18:51 Görsene özgerip bilşim... | |
GÖRSENE ÖZGERIP BILŞIM...
Goşgular
Ýekeje zatdy islegim: Men özüme, öňküligme dolansam. Seret, bolşum... Ruhum göwräm bilen sersepil yrap, Syrly gijelerde, çeken hasratym, Geçýän günlerimi gussama sarap, Ýalňyz yşkym bilen özgerip bilşim. Iň soňky ýapragyn baldakda saklan, Teşnelikden guran gülüň solşy deý, Umydym ýitirmän ýaşajak bolşum. Gör, bir wagtky hondanbärsi keşbini Dünýäni topukdan saýmaýan gyzyň, Tumşugy ýokarda gedemjäň bolşun. Indem mertsirän bolup iliň ýüzüne, Ýalançyň ýüzünde azaşyp ýörşün. Çolaran dünýäde yşk bilen galyp, Ökünç bilen ötünç sorap sabada, Ýaradana ýalbaryplar, Ýadyrgaplar dünýeden. Golun serip, Sabyr diläp Garaşýanyny, gör, näbelli zada. Iki jahan owarrasy janyny Saklap bilmän çalajan ruhda Ne ýazyp bilşini gör, Ne ýaşap bilşin... Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
√ G.M / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Taýlar / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||