy walýuta birligi bolan yslam dinaryny ulanyşa girizmek teklibiniñ köki-de Hamidullahyñ "Musulman ýurtlaryñ pul birlikleri federasiýasydy"... Hamidullah bilen Erbakanyñ tanyşlygy ir döwürden gaýdýardy. Meselem, "yslamy kooperatiw" gurluşyna nusga görkezilen "Gümüş Motor"-y aýlanyp gören Hamidullah 1962-nji ýylyñ 12-nji maýynda Nejmetdin Erbakana ýazan hatynda "Siziñ synanyşýan prosentsiz kapitaly emele getirmek meseläñiziñ bütindünýä musulmanlary nukdaýnazaryndanam möhüm ähmiýeti bar” diýýärdi. Hamidullahyñ pikiriçe prosente garşy göreşmegiñ üç esasy ýoly bar. Bular karz pul almagyñ döwletleşdirilmegi, karz pul üçin fondlaryñ gurulmagy, mikroykdysady binýatly kooperatiwler bilen bileleşen jemgyýetleriñ gurulmagydy... Sözümi jemlär bolsam: Merhum Erbakanyñ alternatiw ykdysady sistema gözleglerine näme? Nirede onuñ mirasçylary? Neoliberalist Mehmet Şimşekdir Ali Babajandan şindizem kömege garaşylmagy nähili gynançly! Ýeke Hamidullahlary ýok… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |