14:28 Garagünli | |
GARAGÜNLI
Arzasyny golsuz ýazýanyñ biri Mazaly meý içeninin ertiri Açyp täze gazetleriñ ýüzüni, Lampa aşak goýberenmiş özüni: Gazetleñ ýüzünde ägirt harp bilen "Şu gün tankytçylañ güni!" - diýilen. Öñündäki sowuk çaýdan owurtlap, Galam alyp, Stoluny bagyrtlap, Ýañky zaññar şomat guş bolup uçan, Ýassyk deý depderniñ gatyny açan, "Aý geçer, ýyl geçer, ýöne ahyrym Şeýle bir gün geler diýipdim ahyryn!" Diýip, güzledenmiş arza baryny, Masgaralap dogan, dosty-ýaryny! Papkalar bolansoñ onuñ gyrjyny, Arzadan dolduran gara horjuny, Epeý gadam urup, poçta baranmyş Görseñ, ynha "perişdemiş", "erenmiş", Özem horjundaky hatlaryñ baryn, "Habar dolanmaly" diýip berenmiş. Soñra öýne gelip ýañky pyýada, Täzeden meý içen hasam zyýada, Jahan garañkyrap, agşam düşende, Bulanyp, meýmiräp ýelek düşekde, Seýil edip ukynyñ belent-pesine, Oýananmyş birden topuñ sesine. Bu gümmürdi näme, bu sesler näme Diýip, ýene ýazan tankydy nama! (Ol telbe öýýyklan öz öýün ýykan - Şol pursatda salýut atylýan eken!) Buz ýaly "Şampandan" keýpini kökläp, Hälki gazetleri düşegne oklap, "Gazetden ýalñyşjyk tapaýyn" diýip, Ýene bir arzajyjk ýazaýyn diýip, Täzeden sahypa ser salyp gören, Gözi garañkyrap añk bolup duran!.. Gazetde ýazylan... Görsene muny - "Tankytçylar" däl-de, "Tankçylar güni!" ...Soñy näme bolan? Belli däl bary - Aýdyşlarna, şol gün gijäniñ ýary Düýşünde basdyryp özüni tanka, Betpygylyñ jany çykanmyş takga... 1974 ý. Annaberdi AGABAÝEW. | |
|
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |