13:52 Gäwür Mömin | |
GÄWÜR MÖMIN
Türki halklaryñ umumy taryhynyñ şanly sahypalaryny bezeýän nijeme atsyz gahrymanlar bar. Olar doglup, ömür sürüp, taryhy missiýalaryny ýerine ýetirip we sessiz-sedasyzja bu dünýäden göçüp gidipdirler. Wagt şeýle atsyz gahrymanlaryñ birini ýat etmegiñ wagtydyr. Türk azat-edijilik urşy ýyllarynda Trakýanyñ Milli güýçleriniñ serkerdesi miralaý (polkownik) Japar Taýýar (Egilmez) Trakýada grek basybalyjylaryna ýesir düşüpdi. 1920-nji ýylyñ 23-nji iýulynda 1-nji korpusyñ atly kawaleriýasynyñ bir böleginiñ düzüminde raýat gullukçy hökmünde Hawsa-Babaeski taraplara ýörite tabşyryk bilen giden polkownik Japar Taýýar grek pyýada goşun bölüminiñ we atly kawaleriýanyñ garşylyklaýyn atyşygynyñ arasynda galypdy. Ol ok degip atdan ýykylypdy ee ýanyndakylar ony ölendir öýdüp taşlap gidipdirler. Soñra Bostanly obasynyñ ýaşaýjylary tarapyndan grekleriñ eline berilýär. Japar Taýýar Edirnede iki gün bolandan soñ Afiny şäherine ugradylýar. Munuñ üstünden iki ýyl geçensoñ, Japar Taýýaryñ Afinyda bendilik döwri dowam edip ýören döwründe, 1922-nji ýylyñ 26-njy awgustynda Uly hüjümiñ başlanmagy bilen, Uşak sebitlerinde bolup geçen söweşlerde grekleriñ Kiçi Aziýa goşunlarynyñ serkerdesi wezipesine täze bellenen general Trikopis ýanyndaky generallar bilen bile ýesir alynýar. 1922-nji ýylyñ 9-njy sentýabrynda Izmiriñ ele geçirilmeginiñ yzysüre başlanan ikitaraplaýyn gepleşikleriñ dowamynda grekler general Trikopisi polkownik Japar Taýýar bilen çalyşmagy teklip etdiler. Ýagdaý Mustapa Kemal Paşanyñ dykgatyna ýetirildi. Mustapa Kemal Paşa bu ýesir çalşyga garşy çykýar, hatda diñlemegem islemeýär, şobada teklibi ret edýär. Ol polkownik Japar Taýýaryñ ýerine Izmiriñ golaýynda greklere ýesir düşen we häzirem Afinyda ýesirlikde saklanýan žandarma ýüzbaşysy (kapitan) Mömini berseler çalşygyñ amala aşmagynyñ mümkinligini aýtdy. Mustapa Kemal Paşanyñ bu teklibi kapitan Mömini tanaýanlary-da, tanamaýanlary-da haýran galdyrdy. Tanamaýanlar grekleriñ Kiçi Aziýa goşunlarynyñ serkerdesi bolan bir generalyñ ýerine ýönekeý bir kapitanyñ talap edilmegine näçe kelle döwseler-de, düşünip bilmediler. Kapitan Mömini Izmirdekä tanaýanlar bolsa haýran galmakdan ýaña näme pikir etjeklerinem bilmediler. Olaryñ hemmesi-de Mustapa Kemal Paşanyñ haýsydyr bir watan dönügine näme üçin hossar çykýandygyna teý düşünip bilenokdylar. Hususanam, Mustapa Kemal Paşadan başga hiç kim kapitan Möminiñ näme işläp ýörendigini we onuñ hakykatda kimdigini bilenokdy. Gynansak-da, häli-häzirlerem kapitan Mömini ýakyndan tanaýanlar we onuñ watan öñündäki bitiren hyzmatlaryny gowy bilýänler az-az. Onuñ ömür ýoly, bitiren gahrymançylykly işleri barada ýörite edilen iş ýok diýen ýalydyr. Şonuñ üçin bu gahrymanymyz barada toplan çäkli maglumatlarymyzyñ üstünde gysgaça durup geçmäge synanşaýyn. Mömin Kawkaz söweşlerine leýtenant, Çanakkale söweşine-de uly leýtenant harby çininde gatnaşypdyr. Ol ýurdy duşmanlar eýelän döwründe Izmirden Ankara - Mustapa Kemal Paşanyñ ýanyna gitmekçi bolanam bolsa, hut Mustapa Kemal Paşanyñ görkezmesi bilen, rum dilini gowy bilýändigi üçin onuñ Izmirde galmagy we Ankaranyñ hasabyna jansyzlyk etmegi talap edilipdir. Çünki grekleriñ Egeý deñziniñ kenarýakalarynda we Merkezi Anadolyda amala aşyrmagy meýilleşdirýän harby operasiýalaryndan habarly bolnan ýagdaýynda Milli azat-edijilik hereketiniñ barha şowlamak mümkinçiligi bardy. Mömin hem ofiser eşigini çykaryp zyñyp, günbatarlylar kimin geýinipdir (öz tanyş-bilişleriniñ ýigrenç doly nazarlarynyñ öñünde), ertirden-agşama grek ofiserleriniñ arasynda selpäpdir, olar bilen dostlaşypdyr we olardan alan gymmatly maglumatlaryny dürli gizlin kanallar arkaly Ankara ugradypdyr. Hakykatdan bihabar tanyş-bilişleriniñ, dost-ýarlarynyñ gözünde ol mundan beýläk ähli wagtyny duşman ofiserleriniñ arasynda arak içip geçirýän meýlishalara, binamysa, ýalynjaña, araçy dönüge, gepiñ keltesi "Gäwür Mömine" öwrülipdi. Taryhçy Naji Sadulla Dagnyş ýatlamarynda onuñ bloknot ýöredendigini aýdyp, şeýle diýýär: "Duşman goşunlarynyñ ofiserleri bilen ýygjam aragatnaşyk saklaýanlygym göze-dile düşensoñ, maña "Gäwür Mömin" diýip başladylar... Gäwür... Ýagny "Kapyr"!.. Ýagny "Dönük Mömin"!.. Şol wagtlar özüm hakynda şeýle pikir edenlerden hiç hili öýke-kine edemok. Olaryñky dogrudy. Hawa, hawa!.. Hemmeleriñ watan ugrunda aldym-berdimli göreşe aýaga galan wagtynda men goşunyñ hatarynda duşmana garşy döş gerip söweşmegiñ deregine kelläme gäwür telpegini geýip jort atýardym. Duşman güýçleri bilen jana-jan dogan ýaly bolup gatnaşýan dönüge, namysyny ýuwdan züwwetdine meniñ özümem ýigrenç bilen serederdim. Azat edilmegi üçin şirin janymy orta goýup söweşen Izmirimde ýüzüme tüýkürip geçenler az bolmady. Dogrumy aýtsam, şol tüýkülikler maña frontda iýen güllelerimden has agyr we has yza beriji bolupdy... Emma nä alaç edeýin, şol wagtlar meniñ ýagdaýym we şertlerim hakykaty aýan etmäge ýol berenokdy. Men ölmekden däl-de, ýeke bir zatdan: hakykaty aýtman ölmekden we adymyñ taryha "watan dönügi" bolup geçmeginden gorkýardym..." Atilla Ilhanyñ Gäwür Mömin hakyndaky ýazan setirlerini okap geçsek gowy bolar: "...Men şol wagtlar Izmirde "Demokrat Izmir" gazetiniñ redaksiýasynda işleýärdim. Dagnyş atlt bir žurnalistimiz bardy. Hakyky ady Dagnyş dälem bolsa, izmirliler ony şol at bilen tanaýardylar. Onuñ hakyky ady Naji Sadulla begdi. Asly izmirli Dagnyş türk metbugatynyñ iñ görnükli žurnalistleriniñ biridir. Bir gün ol gazet üçin taýýarlaýan zarisowkalaryndan daşgaryn: "Bir felýeton bar, şony çap edip biljekmi?" diýdi. Menem: "Nähili felýeton?" diýdim. Ol: - Restutusiýadan öñ (ýurt duşmanlardan arassalanmanka) grek okkupasiýasy döwründe türk ofiseriniñ başdan geçiren wakasy - diýdi. Men ony okanymda: - Bu nähili hekaýat eken-aý - diýip, haýrana galdym. Hekaýatyñ ady "Gäwür Mömindi". Gäwür Mömin kim? Bilşiñiz ýaly, 15-nji maýda türk portuna labyryny taşlan grek güýçleri ilki bilen, Konak pirsiniñ töweregindäki Sarygyşla giripdirler. Olar ýesir alnan türk ofiserlerini tüpeñ gundagydyr kürekler bilen urup öñe çykarypdyrlar we hatara düzüp "Ýaşasyn Wenizelos!" diýip gygyrtmaga çalşypdyrlar. Ýurtbasarlar şol ýerde gygyrmazlyga çalşan polkownik Süleýman Fethi begi şehit edýärler. Ynha, şolaryñ arasybda Mömin atly bir ýaş ofiser hem bardy. Mömin birnäçe gün geçensoñ, saklanýan ýerinden gaçmagy başarýar. Indi onuñ Ankara baryp goşulmagyna böwet bolup biljek güýç ýokdy. Ýok, ol Ankara barmaýar. Kimden dalda isleýär? Ol barýar-da, greklere penalanýar. Näme maksat bilen greklere goşuldyka? Ol ilkinji nobatda kellesindäki fesini (osmanly şapkasy) çykaryp, grek papagyny geýýär. Yzyndanam rum dilini suwara bilýändigi üçin rumlular bilen hemşerilik etmäge başlaýar. Duşmanlaryñ ynamyna mazaly giren Mömini Gresiýanyñ Ioniýadaky (ýagny Türkiýedäki -t.b.) dikmesi Istriýadis ýanyna alyp, jogapkärli wezipe ynanýar. Onuñ ynanan wezipesi türk watanperweri üçin iniñi düýrükdiriji wezipedi. Istriýadis oña grek kontrrazwedkasynda işlemegi teklip edýär. Gäwür Mömin ikirjiñlenmän ynanylan wezipäni kabul edýär. Şol esasynda oña grek kontrrazwedkaçysynyñ gulluk şahadatnamasy we ýörite belgisi berlipdi. Ol bolsa mundan peýdalanyp Egeý deñziniñ kenarýaka etraplarynda arkaýyn gezipdir we epeleriñ (ýagny, ýerli türk partizanlary -t.b.) obalylary basybalyjylara garşy aýaga galdyrmak üçin geçirýän gizlin işlerini grek kontrrazwedkasyna ýetiripdir. Bulam ykbalyñ bir oýny-da diýmäñ. Çünki grek kontrrazwedkasy Gäwür Mömin begi gündiziñ günortany köçede tussag astyna alýar. Gäwür Möminiñ tussag edilmeginiñ sebäbi - onuñ Ankaranyñ hasabyna jansyzlyk etmegidi. Megerem, Gäwür Mömin beg özüni duşmanyñ ynamdar adamy, suwara rum dilini bilýän, grek basybalyjylarynyñ tarapyny çalýan bir türk ýaly görkezensiräp, hakyky watanperwer türk ofiseriniñ etjegini edipdi, ol gezen ýerlerinde ele salan maglumatlarynynyñ barsyny Ankaranyñ Konrrazwedka gullugyna ýetiripdi. Elbetde, grek ýurtbasarlarynyñ harby tribunaly derhal Gäwür Mömini tussag astyna alyp, Egeý deñzindäki adalaryñ birine ömürlik sürgün edipdi. Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar. Greklere nädip onuñ jansyzdygy aýan bolduka? Bu biziñ üçin diýseñ masgaraçylykly we ýüzümizi ýere salýan jogaplaryñ biridir. Çünki Türk kontrrazwedka gullugynda işleýän kritli bir türk grek konrrazwedkasynyñ hasabyna jansyzlyk edýän eken, hut şol haýyn hem grekleri ýagdaýdan habardar edipdir. Elbetde, ol haýyn soñ mynasyp jezasyny alyp, güllä düzülipdi. Bu eýýäm başga hekaýatyñ temasy. Gäwür Mömin türk ofiseriniñ niçiksi işleri amala aşyryp bilýändigini görkezýär. Onuñ hekaýaty meniñ maşgalamyñ buýsanç bilen diñleýän hekaýatydyr. Ol ýönekeý türk maşgalasynyñ watana howp abananda, nähili garşylyk görkezmelidigini nusgalyk derejede görkezýär". Uly hüjüm başlanmazynyñ öñüsyrasynda grekler Mömin begiñ kimligini bilip tussag astyna alýarlar we Afinä äkidýärler. Ol çydap bolmajak agyr şertlerde ýesirlik günlerini geçirýär, başyndan ne görgüler, ne jebri-jepalar geçýär. Mustapa Kemal Paşa ýagdaýdan habarlydy, ol grek ýurtbasarlaryny deñze gapgaryp-gapgarmanka, ilkinji nobatda kapitan Mömini gaýdyp almaga ünsüni berdi. Ýesir çalşygy boýunça alnyp barylan gepleşikler kyn geçipdir. Mustapa Kemal Paşa, grekleriñ polkownik Japar Taýýaryñ ýerine isleýän Kiçi Aziýa goşunlarynyñ serkerdesi general Trikopisiñ deregine grekleriñ 11-nji diwiziýasynyñ serkerdesi general Kladasyñ çalşygyny kabul etdi. Beýleki generallar boýunça gepleşik bir ýyla golaý wagt dowam etdi. Mustapa Kemal Paşa grekleriñ Kiçi Aziýa goşunlarynyñ serkerdesi general Trikopisiñ, general Dmarrasyñ, general Digennisiñ berip, olaryñ deregine diñe žandarma kapitany Mömini gaýdyp almak isleýärdi. Mustapa Kemal Paşa üçin kapitan Mömin grek goşunynyñ komanduýuşisiden has gymmatlydy. Ahyrsoñy çalşyga razy bolundy. General Trikopis we beýleki generallar Gresiýada şowhun-şagalañ bilen garşylanan bolsa, žandarma kapitany Mömin sessiz-sedasyz ýesirlikden dolanyp geldi we Gündogar Anadola gitdi. Azat-edijilik urşundan soñ polkownik çinine çenli beýgeldi. Wan garnizonynyñ başlygy wezipesinde oturdy. Muhsine atly bir adaglysy bardy... Ara yzygiderli uruş, yzygiderli harby tabşyryklar düşüp duransoñ, öýlenip maşgala gurmaga wagt tapmady. Ýegeni galatasaraýly Lutfy Aksoý milli futbol komandasyna kabul edilende çaksyz begenendigi aýdylýar. Ýatlamalaryny ýazyp ýetişmänkä Izmirde aradan çykdy. Aradan çykandygy baradaky gynançly habar 1948-nji ýylyñ 25-nji ýanwarynda "Demokrat" gazetinde berildi. Türk taryhynyñ altyn sahypalarynyñ arasynda görnükli ýer eýelemegi hökmany gahrymanlardan biri bolan Mömin Aksoý (tanalýan ady Gäwür Mömin) şek-şübhesiz bitiren işleri bilen tanalmaga we ýatlanmaga mynasyp şahsyýetdir. Hormat we rahmet bilen ýatlaýaryn. 25.01.2009 ý. Ahmet AKÝOL. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |