15:56 Gadymy türkmen oýnunyñ häzirkizaman öwüşgini | |
GADYMY TÜRKMEN OÝNUNYŇ HÄZIRKIZAMAN ÖWÜŞGINI Özüniň bäşmüňýyllyk taryhynda ýetmiş döwlet, şol sanda iri imperiýalary guran türkmenler öz çagalaryny ir döwürlerden başlap, durmuşa uýgunlaşdyrmak üçin halkyň terbiýeçilik tejribesine giren oýunlary we sport maşklaryny ulanypdyrlar. Bu oýunlaryň aýry-aýry görnüşleri wagtyň geçmegi bilen däp-dessurlaryň bir bölegine öwrülip, awa gitmezden öň ýa-da söweşe başlamazdan öň ýerine ýetirilipdir. Munuň özi adamy öňde boljak waka beden we ruhy taýdan taýýarlapdyr. Şonuň üçin çaga oýunlary diňe güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň özboluşly sapaklary, ösüp gelýän nesli durmuşa taýýarlamagy maksat edinen mekdep bolup hyzmat edipdir. Şeýle sapaklar çagalygyň ir döwründe başlanypdyr. Bu oýunlaryň köpüsiniň sportuň häzirki görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, «çilik-hekgal» oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny «çilik» – otuň üstündäki hokkeýi we beýleki oýunlary ýadyňa salýar. Gadymy döwürde olar çagalara taýaga erk etmegi öwredipdir, çünki taýak başarnykly ellerde ýaraga öwrülipdir. ...Türkmenleriň halk oýunlaryna, şol sanda «çilik» oýnunyň döränine birnäçe müň ýyllar bolandygyna garamazdan, golfyň resmi taýdan dörän ýerini ol barada ilkinji gezek ýazuw görnüşdäki ýatlamalar arkaly hasaplamak kabul edilendir. Günbatar taryhçylary golfyň mekanynyň Şotlandiýadygyny çak edýärler. Bu ýurduň parlamenti 15-nji ýüzýyllykda çykaran namasy bilen bu döwletiň raýatlarynyň harby işi öwrenmegiň deregine, köplenç ellerine taýak alyp ylgamak bilen meşgullanýandyklary üçin bu oýny gadagan edipdir. Taryhy taýdan geň ýagdaý: sportuň täze görnüşiniň resmi taýdan döremegi gözbaşyny onuň gadagan edilen gününden alyp gaýdýar. Adalatyň hatyrasyna bu senä garşy çykýanlaryň hem bardygyny belläp geçmek gerek. Mysal üçin, gollandiýalylar golfyň öz ýurtlarynda 1297-nji ýylda dörändigi baradaky maglumatlara eýediklerini tassyklaýarlar. Hytaýly taryhçylar has-da aňyrky senäni agzaýarlar. Olar Şotlandiýada golfyň gadagan edilmegine çenli 500 ýyl öň Hytaýda «çuýwan» diýen oýny oýnapdyrlar. Onuň düzgünleri golfyň düzgünlerine örän ýakyn. Islendik ýagdaýda-da boýun almak gerek: sportuň bu görnüşiniň nusgasy gadymyýetde ençeme ýurtlarda, şol sanda türkmenlerde-de bolupdyr. Ata-babalarymyzyň bu oýunlary nesilden-nesle aýawly geçirip, dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik medeni mirasymyzyň bölegi hökmünde olary häzirki günlerimize çenli hem saklandyklarynyň özi hem bahasyna ýetip bolmajak ajaýyplykdyr. «MILLI GOŞUN» žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |