GARRY ENEMIŇ SYGRY
Garry enem ýogalanda togsan alty ýaşynyň içindedi. Ýöne ol aňsat-aňsat özüniň garranlygyny bildirmezdi, gaty daýawdy. Bir görseň, tamdyra çörek ýapyp oturandyr, bir görseňem mal-garaň aladasy bilen. Mellegiň ter ýorunjasyndandyr sübselik otundan ýygyp, gujagyny dolduryp gelýändir. Ýa bolmasa agyldan alan bedesini mallaryň öňünde owradyp durandyr.
Garry enemiň bir göleli sygry, iki sany hem geçisi bardy. Munça maly saklamagyň bir özüne agyr düşýändigi bildirip durdy, şonda-da hergiz, dile çolap ýörmezdi. Biz hem onuň işlerine kömekleşýärdik.
Her gün irden turanymyzda, garry enemiň ullakan aýmançaly ojakda bişirip duran gyzgynjak süýdünden içmäge, agşamky saglan süýdüň gaýmagyny ýalamaga howlugardyk. Bardy-geldi ir ertirki örä kowan sygry bir saý-sebäp bilen ilkagşamlar gelmese, onsoň garry enemiziňem, biziňem keýpimiz bolmazdy.
Bir gün welin obanyň baýry çopany Mämmetnur aganyň ýassyn töweregi getiren habary ýüregimizi jigletdi. Ol biziň sygrymyzy möjegiň parçalandygyny, ony hem ýörite baryp görüp gaýdandygyny aýtdy. Nähili elhençlik! Başgalar ynansa-da meniň özüm-ä gümürtik bu adama ynanasym gelmedi. Ol adamyň muny biziň her gün süýt, gaýmak içýänligimizi köp görüp, toslap tapan zadydyr öýtdüm.
Ýaşuly adamlar ýalan sözleýärlermi näme? Olar hemişe bir zadyň aňyrsyna ýetmän aýdanoklar. Mämmetnur aga-da şeýle eken. Eşeginden kynlyk bilen düşüren çuwalynyň daňysyny çözdi-de, ondan nämedir bir zatlary çykarmaga durdy. Hemmämiz birden “wah”diýip seslenäýipdiris. Hakyt,bi, ol bize her gün süýtdür gaýmak berýän garaja sygrymyzyň kellesini getiräýipdir-dä! Onuň gulaklarynda garry enemiň Annamuhammet aga kesdiren, gaýçyň ujuna çalymdaş haç şekilli tagmasy-da dur.
--Ogulnur ýeňňe, nätjekdä, janyňyz sag bolsa bolýar-da—diýip, Mämmetnur aga gaýtmak bilen boldy. Garry enem göwnübir ýaly, birjigem gysylmady. Gaýta oalm:
--Sag bol, Mämmetnur. Gel, geç öýden otur. Hawa-da, janymyz sag bolsa, mal tapdyr-la!—diýdi.
Ertesi bize goňşy-golamlardanam kän adam geldi. Garry enem gelenleriň ählisine-de ýat tutan ýaly, şol bir sözlerini gaýtalady: ”Jan saglygy bolsa bolýar”.
Men şondan soňam umydymy üzüp bilmedim. Göwnüme bolmasa, garaja sygrymyz bir ýerden molap çykaýjak ýaly. Sygryň yzynda galan ýetim gölejigi bolsa birçak ulaldy, öküzçe çykdy.
Görüp otursak, garry enem bular ýaly wakany köp başyndan geçiren eken. Onuň aýdyşyna görä, bir gezek onuň göleli sygry ýitirim bolupdyr. Aradan esli gün geçensoň enemi Sapar Ata diýen bir adam sygryň derisinden bir übtüjek tüýüni görkezmek bilenem olary möjek sürüsiniň parçalandygyny ynandyraýypdyr.
Möjekler diýseň wagşy haýwan. Asyl olar sygyr ýaly ullakan haýwanlary-da awlap bilýän ekeni-dä! Maňa bu hakda garry enem köp-köp gürrüňler berdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty