GIBRID ADAM DÖRETMEK MEÝILNAMASY
Google-nyñ emeli añ taslamasynyñ ýolbaşçysy Reý Kurzwell ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Ýokary Maliýe konferensiýasyna gatnaşanda, öñümizdäki on bäş ýylyñ içinde adamlaryñ biologiki we biologiki däl organizmler bilen gibridleşip biljekdigini mälim etdi. Gibrid meýilnamasynyñ üstünde işleýän Kurzwell biologiki däl organizmlerden gibrid alynanda, bugdan peýdalanyljakdygyny aýtmak bilen birlikde adamyñ beýnisini kabelsiz aragatnaşyga, ýagny "Kloud" ("Bulut") ady berilen sistema baglap bolýandygyny-da öñe sürdi.
Alymlar Kurzwelliñ bu taslamasyny juda howply hasaplaýar. Sebäbi beýnini üýtgetme usuly bilen adamlary haýsydyr bir betpygylly toparlaryñ maksadyna görä islän ugruña dolandyrmakdanam beter, gibrid tehnologiýasynyñ adamçylyk duýgularyny ýok etme howpy abanýar.
Reý Kurzwell "Biziñ pikirimizçe adamlar gelejekde biologiki we biologiki däl organizmler bilen jübütleşip gibridleşerler" diýip aýtdy. Biologik däl organizmler üçin bug görnüşinde gatnaşyklar dörär. Hatda adam beýnisini kabelsiz aragatnaşyk bilen "Cloud" atly sistema birikdirip boljakdygyny-da sözüne goşan Kurzwell: "Meniñ pikirimçe çäkden-çygyrdan çykmak adamyñ tebigatynda bar" diýmekden çekinmedi.
■ Gibrid
"Spiritual enjamlaryñ asyry", "Añyñyzy nähili kemala getirip bilersiñiz?" atly kitaplaryñ awtory we "adamsyz awtoulaglar öndüriler" diýen ýaly öñünden aýdýan çaklamalary köplenç dogry çykýan Kurzwell emeli añy döretmek boýunça geçiren ylmy işleri boýunça-da täsin pikirleri öñe sürdi.
Kurzwell añ sistemasynyñ içine ýerleşdiriljek nanorobotlar arkaly düýpgöter başga bir dünýä gadam basjagymyzy aýdýar. Başgaça aýdanda biziñ beýnimiz bir kinniwanja "buluda" garaşly ýagdaýa öwrüler. Ýagny telefon, telewizor, kompýuter we internet ýaly enjamlar kabel aragatnaşyksyz nädip işledilýän bolsa, şol kinniwanja "bulut" arkaly neokorteksimizi giñeltmek mümkin bolar we netijede bizem "Matrisa" çeper kinofilminiñ gahrymanlary ýaly bolarys. Nanorobotlaryñ dürli kesellere garşy adamyñ tebigy immunitet goragynyny güýçlendirjekdigini we bejermesi kyn keselleri ýeñip boljakdygyny aýdýan Kurzwelliñ pikiriçe nanorobotlar ölümi ýeñmegiñem ýoluny açsa gerek.
Öñümizdäki 2045-nji ýylyñ biologiki ösüşüñ ewolýusiýasynyñ ýerine emeli añyñ ornaşdyrylan öwrülişik ýyly boljakdygyny aýdýan Kurzwell bu barada şeýle diýýär:
"Gelejekde tehnologiki ösüşiñ depgininiñ barha batlanyşy ýaly, onuñ täsir ediş gurşawy-da has giñ gerimli bolar. Adamzadyñ durmuşy yza dolanyp bolmajak ýagdaýda öwrülişigi başdan geçirer. Ertirimizi utopistik we distopiýaçy nukdaýnazardan göz öñüne getirýänleriñ bardygyna garamazdan, asyrymyz adamyñ ölümini-de öz alýan üýtgewsiz durmuş kadalarynyñ ählisini üýtgedip taşlar. 2045-nji ýylda emeli añly robotlaryñ dörediji güýji adam añynyñ dörediji güýjünden 1 milliard esse güýçli bolar we adamzat nesli hiç haçan öñküsi ýaly bolmaz. Eger kompýuter arkaly aklymyzyñ ýetmez ýerini doldurmak mümkinçiligi bolsa, bedenimiziñ gowşak görünýän synalary-da has berk emeli syna bilen çalşyrmak mümkinçiligi dörär. Bu bize gerek bolsa añymyzy ýerleşdirip boljak başga bir beden tapyp biljekdigimizi we ejiz bedende ýaşamagyñ zerurlygynyñ galmajakdygyny añladýar. Netijede edil kompýuter oýunlaryny oýnanymyzda ähli artykmaçlyklary jemlenen supergahryman saýlap alşymyz ýaly, beden agzalarymyzy hem saýlap-seçip alyp bileris.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar