18:55 Gök böri | |
GÖK BÖRI
Taryhy makalalar
Dürli medeniýetleriň, dinleriň galtaşýan çatrygynda mekan tutan ata-babalarymyzyň gadymy durmuşynda kuwwatlylygy we howandarlygy aňladýan böri mukaddes jandar hökmünde taryhyň bütin dowamynda uly mana eýe bolup gelipdir. Mälim bolşy ýaly, böri Oguz-hun türkmenleriň, Göktürkmenleriň guran döwleti (552-745 ýyl) döwründe mukaddes oňon haýwany, tagzymy bolup orta çykypdyr. Hytaý çeşmelerinde ýazylyşyna görä, gurt neslinden bolandyklary üçin, Göktürkmenleriň baýdaklaryna altyn-zerden tikilen möjegiň kellesi gelşik beripdir. Gadymy turanlylaryň gurt kelleli baýdaklary dogrusynda Ferdöwsi hem özüniň meşhur “Şanamasynda” agzap geçipdir. Gadymy ata-babalarymyzyň taryhyny öwrenen we “Gadymy türkler” diýen kitaby ýazan L.N.Gumilýew oguzlaryň durmuşynda möjegiň uly ähmiýete eýe bolandygyny ýazýar. Akademik W.A.Gordlewskiý öz işinde: “Gadymy türkler üçin möjek-mukaddes janawer, ol türkleriň ata-babasy, taýpabaşysydyr” diýip ýazýar. Türki halklaryň arasynda nesilbaşy ata ýa-da on ogly dogran we eklän ene möjek bilen baglanyşykly rowaýatlar bar. Olaryň aglabasy VII asyra degişli hytaý ýazuw çeşmelerinde saklanyp galypdyr. Göktürkmenleriň döwletiniň milli nyşany, tagzymy bolup orta çykan möjek ýuwaş-ýuwaşdan jemgyýetiň içki bitewi ruhuna täsir edip başlapdyr. Onuň sypaty, totemi oguzlaryň ruhy häsiýetlerine gabat gelipdir. Şonuň üçin ata-babalarymyz möjege hossarlygy, howandarlygy we halasgärligi başarýan milli häsiýet beripdirler. Gök böri esasy söweş oňony bolup, goşuny edermenlige, ruhubelentlige çagyrýan eýe hökmünde çykyş edipdir. Onuň ady watançylyk çagyryşlarynda, söweş kasamlarynda batly ýaňlanypdyr. Biz muňa aşakdaky gadymy ýazgylarda doly göz ýetirýäris. Göktürkmen döwletiniň beýik serkerdesi Kül Tegin (“Kül” diýmek gadymy oguz dilinde “batyr” diýmekligi aňladýar) özüniň daş-bina ýazgysynda: “Taňry güýç berendigi üçin atam ýurdunyň eýesi böri kimin, duşman goýun kibidir” diýýär. Gurduň şahsyýetine tagzym edilýän döwürlerde dörän diýip hasaplanylýan “Alp Är Töňňe” dessanynda: “Gurt sürüsine (ordasyna) meňzeş türk ordasynyň garşysyna Çin esgeri taýçanakdan we düýeden parhsyz bir zatdyr” diýip beýan edilýär. Türkmen halkynyň gök böri, onuň mübärek reňki bilen baglanyşykly tagzymly ynançlaryna gadymy “Oguznamalarda”, “Ergenokan”, “Bozgurt” dessanlarymyzda, beýleki edebi miraslarymyzda duş gelýäris. “Gorkut ata” dessanymyzda “Gurt ýüzi mübärek, gara başym gurban bolsun gurdum saňa!” diýen ýakymly jümleler gaýtalanýar. Elbetde, mukaddeslik Beýik Taňrynyň özüne mahsusdyr. Asmanyň reňkine bürenen gök böriniň reňki iki uçsyz mübärekdir, çyraýlydyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz heniz daşary ýurtlaryň medeniýetleriniň täsirine düşmänkä, il içiniň paýhasly gojalaryna”gökçenler” diýipdirler. M.Kaşgarly öz kitabynda “gökçen”, “gökşin” sözüniň gök reňki aňladýandygyny ýazypdyr. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde “gök” sözüne köp orun berýär. Onuň “Doga kylyp, elim göge galdyrsam” diýen ýaly goşgy setirleri muňa şaýatlyk edýär. Gök reňke hormat goýmak däbi beýleki türki halklaryň edebi eserlerinde hem köp gabat gelýär. Gyrgyzlaryň meşhur “Manas” dessanynda uly ýaşly, tejribeli, ýurduna köp hyzmat bitiren paýhasly adamlara “gök sakally”, “gök böri soltanym” diýip ýüzlenilýär. Bu gadymy eserde her zaman gök sakally bir kişi duýdansyz çykyp, adamalara kömege gelýär. “Ergenokan” dessanynda gök böri gaýalarda durup, ynsanlary azatlyga, erkinlige, ýagtylyga çagyrýan, bagtly durmuşa ýol görkezýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Asylly maksatlary bilen gök börini özleriniň milli ruhy, ynanjy, oňony hasaplap ýaşan Göktürkmenleriň soňky ykbaly milletimiziň taryhynda uly orun tutupdyr. Şol döwrüň beýik serkerdesi Kül Tegin şeýle diýýär: “Ondan soňra Taňrynyň ýalkamygy bilen, özümiň bagtymyň bar bolany üçin, ölüp barýan halky baý etdim”. Yslamdan öňki arslan ýürekli, gerçek ärlerimiz bolan Bumyn hany, Alp Bilgäni, Gür Şady we başgada onlarça beýik şahsyýetleri orta çykaran Göktürkmenlerdir. Olaryň hyzmaty, zehini, paýhasy esasynda Göktürkmenleriň döreden milli elipbiýi, edebi mirasy, ösen heýkeltaraşlyk, magdançylyk sungaty döwürdeş goňşy halklaryň ösüşine bat beripdir. Belli bolşy ýaly, geçmişde oguz türkmenleriniň milli söweş tilsimleriniň arasynda “Gurt oýny” diýen söweş emeli ýörgünli bolupdyr. “gurt oýny” diýen söweş emelinde türkmenler duşman ordasyndan gaçan bolup, garşydaşyny bir mataly ýere, çemine getirip, çar tarapdan güpbasdy edip dargadýar ekenler. Şunuň ýaly söweş emelini türkmen-seljuk soltany Alp Arslan hem Malazgirt söweşinde (1071 ý) ulanypdyr. “Görogly” şadessanymyzda Görogly begiň ordasy gurtlara meňzedilipdir. Bu milli eseriň “Serwijan” diýen şahasynda Göroglynyň duşmanlaryna “Gurt oýnuny” guraýşy çeper beýan edilýär. Türkmen halkynyň arasynda “Gurt ýüzi mübärek”, “gurt geldi – gut geldi”,diýen ýaly ajaýyp pähimler duş gelýär. Şonuň ýaly-da, biziň çarwalarymyzyň arasynda “Möjek daran sürüde keselçilik bolmazmyş” diýen yrym bar. Möjegiň dişi, dyrnagy, tüýi erbet ruhlardan, göz degmeden, bela-beterden goramaga ukyplymyş. Olary adamlar ugur-ýol oň bolsun diýip ýanlarynda göteripdirler. Halk çiniň ýorgudyna görä, ýolda-yzda gurda sataşmak gowulykdan nyşan. “gurduň gözleri haýyrlydyr” diýen gepem bar. Türkmen çomrulyranyň arasynda “gurduň agzyny baglamak” diýen däp bar. Çopanlar bardy-geldi harasatly ýa-da ümürli (günlerde) howada mal sürüsi ýitende goýunlara möjek daramaz ýaly doga edipdirler. Şeýle hem çarwalaryň aýtmaklaryna görä, möjek ýaralan goýun eti halal hasaplanylýar. Ynançlara görä, möjegiň agyz uran goýun etini göwreli aýal iýmeli däl. Eger ol iýäýse, onuň göwresindäki çaga gurduň häsiýetine eýe bolýarmyş. Köp ýyllap goýun yzynda gezen çopanlaryň aýtmaklaryna görä, möjek daran sürüdäki bogaz goýunlar gorkanda, olardan bolan guzularyň baganalary buýradan owadan bolýar. Il içinde çagasy durmaýan aýallara möjegiň pilçesinden suw akdyryp içirseň, önelgesizlikden açylýarmyş diýen yrym bar. Şonuň ýaly-da, çagasy durmaýan aýallaryň ýaňy dünýä inen bäbegini möjegiň bitewi sypyrylan, ýyljak derisine dolap, oňa Böri, Gurt, Möjek, Ogulgurt, Ýazgurt ýaly atlar dakylsa, ol duragan bolýarmyş. Geçmişde ata-babalarymyz şeýle atlary hormat bilen göteripdirler. Olar taryhyň sahypalarynda duş gelýär. Mysal üçin, Alp Arslanyň oglunyň ady Böribarsdyr, Salyr Gazanyň nesil daragtynda Böriçi Gazy diýen ýaly ada duş gelýäris. Gadymy oguz türkmenleriniň halylarynyň gyralaryna möjegiň dişlerine meňzedilip salynýan diş-diş, uçly nagyşlary ýerleşdirmek haly sungatynda iň ýörgünli däp bolupdyr. Şol däpler häzirki döwürde türkem halylarynda, kilimlerinde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň içinde bolup, milli mirasymyzy öwrenen rus alymy W.S.Zaletaýew “Türkmenistanyň gadymy we täze ýollary” diýen işinde dagdan agajyndan ýonulyp ýasalan möjegiň kellesine baha berip, ony haýran galmak bilen beýan edýär. Ol türkmen zergärçiliginde duş gelýän möjek şekiliniň gözbaşynyň gadymy ruhy ynynajymyz-oňonlar bilen baglanyşyklydygyny tekrarlaýar. Türkmen aýal-gyzlarynyň boýnuna dakylýan bukawynyň merkezi nagşynda möjegiň şekili saklanyp galypdyr. Ol häzirki döwürde hem ýörite daşjagazlar bilen gazma usulynda haşamlanyp ýasalýar. Meşhur türkmen şahyry Fizuly Baýatlynyň doglan ýeri Demirgazyk Yrakda türkmenler öz guran metjidini “Gökböri” diýip atlandyrypdyrlar. Bu metjit häzirem yrakly türkmenleriň iň gelim-gidimli ýeri. Şeýle mukaddes metjidi Garagoýunly türkmenleriniň soltany Şajahan Türkmen “Gök metjit” ady bilen Töwrizde gurdurypdyr. Şeýle hem gadymýetde oguz türkmenleri mukaddes oňon şekillerini ýarag esbaplaryna, sanjak-tuglaryna, binagärlikde dürli hilli nagyşlar bilen utgaşdyryp salypdyrlar. Bilşimiz ýaly, gadymy oguz hökümdarlary özleriniň harby güýçlerini, döwletini we döwlet eýesiniň hökümdarlyk hukugynyň berkdigini mukaddes oňon şekilleriniň (öküz, möjek, bürgüt, goç) üsti bilen alamatlandyrypdyrlar. VII asyryň taryhy maglumatlarynyň söhbetine görä Göktürkmenlerde döwlet baýdagyny goramak ynanylan nökerler “böriler” diýlip atlandyrylypdyr. Döwrüň ruhy siňen baýdagy göterijiler keremli ynsanlar saýylypdyr. (gysgaldylyp alyndy) Awtory: Baýramgeldi Çaryýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |